09:02 "Coca-Cola" şu günlere gelip ýetendigi üçin ABŞ-nyñ Graždanlyk urşuna borçly | |
"COCA-COLA" ŞU GÜNLERE GELIP ÝETENDIGI ÜÇIN ABŞ-NYÑ GRAŽDANLYK URŞUNA BORÇLY
Taryhy makalalar
Ömrüniñ ahyryna çenli başdan geçiren gaýgy-elemlerini kiparlatmak üçin öz formulalaryny kämilleşdiren Pemberton dünýäniñ iñ uly önümleriniñ biriniñ oýlap tapyjysy hökmünde taryha girdi Amerikan ilçihanasynyñ bolmadyk ýurdunda-da "Coca-Cola" çüýşesine gabat gelip bolýar. Dünýäde zyýanlydygy bilnip durandygyna garamazdan, bular ýaly işdämen ulanylýan önüm az-azdyr. Düzüminde doly näme bardygynyñ we taýýarlanşynyñ üstünde edilýän çekişmeler bireýýäm ýüz ýylyny beýläk geçirdi. "Coca-Cola" içgisiniñ mahabat güýji bilen gidişup biljek başga haryt ýok bolsa gedek. Kompaniýanyñ maliýe çeşmeleri jolsa birnäçe telli-pelli ýurduñ ykdysadyýetini kisesinden çykarjak derejede uly. Jon Pembertonyñ "Coca-Cola"-ny nähili oýlap tapandygy baradaky gürrüñe girmezden öñ onuñ taýýarlanyşy baradaky myş-myşlary ýatladaýyn. "Cola"-nyñ kompaniýasyny esaslandyryjy Asa Kendler 1881-nji ýylda Pembertondan awtorlyk hukugyny satyn alandan soñ bu önümi çaltlyk bilen edaralaşdyrdy. Ýöne kompaniýany häzirki ýagdaýyna getiren Ernest Wudraffdy. Irki döwür kola mahabaty Mundan öñ edilmedik mahabat çäreleri bilen iñ çola amerikan obasyna çenli "Coca-Cola" aralaşdy. Wudraff bu içginiñ formulasyny aýratyn ygtybarly kassada saklapdyr. Muña laýyklyda kompaniýanyñ hil syýasatynyñ bähbidi üçin bu formulany diñe iki adam bilipdir we olar birem iki bolup gezelenje çykmandyr. Eger bularyñ biri ölse, oruntutar saýlanypdyr we däp dowam etdirilipdir. Bu aýdylýan formula häzir halk köpçüligine açyk ýagdaýda Atlantada görkezilýär. Formulanyñ hemmelere mälim bolmagy-da bize bu legendanyñam "Coca-Colanyñ" mahabat strategiýasyndan başga zat däldigini görkezýär. Käbir komplimasiýa teoretikleri bolsa formulanyñ beýlekin dereje syr bolmagyny oýlap tapylyş görnüşindäki käbir kemçilikler bilen düşündirýär. Amerikan graždanlyk urşy • Graždanlyk urşy we "Coca-Cola"-nyñ döreýşi Täze materigiñ açylmagy bilen amerikan garaýagyzlary materige zynjyrlara baglanan ýagdaýda getirildi. XVII asyra gelinende häzirki Günorta diýilýän ABŞ-nyñ ekin meýdanladynda işçi güýji köplenç garaýagyz afrikaly gullara esaslanýardy. XVIII asyryñ başlarynda Günortaly akýagyzlaryñ gullara eýeçilik etme boýunça hak-hukuklaey kanunlar esasyna kepillendirilipdi. Bu kanunlar esasynda akýagyzlar gullaryny jezalandyryp, satyp we hatda islese öldüribem bilýärdi. 1705-nji ýyldaky meşhur Wirjiniýa kanunyna laýyklykda hiç bir akýagyz eýeçiligindäki garaýagyz guluna garşy eden jenaýatyndan jogapkärçilige çekilmeýärdi. 1808-nji ýyla gelinende gul söwdasy gadagan edilenem bolsa, gul saklamak kanun esasynda kepillendirilendi. Ýohsam bolmasa, her amerikanyñ buýsanyp aýdýan "Garaşsyzlyk deklarasiýasy" 1776-njy ýylda Tomas Jefferson tarapyndan ýazylan deklarasiýada gönüden-göni ähli adamlaryñ deñdigi ýazylypdy: "Ähli adamlar deñ ýaradylandyr. Özlerini ýaradan Hudaýyñ bagyş eden käbir eldegrilmesi' hak-hukuklaryna eýedir. Adamyñ ýaşamaga, azatlyga we bagtly durmuşa bolan ymtylyşy-da şu hak-hukuklaryñ arasyndadyr". Gulçulyk aýratynam demirgazyk ştatlarda ýazgarylýan ýagdaý bolsa-da, ýurduñ içinde syýasy konflikt çykar gorkusy bu düzgüniñ açyk tankydynyñ edilmegine päsgel berýärdi. Gul saklamagyñ ahlak tarapy ilkinji gezek 1858-nji ýyllaryñ başynda ymykly jedeli ara alnyp jedelleşilmäge başlandy. Meseläniñ iñ tutanýerli synçysy heniz diñe senator bolan Awraam Linkolndy. Gul eýeçilik düzgüniniñ ABŞ-nyñ dinamikalaryna zyýan berýändigini aýdýan senator şeýle diýýärdi: "Öz içinde ikä bölünen öýi saklap bolmagar. Bu döwletiñ adamlarynyñ ýarsynyñ gul, ýarsynyñ azat bolup galmagyna mundan artyk çydap bilmejekdigine ynanýaryn". Linkolnyñ prezident bolanyna kän wagt geçmänkä uruş ABŞ-ny gurşap aldy. Pemberton ýaş aptekar (dermanhanaçy) hökmünde urşa gatnaşdy. Pemberton gul eýeçiliginiñ tarapyny tutýan konfederasiýa goşunynda gulluk edýän ofiserdi. Pembertonyñ ýaralanan 14-nji köprüsi Kolumbus söweşinde alan ýarasy "Cola"-nyñ oýlap tapyjysyny agyrylaryny aýyrmak üçin morfine garaşly ýagdaýa getiripdi. Ol sirop görnüşinde taýýarlan ilkinji derman kolanyñam atasydy. Ýöne käbir barlagçylar bu siropda kokain bilen şoña meñzeş maddalaryñ bardygyny öñe sürýärdi. Gepiñ keltesi, Pembertonyñ taýýarlan siroby soñabaka seýreltme we şekerlendirme ýaly käbir üýtgeşmelerden soñ häzirki görnüşine getirilipdir. Kolanyñ oýlap tapyjysy bolsa aşgazan düwnüginden aradan çykanda bary-ýogy 57 ýaşapdyr. Pembertontñ hatyrasyna goýlan ýadygärlik ýazgysy Ömrüniñ ahyryna çenli çeken dert-yzalaryny kiparlatmak üçin öz formulalaryny kämilleşdiren Pemberton dünýäniñ iñ uly önümleriniñ biriniñ oýlap tapyjysy hökmünde taryha girdi. Sekuntda on müñe golaý kola çüýşesi açylýan dünýäde bu içgi ýurdumyza 1964-nji ýylda aralaşdy. Her ýyl Türkiýede bu içginiñ saglyga ýetirýän täsiri, mahabat strategiýasy, syýasy güýji barada ylmy barlaglar geçirilip, makalalar ýazylýar. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 22.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |