05:31 Del sözüñ delje oýny / hekaýa | |
DEL SÖZÜŇ DELJE OÝNY
Hekaýalar
(Soňy gowulyk bilen gutarýan gussaly kyssa) Saçy gara, gözi gara, gaşy gara, gerdenlek ýigit arakesmeden eglenibräk, barmaklaryny şyrkyldadybrak, iş ýerine geldi. Içeri giren badyna, onuň işleýän bölümindäkileriň iň ýaşulusy Han aga ýerinden zöwwe turdy-da, oňa tarap ugraberdi. Edil alkymyna gelibem, bir kürtdürip durdy-da: ― Inim Jandurdy... mert bol! ― diýdi. Jandurdy: ― Mertdiris, Han aga, mertdiris. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi... ― diýdi-de, hahahaýlap güldi. Bu gülkä goşulan adam bolmansoň, onuň hahahaýy juda ýakymsyz eşidildi. Jandurdy birdenem sakga durdy-da: ― Ä-ä-ä? ― diýip, gabat gelen oturgyja özüni goýberdi. ― Hawa... malyşyň-a gutarypdyr, inim! Ýaňyja jaň etdiler keselhanadan. ― Ühm, neme... ― diýip, biri Jandurdynyň ýeňinden çekdi. Seretse, edaranyň arkalaşygy abanyp dur, elinde-de bir bukja. ― Ine, arkalaşygyň adyndan şujagazy al-da, bärik goluňy çek! Ýaňky gürlän birden gök parç otuň içinde ýylanyň guýrugyny gören ýaly «Hiýh!» edip, arkan serpildi-de, süýem barmagyny Jandurdynyň kellesine tarap uzatdy. Gara saçly, gara gözli ýigidiň saçlarynyň arasynda birtopar ak gyl ýyldyraşyp, gitdigiçe-de gürelip barýardy. Jandurdy ent-ment bolup, ýerinden galdy, pully bukjany aldy-da, onam ýene stoluň üstünde galdyryp, gapa tarap ugrady. ― Goluň... ― diýip, arkalaşyk pyşyrdady. ― Hany, azar berme şoňa şu wagt! Jandurdy gapa ýetip, yzyna öwrüldi-de, ýaşdan püre-pür gözlerini ýaşula dikdi: ― Han aga? ― Hä, gidiber, inim, gidiber! Başlyga özümiz aýdarys. Işden soň özümizem üýşüpjik bararys öýüňe... Entek başyňyz ýaşdyr, inim, ýene bolar. Ýolda Jandurdy, kä pallap, kä hiňlenip barýan taksiçä ýüzlendi-de: ― Agam, meniň oglum ýogaldy şu gün ― diýdi. Taksiçi şo wagt pallajak bolup açan agzyny nädip ýumjagyny ýa-da gizlejegini bilmän, azara galdy. Şol barmaşa. «O-w-wah...» diýdi-de, çykalga tapaýdy. Soň ol çaga ölüminiň känligi hakynda Jandurdynyň öňräk gazete ýazan makalasyny onuň özüne gürrüň berdi. Yzyndan, özüniňem birtopar çür-çülpe çagajyklarynyň bardygyny ýaňzytdy. *** Deň-duşlarynyň arasynda Jandurdynyň «gyz zawut» ady bar. Başda yzly-yzyna iki gyzy boldy, soň bir oguljyk dünýä indi-de mährinden doýulmanka, ysyndan ganylmanka, urlup-sögülip, soňundan müň puşeýmana goýmanka, gitdi. «Başyň ýaşdyr, ýene bolar» diýdiler. Boldy, ýöne gyz boldy. Özem ýene yzly-yzyny ikisi. Günlerde bir günem «Buşluk, ogluň boldy!» diýdiler. Anha, ol oglam bu gün... Erkek diýeniň, älhepus, ejiz bor eken. Özüňde ýok zadyň gadyram başga. Gyz gowudyr, jibir-jibir edip, daşyňda perwanadyr. Oňa «göwün hoşy» diýerler. Dogrudyr. Ýöne... adama ogul gerek! Gyzyň bolsa, öýüňde iş galmaz, yzyňam boş galmaz. Ýöne... ogul gerek-dä! Öň-öňler ogly bolana suw, mellek berler eken. Indi gyzyň bolsa, bar zat berýärler. Emma... häzirem ogul gerek! Ogul diýeniň başa musallatdyr. Bir gün urup geler, bir gün urlup. Ilki-ilkiler özi aglap geler, soň-soň seni agladyp gider. Mahlasy, ogla bil baglap, aglan kän-de, gülen az. Oňa ynam ýokdur. Wah... şonda-da ogul gerek! Häk, neresse, neressejik... Bu ýarym pursatlyk ömründe ene süýdündenem nesibesi ýok eken. Jandurdynyň beýleki çagalarynyň hersini iki ýyllap emdiren aýaly, şu ogla gezek gelende, kör çeşmä döndi duruberdi. Haý, şü magaziniň daşy gaty-gutuly, emeli süýdi bilenjik gitmeli boldy-da neresse... Oňa «gury süýtdem» diýerdiler. «Gury süýtden palaw bolmaz» diýip, Jandurdy öň oguljygyna kän degerdi. Anha, degseň... «Wah, şony oba getir!» diýip, gaýyn enesi görgüli zynharladam-la. Heý, boldumy! «Gyz, nähili?» diýip, garry gaýyn enesi iki günden oba çagajyklaryna hat ýazdyrardy. «Giýew, nähili?» diýibem, her üç günden birini ýazdyrardy. «Gyz, oba geliň, enem çökdi» diýdirerdi. «Giýew, al-da gaýdyber, özüm em taparyn şo oglana!» diýdirerdi. «Wah, özüm baraýyn diýsem, ýaramok, hiç ýarawym ýok şu ýyl» diýip, ikisinem oda salardy. *** ― Bäşinji palatadan Berdiýewany çagyryň! Çagyrdylar. Jandurdy aýalynyň saçlaryny ýaýyp, ýakasyny çäkläp, ahy-efgan bilen çykaryna garaşypdy. Ýok, anha, saçam ýerinde, ýaka-da, ýere seredip, sarsman gelýär. «Wah, görgüli... doňupdyr-ow, aglabam bilenok». Jandurdynyň ýuwusgadan gorkan ýaly ak-tam, eňşäp duran ýüzüni görende, gelin şeýle bir gorkdy: «Anha, indi ýetdi, indi ejizläp ugrady» diýip, Jandurdy oýlandy. Soň başyny atdy-da: ― Gutard-ow... ― diýip, manysyzja mydyrdady. ― Waý, garamaňlaýym! Habar etdilermi? ― Howwa, ýaňyja habar bardy. ― Waý, indi men nädeýin-eý... Waý, ejem jan-eý... ― Haly perişan gelin ýüzüni tutup, aşak çekdi. ― Mert bol,Gülla! Başymyz ýaşdyr... ― Waý, biziň başymyzyň ýaşlygyndan ne peýda... Waý, ejem görgüli şunça özelendem, şunça çagyrdam-da, gitmedim, gitmedim, gitmedim... ― Goý, Gülla, goý! ― Bilet aldyňmy? ― O nähili bilet? ― Oba diýýän, bilet aldyňmy diýýän! ― Weý, indi şundan-şoňa, oba äkitjekmi bu çagany? Bäri-bärräkde... ― Näme, indem gitmäýinmi? Şu günem gitmäýinmi, ä? Ýene iberjek dälmidiň, ä? «Wah, janagyrysyna diýýä-dä şu wagt... Şu wagt ýok diýmäýin!». ― Bor, Gülla, bor! Bilet gerek bolsa, häzir taparys ony. Sen ýöne, nemet, köşeş birazajyk! Ilki öýe bir elteli o neressäni... ― Ýok, öýüňem bilmen, beýlekiňem, men gitjek, häzir gitjek! Gelin birden tarsa turdy-da, palatasyna tarap okduryldy. Birsalymdan, daşy gundagly çagany getirip, Jandurdynyň gujagyna oklady: ― Me, äkitmeseň... Özüň giräý şu gabrystana-da, serediber. Jandurdy müň-de bir hasrat bilen oguljygynyň üstüne eglende, ogly birden dodajyklaryny tamşandyrdy-da, gözüni açaýdy. Gowulykdan gorkulýan halatam bor eken. Jandurdynyň demi tutuldy: ― A-how, Gülla, Gülla jan, diri ýaly-la haw bi? Ä?! Dir-ä bi! ― diýip, ol birsalymdan hopugyp gygyrdy. ― Näme, onam öldürjekmidiň eýsem? ― Sen-how, häýt, diliňe bir... Onda näme jaň edýäň? ― Men edemok, medsestra edendir... Hany, «Malyş?». ― Nähili malyş? ― Süýt «Malyş!» Ä... Waý... Ejem... ― Dur, indi nirä barýaň? ― Oba barýan. ― Näme üçin? ― Ejem üçin... Ejeň gutardy diýmediňmi ýaňy? ― Men aýtdymmy? ― Sen aýtdyň, başga kim aýtsyn! ― A-haw, kerrew, «Malyşymyz gutardy, tiz gelsin» diýen sen ahyryn. Aý, oglum, bi ejeň nädýär-äý? Nädýär-eý bi ejeň? ― Waý, garamaňlaýym... Men... Hany, şol dile düşmez haram tulany bir tapaýyn, kimiň nämesiniň gutaranyny bir görkezeýin şoňa, dillerine bismil çykmyş... Düşündiripjekler aýtdym-a men ol darsdabana «Adamyma jaň edip ber, «Malyşym gutardy, getirsin» diýdim... Waý, ejem jan-eý... ― Ejem diýme-how! Diri şol ejeň, senden-menden daýaw... ...Köp sözüň azy ýagşy. Şol «gutardy» diýilýän oglan häzirem ýaşap ýör, tüweleme! Ýapy ýaly ýigit bolupdyr. Boýuna görä boýlusynam tapyp, öýlenipdir. Ynha, görseň, bir pil ýaly gelin, bir-ä däl, birbada on çagasy bolsa-da, eklejek. Özem diňe ogul dogurýar. Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |