11:33 Deli soltany - Iltutmyş Türkmen | |
DELI SOLTANY – ILTUTMYŞ TÜRKMEN
Taryhy şahslar
■ GIRIŞ Dünýäde adamzat taryhyna şöhle saçýan, rowaýatlara öwrülen täsinlikleriň sanawyna Orta asyr «türkmen täsinligini» ilkinji ýediligiň hataryna goşmak hökman hem derwaýys diýip hasap etmek bolar. Çünki, dünýä taryhyna işik açan türkmenler ynsanlyk äleminde iň bir beýik parçadyr. Türkmenleriň täsinligini we olaryň şöhratly geçmişini öwrenmek diňe bir onuň häzirki nesilleri üçin däl, eýsem, tutuş dünýäniň halklary we milletleri üçin gyzyklydyr. Dünýä belli nemes taryhçysy Hammer «Taryh türklerden (türkmenlerden) köp zat öwrendi. Türkmenleriň elinden, aňyndan çykan söýgüli eserler bardyr. Çünki, olar dünýä medeniýetiniň sönmejek zynatydyr» diýip aýdýar. Dogrudan hem dünýä belli taryhçylar Orta asyrlarda 40-dan gowrak iri döwletleri we soltanlyklary, beglikleri döreden türkmenleriň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna, synmaz şöhratyna bazygär bolup «aperin» diýipdirler. Hawa, ruhy atamyz Magtymguly Pyragynyň «Ýedi yklyma han oldy» diýşi ýaly, Ýer ýüzüne çawy ýaýran türkmenler şu keramatly topragyň bagryndan gopup, Zeminiň ep-esli bölegine häkimlik etdiler. «Şejere-i-Terakinamede»: «Oguz ile göçüp gonmadyk ýol barmy, Öýün dikipoturmadykýurtbarmy» - diýip bellenişi ýaly, oguz-türkmenleri yslamdan öň Gündogary, tutuş Ýewropany, Rimi boýun egdiren we ol ýerlerde söweş atynyň üzeňňisini ýeňişler bilen daňan halkdyr. Şonuň üçin «Eý, oguz-türkmen üstüňe gök (asman) inmese, aşagyňdan ýer çökmese, seniň iliňi, häkimligiňi kim basyp alyp biler» diýen ilkinji Gök türk kaganlygynyň söweşjeň serkerdesi Gultegin we «Taňrynyň döwlet Güneşini türkleriň (türkmenleriň) burçunda dogurdandygyny, pelekleri-de şolaryň mülkleriniň üstüne gabatlap aýlanmaga gönükdirendigini gördüm. Taňry olara Türk adyny berdi hem-de olary Ýer ýüzüne hökümdar kyldy, Zamanamyzyň soltanlaryny şolardan çykardy, dünýä milletleriniň ygtyýar jylawlaryny şolaryň ellerine berdi özlerine-de hak ýoldan gitmäge kuwwat hem rowaçlyk berdi» diýen Mahmyt Kaşgarly dagy bu ganatly sözleri ýönelige dahanyna almandyr. Büklüm-büklüm gara daglary, azym-azym ak şäherleri, lemmer-lemmer möwç urýan derýalary, howaly baglary boýun egdiren, Allanyň esgerleri bolan ata-babalarymyzyň gatnaşmagynda, hut olaryň ýakyndan täsiri bilen Zeminde ençeme milletler emele geldi. Adalata, ahlaga, medeniýetlilige, sabyrlylyga, alyjenaplylyga, söýgä we tämizlige, namysjaňlyga beýik parh goýýan türkmen halkymyzyň ruhunyň siňmeginde yslamyýet özboluşly, dünýewi dine öwrüldi. Muňa Serdarymyzyň nygtap-nygtap aýdyşy ýaly, her birtürkmen doly buýsanmaga haklydyr. Bu gün Beýik Hytaý diwaryndan başlap, tä Mermer deňzine (bogazyna) çenli aralykda ata-babalarymyzyň gyrmyzy gany, alyn deri, gözleriniň nury, köňül jöwheri, gudratly aňy we ruhy siňen maddy eserleri, şirin dili, medeniýeti, ölmez-ýitmez miraslary, daşlara siňen nagyşlary, mimarçylyk, halyçylyk sungaty «türkmen möhüri», «türkmen tagmasy» bolup şöhle saçýar. Şu gezekki söhbetimizde hem zulmatly we gudratly asyrda öz daşyna toplan türkmen kabylalarynyň bagtly bolmagy üçin ýat ülkelerde göreşen hem-de Deli soltanlygynda döwleti altyn bilen däl-de adamlar bilen dolandyrmagy başaran Şemsutdin Iltutmyş we onuň ogly şazada Soltan Gary barada taryhçylaryň galamyna degişli bolan çeşmelere salgylanyp gürrüň etmegi müwessa bildik. Gürrüňimizi Iltutmyşyň «Taňrynyň ýardam etmegi bilen türk hökümdary boldum, agzala milleti bir agza bakdyrdym, dyngysyz uruşlar zerarly pytran halky bir ýere jemledim, ata-babalarymyzyň kaganlygy dolandyryşy ýaly, bir owlat bolmaga çalyşdym» diýen sözlerine syrykdyryp, biz onuň döwründe jebislige ten beren syýasatçy, gaýduwsyz, batyr şahsyýet bolandygyny turuwbaşdan belläsimiz gelýär. Biz, has.dogrusy, onuň paýhasyndan dömüp çykan bu ganatly sözleriň üsti bilen «dünýäniň iň lezzetli miwelerini iýip ulalan, täsin ykbally, röwşen pähimli türkmen gerçegidir ol» diýen çözgütli netijäni çykarasymyz gelýär. Şu taryhy söhbetimizde hem Şemsutdin Iltutmyşyň «bäş güne» sygdyrylan ömründen käbir parçalary okyjylarymyza ýetirýäris. Hindi taryhçysy Muhammet Eziz Ahmet Iltutmyşyň ata-babalaryny Gündogar Türküstandan diýip öz işinde belleýär. Käbir taryhy çeşmelerde bolsa, Iltutmyş Türküstanda ýaşaýan türkmenleriň uly-borly, (uly börüli) kabylasyndan diýlip aýdylýar. Iltutmyşyň pederi Ilaman Han öz döwründe örän dana, ylymly-bilimli adam bolupdyr we ol türkmen atlarynyň söwdasyny edipdir. Ol ogly Iltutmyşy öz elinde terbiýeläp, bilimli, sowatly edýär. Ilaman Han özüniň sahylygy, pespälligi, ynsanlary söýmegi bilen il-günüň arasynda uly hormatdan peýdalanypdyr. Ýöne Ilaman Hanyň ýokary mertebesine ikilik etmegi ýüregine düwen ýakyn garyndaşlary onuň ogly Iltutmyşy gizlinlikde atasyndan ogurlap, buharaly söwdagäre gul edip satýarlar. Gürrüň onuň ömür ýolunyň başlangyjyna syrygansoň taryhçylar N.Singhiň, A.Banerjiniň «Hindistanyň taryhy» diýen kitabyna, «Kembirdž histori ow Indiýa» we başga-da birnäçe ýokarda ady agzalan-u-agzalmadyk kitaplara salgylanyp, Iltutmyşyň gul edilipsatylmakdan hökümdarlyk derejä çenli ýetenligini görmek bolýar. Taryhçylaryň ýazuw çeşmelerinde Iltutmyş 1196-njy ýylda Gazna şäheriniň gul bazaryndan Deliniň ilkinji soltany Kutubutdin Aýbeg tarapyndan satyn alynýar diýlip aýdylýar. Deli soltanlygynyň düýbüni tutan Kutubutdin Aýbeg ony öz elinde terbiýeleýär. Oňa belent harby derejeleri (Emir-ul-Umera) berýär. 1200-nji ýyllarda Iltutmyş Deli soltanlygyna degişli bolan Gwaliorda, soňra Badaunda häkim bolýar. Kutubutdin Aýbeg öz gullukçysy Iltutmyşa köp işlerde göwni ýetip, oňa gyzyny nikalap berýär. Iltutmyş Aýbegiň iň ýakyn, ynamdar adamlarynyň biri hökmünde tutuş soltanlygyň çäginde we ondan daşarda hem tanalyp başlaýar. Entek Aýbeg dirikä, Deliniň soltany döwründe öz giýewsi, ynamdar wezipeli Iltutmyşa Ganga bilen Jamna derýalarynyň aralygyndaky mes toprakly ýerleri mülk edip, sowgat beripdir. Haçan-da Aýbeg (1210 ý.) atdan ýykylyp ölenden soň, onuň ornuna giýewisi Iltutmyş tagta geçýär. Iltutmyş Deli soltanlygynyň başyna geçende türkmenleriň gullar, gulamlar, gurler diýen tireleri, döwletiň harby serkerdeleri ony tagt eýesi, mirasdar hökümdar diýip ykrar etmändirler we netijede olaryň arasynda birnäçe çaknyşyklar bolup geçýär. Olaryň ýerliksiz bu dawasyna baý indus milletiniň wekilleri hem goşulýar. Taryhy dokumentlerde ýazylyşy ýaly, Iltutmyş tagta geçenden soň, özüne garşy ynamsyzlyklaryň, çaknyşyklaryň soňuna çykmak üçin akylly-başly hereket edip, döwletiň başlangyç sütünlerini dikeltmekde birnäçe işleri amala aşyrýar. Netijede ol paýtagt Deli şäheriniň töwereklerindäki şäherler bolan Badaunda, Audda, Banarsda we Şiwalikda öz häkimiýetini düýpli ornaşdyrýar. Onuň dyngysyz uruşlary alyp barmagy netijesinde soltanlygyň arazgähi giňäpdir. Ol Deli soltanlygynyň golastynda bolan Doabä, Sinde, Penjaba, Bihara we iri şäher-galalara öz ynamdar adamlaryny häkim edip belläpdir. Iltutmyş birnäçe Rajput galalaryny zabt edip alypdyr. Olaryň içinde iň uly şäher galasy – Gwaliur şäheri onuň üçin esasy wajyp ýerleriň biri bolupdyr. Iltutmyş soltanyň deňsiz-taýsyz harby güýjüniň çozup girmegi netijesinde Rajastan gala şäheri boýun egdirilipdir. Bu gala şäheri 500 metr belent gaýada ýerleşip, onuň diwarlaryny, diňlerini böwüsmek oňa gaty kyn düşüpdir. Bu sarsmaz, berk diwarly galany özüne göwni ýetýän indus patyşalary golastyna düşürmek üçin Iltutmyşdan öňem 70 gezek çozuşlary gurapdyrlar. Soltan Iltutmyş Ujaýn şäherini hem özüne tabyn edipdir. Ol bu şäheriň meşhur dini öýi bolan Mahakalany ýumrupdyr. Metjidiň gymmatbaha hudaý heýkelini paýtagty Delä getiripdir. Şol döwrüň taryhy senelerini ýöreden taryhçy Jurjanynyň ýazmagyna görä, Iltutmyşöz uýýan dinine hadymlykedipdir. Onuň howandarlygynda birnäçe ruhy, dini öýler, metjitler, medreseler gurlupdyr. Onuň hökümdarlygy döwründe Merkezi Aziýadan, Eýrandan, Owganystandan oňa arka tutunyp göçüp gelenleriň sany has köp bolupdyr. 1220-1230-njy ýyllarda mongollaryň basybalyjylykly çozuşlary netijesinde Türküstanyň, Horasanyň, Horezmiň köp şäherleri we obalary boşap galypdyr. Taryhçy Ziýauddin Baraniniň ýazmagyna görä, Çingizhanyň gandöküşikli uruş hereketleri netijesinde sebitde ýaşaýan türkmen we beýleki milletleriň emirleri, mälikleri, akylly-başly wezirleri, aryflary, din wekilleri Iltutmyşyň ýurduna haraý isläp göçüp gelipdirler we onuň häkimiýetiniň daşyna jebisleşipdirler. Bosgun bolup göçüp gelenleriň arasynda belli şahyrlar, alymlar, tanymal senetçiler, mimarçylar özleriniň öý-ojaklary, maşgalalary bilen akym-akym bolup göçüp gelipdirier. Olara Deli soltany Iltutmyş öz ýurdundan ýer berip, howandarlygyny gaýgyrmandyr. Taryhçy Jurjany Iltutmyşyň ynsanperwer bu syýasaty barada şeýle ýazýar: «Dünýä döräli bäri dindarlara, terkidünýälere, mukaddes adamlara, din taglymatyna, kanunçylara şeýle salyhatly we sahylyk bilen sereden hökümdar bolmandy». Deli soltanlygynyň şan-şöhraty diňe bir Hindistanyň içinde däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem ýokary derejelere göterilipdir. 1229-njy ýylda Deli soltany Iltutmyş Türkmen Bagdadyň halyfy tarapyndan «hakyky musulman» diýlip ykrar edilipdir. Şol döwürde soltanlygyň ilaty görnetin artypdyr. Delä ondan öňki paýtagt şäher Lal Kotuň özi we onuň etegindäki obalar we suwarymly ýerler goşulypdyr hem-de onuň arazgähi birnäçe esse giňelipdir. Iltutmyş öňki paýtagt şäher bolan Lal Koty täzeden dikeldipdir we ol ýerde ajaýyp desgalary gurup, köne şäheri abadanlaşdyrypdyr. Hut Iltutmyş Türkmeniň döwründe Aýbeg tarapyndan düýbi tutulan, emma tamamlanmadyk Kutub minarasynyň gurluşygy doly tamamlanýar. Iltutmuş dünýäde deňsiz-taýsyz häzirki döwürde hem Deli şäheriniň nyşany bolan bäş bölekden ybarat, beýikligi 72,5 metr bolan Kutub minaranyň gurluşygyna Gurdan we Eýrandan, Horasandan mimarçylary, ýerli daş örüjileri, ussalary çagyrypdyr. Ýeriň göbegi ýaly bolup seleňläp duran, owadan nagyşlarbilenjäheklenen minaranyň daş-töweregi, gözýetmez giňişligi, çar baglary bu ýere seýrana gelen jahankeşdeleri haýrana goýupdyr, Minaranyň jemi 378 sany basgançagy bolup, onuň her gatynyň çykalgasy owadan nagyşlar we harplar bilen jäheklenipdir. Minaranyň ýüzüne oýlup ýazylan ýazgylar häzirki döwürde erbet ýagdaýda bolup, onuň diňe dördünji gatyndaky ýazgylary okamak bolýar. Onda «Bu binanyň gurluşygy Türküstanyň, Arabystanyň we Eýranyň patyşalarynyň hökümdary, beýik şalaryň şasy Iltutmyşyň hökümdarlygy döwründe alnyp baryldy» diýen ýazgylar bar. XIII asyryň 80-nji ýyllarynda meşhur şahyr, sopy Emir Hysrow özüniň «Ýyldyzlaryň duşuşygy» diýen taryhy poemasynda bu minaranyň keşbini şeýle suratlandyrýar: «Bu ajaýyp minaranyň iň ýokary gatynda seždegäh meýdany bolup, onuň üçegi sap gyzyl bilen çaýylypdyr». Emir Hysrow bu minaranyň aşygy bolandygy barada öz eserlerinde ony wasp edip geçipdir. Ýöne 1378-nji ýylda güýçli ýyldyrym çakmagy zerarly Kutub minaranyň iň ýokarky iki üçegi zyýan çekipdir. Tebigy betbagtçylyk döwründe Deli soltanlygynyň soňraky hökümdary Fyruz şa Togalak Türkmen bu minaranyň käbir zeperýeten ýerlerini dikeltmek barada-alada edipdir. Irki orta asyrlaryň ikinji ýarymynda, ylaýta-da Deli soltanlygynyň hökümdary Iltutmyş we ondan buýankylar döwründe ylym uly ösüşlere eýe bolýar. Deli soltanlygynyň ösüp barýan (feodal) begzada gurluşynyň şertlerinde «umumy musulman» esasda medeniýet, şeýle hem ýerli esasda özboluşly äheňde täze maddy, çeper we ruhy baýlyklaryň birnäçesi döräpdir. Bu döwürde Deli soltanlygynda özüniň sopyçylyk taglymatlary, şahyrçylyk we ylmy eserleri bilen tanalan, asly türki kowmundan bolan Kutubutdin Bagtyýar Kaky, Astana Hezret Nyzamuddin Öwliýa (Öwliýa) (1236-1325ý.), onuň şägirdi Emir Hysrow, Nuretdin Muhammet Awfy Merwezi (1172-1233ý.) dagylar we başgalar özleriniň daş ýarýan zehinleri bilen tutuş Gündogarda tanymallyga ýetişipdirler. Döwrüň tanymal edebiýatçysy we alymy bolup tanalan Muhammet Awfy Merwezi 1172-nji ýylda Maryda doglupdyr we ol mongollaryň oguz-türkmen ýurduna dökülmegi zerarly öz egindeşleri bilen Iltutmyşyň howandarlygyna göçüp gelipdir. Awfy Merwezi Deli soltanlygynda öz döredijiligini üstünlikli dowam etdiripdir hem-de 1220-1222-nji ýyllarda «Lubab al-albab» (Ýürekleriň ýüregi) diýen edebi-taryhy eserini ýazypdyr. Ol bu eserinde döwürdeş şahyrlaryň ömri-döredijiligi barada gymmatly maglumatlary ýazyp gidipdir. Muhammet Awfy Merwezi mundan başga-da «Jawamy al-hikaýat we lawami ar-rowaýat» (Hekaýatlar düzümi we rowaýatlar şöhlesi diýen rowaýatlar, gülküler ýygyndysyny ýazypdyr. Ol Iltutmyşdan öň 1233-nji ýylda Delide aradan çykypdyr. Gözbaşyny yslam dininiň dörän ýerinden alyp gaýdýan sopyçylyk taglymaty XIII asyryň birinji ýarymynda oguz-türkmenleriniň arasynda ýüze çykyp, güýjäp başlapdyr. Sufiler (sopylar) halk içinde Alla bolan söýgini birinji orunda goýupdyr. Sopyçylyk taglymaty we onuň wagyz-nesihatçylary Hindistana Iltutmyşyňhökümdarlygy döwründe has köp ýaýrapdyr(gelipdir) diýen taryhy maglumatlar bar. Iltutmyş döwründe sebitde iň meşhur metjitbolan Kuwwat ul-Yslamyň meýdany iki essegiňeldilipdirhem-de bu keramatly ýerler Kutubminarasy bilen bir ulgama birleşdirilipdir.Häzirki döwürde Kuwwat ul-Yslam metjidiniňdemirgazyk-günbatarynda ŞemsutdinIltutmyşyň guburhanasy ýerleşýär. Ol bu guburhanany ölmezinden öň 1235-nji ýyldagurdurýar. Bu guburhananyň daşky örtügi gyzylreňkli palçykdan suwalypdyr. Seljuk-türkmengurluşyk däbi esasynda bina edilenguburhananyň içki diwarlary inçe çeperçilikişleri bilen sünnälenipdir. Olarda oýulup ýazylanýazgylary okamak mümkin. Kutub minarasynyň hem-de Kuwwat ul-Yslam metjidiniň günbatarynda uly suwhowdany gurlupdyr. Ol «Hauzi Şams» (Şemsutdiniň howuzy) diýip atlandyrylypdyr.Şol serhowuzyň ýakynynda, bazaryň ortasynda1236-njy ýylda Deli soltanlygynyň ilkinji wemeşhursopylarynyň biri, türkmen kabylasyndanbolan Kutubitdin Bagtyýar Kakynynyň jesedijaýlanypdyr. Wagtyň geçmegi bilen, paýtagtşäheriň merkezi demirgazyktarapa süýşensoň,ol ýerde Mogol hökümdarlygynyň patyşalaryBahadyr şa, Aurengzeb, Şa Alam we başga-dadöwrüniň meşhur adamlarynyň jesetleri jaýlanypdyr. Şemsutdin Iltutmyşyň (1236ý.) 26 ýyl Deli soltanlygyna baştutanlyk edip aradan çykmagy bilen onuň gulamlardan bolan harby serkerdeleri (güýçli hanlar bolupdyrlar) öz aralarynda ýurdy edara etmek hem-de baýlyklary paýlaşmak ugrunda çaknyşypdyrlar. Olar özlerini «çigilhanlar» (saýlama kyrklar), «Şemsiniň mälikleri» diýip atlandyrypdyrlar. Mälikleriň her biri harbygoşunyň, mülkleriň, ýerleriň, hormatly atlaryň eýeleri bolupdyrlar. Ýurtda özara bäsdeşlik, tagt ugrunda göreş netijesinde bolsa tertipsizlik, baş-başdaklyk höküm sürüpdir. Iltutmyşdan soň Deli soltanlygynyň hökümdarlygyna yzly-yzyna üç ýolbaşçy saýlanýar we olaryň üçüsi hem tagt ugrundaky dildüwşikde, gozgalaňlarda gurban bolupdyr. Haçan-da Iltutmyş ölüm ýassygynda ýatyrka öz ornuna mirasdüşer edip döwlet işinde we maşgalasynda özüne wepaly gyzy Raziýany ynam bilen belläpdir hem-de gyzyna atasynyň döwlet dolandyrylyşyndaky üstünlikleri dowam etdirmegi oňa tabşyrypdyr. Atasynyň bu matlabyna ogullary garşy çykypdyrlar. «Kembrij histori ow Indiýa» diýen ylmy-taryhy kitapda Deli soltanlygynyň hökümdarlarynyň tertip sanawynda Şemsutdin Iltutmyşdan soň Ruknuddin Firuzyň ady agzalýar we ol tagt eýesi, hökümdar bolup 6 aý oturypdyr hem-de tagt ugrundaky gozgalaňyň pidasy bolupdyr. Atasynyň tagtyna geçen Raziýa ýurdy dolandyrmakda öz mähriban kyblasynyň tabşyryşy ýaly batyrlyk we erjellik görkezipdir. Ol erkek egin-eşigini geýip, at üstünde söweşjeň hereketleriň ähli tilsimlerini ele alypdyr. Raziýa hanym ok ýaý atmaga hem ussat bolupdyr. Mongol basybalyjylary Hindistanyň arazgähine 1221-nji ýylda Iltutmyşyň hökümdarlygy döwründe ilkinji çozuş edipdirler. Şol ýylyň noýabrynda basybalyjylar Ind derýasyriyň kenarynda Horezm şalygynyň görnükli soltany Jelaletdin Meňburny bilen çaknyşýar. 20 müň esgerli agyr goşuny bilen mongollar Jelaletdiniň söbügini basyp, Multan şäherini basyp alypdyrlar. Jelaletdin özüniň uly bolmadyk goşuny bilen mongollaryň güýjüniň öňünde bäs gelip bilmän, günbatar Penjaba süýşüp gelýär we şol ýerde wagtlaýynça saklanýar. Güýjüniň pesdigi zerarly lapykeçlik ýagdaýyna düşen Jelaletdin şol ýerden mongol ýagylaryna garşy bilelikde göreşmek üçin Deli soltany Iltutmyşa ýüztutup, çaparýollaýar. Ol özüne ganybirtürkmen Deli soltanyna bir harby bileleşik gurmagy hem-de mongollartarapyndan basylyp alnan Horezm hökümdarlygyny yzyna gaýtaryp almaga goşun kömegini bermegi haýyş edip ýüz tutýar. Jelaletdiniň bu haýyşyna Iltutmyşdaş-töweregindäki döwlet maslahatçylarynyň weulamalarynyň ters pikirlerine, maslahatlaryna gulluk edip känbirpitiwa bermeýär. Ol Horezm soltanynyň çaparlaryndan gymmatbaha sowgatlar bilen özüniň närazylygy baradaky habaryýollaýar. Iltutmyş hatynda «Bu ýeriniň tebigaty we howa şertleri ýokary derejede kemala gelen şazada üçin ýaramly bolmaz» diýip ýazýar hem-de Jelaletdiniň uruş hereketleri bilen eýelän Penjap, Sind, Güjerawelaýatlaryndan tiz çykyp gitmegini teklip edýär. Şu wakalardöwründe Çingizhanyň Merkezi Aziýadan öz ýurduna Mongolstana sary gaýdandygyny eşiden Jelaletdin Deli soltanlygyna degişli bolan ýerleri taşlap, öz atasynyň ýurdunyň häkimligini gaýtadan dikeltmek maksady bilen ýurduna gaýdypdyr. ■ «DELI – TÄSIN HINDISTANYŇ DERWEZESI» Hindistanyň häzirki paýtagty bolan Deli we onuň daş-töweregi geçmişiň söhbetlerinden, taryhy ýadygärliklerinden, türkmen taryhyna goşuljak maglumatlardan dos-doly. TaryhçylarDeli şäheriniň 5 müňden gowrak ýaşy bar weonuň «ýedi şäherden» ybaratdygyny ýazýarlar.Täsinlikleri gujagyna gysyp oturan Deliniň 1300-den gowrak gadymy ýadygärlikleri, dürli döwürlerde dolandyrylan şalyklaryň amala aşyran ajaýyp mimarçylykly-arhitektura, gurluşyk işleri, dilsiz, emma iňňän düşnükli gürrüň berýän şaýatlary bolup, seleňläp durlar. Üstünden birnäçe asyrlary geçiren şol taryhybinalaryň awtorlary bolan soltanlyklar, şalyklar olary özleriniň soňky nesillerine sowgat goýup gidipdirler. Häzirki wagtda Delide şol soltanlyklaryň, şalaryň guran kaşaň binalarynyň içinde biziň döwrümize çenli iň abat saklanany XVII asyrdaýaşan we hökümdarlyk eden Mogol imperatory Şa Jahan tarapyndan gurlan «Gyzyl gala» galasy özüniň täsinligi we berkligi bilen howalanyp otyr. Ýöne Delide irki orta asyrlarda türkmenler tarapyndan esaslandyrylan Delisoltanlygydöwründegurlan iň meşhur binalar toplumy bolan Kutub minara, Kuwwat ul-Yslam metjidi, Allautdin Halajy Türkmeniň gurduran derwezesi («Alai-derweze»), Iltutmyşyň we onuň ogly Soltan Garynyň we beýlekileriň guburhanalary özboluşlylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Şu taryhy söhbetimizde Iltutmyşyň ogly Soltan Gary barada hem bilýän maglumatlarymyzy ýazasymyz gelýär. Deli soltanlygynyň meşhur hökümdary Iltutmyşyň ogly Soltan Garynyň hakyky ady Nasrutdin Mahmyt bolup, ol öz kyblasynyň iň ýakyn maslahatçysy we döwlet işinde ynamdar egindeşleriniň biri bolupdyr. Soltan Gary barada ýazylan taryhy maglumatlar örän azlyk edýär. Yöne onuň at-abraýy kakasynyň hökümdarlyk eden soltanlygynda has uly bolupdyr. Döwletde onuň şazadalyk derejesi bolupdyr we Soltan Gary soltanlygyň diwanynda we onuň çäginden daşarda özüniň sowatlylygy, paýhaslylygy, erjelligi bilen tanalypdr. Soltan Gary Taňrydan takdyry boýunça öz kyblasy Iltutmyşdan 4-5 ýyl öň, 1231-1232-nji ýyllarda bu dünýe bilen hoşlaşypdyr. Onuň ähli halk tarapyndan matam tutulyp jaýlanan gubry Deli soltanlygynyň hökümdarlaryna degişli bolan guburhanalaryň içinde ilkinjileriň hatarynda haşamlanyp gurulýar. Hut Iltutmyşyň tagallasy bilen şazada Soltan Garynyň meşhur guburhanasy Kuwwat ul-Yslam metjidiniň alkymynda gurulýar diýlip taryhy maglumatlarda aýdylýar. Bu guburhananyň gurluşygy Iltutmyşyň buýrugy we görkezmesi boýunça takyk, gelşikli gurlupdyr we oňa gadymy hindi, jaýny gurluşyk däpleri siňdirilipdir. Guburhananyň daşky örtügi gyzyl reňkli palçykdan ýylmanyp suwalypdyr. Onuň içki diwarlaryna bolsa has aýratyn yhlas siňdirilip, owadan nagyşlarbilen bezelipdir. XIII asyr taryhçysy Baraniniň berýän habary gyzyklydyr. Ol «Iltutmyş öz şazada oglunyň guburhanasyna aýratyn yhlas siňdirdi. Megerem, bu onuň iň uly ogluna bolan aýratyn yhlasydyr» diýip ýazýar. Şazada Soltan Garynyň mazary inedördül biçüwde bolup ol üsti açyk, daşy goragly meýdançada ýerleşýär. Mazar çalymtyl mermer daşlar bilen örtülipdir. Şazadanyň jesediniň özi ýeriň aşagynda bolup, oňa sežde eder ýaly ýerasty 15 sany basgançak gurlupdyr. Bu ulyýerasty mazaryň içinde Soltan Garynyň jesedinden başga-da onuň neberesine degişli bolan mazarlaryň birnäçesi bar. Şazada Soltan Garynyň guburhanasy seýrek duş gelýän özboluşly desgadyr. Guburhananyň girelgesi arka görnüşinde bolup, onuň daşky diwarynyň ýüzüne şazada barada teswir edilen ýazgylar nagyşlanyp we oýulup ýazylypdyr. Guburhananyň ýakynynda metjit hem gurlupdyr. Bu ýerler sözüň doly manysynda häzirki döwürde-de Deliniň köpçülikleýin ybadathana metjidi we guburhanalary bolup, sežde, zyýarat edýänleriň sany gaty köp. Zyýaratçylar bu ýerlere hepdäniň penşenbe günleri köpçülikleýin gelýärler. Taryhçylaryň nygtamaklaryna görä, şazada Soltan Gary takwa kişi, görnükli döwlet işgäri, päkýürekli, akylly-başlydindarbolupdyr. Şonuň üçinem häzirki wagtda ýerli halkyň Deli soltanlygynyň türkmen şazadasynyň we onuň kyblasynyň guburlaryna edýän hormatlary, olaryň ruhlaryna tagzym etmek däp-dessurlary entek-entek kemeler ýaly däl. Deli soltanlygynyň iň görnükli hökümdarlarynyň biri hasaplanan Iltutmyşyň we onuň ogly Soltan Garynyň guburhanalary öz üstünden 700 ýyldan gowrak wagt geçirse-de, olar özleriniň berkligi, gözelligi bilen ýene-de köp-köp ýyllar geçmişiň şaýatnamalary bolup hyzmat etjekdigine şübhämiz ýok. Biz Türkmenbaşynyň guran döwletiniň bagtly raýatlary bu gün ýüzümizi Taňry nazary düşen beýik türkmen ärleriniň ýatan gonamçylyklaryna tutup, ady, şöhraty ölmez-ýitmez soltanlaryň ruhuna doga okaýarys. Olaryň ruhlaryny ýat edip, «Gubruňyzda rahatlyk tapyň, Taňry sizi öz merhemeti bilen özi ýalkasyn, beýikligiňiz, şöhratyňyz synmasyn. Siziň mübäreklenen jesetleriňizi gizläp oturan ýerlere Allanyň nury düşýändir» diýýäris. Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |