09:36

Çörek bilen bagly yrymlar

ÇÖREK BILEN BAGLY YRYMLAR

Ýerden çörek tapsaň, alyp üç gezek maňlaýyňa degrip, birinji gezek ýere taşlan adamynyň günäsini geçmegi Beýik Taňrydan dilemeli. Ikinji gezek ony görüp, ýerden götermedik adamynyň günäsini geçmegi dilemeli, üçünji gezek öz günäňi geçmegi Beýik Taňrydan diläp, çagalaryňa rysgal-döwlet, bereket, jan saglyk dilemeli.

* * *

Çöregi arka ýüzüne goýmaly däl, çörege sarpa goýmadygyň bolar, rysgalyň gaýdarmyş.

* * *

Çöregi bir eliň bilen döwseň, döwletiň gaýdarmyş.

* * *

Tamdyryň başynda çörek bişirilende, ilkinji çörekden özüň datman, ile hödürlemeli däl. Rysgalyň gaýtmagy ahmalmyş.

* * *

Çörek bişirip durkaň, ilki oňa bir suw berilýär, çalarak gyzaryp başlanda, gyzyl suwy berilýär. Soňra bolsa, goparyp, suw sepelemeli. Oňa «sogap suwy» diýilýär.

* * *

Çörek bişirip durkaň, çörege sepeleýän suwuňdan içseň, sogap bolar. Ol perişde nazary düşen suwmyş.

* * *

Çörek bişireniňde, kiçijik kökeler etmelimiş. «Şonda çagaň bolar, köpelip gi­dersiň» diýlip, yrym edilýär.

* * *

Myhman gelende öňünden duz-çörek bilen çyksaň, mertebäň artarmyş.

* * *

Çörek almak üçin saçaga iki adam birden el uzatsa, myhman gelermiş.

* * *

Ertir bilen çörek bişirseň, dürtgüji ortadan urup başlamaly.

* * *

Öýleden soň çörek bişirseň, gyradan orta tarap dürtgüç urup başlamaly.

* * *

Çörek bişirmek üçin hamyry böleniňde, deň bölüp bilmeseň, dostuňy-duşmanyňy tanamaýanlygyňdyr.

* * *

Saçagyň üstünde çörek jübüt-jübütden goýulýar. Täze myhman gelende çörek täzelenilýär.

* * *

Toý saçagynda iki çörek saçagyň üstünde duran wagty aşaky çöregi sogrup alyp döwmeli däl, edepsizlik hasaplanylýar. Üstki çöregi döwmeli.

* * *

Käbir etraplarda gelnalyjy ugranda iki tegelek çörek alnyp gidilýär, ýolda ilkinji gabat gelen adama berilýär. Munuň «Çileden gorap saklasyn, gelnalyjy sag-aman gidip gelsin!» diýen manysy bar.

* * *

Toý üçin çörek bişirilende, dürtgüji ortadan urup başlap, «Toýlar köpelip gitsin» diýen manyda gitdigiçe köpeltmeli.

* * *

Düýşüňde çörek görseň, myhmana garaşyber, adam ýüzüni görersiň.

* * *

Pugta – tamdyryň piri. Tamdyr salnanda Pir Pugta çagyrylýar. Aýallar tamdyra çörek ýapanlarynda hem «Pirim, pirim, Pir Pugta men ýapaýyn, sen togta» diýip, ýapan çörekleriniň gaçmazlygyny dileg edipdirler. Ynanja görä, dilegler hem kabul bolupdyr.

* * *

Ýas ýerinde çörek dadylanda, çöregi täk döwüp almaly.

* * *

Bir obada iki gelnalyjy gabat gelse, çörek alyşmaly, ýogsam çile düşermiş.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 422 | Добавил: Hаwеrаn | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]