DELIDEN AŞGABADA SALAM!
Aramgähiň merkezi gümmeziniň beýikligi Delidäki Kutub minarasynyňkydanam beýik 74 metre ýetirilipdir. Bu gözel binanyň gurluşygyna Şajahanyň çagyrmagy boýunça Merkezi Aziýadan, Türküstandan, Horasandan, Eýrandan, Anadoly ülkesinden, Ýewropadan ussat binagärler, ussalar, nakgaşlar, zergärler çagyrylypdyr. Täçmahalyň içki we daşky diwarlary ýylmanan ak mermer daşlary bilen örtülipdir. Aramgähiň içki diwarlarynyň ýüzüne Gurhandaky 114 süräniň 14-si arap harplary bilen oýulyp ýazylypdyr. Bu binanyň gurluşygyna 20 müňden gowrak gurluşykçy gatnaşypdyr.
Täçmahalyň uzaga çeken gurluşygy, agyr zähmet, howa şertleri, keselçilik, açlykköp adamyň ömür tanapyny kesipdir. Aramgähiň daş-töweregi mazarystanlyga öwrülipdir. Taryhy maglumatlaryň subut etmegine görä, Täçmahalyň gurluşygynda rajastanyň ak mermeri, fatehpurSikriniň gyzyl çägesi, içki bezeg işlerinde bolsa müsürden, Seýlondan, Ýemenden, Tibetden, Merkezi Aziýadan, Orsýetden getirilen gymmatbaha daşlar ulanylypdyr. Onuň diwarynyň bezeg işlerinde esasan göwher, malahit, ýantar, hakyk, pöwrize, zümerret, agat, dür daşlary aýratyn ussatlyk bilen ulanylypdyr. Döwrüň iň meşhur zergärçi-haşamçy ussalary gymmatbaha daşlary ýylmap, ak mermeriň ýüzünde üýtgeşik sungat eserlerini döredipdirler. Olaryň ak mermeri oýup ýerleşdiren gymmatbaha daşlarynyň sazlaşygynda bina müň röwüşe eýe bolupdyr. Onuň özüne çekiji hoşroý keşbi barada gyzykly gürrüňler çar ýana ýaýrap, dünýä gezipdir.
Jawaharlal Neru Täçmahaly synlap «Gözellik baradaky arzuwlaryň nusgasy» diýip, baha beripdir. «Täçmahaly dörediji Şajahan özüniň çäksiz yhlasy bilen taryhda hindi binagärliginde gudrat görkezip bilipdir» diýip, hindi alymy S.N.Kanungo öz işinde belläpdir. Hindi ýazyjysy Rabindranat Tagor Täçmahalyň aşygy bolup, ony «Baky owadan ýüzdäki gözýaş» diýip atlandyrypdyr. R.Tagor söýginiň hatyrasyna gurlan bina bolan mähir-muhabbetiniň hiç-haçan öçmejekdigini aýdyp gidipdir.
Şajahan Täçmahalyň daş-töweregini çar baglyga büräpdirwe onuň ortarasynda howdan gurdurypdyr. Şol bir wagtda Şajahan Jamna derýasynyň beýleki kenarynda özi üçin aramgäh gurdurmagy ýüregine besläpdir. Onuň teklibi boýunça gurulmagy göz öňüne tutulan bu bina hem edil Täçmahalyň nusgasynda bolup, ýöne ony sap gara mermer bilen örtmek hem-de iki köşgüň araly-gyny köpri bilen birleşdirmek işläpdir.
Emma onuň bu isleg-arzuwlary amala aşmandyr, Sebäbi Şajahan Täçmahalyň gurlup gutarylandan üç ýyl geçenden soň.agyr kesele uçrapdyr. Syrkaw ýatan hökümdaryň tagty ugrunda onuň şazada ogullarynyň dördüsiniň arasynda gandöküşikli uruşlar başlanypdyr. Bu özara dawaly uruş iki ýyla çekipdir we ol 1658-nji ýylda Aurengzebiň peýdasyna çözülipdir, Şol bir wagtda Şajahan hem sagalyp, aýak üstüne galypdyr. Ol tagtyny hiç kime tabşyrmajakdygyny yglan edipdir. Gysga wagtda ýeterlik harby güýji toplan Aurengzeb kakasy Şajahanyň Agradaky köşgüni basyp almagy we özüni bendilikde saklamagy öz nökerlerine buýrupdyr we onuň buýrugy ýerine ýetirilipdir.
Daş-töweregi çolaryp galan Şajahana galan ömründe guwanara diňe iki zat galypdyr. Olar gün içinde bir gezek ölmez-ödi üçin berilýän şamlyk nahar we daşaryny synlamak üçin tüpeň atylýan deşik bolupdyr. Saç-sakgallary çalaran, eleşan eşikli, egbar düşen Şajahan şol kiçijik deşijekden gurduran köşgi-eýwanlaryny, gür-gümmez baglaryny, uzaklardan çalaja salgym bolup görünýän - Täçmahalyny ahmyrlyk bilen synlapdyr.
Hökümdarlykdan çetleşdirilen, syrkaw Şajahan zyndanyň gözeneginden özüniň yhlas siňdirip gurduran Täçmahalyna uzak günläp, hasrat çekip, gözüni aýyrman seredip oturypdyr. Ol şol ýerde öz göwün söýen ýary Mumtaz Mahalsyz ahy-nala, ahmyr çekip, derdi agyr halda bu dünýä bilen hoşlaşýar. Ine, söýgi baradaky gyzykly hem hasratly söhbetiň soňy şunuň ýaly terzde tamamlanýar. ömrüniň soňuny zyndanda geçiren Şajahany hem aýaly Mumtaz Mahalyň ýanynda jaýlapdyrlar.
Hawa, Täçmahalyň roýuna aşyk bolup, dünýäniň çar künjeginden gelýän jahankeşdeleriň kerwenleriniň jaň düňňürdileriniň sesleri hiç bir döwürde-de kemelmändir. Häzirem kemeler ýaly däl. Aýdyşlaryna görä, dünýädäki ýedi gudratyň sanawyna girizilen Täçmahaly synlamaga bir ýylda iki-üç milliona golaý jahankeşeler gelýän eken. Bu hakykatdyr. Muny biz Täçmahalyň derwezesinden girjek bolup, uzak nobata duran daşary ýurtdan we Hindistanyň içinden gelen jahankeşdeleriň mysalynda doly göz ýetirdik. Söýginiň hatyrasyna gurlan binanyň derwezesiniň öňünde nobata duran pursadymyz metjidiň diňinden müftiniň agşam namazyna çagyrýan sesi eşidildi. Asmanda bolsa täze dogan Aý ýalbyrap durdy.
Täze dogan Aýy Täçmahalyň depesinden synlamagyň aýratyn lezzeti bar. Şonda älemiň ylahy aklyklarynyň gudrat bilen biri-biri bilen bäsleşýändigini mesaňa duýup bolýar. Gijäniň gujagyna çümen barlygyň içinde ap-ak reňkli Täçmahal bir görseň-ä ak lybasly gelne meňzeýär, bir görseňem bir gujak ak çemene. Onuň ak roýunyň Jamna derýasynyň ak kümüşsowult tolkunlaryna düşüp oýnaýşyny bir diýsene! Ynha, saňa aklyk! Ynha, saňa ynsan söýgüsiniň gudraty!
Bu binanyň synasyna ýabşyrylan ak mermeriň hasabyny çykarmak ýeňil däl. Şol ak mermerleriň şalygynda, ak köşgi binanyň daş-töwereginde kimsi gyşaryp ýatyr, kimsi çaga-çugasy bilen gezmeläp ýör. Endamyna Günüň çoguny siňdirip oturan Täçmahalyň ak mermerleriniň üstünde köwüşsiz, aýakýalaň gezim etmegiň lezzetini bir diýsene! Müň sabanyň nepesi, müň gülüň öwüşgini siňen mermer daşlaryň mylaýymlygy dabanyňa, tutuş süňňüňe aralaşyp, argynlygyňy pagyş-para edip goýberýär. Bu duýgyny Täçmahalyň ak goýnuna dolan onuň müňlerçe dostlary, muşdaklary derrew duýýandyr!
Akyl-paýhas, söýgi bilen bina bolan Täçmahal hindi we musulman arhitekturasynyň arkalaşykly miwesidir, beýik dostlugyň nyşanydyr. Bu gün baky söý-giniň nyşany Täçmahala dürli dinleriň öýi hasaplanýan Hindistan hem, tutuş Gündogar hem, olaryň dost-dogan illeri hem deň-derejede guwanýar.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Watan» gazeti. 29.01.2008 ý.
№13 (11257).
Ýol ýazgylary