11:46 Dil -dile, il - ile dogan | |
DIL - DILE, IL - ILE DOGAN
Diliñ taryhyny öwrenmekde möhüm çeşmeleruñ biri halk döredijiligidir. Bu babatda halk döredijiliginiñ ýazuwly görnüşiniñ has ygtybarlydygyny ilkinji nobatda bellemek gerek. Ýöne dilden aýdylýan, dil üsti bilen nesilden-nesle geçip gelýän halky eserleriniñ hem ähmiýetini peseltmek bolmaýar. Dilleriñ deñeşdirmesinde, esasan-da, garyndaş dilleriñ deñeşdirme-taryhy derñewinde halk döredijiligi uly orny eýeleýär. Biz muña türki dilleriñ günorta-gümbatar (oguz) toparyna girýän türkmen dili bilen türki dilleriñ gypjak (gypjak-nogaý toparçasy) toparyna degişli bolan nogaý diliniñ nakyllaryny deñeşdirenimizde has-da aýdyñ göz ýetirýäris. Nogaý dilinde gepleýän halk, esasan, Russiýa Federasiýasynyñ Stawropol, Krasnodar ülkelerinde, Astrahan oblastynda, Dagystan Respublikasynda ýaşaýar. Nakyllar her bir halkyñ asyrlaryñ dowamynda döreden, az sözde giñ many añlatmaga hyzmat edýän ruhy gymmatlyklarynyñ önümidir. Olar gözbaşyny taryhyñ irki döwürlerinden alyp gaýdyp, özünde halkyñ dünýägaraýşyny, durmuş pelsepesiniñ aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryñ özboluşlylygyny, tebigat hadysalaryna bolan gatnaşygyny jemleýär. Hormatly Prezidentimiz nakyllaryñ, atalar sözleriniñ ähmiýetini şeýle kesgitleýär: "Pederlerimiziñ pähim-paýhasyndan syzylyp şu günlerimize gelip ýeten parasatly sözleri halkymyzyñ durmuşyny, ykbalyny, sözüniñ hem-de sazynyñ şirinlik gymmatyny özünde jemleýän hazynamyzdyr, gözelligiñ göwher gaşydyr. Durmuş hadysalary, watançylyk, edermenlik, ynsanperwerlik, ygrarlylyk, edep-terbiýe ýaly ahlak gymmatlyklarynyñ esasynda döredilen atalarymyzyñ paýhas çeşmesi biziñ günlerimizde täze ideýalar, täze garaýyşlar bilen baýlaşyp, ýaşamagyny dowam etdirýär, gül açýar". Nakyllaryñ düzümine giren sözler halkyñ taryhy ösüşindäki bolup geçen ýagdaýlary beýan edýär. Şunuñ netijesinde-de, halkyñ meşgullanan kärlerini, hünärlerini, ynançlaryny, haýsy halklar bilen gatnaşyk edendigini hem nakyllaryñ sözlük düzümi arkaly bilmek bolýar. Halklaryñ arasyndaky gatnaşyklary öwrenmekde, garyndaş dilli halklaryñ dil umumylyklaryny ýüze çykarmakda nakyllar wajyp ähmiýete eýedir. Türki halklaryñ halk döredijilik eserlerini deñeşdireniñde olaryñ arasyndaky meñzeşligi, örän ýakynlygy duýýarsyñ. Bu ýagdaý nakyllar babatda-da şeýledir. Türkmenleriñ we nogaýlaryñ nakyllaryna ser salanyñda, olaryñ arasyndaky baglanyşygyñ, meñzeşligiñ örän köpdügine göz ýetirmek bolýar. Bu iki türki halklaryñ nakyllarynyñ arasyndaky umumylygy öwrenenimizde, olary iki topara bölmegi maksadalaýyk hasapladyk. Birinji topara girýän nakyllar sözlük düzümi, şeýle hem manysy taýyndan biri-birinden hiç hili tapawutlanmaýarlar. Olaryñ arasyndaky tapawut diñe ses tarapdan, ýagny fonetik taýdan ýüze çykýar: Ýakma - bişersiñ, gazma - düşersiñ (türkmençe). Якпа - писерсинъ, казба - туьсерсинь (nogaýça) Bal tutan barmagyny ýalar (türkmençe). Бал туткан бармагын ялар (nogaýça). Açsam - aýamda, ýumsam - ýumrugymda (türkmençe). Ашсам - аямда, юмсам - юмырыгымда (nogaýça). Garga garganyñ gözüni çokmaz (türkmençe). Карга каркадынь козьин шокымас (nogaýça). Ýatyp galandan - atyp gal (türkmençe). Ятып калганша, атып кал (nogaýça). Ilçä ölüm ýok (türkmençe). Елшиге оьлим йок (nogaýça). Gorkana goşa görner (türkmençe). Коркакка кос коьринер (nogaýça). Ikinji topara girýän türkmen we nogaý nakyllarynyñ fonetik tapawutlaryndan başga, käbir sözlerinde hem aýratynlyk bardyr. Ýöne nakyllaryñ manylary meñzeşdir, olar şol bir manyny añladýarlar: Ýagşylyk ýerde ýatmaz (türkmençe). Яхшылык ерде калмаз (nogaýça). Suw görmän tamman çykarma (türkmençe). Сув корьмей этик шешпе (nogaýça). Gassaba ýag gaýgy, geçä - jan (türkmençe). Касапшыга мал кайгы, кара эшкиге ян кайгы (nogaýça). Batyr bir öler, gorkak - müñ (türkmençe). Баьтир бир оьлер, коркак уьш оьлер (nogaýça). Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez (türkmençe). Кылыш ярасы туьзелер, тил ярасы туьзелмес (nogaýça). Mysal getirilen nakyllary biri-birinden "ýatmaz - калмас", "tamman - этик", "ýag - мал", "müñ - уьш", "biter - туьзелер", "bitmez - туьзелмес" sözleri tapawutlandyrýar. Türkmenwe nogaý dillerindäki nakyllaryñ arasyndaky bu tapawut nakyllaryñ manysyna hiç hili täsir etmeýär. Aýdyljak bolunýan pikir, öñe sürülýän garaýyş iki halkyñ nakyllarynda-da birmeñzeşdir. Mundan başga-da, "tyg - кылыш", "biter - туьзелер", "bitmez - туьзелмес" sözleri-de bellibir derejede stilistik sinonimdir. Şeýle-de, türkmen nakylyndaky "tamman" sözüniñ deregine nogaý dilindäki nakylda "этик" (ädik), "ýag" sözüne derek "мал", "müñ" sözüniñ ýerine "уьш" sözleri ulanylypdyr. Bu sözleriñ her halkyñ nakylynda aýratyn görnüşde bolmagy onuñ milli aýratynlygy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne şonda-da ýokarda görkezilen türkmen dilindäki nakyllary nogaý dilinde, nogaý dilindäki nakyllary bolsa türkmen dilinde şol durşuna, üýtgetmezden ulanmak mümkindir. Nogaý dilinde ulanylýan nakyllaryñ käbiri nusgawy edebiýatymyzyñ eserlerinde hem duşýar. Meselem, nogaý dilinde "Еки кемединь куйрыгын ыслаган сувга кетер" ("Kim iki gäminiñ guýrugyndan tutsa, ol suwa gider") diýen nakyl bar. Bu nakyl XIX asyr türkmen edebiýatynyñ görnükli wekili Mämmetweli Keminäniñ "Garyp" goşgusynda çeper beýanyny tapypdyr: Gark bolar diýler şoña, Kim iki gämini tutan. Türkmen we nogaý nakyllarynyñ arasyndaky umumylyklar düýpli öwrenilmegini talap edýär. Sebäbi garyndaş dilleriñ deñeşdirilmegi dilleriñ ösüşindäki kanunalaýyklyklary kesgitlemäge ýardam edýär. Biz türkmen nakyllaryna meñzeş bolan käbir nogaý nakyllaryny 1963-nji ýylda neşir edilen " Ногайша-орысша соьзлик" kitabynyñ esasynda, nogaý dikinde ulanylyşy ýaly görnüşde okyjylara hödürleýäris. Акыл яста тувыл, баста (Akyl ýaşda däl, başda). Аланга алты да аз, беренге бес те коьп (Berene bäş köp, alana alty az). Алтын-куьмис тас экен, арпа-бидай ас экен (Arpa gylçyk aş eken, altyn-kümüş daş eken). Аьрвкетте-берекет (Herekete - bereket). Аьруьв соьз йыланды иннен шыгарар (Ýagşy söz ýylany hinden çykarar). Ата барда-увыл яс, ага барда - ини яс (Ata barka, ogul ýas, aga barka - ini). Авызы суьтке куйьген, юртты уьрип ишер (Süýtde agzy bişen suwy üfläp içer). Балалы уьй - базар, баласуз уьй - мезар (Çagaly öý - bazar, çagasyz öý - mazar). Бас сав болса, борьк табылар (Baş sag bolsa, telpek tapylar). Берсенъ - аларсынъ, эксенъ - орарсынъ (Ekseñ - orarsyñ, berseñ - alarsyñ). Дурысы ман йыласанъ, сокыр кьозден яс шыгар (Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykar). Ет этке, сорпа бетке (Et ete gider, çorba - pete). Коьп туькирсе коьл болар (Köpüñ dilegi köl bolar). Коьп куьлкидинь арты сыйт (Köp gülen bir aglar). Куьлме достынъа, келер басынъа (Gülme goñşyña, geler başyña). Кырк йыл кыргын болса да, аьжелли оьлер, аьжелсиз калар (Kyrk ýyl gyran gelse, içinde ajaly ýeten öler). Молла кьоп болса, токлы арам оьлер (Çopany köp bolsa, toklusy haram öler). Сорап бергенше, согып бер (Sorap berenden urup ber). Шынтысы ман йыласа, сокыр козден де яс шыгар (Yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykar). Яхшылык эт те, сува тасла, балык билер, балык билмесе, Халк билер (Ýagşylyk et derýa at, balyk biler, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler). Ялгыз койды боьри ашар (Sürüden aýrylan goýny gurt iýer). Язда мыйы кайнаганнынь, кыста казаны кайнар (Tomus depesi gaýnamadygyñ gyş gazany gaýnamaz). Tagandurdy BEKJÄÝEW, TDU-nyñ uly mugallymy. # "Türkmen dili", 2016. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |