BAÝ TARYHLY KÖNEÜRGENÇ
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ata-babalarymyzdan bize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerimizi, özüniň ajaýyplygy bilen görenleri haýran edýän, açyk asmanyň astynda ýerleşen özboluşly muzeýe kybapdaş taryhy galalarymyzy, arhitektura ýadygärliklerimizi gorap saklamak we olara aýawly çemeleşmek hem-de durkuny dikeltmek işleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, türkmen halkymyz aňyrsy Oguzhan atamyzdan gaýdan bäş müň ýyllyk şöhratly geçmiş ýolly, dürli döwürlerde 70-den gowrak döwlet guran, taryhy we medeni ýadygärliklere baý beýik milletdir. Munuň özi Bagtyýarlyk zamanasynda milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşlerden-ösüşlere, ýeňişlerden bolsa ýeňişlere barýan halkymyzyň bu günki bagtyýar nesillerinde öz köklerine bolan çäksiz guwanç we buýsanç duýgularyny döredýär.
Ata Watanymyzyň Aziýa bilen Ýewropa yklymynyň çatrygynda ýerleşmegi, Beýik Ýüpek ýolunyň bolsa bu gadymy topragyň üstünden geçmegi ýurdumyzyň çäginde ençeme şäherleriň, galalaryň we kerwensaraýlaryň döremegine getiripdir. Ol ýerlerde ekerançylyk, maldarçylyk, senetkärçilik, söwda alyş-çalşygy bilen bir hatarda, ylym-bilim ojaklary döräp, dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine özboluşly badalga beripdir. BeýikÝüpek ýolunyň ugrunda binýat tapan, dünýä ylmynyň, taryhynyň we medeniýetiniň gülläp ösmegine saldamly goşant goşan gadymy ylym ojaklarynyň biri-de köp pajygaly wakalary başdan geçiren Köneürgenç şäheridir. Bilşimiz ýaly, bu gadymy mekanda Muhammet al Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Mahmyt az Zamahşary, Lukman Hekim, şyh Şahabeddin Abu Hafs Omar ibn Abdylla Şuhrawerd (Aşyk Aýdyň pir), Nejmeddin Kubra, Nurmuhammet Andalyp ýaly beýik şahslar ýaşap we ylym-bilim alyp ötüpdirler. Olaryň ylym-bilim, edebiýat, taryh hem-de medeniýet ugurlarynda alyp baran ylmy işleri hemem ölmez-ýitmez döredijiligi bu günki günde diňe bir türkmen halkymyza degişli bolman, eýsem, dünýä halklarynyň medeni mirasyna öwrüldi.
Gadymy Köneürgenç şäheriniň şöhratly hem ýowuz wakalary başdan geçirendigine gojaman taryhyň gatlary doly şaýatlyk edýär. Gündogaryň beýik taryhçysy Jüweýni: «Gürgenç dünýä soltanlarynyň paýtagty we adamzadyň meşhur ogullarynyň ýaşaýan ýeridir» diýip, ýazyp gidipdir. Ýurdumyzda belli arheolog alym Hemra Ýusubow Köneürgenç şäherini «Gadymy Horezmiň ýüregi» diýip atlandyrýar. Munuň özi, taryhda öçmez yz galdyran şöhratly Horezm döwletiniň paýtagty bolan gadymy Ürgenjiň Nusaý we Merw ýaly Gündogaryň meşhur şäherleriniň biri bolandygyndan hem-de bu ýerde adalatly hökümdarlaryň we ylym adamlarynyň ýaşap geçendiginden habar berýär.
Şeýle-de, bu döwletiň gülläp ösen döwürlerinde bu şähere gelip, onuň dürli harytlardan doly bazaryny, Gündogar arhitekturasy äheňinde, gaýtalanmajak görnüşde gurlan, başy gök direýän ajaýyp binalaryny we baý kitap gory bolan ylym ojaklaryny gören zyýaratçylar hem-de syýahatçylar haýran galmak bilen oňa «Gündogaryň parlak ýyldyzy» diýip, at beripdirler. Aýratyn-da, orta asyr taryhçylary we alymlary al-Istahriniň, al-Makdisiniň, an-Nesewiniň, ibn Ýakudyň golýazmalarynda Ürgenç şäheriniň döreýşi hem-de taryhy barasynda gymmatly maglumatlaryň bardygyny döwürdeş alymlarymyz öz eserlerinde doly tassyklaýarlar.
Ady ýedi yklyma meşhur bolan gadymy Gürgenjiň ýagny, Watana howp abananda, il-günüň hatyrasyna gara başyny orta goýan, merdi-merdanalygyň nusgasy bolan batyr Jelaleddin soltanyň ýaşap öten mukaddes mekanynyň taryhy okyjylarymyzy biparh goýmasa gerek. Käbir çeşmelerde bu şäheriň ýaşaýşyň iň gadymy döwürlerine degişli bolandygyny tassyklaýan maglumatlara gabat gelmek bolýar. Munuň şeýledigini antik we orta asyrlar taryhyny öwrenmekde meşhurlyga eýe bolan tanymal arap, pars we rus taryhçylary hem-de gündogarşynaslary öz ylmy işlerinde ýazypdyrlar. 1333-nji ýylda bu ýerde bolan Marokkoly Ibn Batut şäheriň ilatynyň köplügine haýran galyp, «Ol ilatyň köplüginden ýaňa, tolkunyp ýatan deňzi ýada salýar» diýipdir. Taryhy maglumatlara görä, XIII-XIV asyrlar, şeýle-de Gutlug Temiriň hökümdarlyk eden döwri (1321-1336 ýyllar aralygy) Ürgenç — Hywa sebitlerinde iki milliona golaý ilat ýaşapdyr diýlip çaklanylýar. Munuň şeýledigini halk arasyndaky «Köneürgençde jaýyň üçegine münen pişigiň Hywada üçekden düşüp bilýändigi» baradaky sözlerem tassyklaýar. Munuň özi, haçanda ilat köplüginden jaýlar biri-birine dege-dege edilip gurlanda mümkin bolaýjak zatdyr.
Taryhy çeşmelere görä, bu şäheriň döremeginde we pajarlap ösmeginde Merkezi Aziýada iň iri süýji suw akabasy bolan Amyderýanyň ähmiýeti uly bolupdyr. Çünki şol döwürde möhüm aragatnaşyk ulgamy bolan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy Gürgenje Çynmaçyndan, Hyratdan, Eýrandan we Bagdatdan gelen ýükleriň belli bir bölegi derýa arkaly getirilipdir. Munuň özi biziň eýýamymyzdan öňki I asyryň ahyrynda we II ýüzýyllygyň başlarynda dörändir diýlip çaklanylýan Gürgenjiň möhüm port şäheri bolandygyndan habar berýär. Munuň şeýledigini meşhur syýahatçy Ibn Batutyň: «Şäheriň çetinden uçmahdan baş alyp gaýdýan dört derýanyň biri — Jeýhun derýasy akýar» diýip ýazan ýatlamalary hem tassyklaýar. Taryhy çeşmelere görä, geçmişde «däli derýa» adyny alan jylawbermez Jeýhunyň öz akymyny üýtgedip durmagy netijesinde, onuň köne Tünüderýa we Derýalyk akymlarynyň ugrunda Şähri-Bossan, Diýarbekir, Maňňyrgala, Halap-Şirwan, Şamahy, Şasenemiň we Akja gelniň galalary ýaly kentler emele gelen bolsa, täze akymynyň ugrunda Gürgençden başga-da, Toprakgala, Boldumsaz, Gäwürgala (Hojili) ýaly galalar emele gelipdir. Amyderýanyň bir şahasynyň Sarygamyşa guýýan döwürlerinde bolsa, meşhur Bötendag belentliginiň gündogaryndaky Adaklyhyzyr ýa-da ýerli ýaşaýjylaryň atlandyryşy boýunça, Akgala galasy binýat tapypdyr.
Merkezi Aziýada iň beýik bina bolan, Gutlug Temiriň ady bilen baglanyşykly minara hasaplanýar. Onuň deslapky beýikligi 62 metr bolup, düýbüniň diametri 12 metre, depesiniň beýikligi bolsa 2 metre barabardyr. Halk arasyndaky gürrüňlere görä, onuň çür depesinde altyndan gupbasy bolup, gündiz gün şöhlesine ýaldyrap, Ahal, Merw, Yspyhan, Hyrat we Çynmaçyn ýaly ýerlerden gelýän kerwenleriň Garagumuň içinde azaşman şähere gelmeklerine mümkinçilik beripdir. Gijesine bolsa ol minarada ot ýakylyp, uzak ýerden gelýän ýolagçylara şäheriň haýsy ugurdalygy mälim edilipdir.
Gadymy Köneürgenjiň şöhratyny Arşa galdyran taryhy ýerleriň biri-de Kyrkmolla galasydyr. Bu taryhy depe bilen baglanyşykly rowaýatlaryň we maglumatlaryň köpüsi biziň döwrümize gelip ýetipdir. «Onuň umumy tutýan meýdany 3 gektardan gowrak, diwarlarynyň ini 7 metr töweregi, beýikligi bolsa 12 metrden geçýär» diýip, arheolog H. Ýusubow özüniň «Kyrkmolla galasy» diýen işinde ýazýar. Kyrkmolla depesi bilen baglanyşykly rowaýatlar bilen gyzyklanyp ýörkäm bu babatda halk arasynda onlarça rowaýatyň bardygyna göz ýetirdim. Şolaryň içinden iň köp ýaýrany we ynandyryjysy bolsa onuň «Mamunyň akademiýasy» ady bilen beýan edilýänidir.
Horezmşa Mamun II döwründe bu ylym ojagynyň Gündogaryň meşhur taryhçylarynyň, edebiýatçylarynyň, filosoflarynyň we alymlarynyň ýygnanan ýeri bolandygyny tassyklaýan maglumatlar häli-şindi gabat gelýär. Ýokarda bellenilişi ýaly, bu ylym ojagynda Muhammet al Horezmi, Abu Reýhan Biruni, Abu Ali Ibn Sina, Şyhabaddin Hywaky ýaly beýik alymlar ylym-bilim almak we şägirt ýetişdirmek bilen dünýä ylmynyň ösmegine öz mynasyp goşantlaryny goşupdyrlar. Rowaýata görä, bu ýerde kyrk sany piriň sapak bermeginde öňde-soňda jemi kyrk müň sany talyp ylym-bilim alypdyr. Olar bu ýerde yslam dini, şerigat kadalary bilen bir hatarda astrologiýa, mineralogiýa, taryh, edebiýat, lukmançylyk, fizika, geometriýa, himiýa we binagärlik ylymlary ýaly ugurlardan bilim-düşünje alypdyrlar. Mamun akademiýasynyň Hywaky tarapyndan baştutanlyk edilen kitaphanasynyň baý kitap gorunyň bolandygyny an-Nesewiniň: «Şunuň ýaly kitaphana mundan öňem, soňam bolmandyr» diýen sözlerinden aňmak bolýar. Şu ýerde takyk bilimleriň algebra ugrunyň kemala gelmeginde uly işleri bitiren beýik alym Muhammet al Horezminiň şu bilim ojagynda ylym-bilim alandygyny ýatlamak ýakymlydyr. Orta asyrlarda astrologiýa, geometriýa we binagärlik ugurlaryndan ata-babalarymyzyň ýokary ussatlyk derejesine ýetenligi bu ýerdäki Gündogar äheňinde, hiç bir ýerde gabat gelmeýän özboluşly görnüşde gurlan Nejmeddin Kubranyň, II Arslanyň, Tekeşiň, Soltan Alynyň, Pirýar Weliniň arhitektura ýadygärliklerinde, aýratyn-da, Törebeg hanymyň ady bilen baglanyşykly bolan ajaýyp ýadygärlikde has-da aýdyň şöhlelenýär.
Ata Watanymyz öz Garaşsyzlygyny alanyndan soň, bu mukaddes topraga bolan garaýyşlar has-da özgerip, onuň taryhy-medeni ýadygärliklerini gorap saklamaga we dikeltmäge hem-de baý milli medeni mirasymyzy çuň öwrenmäge giň ýollar açyldy. 2005-nji ýylda Köneürgenç döwlet taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa onuň dünýä halklarynyň medeni mirasyna öwrülendiginden habar berýär. Şu ýerde alnyp barylýan rejeleýiş we dikeldiş işleri dowamly alnyp barylýar. Häzirki döwürde bu ýerde birinji derejeli rejeleýji ussa Islak Asgarowyň ýolbaşçylygyndaky toparyň agzalarynyň alyp barýan dikeldiş işleri aýratyn öwgä mynasypdyr. Olaryň ýokary ussatlygy netijesinde ençeme asyrlaryň şaýady bolan, ýowuz tebigatyň täsiri astynda ýitip gitmek howpy abanýan ýadygärlikler rejelenip, asyl nusgasyna getirilýär.
Ýeri gelende аýtsak, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Daşoguz welaýatynyň çäginde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ençemesi bar. Dünýäniň medeni ösüşinde öçmejek yz galdyran gadymy Köneürgenç şäheri, Nejmeddin Kubranyň kümmeti, 360 piriň ýatan topragy keramatly ýerlerdir» diýip aýdyşy ýaly, ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň esasy aýratynlygy onuň taryhy-medeni we arhitektura ýadygärliklerine baýlygyndan ybaratdyr. Welaýatda Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyndan başga-da, gadymy Was düzlüginde, Saparmyrat Türkmenbaşy, Görogly, Gubadag we Boldumsaz etraplarynda halkymyzyň hem-de daşary ýurtly jahankeşdeleriň ünsüni özüne çekýän, milletiň dürli döwürlerine şaýatlyk edýän taryhy ýadygärlikleriň onlarçasy bar. Bu mukaddes ýerlere syýahatçylar, zyýaratçylar, taryhy öwrenijiler yzygiderli gelýärler. Olar milletiň şöhratly düýni bilen tanyşmaga mümkinçilik alýarlar.
Dünýä siwilizasiýasynyň ösmeginde öz aýratyn orny bolan, türkmen halkynyň şan-şöhratyny Arşa galdyran beýik şahslaryň kemal tapan Köneürgenç şäheriniň çäginde ýerleşýän baý medeni we taryhy arhitektura ýadygärlikleri bütin ýyllaryň dowamynda welaýatymyza gelýän we geljek myhmanlaryň iň bir arzyly ýerleriniň birine öwrülýär. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda syýahatçylygy ösdürmek ugrunda badalga beren beýik işleriniň taryhy we medeni ýadygärliklere baý bolan welaýatymyzda barha rowaçlanýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Dädebaý NARTYÝEW.
Taryhy makalalar