BEÝIK SELJUKLARYÑ DÖWLET DOLANDYRYŞ ULGAMY
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň bir bölümi «Gadymy Merw» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen belli Merw şäheri barada täsirli hem gyzykly maglumatlar bar. Bizem şu makalamyzda adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran Beýik Seljuklar imperiýasy hakynda söhbet etmekçi.
XI asyryň ikinji ýarymynda Beýik Seljukly türkmenleriň imperiýasy giňäp, Hytaý serhetlerinden Siriýany hem öz içine alyp, Ýemenden Mermer deňzine çenli aralyk, Kawkaz, Toharystan, Horezm, Horasan, Eýran ýaly ýerler imperiýanyň düzüminde bolupdyr.
Seljukly türkmenleriň döwletinde-de, döwletiň harby dolanyşygyndan raýat dolanyşygyna geçip başlamak zerur bolupdyr. Soltan Togrul begiň ömrüniň soňky ýyllarynda başlanan bu ýagdaý Mälik şanyň döwründe ymykly ýola goýlupdyr. Döwlet dolanyşygynda hemişelik raýatlyk hökümet dolanyşygy (diwan) döredilýär. Ol döwlet dolanyşygynyň ähli görnüşlerini özünde jemläpdir. Döwlet ýerleri harby serkerdelere, serdarlara bir ýyllyk paýlanypdyr. Ýer alanlar harby ýörişlere gatnaşmaly bolupdyrlar.
Mälik şanyň döwründe wezirlik mertebesi örän güýçli bolupdyr. Ol diňe bir ýurduň içerki dolandyryşy bilen çäklenmän, Beýik Seljukly türkmenleriniň imperiýasynyň daşarky syýasaty bilen hem meşgullanypdyr. Şeýle wezirleriň biri hem Alp Arslanyň, aýratyn hem, Mälik şanyň döwründe wezirlik eden Abu Aly Hasan ibn Aly ad-Tusy (10l7—1092) bolupdyr.
Taryhda ol «Nyzamylmülk» (Döwleti guraýjy) diýen hormatly ady bilen bellidir. Bu akylly we dana adamyň bize galdyryp giden «Syýasatnamasy» başdan-aýaga, 51 babynyň hemmesi seljukly soltanlarynyň ýurdy adalatly edara etmegine, halka arka durmagyna, dini dessurlary berk saklamagyna bagyşlanandyr. XI asyrdan miras galan bu ajaýyp eseri professor В. N. Zahoder rus diline terjime edip, 1949-njy ýylda çapdan çykardy.
Nyzamylmülk özüniň «Syýasatnamasyny» şeýle sözler bilen başlaýar: «Allatagalla her bir zamanda adamlaryň belli birini saýlap oňa nazar salýar, şöhratyny galdyrýar we ony şalyk mertebesi bilen bezeýär. Ol bütin älemiň abadanlygyny we öz gullarynyň asudalygyny şol şa bilen baglanyşdyrýar: tozgunçylyklar, tolgunmalar, başgötermeler hem şonuň bilen baglanyşykdadyr. Allatagalla öz gullarynyň gözünde we ýüreginde şanyň öňünde gorky we eýmenç duýgusyny ýaýradyp, adamlar onuň adyllygynyň saýasynda arkaýyn günlerini geçirip, asuda bolar ýaly we onuň döwletiniň rowaçlanmagynyň arzuwynda ýaşar ýaly edýär».
Seljuklaryň döreden döwletinde Gündogaryň musulman ýurtlarynda häkimiýeti guramak we wezipeli orunlaryň basgançaklarynyň ykrar edilen tertibi belli bir derejede ulanylypdyr. Emma döwletiň edara ediş ulgamynda, onuň syýasy-jemgyýetçilik institutlarynda oguz-türkmen taýpalarynda gadymdan gelýän düzgünler ýitip gitmändir. Şol düzgünler, aýratyn hem, Togrul begiň, Alp Arslanyň zamanasynda has doly görnüşde saklanypdyr. Iň uzak saklanan syýasy institutyň biri-de atabeglik düzgünidir, ýagny ýaş şazadalara terbiýe berýän, olara halypalyk edip, maslahatçy bolýan adamlara «atabeg» diýlipdir. Şeýle düzgün seljuklaryň imperiýasy dargandan soň hem, emele gelen ençeme özbaşdak türkmen begliklerinde asyrlarboýy saklanypdyr, şol beglikleriň baştutanlaryna «atabeg» diýlipdir. Seljuklaryň köşgünde ilkinji atabeg titulyny alan Nyzamylmülkdir. Ol Çagry begiň köşgünde onuň ýaşajyk ogly Alp Arslana atabeg bolýar. Çagry beg Balhdan çagyrylyp getirilen Nyzamylmülki öz atasy ýaly görüp, onuň diýenini etmegi ogly Alp Arslana berk tabşyrýar. Nyzamylmülk soňra şazada Mälikşanyň hem atabegi bolup, ony-da terbiýeläpdir, ýagny 1071-nji ýylyň Malazgirt söweşinden soň, Alp Arslanyň tabşyrygy boýunça, Mäligiň halypasy bolýar. Şeýle atabeglere «ata hoja-da» diýipdirler. «Ata hoja» diýmek bilimde ata, alym ata, professor ata manysyny berýär. Türkmenleriň öwlat taýpalarynda Atahoja ady häzir hem ulanylýar. Atabegden başga-da, oguz türkmenlerinde IX-X asyrlarda ulanylan ýabgu, baýgu, ilik, ynanç ýaly titullar hem uzak wagtlap saklanyp galypdyr.
Soltan häkimiýetiniň mümkinçilikleri ummasyz uly bolupdyr, ol ähli döwlet, köşk we tagt eýeçiliginiň hökmürowan eýesi bolup, diňe onuň özi adamlara şertleýin we müdimilik mülk ýerlerini paýlap beripdir. Soltan döwlet apparatynyň işine gözegçilik etmeli, wezipeli adamlaryň üstünden gelýän arza-şikaýatlara seretmeli, döwletiň hazynasyny barlap durmaly, harby işleri alyp barmaly bolupdyr, goşun serkerdelerini belläp hem aýryp bilipdir. Soltanlar iň wajyp döwlet meselelerini çözenlerinde ýokary wezipedäki hadymlar bilen maslahatlaşypdyrlar. Beýle maslahatlar döwlet häkimiýetiniň hemişelik alamatlary däldi, diňe ýurduň içinde baş-başdaklyk hereketleri güýçlenip başlananda, ýygy-ýygydan geçirilýärdi.
Dünýäde şeýle uly beýik döwleti döreden seljuk türkmenleri ýurdy edara etmekde, elbetde, diňe bir harby güýje daýanman, eýsem halk köpçüligine ýarajak, onuň gündelik durmuşynda, sosial ýaşaýşynda derwaýys çäreleri geçirmek, ykdysadyýeti ösdürmek arkaly amal edipdirler. Aýratyn hem, Mälik şanyň döwründe suwaryş kanallaryny, köprüleri, kerwensaraýlary, galalary, metjitleri, medreseleri, kaşaň derwezeleri, hammamlary, köşkleri, bazarlary gurmaga ummasyz köp serişdeleri sarp edipdirler. Seljukly soltanlar kerwen ýollarynyň asuda bolmagyny üpjün edip, argyşa, zyýarata, syýahata gidýän adamlaryň, aýratyn hem Mekgedir Medinä zyýarata barýan hajylaryň howpsuzlygyny kepillendirip bilipdir. Bagdat, Mosul, Basra, Damask, Nişapur, Amul, Balh, Mary, Hyrat ýaly şäherlerde täze tipli medreseler—musulmançylygyň ýokary okuw mekdepleri gurlupdyr. Diňe Maryda Nyzamiýe, Hatuniýe ýaly baý kitaphanaly medreseleriň ençemesi gurlup, şäher görlüp-eşidilmedik derejede abadanlaşdyrylypdyr, onuň daşyna uzynlygy 12300 ädimlik berk gala salnypdyr. Seljukly soltanlar imperiýanyň hemme ýerinde uzynlygyň ýeke-täk ölçeg birligi hökmünde farsahy girizipdirler. Beýik seljuk soltany Mälik şanyň döwrüni musulman we beýleki alymlar «Adalat döwri» («ösüş döwri») hasaplapdyrlar.
Biz ata-babalarymyzyň beýik işlerine, görkezen gahrymançylyklaryna kanuny suratda buýsanyp, meşhur ata-babalarymyzyň mynasyp nesilleridigimizi öz asylly işlerimiz, parasatlylygymyz bilen subut etmelidiris.
Kuwwat JUMALYÝEW,
Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.
Taryhy makalalar