09:59 Berdi aganyñ Kawkazdaky yzlary | |
BERDI AGANYÑ KAWKAZDAKY YZLARY
Ýol ýazgylary
1986-njy ýylyň iýul aýydy. Dostum Hojaguly Nurçaýew bilen Kawkazyň jana şypaly howasyndan dem almak, hemem mineral suwlarynyň, çeşme-çaýlarynyň ugry boýunça syýahat etmek maksady bilen ýola düşdük. Hojaguly gepe çeper, goşgy-gazal aýtmaga ökde ýigitdi. Kerim şahyryň «Taýmaz babasyny» tutuş ýatdan aýdybererdi. Magtymgulydan, Kemineden, Zeliliden, Seýdiden, Berdi Kerbabaýewden, Beki Seýtäkowdan degerli mysallar getirip gürrüň edende, islendik märekäni agzyna bakdyryp bilýärdi. Biziň barmaly ýerimiz Demirgazyk Osetiýanyň merkezi Oržonikidze (häzirki Wladikawkaz) şäherindäki «Redant» syýahatçylyk merkezidi. Ol ýerde syýahatçylardan topar düzýän ekenler. Biziň toparymyza kyrka golaý adam birikdi. Bizi bäş-alty gün Kawkaz daglarynyň iň gözel jülgelerinde ýerleşen syýahatçylyk öýleriniň birnäçesine aýlap, dag tebigaty, daglylara mahsus bolan däp-dessurlar, mukaddeslikler bilen tanyşdyrdylar. Ýolbelet syýahatçylary Alagir etrabynyň Zaramag obasynda ýerleşen «Zaramag» syýahatçylyk merkezine alyp geldi. Biz bu ýerde üç-dört gün bolanymyzdan soň, indiki gitmeli ýüz kilometr çemesi ýoly paýu-pyýada geçmelidik. Bu oba juda owadan ýerde ýerleşen eken. Töwerekde ýaşaýyş jaýlary kän däldi. Merkeziň iki gatdan ybarat, iki sany kaşaň myhmanhanasy we garbanyşhanasy bardy. Onuň gapdalynda ýerleşen tans meýdançasy görenleriň ünsüni bada-bat özüne çekýärdi. Gün giç öýlä sananda, gelenler tans meýdançasyna ýygnanyp başladylar. Bizem bir çeträkde töwerege ser salyp, dag gözelligini synlap durduk. Şol mahal ak saçly, gelşikli geýnen, agajet ýaşuly ýanymyza gelip, özüni biziň bilen tanyşdyrdy. Onuň ady Olegdi. Ol nirelidigimizi sorady. Bizem säginmän jogap berdik. Oleg: — Örän gowy, siz Artygy tanaýaňyzmy? — diýdi. Hojaguly degişme äheňinde: — Hawa, elbetde, tanaýas, Artyk biziň dostumyz — diýip goýberdi. Oleg has çynlakaý keşbe girip: — Aýnanam tanaýaňyzmy? — diýdi. Gürrüňiň kim hakynda barýandygy indi Aý dogan ýaly boldy. «Gezek seniňki» diýen terzde Hojaguly maňa seretdi. Menem: — Elbetde, olar biziň meşhur ýazyjymyz Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynyň baş gahrymanlary — diýdim. Oleg şolbada: — Berdi aga örän ajaýyp adam, ine, siziň şu duran ýeriňizde men onuň bilen duşuşdym, gürrüňdeş boldum. Ýadygärliklere bile aýlandyk. Onuň basyp giden yzlary heniz-henizler ýitmezmikä diýýärin — diýdi. Soňra bize ýüzlenip, tans meýdançasynda syýahatçylar bilen şu günki geçiriljek aýdym-sazly dabarada özüniň Berdi aga bilen bolan duşuşygy hakynda gürrüň bermeginiň makul boljakdygyny aýtdy. «Aýgytly ädim» romanynyň rus diline terjimesiniň özüniň şahsy kitaphanasynyň bezegidigini, kinofilminden aýdymlary magnit lentasynda saklaýandygyny, ýazyjynyň suratlaryna hem gymmatly ýadygärlik hökmünde seredýändigini ýüzugra dile getirdi. Bizdenem ussat ýazyjy barada ýatlamalar aýdyp bermegimizi towakga etdi. Tans meýdançasynyň töwereginde adamlar köpelýärdi. Oturymly öýlerden hem gelýänler bardy. Oleg bir ýerlerden ulaldylyp düşürilen, daşy çarçuwaly iki sany surat alyp geldi. Olary meýdançanyň gapdalyndaky tagtanyň ýüzünde asyp goýdy-da, ses gataldyjynyň ýanynda mikrofon ornaşdyrdy. Magnitofondan saz ýaňlanyp başlady. Adamlar tans edýärdiler. Birsellemden sazy togtadyp, Oleg märekä ýüzlendi: — Adamlar, dostlar! Geliň, şu günki aýdym-sazly dabaramyzy dostluga, doganlyga bagyşlalyň! Ynha, meniň getiren suratlarymda belent başy ak garly dag ýaly ýylgyryp oturan nurana kişini görýänsiňiz. Ol güneşli Türkmenistanyň görnükli ýazyjysy, şahyry, osetin halkynyň dosty Berdi Kerbabaýew — diýenden ýygnananlar şowhun bilen el çarpyşdylar. Şowhun köşeşensoň, Oleg sözüni dowam edip: — Onuň gapdalyndaky bolsa osetin halkynyň görnükli şahyry, dramaturgy, suratkeşi, osetin edebi dilini esaslandyran Kosta Hetagurowyň suraty. Ol biziň golaýjygymyzdaky Nar obasynda doglan. Onuň ýaşan ýerinde häzir öý muzeýi hem-de Kostanyň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlik bar. Ertir hemmämiz bilelikde ýadygärligi görmäge gideliň. Berdi aga 1959-njy ýylyň tomsunda Kostanyň doglan gününiň ýüz ýyllyk ýubileýi bellenende ýörite geldi. Hut meniň bilen öý muzeýine baryp, onuň hatyrasyny sarpalady, ýatlama kitapçasynda ýazgy galdyrdy. Berdi aganyň ýazan kitaplaryny şahsy kitaphanamda saklaýaryn. Siziň araňyzda Berdi agany oňat tanaýan iki sany ildeşi bar ekeni. Görüp otursam, bu myhmanlar Artyk bilen Aýnanyň hem dostlary ekeni. Goý, gürrüňiň yzyny olar dowam etsinler — diýdi-de, söz nobatyny Hojagula berdi. Hojaguly: — Biziň ýaşululara, dost-doganlyga sarpa goýmak däbimiz bar. Berdi aga ýaşuly ýazyjymyz. Onuň gahrymanlary Artyk bilen Aýna-da biziň dostumyz. Görüp otursak, Berdi aga siziňem, osetin halkynyňam dosty ekeni. Ýap-ýaňy Olegiň bize aýdyşy ýaly, ol Osetiýanyň iň çet obasyna-da gelip, Kostanyň hormatyna gül goýupdyr. Biz Berdi aga hemişe guwanýarys, hormat goýýarys — diýdi. Soňra Berdi aganyň durmuş ýoly, döredijiligi hakynda gürrüň etdi. Şol mahal köpçüligiň içinden bir ýaşuly çykyp: — Men Tatarystandan geldim, Berdi aganyň kitaplaryny türkmençe okadym. Ol diňe meniň däl, ähli tatar halkynyň hormatlaýan ýazyjysy boldy. «Aýgytly ädim» kinosy ekrana çykan döwründe ýörite güneşli Türkmenistana ony görmäge bardym. Filme iki gezek tomaşa etdim, juda gowy boldy, ol pursat meniň gözümiň öňünde henizem dur — diýdi. Soňra Oleg «Aýgytly ädimden» «Artygyň aýdymyny» magnitofonda goýberdi. Soňra «Aýnanyň aýdymy», Nury Halmämmedowyň sazlary beýleki doganlyk halklaryň aýdym-sazlary bilen utgaşyp gitdi. Ertesi ir bilen Kosta Hetagurowyň öý muzeýine gitmek üçin tans meýdançasyna ýygnanyşdyk. Ýadygärlik bary-ýogy 7 — 8 kilometr uzaklykdady. Öý muzeýini synlamak juda täsirlidi. Şahyryň durmuşyna degişli köpsanly maglumatlary, kitaplary, suratlary saklanylýan eken. Berdi aganyň paýu-pyýada gelip gören bu muzeýi ussat ýazyjynyň doganlyga-dostluga neneňsi sarpa goýşuna ýene bir gezek şaýatlyk edýärdi. Öňde ak gara bürenen Kawkaz dagynyň iň beýik gerşi bulutlaryň bärsinden bize Berdi agany ýatladyp agras seredip durdy. Göýä, onuň nurana keşbi bu ýerde doganlyk-dostlugyň nusgasyna öwrülen ýalydy. Meret ÝAGŞYÝEW, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |