23:22 Bazara gidemok | |
BAZARA GIDEMOK
Goşgular
Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Dogrusy, gitmegem isläp baramok. Bazarda bar zadyň pul hökümdary, Jübiňe seredip nepkeşleň bary, Seniň kimdigiňe ünsem berenok, Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Duşsa biynsaba sadarak adam, Doganna diýmejek sözlerin aýdyp, Güwäçi tutunyp ýakynyn-ýadyn, Ýelmär gara şaýa degmeýän zadyn. Wah, meňem jürümi dikerler öýdüp, Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Oňatmy, erbetmi, alarlar satyn, Bu zatlar mala däl, jellaba bagly. Eşegiň nyrhyndan geçmedik atyň Kemsinip durşuny görmegem çetin. Soň bir başym ýaýkap ýörmezim ýaly Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Jübüsin gabardyp, ýylgyryp gaýdan Dellala diýäýseň: «Utanaňagam». Taýyndyr, çylkasyz sözlerin aýdar: «Durmuşyň özem bir bazar-da, agam. Gözlerim görmesin diýip betpäli, Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Gara donly nebis çykyp belende, Ynsaby, päkligi ýörendir aňtap. Sungatam pul bilen ölçelýär onda, Hormatam pul bilen ölçelýär onda... Bu ölçegi görmek düşmänsoň aňsat, Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Dur-la, men nämeler otyryn samrap, Birden bolaýmaýyn ilime gülki? Belki, bazardaky bir mahalky däp Atam möwritinde gidendir üýtgäp... Mümkin duýman galan bolmagym, çünki Bazara gidemok ençe ýyl bäri. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Alabahar / Goşgular - 21.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||