12:18 Bäý, bä-ä... / satiriki hekaýa | |
BÄÝ, BÄ-Ä...
Satiriki hekaýalar
Agzy-burny bilen dolup duran klub meniñ sussumy basdy. Dogrymy aýdýan, beýle köp jemagatyñ öñüne ilkinji gezek çykyp görşümdi. Ýeri, biz ýaly ýeñiýolugy prezidiuma çykarmak nämä gerek diýsene?! Zalyñ ho-o bir çetinde oturanda bolmaýamy?! Ýok, hökman ýokaryk çykmalymyşyn. Aý, bolýa-da, bu zatlary başlyklar gowy bilýändir. Ýogsa-da, men näme üçin ýüzümi aşak salyp otyryn-aý? Iliñ höwes edip ýetip bilmeýän zady ahwetin bi. Men gözümiñ gytagy bilen zala seretdim. Eý-ho-o! Bi nämäniñ alamatykan?! Ine, birdenem kimdir biri münbere çykdy-da, men hakda gürläp başlady... - Ýoldaşlar, Bagty Gelenow obamyzda uly abraýda peýdalanýar. Ony Halk deputatlygyna kandidat edip görkezsek, ýalñyşmazmykak öýdýän... Meniñ birhili başym aýlanyp başlady. Elbetde, öwgüden ýaña. Çykan meni şeýle bir magtaýar welin, walla edil bazara salyp satjak ýaly-da. - Bagty Gelenowy, ýoldaşlar, men gaty köpden bäri tanaýan, ýoldaşlar. Ol nirä barsa-da, ýoldaşlar, hakyny gidermez. Ynha, ýekeje bir mysal. Arada, ýoldaşlar, Annam brigadir onuñ hakyny az ýazan eken. Bagty Gelenow brigadiriñ mazalyja hakyny berdi-de, ho-o gaýraky gowaçañ içinde onuñ garagna basyp öz hakynam aldy, ýoldaşlar. Hawa, onuñ gowy taraplary başga-da kän, ýoldaşlar. Suw señrikden agdy öýdýän. Ähli kişi meniñ kandidaturamy goldaýar. Diýmek, bildirilýän ynamy ödemeli. Adamlar hakda alada etmeli. Men oturan ýerinden öz platformam barada oýlanyp başladym. ...Her näme-de bolsa ilden üýtgeşigräk bir zat tapmaly. Öñ ýörelen ýodany torç etmeli däl. Kyn zat. Bolmanda näme, hiç ýerde-de taýýar içip ötägitmeli iş ýok. Be, allajanlarym, näme diýsemkäm?! Pagta biziñ baýlygymyz, guwanjymyz, depämiziñ täji... Käbir alasamsyklaryñ ony azaltmaly diýýäni hem bar. Ine, şolara berk zarba urmaly. Pagtañ arkasyny almaly, oña hossar çykmaly. Sebäbimi?! Aýdymlarda aýdylyşy ýaly, ol meniñ bagtym, nanym hem donum. "Ak altyny" artdyrmak üçin täze ýer açmaly. Nireden? Eliñ aýasy ýaly düz ýatan ýerleri özleşdirmek itiñ añsady, ony hemme kişem başarýar. Has dogrusy, ol täzelik däl. Iliñ agzyny açdyrmaly. Ynha, otuz million ýyl bäri bagryny ýere berip çöküp oturan gojaman Köpetdagyñ kime geregi bar?! Şony ýerinden süýşürmeli. Näme tehnikanyñ şoña güýji ýetmez öýdýäñizmi? Garagna gül salar. Şeýle hem şu Garagumyñ çägesi bilen bellisini etmeli. Näçe ýerimizi tutup, biderek tozap ýatyr. Şony dagyny aýryp, ýerine pagta ekip bolsa, onsoñ ýöne gönenip ýörmeli-how. Ykjam ýapyşylsa edip bolmajak zat ýok. Gelejekki deputat hökmünde şo zatlary boýun alsam, il meni elinde göterer. Bagtym çüwse, gahryman bolaýmagymam ähtimal. Hawa, bir adam üçin bu zatlar az bolýar. Ýene-de näme tapsamkam?! Wiý, ýogsa-da obamyzyñ adamlary sabyn tapman kösenişip ýörler. Näme üçin konturyñ gaýra ýüzündäki boşlukdan zawud gurdurmaly däl, sabyn çykarýan. Ýene-de bir zat. Ol hem obamyzyñ görküni gözelleşdirmeli. Ýogsam, ýetmiş ýyl gowurak wagt bäri obalary şäher bilen deñeşdirmeli diýýäs-de, üýtgeşik bir edýän zadymyz ýok. Dogry, "Şäher bilen bäsleşip dur obamyz" diýip aýdym-a aýdýas. Aýdymdan işe geçmeli. Şu günki üýtgedip gurulýan döwürde biziñ şygarymyz şo bolmaly. Oba arasyndaky köçeleri Aşgabadyñky, ýok, Aşgabadyñkydan-a häzirem gowudyr-la, Moskwañky ýaly etmeli. Olaryñ gyralaryny gür baglyga öwürmeli. Umuman, etmeli iş kän. Wiý, tasdan ýatdan çykan eken. Şu diliñ statusyny ýüzüne perde edinen bolup iki-ýeke köçä çykýan berebekgeýler barmyş welin, şolafyñ bar aladasynyñ halkyñ bähbidi däldigini ýüzüne bazyrdadyp basmaly. Olar tetelliñ yzyna it salmaly. Bilýän, ol wenezzynalar özlerini milli gahryman etjek bolýarlar. Belañ sapyny bolarsyñyz. Gaýtam, özüñizi ile ryswa edersiñiz... Be, dur-la hany, o gürläp duran kim-aý? Agzynyñ diýýän zadyny gulagy bir eşidýämikä, nejisiñ. Meni ýamanlaýan ýaly-la. - "Dogry sözliñ dosty ýok" diýipdirler. Bolmasa bolman geçsin. Men hakykaty aýtjak. Ol tomus toý etse-de, gar ýagdyrmany başarýan adam. Bagty Gelenowy taryplap öwýäñiz welin, onuñ edýän etmişlerinden siziñ habaryñyz barmy?! Ol kolhozyñ traktory bilen illeriñ mellegini sûrüp pul alýar. Aýaly hem jygyllykdan ýygnananak. Sähel sypynsa, Orsýede eñýä. Mata-marlak getirip, on bahasyna satyp, göreniñ ýagyrnişligini otlap ýör. Umuman, şol maşgalada halal zähmet çekýän az... Şular ýaly alasamsygyñ gepini çekip oturmaýyn-la diýip, ýuwaşlyjak bilen ýerimden turdum-da, pişik basyşyny edip münberiñ ýanyna bardym. Gürläp duranyñ doñdurdym ýeñsesine. Çirkin ses eşidildi. Wah, görsene, bu bolýan zady. Düýşürgäp gapdalymda süýji ukuda ýatan aýalymyñ owurdyna çekäýen bolsam nätjek. Baý-bä-ä, indi wakanyñ yzy näme bilen gutararkan-eý?! Aýalyny urupdyr diýip süýräp ýormezler-dä hernä. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |