08:29

Bilimli, kämil nesil geljegimizdir

BILIMLI, KÄMIL NESIL GELJEGIMIZDIR
    
Her bir jemgyýetiň, döwletiň ösüşiniň düýp özeninde ylym-bilimiň durýandygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Şu nukdaýnazardan Gahryman Arkadagymyz ylym-bilimi ösdürmäge, şonuň esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ýagty geljeginiň dowamy boljak ýaş nesillerimizi sowatly, düşünjeli, ýokary ahlakly, giň dünýägaraýyşly, sagdyn hem-de kämil bilimli edip ýetişdirmek barada hemişe uly aladalary edýär. Bu bolsa ýurdumyzy rowaçlyga beslejek özgertmeleriň esasyny düzýär. Milli Liderimiz özüniň döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji gününden bilim ulgamyny kämilleşdirmäge uly üns berdi. 2007-nji ýylyň 15-nji fewralynda «Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permana, şol ýylyň 4-nji martynda «Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda» Karara gol çekdi. Olaryň baş maksady ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hiliniň ýokary bolmagyny üpjün etmekden hem-de ony dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmekden ybarat bolup durýar. 2013-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken «Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permany we «Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda» Karary ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmelere uly badalga boldy. 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzda umumy orta bilim berýän mekdeplerde okuw möhleti 12 ýyla ýetirildi.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki milli Maksatnamasyna» laýyklykda, her ýyl bilim we ylym edaralarynyň onlarçasy gurulýar. Olar döwrebap kompýuterler, okuw-tehniki serişdeler, interaktiw, multimediýa tehnologiýalary bilen doly enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ýaşlaryň okamagy, bilim-terbiýe almagy, beden taýdan taplanmagy, ruhubelent bolmagy, ylym dünýäsine aralaşmagy babatynda Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň ýöredýän syýasatynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleri öz üns merkezinde saklaýan hormatly Prezidentimiz: «Nesil terbiýesi biziň öňümizde durýan esasy meseleleriň biridir. Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr» diýip belleýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda gazanylýan üstünlikleri ylym-bilimsiz göz öňüne getirmek kyndyr. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin milli bilim ulgamynyň binýadyny yzygiderli kämilleşdirýär. Bu bolsa mugallymlary, bilim işgärlerini öňküden-de tijenip işlemäge borçly edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk» atly kitabynda ýurdumyzda bilim ulgamyndaky özgertmeleri amala aşyrmagyň maksatlary we wezipeleri, olary çözmegiň ýollary, bilimler esasynda jemgyýetiň kemala gelmegi barada aýdan pähimlerinde şeýle setirler bar: «Ata Watanymyzyň geljegi bolan bilimli-terbiýeli, edepli, ýokary ahlakly şahsyýetleri kemala getirmek bilim ulgamynyň işgärleriniň, mugallymlaryň, biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr».
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak barada taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň mydama jany sag, ömri uzak, il bähbitli, ýurt ähmiýetli her bir tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.
 
Pirnepes ORAZBAÝEW.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 529 | Добавил: Нawеran | Теги: Pirnepes Orazbaýew | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]