Eýýäm ýerinden galan Aknur daýza «Sazyň bolsa gapdalyňdaka çalyp beriber. Onuň haly teň görünýär» diýen manyda oglunyň ýüzüne seretdi-de, çykyp gitdi.
–– Özüň bilen deň bolup durmaýyn, Maral jan, gel, gapdaljygymda otur-da diňle, saz çalyp bereýin – diýip, ýigit aş kesip bolan gelnine ýüzlendi.
Begenjiň şol gezek çalan sazy soň-soňlaram Maralyň gulagyndan gitmedi. Ol sazy Maral, belki, öňem ençeme gezek diňländir. Ýöne hiç wagt häzirki ýaly täsir etmändi. Näme üçindir, ol saz Maralyň gözüniň öňünde şeýle bir zady janlandyrdy. Begenç sazy darajyk jaýyň içinde däl-de, üç-gyraksyz gök maýsaly pelleriň gyrasynda çalyp otyrdy. Maýsalar mymyjak ýele başlaryny yrap, tolkun atyp, eýesi bilen hoşlaşýardy. Ýok, maýsalar däl, Begenç hoşlaşýardy. Aladasyz, gamsyz zähmet çeken, bag-bakjaly giň meýdanlar Begenç üçin, megerem, ähli zatdan ezizdi. Diňe Maral däl, belki, olam häzir özüni gök maýsaly pelleriň gyrasynda oturan ýaly duýandyr. Sebäbi onuň nazary dar jaýyň çygryndan çykyp, uzaklara dikilipdi. Belki, «Goňurbaş mukamyny» dünýä inderen sazanda-da şol sazy edil şunuň ýaly hoşlaşyk pursaty çalandyr.
Sazy soňlap, Begenç tamdyrany gapdalynda goýdy. «Boldumy?» diýen äheňde, doňňara daş bolup oturan gelnine seretdi. Şol wagt onuň gözlerinde ne garagollyk, ne-de oýun bardy. Ýöne ol gözlerdäki agyr gussany diňe Maral saýgaryp biljekdi. Maral başyny ýigidiň döşüne ýaplady. Ol özüni her näçe mertlige salsa-da başarmady.
Begenç Maralyň başyny döşünden galdyryp, onuň ýüzüni iki aýasynda saklady-da, gelniniň ýaşly gözlerine uzak wagtlap seretdi.
–– Gözleriňe döneýin, Maralym. –– Ol eli bilen gelniniň gözýaşyny süpürdi. Ony täzeden gujagyna gysdy.
–– Mert bol, Maral. Sen ejizleseň, ejem näder!
Begenç agasy bilenem hoşlaşman gitdi. Aşyr ol wagt çöldedi.
* * *
Gyşyň başyndan ýere güpläp gar düşdi. Yzyny üzmän ýagyş ýagdy. Bu ýagdaý bir tarapdan daýhanlary begendirmän durmady. Kolhozçylaryň köpüsi, şol sanda Begenjiň brigadasam, elkin gaza gitdi. Brigadirlige-de wagtlaýyn Esen agany bellediler.
Maral dümewläp gazydan galdy. Birneme bäri bakansoň, ýol şaýyny tutdy. Onda-da ir bilen gar başlady-da hiç diňmedi. Işe gidip bilmän, girip çykyp zowzuldap ýören Aknur daýza gelnine ýalbardy.
–– Taňryň şu günem ýola düşmek bormy? Janyňa haýpyň gelsin seniňem bir. Gaýralarsyň, jan balam, gitme.
Gar goýmasa-da kiparlady. Maral ulagyň barlygyny-ýoklugyny bilmek üçin Esen agalara gitdi. Goja oňa orta ýolda duşup, arzyny aýdyp başlady. Ol arabekeşi etraba iberip bilmändir.
–– Ýeri, indi kimi iberjek? Ine-de ýagdaý, gyzym. Özüň bilýäň, ýag bolmasa traktorda jan barmy?
Meni ýuwaş görýärler, biri diňlese, ikinjisi diňlänok. Bilýän, Begenç bolaýsa, ýag eýýäm getirilerdi...
–– Darykmaň Esen aga, hemmesi düzeler. Ýaga men ötägiderin. Etrap bir gidilmeýän ýer däl-le.
Esen aga Maralyň heniz reňkine gelmedik sap-sary solgun ýüzüne seretdi-de, başyny ýaýkady.
Maral bolsa brigadir bilen uzak çekeleşip durmady. Arabanyň nirededigini sorady.
Ol etraba gidişin horlanmasa-da, gaýdyşyn horlandy. Alyp gaýdybermäge ýag bolmansoň, garaşyp güni gijikdirip yzyna dolandy.
Gar bir wagt diňipdi. Emma hazlawuk ýel içiňden geçip baýardy. Ýel garşysyndan bolansoň, öküz janawarlary hernäçe gyssasaňam edil irkilýän ýaly şol mytdyldaşyp gelýärdi. Saýgylabermäge-de Maral dözmedi. Golunda kuwwatam ýokdy. Onuň özüniňem ertirkije duz dadyşydy, hernäçe basyrynjyrasa-da, bütin bedeni bilen gagşaýardy. Arabanyň üsti oturmaga-da oňaýsyzdy. Şonsuzam ýol ýaramaz bolansoň, ýagly çelek çaýkanyp dökülýärdi. Çagşan, üstesine-de geleňsizlikden tigirleri ýaglanmadyk köne purgon jygyldap, uly ses edip gelýärdi.
Soňabaka Maral sowukdan däl-de, yns-jynssyz garaňky ýoldan eýmendi. Onuň edil sesýetim ýeňsesinde bir möjek uzyn-uzyn uwlady. Maralyň ini jümşüldäp gitdi. Soňky sesler has daşdan eşidilenem bolsa, alkymynda gygyrylan ýaly bolup duýuldy. Gaýnynyň «aç möjekler adama-da topulýarmyş» diýen sözi ýadyna düşüp, Maraly şagga der basdy. Dikelip durdy-da, öküzlere birki çybyk çaldy. Äwmezek janawerler badyny birbada gataltsalaram, salym geçmän, ýene mytdyldap başladylar. Şol barmana Maralyň gulagyna traktoryň tarlaýan sesi ildi. Bilbil saýranam bolsa, oňa häzir traktoryň sesi ýaly ýakymly täsir etmezdi. Göwnüne, Begenjem şonuň daşynda aýlanyp ýören ýaly duýuldy. Ol arka tapynana dönüp, birneme özüni dürsedi.
–– Ýüregimizi ýardyň-la gyz, indi berin bimahala galmaweri – diýip, Maral oba girmänkä, eltisi öňünden çykdy. –– Gaýyneneň-ä, keýgim, içerisiniň ähli goşuny hudaýýoly aýdyp çykdy. Esen aga-da sorap, üç-dört gezek geldi bende.
Aknur daýza şu sowukda öýe-de girmändir. Garry gelniniň donuna, joraplaryna çenli özi çykaryşdyrdy. Ony ugruna goýman, pejiň başynda oturtdy. Onsoň arabakeşe käýindi.
–– Wah-wah, bäri-bärde etrap barmy? Çagalasa çagalandyr-da aýaly. Erkek kişiň öýde nä köri barmyş. Enesi bar, bes-dä? Toba tagsyr, adamlarda utanjam galmandyr. Wah, üşemedik bolsaň ýagşydyr – diýip, ol ýene Marala ýüzlendi. –– Bilýän, zadam iýen dälsiň sen. Hany, indi içiňi bir ýylyt.
Aknur daýza burçluja aş edipdir. Dänik gaýnadypdyr.
Ol gelni çaý içip otyrka, Aýnanyň (Aýnanam Begençdir Maralyň toýlarynyň yzýany bilen durmuşa çykarypdylar) azajyk et hem bugdaý iberendigini gürrüň berdi. «Şulary iýip, gelnejem gutulawersin» diýipdir. Jigilerine köýneklijek mütgelem iberipdir.
Maral haşara gitse-de gitdi welin, ol entek ysgyna gelmän eken. Gazam agyrdy. Maral dagynyň häzirki gazýan ýaplaryny öň erkek adamlar gazardy. Ýap giňdi hem çuňdy.
Maral paýy Aýna bilen aldy. Işe ir başlasa-da, öndüren zady bolmady. Turuwbaşdan kejikdi. Daşa zyňandyryn öýden gumy ahyra-da ýetmän, bir topar kesegi özi bilen alyp, uly güpürdi turzup yzyna gaýtdy. Ikinji, üçünji pilem ahyra ýetmedi. Şondan soň welin, Maralyň hasam ynjalygy gaçdy. Aýna gelnejesini goýman ýokaryk çykardy. Ol baldyzynyň ahyra atanyny ýokaryk zyňmaga başlady. Bu ýerde-de, uzak işläp bilmedi. Hemişe der basanda güýje gelýän Maral, häzir ysgyndan gaçdy.
Paýlaryny gutaran gelin-gyzlar Aýna dagynam goýup gitmedi. Bileleşip işlediler-de, soň çaýa çykdylar. Maralyň bolsa pilini elinden aldylar.
Arakesmede yşgynyň çaýyny içip derçiräp oturyşyna, birneme özüni tutan Maral daş-töweregini gallaşyp oturan gelin-gyzlara gyzgyn mähir bilen göz gezdirdi. Seretdigiçe-de olarda özüne ýakynlyk duýdy. Gelin öz durmuşyny töweregindäki adamlardan üzňe hyýalyna-da getirip bilmedi. Iň bärkisi çaýça bir seret. Onuň ýüzündäki ýönekeýje göwnihoşlugy Maral saýgardy. Ol hysyrdap, iş edinip gaýnadan çaýynyň aryp gelen adamlara gurp berýändigine düşünip, monça bolup otyr. Her işiňem öz lezzeti bar-da.
Dilli tüýdükde «Aýjemaly» ussatlyk bilen saýradýan goja-da ýaşlygyna, öz juwanlygyna dolanyp barypdyr-da, daş-töweregine şol ýaşlykdan gujurdyr, nur paýlaýar. Adamlaryň inçe duýgularyna kakyp, gamgyn ýüreklere ýol agtarýar. Adamlaryň göwünlerini götermek olaryň «berekellasyny» almak her kişä başardybam duranok. Maralyň pikirini duýan ýaly goja:
–– Gyzym «Aýjemalyň» nätdi. Hiç neneň däldir – diýdi. Gelinleriň biri Marala derek jogap berdi:
–– Maralyň öler jany «Aýnadyr».
Tüýdüjek eýýäm «Aýna» zarynlaýardy.
Maral üç-dört günden özüni dürsäp güýje geldi. Gelnejesiniň göze ilmeýän çalasyn hereketini synlap, Aýna pile söýenip duranynam duýman galdy.
Piliň badyna Maralyň omuzlary silkinip, ýukajyk öýmesem, ýeňiljek çabydam galgap gidýärdi. Onuň uzyndan syrdam bedeni edil gurşundan guýlan ýaly sarsanokdam. Maral emgenýäne meňzänokdy. «Eziz dogan, gelinjigiňi şu wagt özüňem bir synlasadyň? Menden has üýtgeşik guwanardyň» diýip, Aýna içini gepletdi-de, uludan demini alyp, piliniň gulagyna depdi.
Şol ýyllar her ädiminde Begenjini ýatladyp duran giň meýdanlar, aglanda aglap, gülnde gülüp, gaýgysyna, şatlygyna deňje şärik boluşýan eziz adamlar Marala kuwwat beripdi. Aslynda meýdanlaryň her daban ýeri Begenç bilen baglanyşyklydy. Maral nirä ýörese ony görýärdi. Maral Begenç bilen şu meýdanlarda bileje hoşa çöpläpdi, sürlen şüdügärlikde töňürtge ýygnapdy, alaňlardan alaňlara aşyp, ýuwa-ýelmik gözläpdi, selme ýygpdy. Şol wagtlar Begenç Maralyň gulpajygyndan çekip, telim gezek agladypdy. Soň bolsa, bol hasylly aňyrsy-bärsi görünmeýän bugdaýly pelleriň eýesi Maral üçin diňe Begençdi. Maral galmananda-da, ýaýylyp ýatan ýoňsuz meýdanlar dünýäsini giňeldýärdi. Käýarym keýpsiz wagtlary ol çiliň üstünde çommalýardy. Onuň hyýalynda Begenç gapdalynda oturyp «Goňurbaş mukamyny» çalýardy. Maýsalar ýuwaşja şygyrdap, şol mukamy Maral bilen bileje diňleýärdi. Gije-gündiz diýmän, yssyny-sowugy bilmän, duşmana garşy ot sowurýan batyr ýigidiň setanda-seýranda, duýgudaşlyk bildirýän haty-da ýaş gelne gurp berýärdi. Begenç hatlarynda özi barada az ýazýardy. Bu Maraly darykdyrýardy. „Biziň ýagdaýymyz-a ýekän-ýekän soraýar. Öz ýagdaýyny bolsa biz bilmeli däl. Ýazmasa menem ýazman. Ýazybersin agasy. Şol-a bir günde üç-dört hat ýollamaga-da ýaltananok” diýip, öz ýanyndan öýkeleýärdi.
Begenç dymsa-da, Aknur daýzanyň adyna frontdan komandirlerden üç hat gelipdi. Hatlarda Aknur daýza Begenç ýaly ogly ösdürip terbiýeläp ýetişdirenligi üçin sag bolsun aýdylýardy. Ordendir medallar bilen sylaglananlygy üçin gutlaýardylar. Iki ýyldan soň ýigitden hat gelmesi kesildi. Şol günleriň birinde frontdan gelen sygryň dili ýaly hat Aknur daýzanyň bilini bükdi. Maralyň durmuşyna awy gatdy. Hiç kim Begenjiň ölümine ynanmady. „Begenjim, ölmeli dälsiň. Sen iliňkisiň, han ogul!” Esen aga tä ömri ötýänçä şeý diýdi ýördi.
Ýeňiş habary oba dolup Marallaryň gapysyndanam girse-de, Begenç girmedi.
Bugdaýly pellerem, at çapylan ýollaram, gara gözli gelnem, bütin oba garaşdy. Kolhoz meýdanlarynyň bir bölegine „Begenjiň on gektary, Begenjiň meýdany” at galdy. Ol gelmedi. Uruş gutaran ýyly Aknur daýza dünýäden ötdi. Diýseň mylaýym mährem gaýnyndan aýraçylyk Marala ikinji şarpyk bolup degdi. Aknur daýza asyl gelniň ýalňyzlygyny bildirmeýän eken. onuň ölümi bilen Maral üçin öýleriniň bazary sowlana döndi. Pahyryň şol agyr ýyllarda-da daşynyň märekesi kemelmezdi. Il derdini paýlaşar gülüşdirer oturardy.
Şondan soň Maralyň durmuşy düýbünden üýtgedi. Onuň girip çykýan gapysy, Begenjiň ösüp ulalan, kemala gelen gapysydy. Içeriniň her bir kiçijik goşy oňa eziz ýaryny ýatladyp durdy. Maralyň ajaýyp gelinlik döwri-de, Begenç bilen baglanyşykly geçiren süýji günleri-de şu jaý bilen baglanyşyklydy. Emma indi şol jaý hem ýalňyz Maraly gysyp-gowurdy.
Şol ýyl Maralyň gaýynagasam ejesi bolmansoň, ynjalman çölden geldi. Kolhoz oňa güýjüniň ýeten işini berdi. Maralyň hojalykdaky hysyrdysy ýeňleşse-de, aladasy azalmady, tersine artdy.
Ol bir gün işden geldi-de, iýmän-içmän gyzzyrmalyk hamyr etdi. Hamyry alýança gapylaryndaky telärlerini bejermegi göwnüne düwdi. Ol teläriň bir aýagyny dikeldip, ikinjisini gazmaga başlanda gaýynagasy öýden çykdy, pilini elinden aldy. Onsoň ardynjyrady-da gelinleriniň ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi: „Ogulmaral, keýgim, işi ýagdaýy bilenjik edeweri, öýdäkinem, çagalaram işlediber. Göwnüň açylar ýaly özüňem, oňa-muňa çykarlar”. Golak gaýynagasynyň pil depişi gözgyny bolsa-da (Aşyr söweş meýdanynda bir goluny aldyryp gaýdypdy) Maral garşylyk görkezmän, öýlerine girip gitdi. Salym geçmänkä ýüwürjisiniň sesini eşitdi:
— Kaka, ejem saňa suwdan habar tutup gelsin diýýär.
— Men aýtdym-a, şu gün bize nobat ýetenok.
Ogly ikinji gezek gelende, Aşyr gatyrganyp, pilini agaja söýedi.
Maralyň telärden dynaýasy gelse-de, öwrülip pile eli barmady. Gaýynagasynyň göwnüne getirmegi mümkindi.
Ýöne welin ony bir zat iňkise goýdy.
Gaýynagasy tamlaryny suwatmak üçin gum getirtdi. Marallaryň jaýlarynyňam az-kem gopan ýerleri bardy. Ýeňliräk bolansoň, gaýynagasy suwagy ilki Begenjiň jaýyndan başlamakçy boldy. Ir bilen Aşyr elini laýa urmanka, edil şu günki ýaly ýüwürjisi gaýynagasynyň yzyndan geldi. Işe gitjek bolup duran Maral eltisiniň hüňürdisini eşitdi:
— Sen bolmaňda şol jaý suwalmajakmyşmy? Hossary gyt däl. Ýa olar maýyp-müjüripmi? Iýmeli bolanlarynda-ha iki paý berlen ýaly, şol içerini towuga ýükläýmeli etdiler.
Eltisiniň utanman, ýalan sözläp durşuna Maralyň şeýle bir gahary geldi. Emma gaýynagasy bolansoň, eşitmezlige saldy-da, syr bildirmän, işe gitdi. Ýöne ýüregi dolup, uzynly günläp içini gepledip, edil güň ýaly bolup gezdi. Jigilerine dözmän, käýarym berýän sähelçe kömegini eltisiniň diline çolanyny ol iňňän ýokuş gördi. Şu gürrüň gelnejesiniňem gulagyna ýetip barýan ýaly, namys edip öz etini özi iýdi. Soňky günler eltisi käýarym yrsarasa-da, Maral ondan beýle-beýle sözlere garaşanokdy.
Hemişe ýazyň başyndan çagalara gawun-garpyz ekýän Maral ýetişmän mellegi gijikdirdi. Işiňem gyzgalaňly wagty bolandan soň işdenem galmaga ynsaby çatmady. Galaýanda-da melleklerinde işläp ýörmäge utanjakdy.
Bir gezek işden irräk geldi-de, eltisine-de „azajyk kömekleş” diýmegi göwnüne düwdi. Meýdan işini iňňän kyn görýän Dursun Aşyr frontdan gelenden soň, kolhoz işinden aýagyny çekdi. Kolhozda işçi güýjüniň ýetmeýändigini-de, çagalarynyň hor boljakdygyny-da ol bilmän duranokdy. Ýalbar-ýakar edip, adamsy ony guşçulyk fermasyna işe-de ýerleşdirdi. Emma ol ýerden ferma müdiri bilen oňuşman basym geldi.
Maral girende, ortarada ýatan Dursun başynam galdyrmady. Ol „gel-geç” diýen sözem ysgynsyz aýtdy. Körpeje ýüwürjisi gelnejesiniň boýuna-boýuna bökdi.
Otursana, ýer çeken, näme beýle böwregiň bökýär? Gep-söz alyşdyranok-la, bular — diýip, Dursun başyny galdyryp, oguljygynyň ýüzüni aldy.
Eltisiniň igenjini göwnüne alan Maral niýetinden el çekse-de, iş bilen gelensoň, sessiz çykybermegiň ugruny tapmady. Uluja ýüwürjisini sorady.
— Köçededir. Şol oýun bilen. Ine-gana oturyp naharlaryny iýjek gümanlary ýo-ga! — Yzyndanam Marala çiňerildi-de, näme etjekdiň ony — diýdi.
— Birsellem mellege kömekleş diýäýjekdim.
— Senem gutarypsyň, Maral. Bulardanam kömek hantama. Mundan öň mellegi şolar bilen ekipmidiň?
Dursun eltisine çykmaga maý bermedi.
— Kolhozy ýeke özüň dolandyrasyň ýok-la. Sermenip ýörmezler-de, galaýarlar birki gün işden. Gije-gündiz ylgabam alan galaňy ýa artdyryp süýşüren zadyňy göremok-la. Ýa bir alaçany eltiňden artyk geýen bolsaň aýt. — Dursun dikeldi. Eltisi çykyp gidip barýan ýaly, içini boşatmaga howlukdy. — Gaýtam, bizden tamakin sen. Öýdäki huruşlyk eltipdir-de, yzyňa gaýtaran gezegiň ýadyma düşenok. Ol günki öýmänem alyp galypsyň. Ýaglygyň ýokmudy. Ol meýdi ýanmyş-a seni çagalaryndan ileri görýä. Özüň bir düşünäýme-lä. Käşgä bir iýdirjegiň ýa geýdirjegiň bolsa...
Dursun tükederli däldi.
Ýüregi dolan, heniz adama ajy söz aýdyp görmedik Maral eltisiniň kineli sözlerini diňe bir ýokuş görmedi. Şol sözleriň onuň agzyndan çykýanyna erbet gynandy. Ol Maral üçin diýip – diýip içiňi boşadyp, gapyňy ýapyp oturybermeli adammydy. Dursun bilen durmuşyň ajysyny – süýjüsini bile çekişmänmidiler. Ol Maral bilen uzak gatnaşmaly dälmi? Öz çagalarynyň Begenjiň jigileridigini, mährem gaýynyň agtyklarydygyny Dursun unudaýdymyka? Maral içinden pikir öwrüp durşuna ýuwaşja dillendi.
— Menden näme ýamanlyk gördüň, Dursun?
— Üýtgeşik ýagşylygam göremok. Bar edeniň duluma söýän iki halta bugdaýyň dälmi? Şonam diliňe çolaýan bolsaň, ýyllyk berilsin, al-da ötägit.
Adam kähalatlarda gaty geň galanda, ýa garaşmaýan adamyndan duýdansyzlykda ýoknasyz söz eşidende, söz tapman boz-ýaz bolup öwelip durýar. Maralam aňk boldy.
— Seni tanamadymmykam!
Ol kimedir birine gürrüň berýän ýaly özbaşyna gürledi-de, başga kelam agyz söz aýtman, çykmak bilen boldy.
Maralyň eli işe barmady. Öýlerine-de aýagy çekmedi. Çiliň üstünde çommalyp pikire çümdi.
Eltisi näme yrsaraýarka? Maral gazanjyny bir özüne sürtýän bolsa, alaçany üç-dört ýamap geýermidi? Heniz sepi açylmadyk gat-gat eşiklerini Maral kim üçin satdy. Şol oturyşyna onuň gaýyny bilen aralarynda bolan kiçijik bir waka ýadyna düşdi. Bir gün Dursunyň oguljygy enesiniň gabsasyna söýenipdir-de, okarajygyny arkasynda gizläp, gözüni aýyrman Marala seredýärdi. Öýde bulamaklygam un ýokdy. Ýüregi gyýym – gyýym bolan Maral ýekeje tokga gant berip, agtygyny ýola salan gaýynenesiniň daş çykanyndan peýdalanyp, sandyga ýapyşdy. Ondan ýeňi, ýakasy sünnälenip bejerilen dikdurma ketenisini çykardy, ýaglyga dolady. Maral sandygy ýapmanka gaýyny girip, oňa çiňerildi. Saçaklarynda bir döwüm gyzzyrma bolsa ýaryny agtyjagyna iberäýenini kem görmeýän garry gelnini gapyda saklady.
— Ogulmaral, nirä?
Maral yzyna öwrülip, ýaýdanjyrap bir durdy-da, „Şu mütgeli Dursuna eltäýjekdim” diýdi.
— Şeýlemi!
Ýöne ýaglygyň içindäkiniň mütgel däldigini ol görgüli aňan bolmaga çemeli. Bir hili gyýlyp, Maralyň yzyndan seredip galdy.
Gaýynynyň bolşuna ýüregi awan Maral eden işine utanyp aýagam çekipdi, yzyna-da dolanypdy. Emma gapyda boýunjygyny burup duran mejalsyz çaga şobada gözüniň öňüne gelipdi. Ýogsam keteni Maral gelin bolup ilkinji gezek gapydan ätlände, Aknur daýzanyň höwes bilen egnine geýdiren nepis sowgadydy. Görgüli begenjinden uçaýjak bolup, ýyljyraklap durşuna: „Ogulmaralym; maýa gelnim, geýip ýyrtmak nesip etsin” diýip, Maralyň egnine kakypdy. Maralyň bukja-bukja eşiklerinden satylman, diňe şol galypdy, ýeke-täk toý eşigidi özünem.
Maral uludan demini aldy-da, ýene eltisiniň sözlerini ýatlady. Olary ýekän-ýekän ölçerip dökdi. Gaýynagasynyň beren öýmesine mätäçmidi? Ýok. Özüne sarpa goýup, hormat edip berlen sowgady almazlyk, şol hormatyň gadyryny bilmezlik ahyryn. Maral şol wagta däl, häzir hem ony yzyna eltmez. Sebäbi ol Aşyry sylaýar. Ýöne eltisiniň bir goýundan dadyrýan el ýaly gapyrgasyny diline çolanyny geň gördi.
Dursunyň aýak bitenje ogly üýtgeşiksiz Begençdi. Onuň ýylgyranda, gaşjagazlarynyň gerlişem, ýaňajyklarynda emele gelýän çukanaklaram, garamyk ýalyjak, emma garagollyk bilen oýnaklap duran gözjagazlaram edil Begenjiňkidi. Şoňa seredende, Maralyň ýüregi jigläp gidýärdi. Özem diýseň mähirlijedi. Onuň özüne-de Maral bolsa bes, ejesini – kakasyny kän ýatlamaýardy. Maral işden geldigi, düwdenekläp öňünden ylgaýardy. Maral çagajygy bagryna basyp, tä öýlerine gelýänçä ogşaýardy. Iki öý-ä däl, oba adamlaram oňa „Maralyň ogly” diýýärdiler. Çaganyň özünden sorasaň ol-da şol jogaby berýärdi.
Şol günüň ertesi işden gelende, çagajyk Maralyň öňünden çykmady. Töweregine garanjaklap öýe giren Maral hiç zada eli barman, eňegini dyzyna ýaplap, uzak wagtlap oturdy. Onsoň dulda duran sandygy açyp, içinden Begenjiň eşiklerini çykardy. Begenjiň toýlarda geýen gara kostýumynyň ýakasyny sypady. Penjekden Begenjiň Marala tanyş ýakymly ysy burnuna urdy. Maral emaý bilen ony döşüne gysdy.
— Begenç jan, didaryňa zar etdiň...
— Gelneje, jyk.
— Wah, janyňa döneýin...
Maral penjegi ýerde goýup, gapa ýöneldi.
Çaga gapyny ýapdy. Maral ol gidendir öýdüp aýak çekdi, emma gizlenen eken.
— Jyk...
Çaga jykyr – jykyr gülüp içerik girdi-de, Maralyň gujagyna doldy. Ýap-ýaňy özüni gysyp barýan içeri onuň üçin indi şähere döndi. Işdäsem açyldy. Çaý goýmak üçin tüňçä ýapyşdy:
— Maýal, maňa seýet.
Oglanjyk Begenjiň tahýasyny geýip hekgeripjik dur.
— Şuny maňa beýäý!
Maral näme diýjegini bilmedi. Tüňçäni ýerinde goýup, sandyga tarap ýöneldi. Eplengi çaga eşikleriniň içinden bejerilgije çaga kirligini sogrup aldy. Kirlikde Aknur daýzanyň dakan iki sanyjak düwmejigem durdy. Kirligi Aknur daýza gelinkä Aşyra bejeripdir. Soňam ony Begenje-de geýdiripdir. Begenjiň ýörite özüne bejeren kürtesinem ýuwupjyk sandykda ýygnap goýupdyr. Pahyr olary telim gezek Marala görkezipdi. Agtyjaklaryna goýandygyny aýdypdy.
Maral kürtäni ýygnap goýdy. Kirligi bolsa bir gezek döşüne gysdy-da, onsoň ýüwürjisiniň egnine geýdirdi. Düňňürdäp duran düwmejiklerine, döşjagazyny, goljagazlaryny ýapyp, şabyrdap duran seçeklerine höwes eden çaga „ejeme biý göýkezeýin” diýdi-de, Maralyň gygyranyna-da üns bermän düwdenekläp gitdi. Salym geçmänkä-de ýüzüni ak tam edip, Dursun gapydan girdi.
— A gyz, bu nä boluş? Ýamanlyk etmäge başga zat tapmadyňmy? Duşmanyňmydym? Öliň zady çaga geýdirilýänmidir. Päliň niýetiň bolsun.
Dursun eliniň tersi bilen kirligi Maralyň üstüne zyňyp goýberdi-de , gapyny batly ýapdy.
Depe saçy üýşüp giden Maral süňňüni tutup bilmän gagşady. Gahardan ýaňa dodaklary titiräp, biri-birine gowuşmajak boldy.
— Sen, sen ölümi Begenç. Ýok, sen diri, diri, sen, Begenç jan! Çydap – çydap çydamaz boldum.
Öýlerinden batly çykan Maral gapyda gaýynagasyny görüp, sakga durdy. Ýüregi içine sygman yzyna öwrüldi-de Aýnalara ugrady. Uzak gitmän aýak çekdi. Ol duýgurdyr. Aýnadan syr saklajak ýa ýalan sözläp gutuljak gümanyň ýokdur. Näme etjek oň ýüreginem paralap. Gaýynagasy henizem köwejekläp daşarda gezip ýör. „Wah, bar agram şuňa düşýär-dä!” diýip, Maral içini gepletdi. Gaýynagasyna nebsi agyrdy. Onuň ardynjyramasyndan bir zat aýtjak bolýandygyny duýdy.
— Siz bir onuň bilen deň bolmaweriň, Ogulmaral! — Aşyr başga zat aýtman, ýüzüni asyp öýlerine girdi. „Şulara ýük bolaýýarmykam? Beýle bolsa yrsaraşyp ýörmän, göwünlerindäkini gönümel aýdaýmaly ahyryn.
Maral gapylarynda saklandy. Göwnüne garaňky tamlaryndan akja gyňajyny galgadyp gaýyny çykaýjak, hemişekisi ýaly; „Ogulmaralym, geldiňmi, guzym” diýäýjek ýaly bolup duýuldy. Gapyny açandan, içerden bir pişik ýüregi ýarylan ýaly, atylyp çykdy. Tisginip giden Maral, soňam süňňüni tutup bilmedi. Öz kölegesem gözüne eýmenç bir zat ýaly bolup göründi. Gorkujygyna çyranam söndürmän, ýorgana girdi. Dursun indi köpden bäri gyzyny olara iberenokdy. Maral muny atasy öýündenem, Aýnadanam gizleýärdi.
Gündizem Maralyň kellesinden daş asylan ýaly boldy durdy. Ýöne hernäçe ölçerip–dökse-de, eltisine diýen gaty–gaýrym sözem, göwne deger ýaly eden işem ýadyna düşmedi. Ýöne şol oýlar Maralyň şu wagta çenli kellesine gelmedik pikirleriň döremegine-de sebäp boldy. Maral durmuşa çykypdyr-da, şu wagta çenli iýeni aýry gitmedik eltisine ýekeje gezek içini dökeni, ýa gamlanan wagty derdini aýdany ýadyna düşmedi. Birem sene-mene edeni.
Ertesi Maral mellegi ýeke işlemeli bolmady. Gelinleriň biri el işini alyp onuň ýanyna oturmaga geldi. Maral onuň bilen birki joýa gazdy, gämikläp gawun ekdi.
Maral dagy mellege gireli bäri, eltisi girip çykyp gapysyny dyndarmady. Eltisiniň bir zada galagoplanýandygyny duýsa-da, Maral tä Dursun öz ýanlaryna gelýänçä, sebäbini aňşyrmady.
— Wagtynda geläýdiň, Dursun, geleweri, seň paýjagazyňam durandyr – diýip, goňşy gelin Maraldan öň dillendi.
— Melleksizem biz-ä şu tünekde ýetişip bilemzok – diýip, Dursun ellerini bykynyna urup durşuna çilden düşmän gepledi:
— A gyz, senem, geňeş ýok, beýleki ýok, kelläňe gelenini ediberýäň. Mellek, beýleki diýseň näbileýin gawun ekip ýöreniňi. Saňa diýmese diýen däldir-dä o tüki bu ýerik ýorunja ekmekçidi-le.
Maral başynam galdyrmady, edip oturan işinem goýmady. „Gaýynagam, mellek ekip haçan hasyl aldyka?” diýmekçi boldy-da, onam aýtman, „Ýorunja-da ýer gyt däl-le” diýdi.
Maral pilini zyňyp tasap gaýdar öýden Dursun, tamasy çykmansoň, uzak durmady-da, käýinjiräp gelen yzyna gitdi.
— Hojalygyň kethudasy heleý boldugy, onuň işiniň gaýtdygydyr. Ýarym göwün diýip, bu şormaňlaýy halys depämize çykardyk. Edenini edip ýör indem.
— Eltiň nämä yrsaraýar gyz? – diýip, goňşy gelin dillendi.
— Men-ä bilmedim.
Şol günüň ertesi Aýna çagalary bilen gezelenje geldi. Eltisiniň aralarynda hiç zat bolmadyk ýaly ylgaşlap gelip, tä baldyzy gaýdýança öýlerinden çykman oturyşyny Maral geň gördi.
— Gelneje ýüzüň salyk görünýä-le, janyň beri sagmy? – diýip, Aýna öwran–öwran sorady.
— Ah, Maraldyr-da. Bir gün güler, ertesi aglar. Günüň ýaman bolmasyn.
Gelnejesiniň gürrüňini Aýna halamady. Ol Dursunyň däl-de, Maralyň ýüzüne seretdi.
— Bu nä gep gelneje. Ýaman günden hudaý saklasyn. Daşy doly hossar. Ýa Aşyryň Begençden aýry ýeri barmy? Ynhalykga geler agamjan. Onsoň tapgyr–tapgyr toý ederis. Gelnejemiňem daşy dolar.
— Aý, hawa-la – diýip, Dursun ýöwselledi.
Maral bolsa baldyzy gelmeziniň öň ýanyndaky wakany ýatlady. Ol Dursunyň körpeje ogly bilen gapylarynda güýmenip otyrdy. Tapçanyň üstünde oglanjygyň telpegini ýolmalap, keýpden çykan güjüjek telpegi dişledi-de, hasyrdap barşyna nirededigini unudyp krowatdan dikbaşaşak gaýtdy. Çagajyk içini tutup güldi. Maral şol wagt eltisiniň nireden çykanyny duýmady. Diňe çaganyň awynanyny görüp galdy.
— Haramlar, wagty, biwagty bilmezler. Gülkiňem bir çaky ýagşy. Binamysa günde toý diýleni-dä!
Teýeneli söz Maraly ýerinden gozgady. Tasanjyrap ogluny idirdikledip ugran Dursun eltisiniň daşyndan eýmendi. Ýöne Maral öňüne geçäýer öýtmedi.
— Hany aýak çek-le!
Dursun haýallap yza çekildi.
— Näme matlabyň bolsa düşündir. Ýogsa-da gyşyk gürrüňiňi bes et. Keseden kesekleşmegi halamok.
Gapylarynda Aşyr ardynjyrady.
Maralyň elleri aşak sallandy.
Dursun petekesini gaýşartdy. Sessiz – üýnsüz jaýyna ýüzlenen eltisine herreldi.
— Meň üstüme çöwjemersiň, gelin baý. Seň çeýnejek çöpüňem, süýkenjek adamyňam däldirin...
— Eý, diýýän sözleriňi gulagyň bir eşidýärmi? Hany, gir içerik.
Adamsynyň hemleli sözi Dursuna täsir etmese etmezdi welin, Aşyryň gelşi batlydy. Ol elindäki pilini aýlap salarly göründi.
Dursun tamyna girse-de girdi welin, gykylyg-a ýatmady.
Ajy sözden ýaralanan Maral mertlige saldy, geçirimlilik etdi. Eltisi bilen harçaňlaşyp ýörmegi özüne kiçilik bildi. Gaýynagasyny sylady. Soňabaka eltisinden gatam görmedi. Ol indi Maral üçin sylag – hormata mynasyp bolmadyk mahluga öwrüldi. Diňe ynsandan öýkelenýändir, ýokuş görülýändir.
Dura-bara Maral başga bir zada göz ýetirdi. Dursun adamsyna şeýle bir azar berýärdi welin, ony derýa ýaly giň, ýa ýazykly bolaýmasaň, çekip çydar ýaly däldi. Aşyr otursa „hassa”, çyksa „sergezdan”, işe ýapyşsa „ysnat”, gitse „gelenok”, gelse „gidenok”. Dursun bir iňirdäp başlasa, adamsyna diňe „ganat baglap asmana uçaýmak” galýardy.
Saňa bir döw çalypdyr, Dursun! Sende adamlyk galmandyr. O bende iner ýaly doganyndan jyda düşdi. Maýa ýaly enesini topraga berdi. Maýyp bolup uruşdan geldi. Seň azaryň näme indi. Ölüm bilen ýüzbe-ýüz durup, ikinji gezek dünýä geldi. Syna däl, indi onda öňki ýüregiň ýokdugynam duýaňokmy? Belki, sen oňa ýartylygy, maýyplygy üçin azar berýänsiň. Ýok-la, juda pes adam dälsiň-le! Bilmedim-dä. Onuň durmuşyna näme üçin awy gatýanyňa, hiç akylym ýetenok. Ýa ondan ýatsaň ýanyň agyrdymy? Ýa-da „aňry otur” sözüni eşitdiňmi? Neresse çagalarda näme ýazyk bar. Olary bir saýgylama. Ýazyklydyr öýtseň, saýgylaber bizem, ýüregimiz agyrandan, tenimiz awasyn.
Maral eltisi bilen aralaryndaky näsazlygy baldyzyna gürrüň bermekligi telim sapar göwnüne düwse-de, o pikirini unamady. Aýnanyň ýüregini çişiresi gelmedi.
Belki, Maralyň gaýynagasy aýalynyň yrsaramasynyň sebäbine düşünýändir. Şonuň üçinem dymýandyr.
Maral hernäçe oýlansa-da, ölçerip – dökse-de „Näme üçinlerden” baş çykaryp bilmedi. Gün geldigiçe gysyldy. Bir gezek welin eltisinden, içinden çykmaz ýaly söz eşitdi. Ölümden-de beter täsir eden ol söz Maralyň Aşyrlardan ara açmagyna sebäp boldy.
Maral çaý gaýnatmak üçin daşaryk çykdy. Dursun köne bedräniň suwuny agylyň düýbüne serpip goýberdi-de tasanjyrap öýüne girdi. Gapysyny haňyladyp açyp goýdy. Içerde goňşularynyň biri bar bolmaga çemeli. Maralam eşider ýaly edip, gaty-gaty gepledi.
— Ýarym göwünmiş. Aýny bolmasa o tükem gepletseň şony diýýär. Büý adamlarda göwün ýokmuşmy? Çagajyklaryň eşiklerini täzeläp bilemok, onda-da içerik el ýaly ýaglyk gelse, şoňa-da biri gitmeli. Ýaman öwrendi. Iýse öňünde, iýmese ardynda. Ol tük-ä şol „öl” diýse öljek. Onsoňam men-ä şonuň ak jüýjedigine-de ynanyp baramok. Il ýatyp, it uklanda-da entäp ýör. Perma bilenem görüpdirler. Käşki şeýdip başymyzdan sowlaýsady. Wah, muny permesem almaz, beýlekisem. Seret-de duruber. Aşyr ýaly bir ysnadyň başyndan sallanar-da, günüdeş bolar oturyberer. Oň ugrunda ýöne ýere kökenek bolýan däldir büý.
— Waý, eý, goýawer-ä, goňşy agzyňa alýan sözleriň näteňet? Utanmadyň nätdiň? Maral kim, oňa gara sürtmek kim... Meň bir eşitmedigim bolsun – diýip, Esen aganyň aýaly dazlap içerden çykdy.
Ysgyny gaçan Maral zordan ýöräp, eltisiniň gapysyna bardy. Ol indi eltisiniň şu wagta çenli yrsaramasynyň sebäbine düşündi.
— Diýýän zatlaryňy gulagyň bir eşidýärmi? Maral sesini çykarman gezip ýörse, agzyňa gelenini atalabermelidir öýtdüňmi? Maralyň gideni bilen dünýäň giňeýän bolsa, ol ýer tapar.
Gahary dyňzap gelenem bolsa, Maral başga kelam agyz söz aýtman yzyna dolandy. Öýlerine ýetip bilmedi. Gapylaryndaky erik agajyna ýaplanyp, maňlaýyny tutup oturdy. Agajy mekdepde okap ýören ýyllary Begenç oturdypdy.
— Bu nä myjabat, Begenç! Çydamok.
Maralyň ýüregi ýiti – ýiti sançdy. Essi aýylyp başlady. Şol ýerde ýykyldy. Ol özüne gelende daşy adamdan doludy.
Maral diňe eşiklerini, ulugyzka dokan lähen halysyny aldy-da gapysyny gulplap, atasy öýüne gitdi. Eziz doganynyň ýurduny saklap oturan baýdak ýaly gelniň gitmegi Aşyryň ýüreginde hemişelik dag goýdy. Aşyr bu hakda aýalyna gaty-gaýrym söz diýmedi. Begenje düýbünden meňzemeýän geplemezek Aşyr muny içinde saklady. Onuň aýaly bolsa, adamsynyň ýüregindäki agyr daşy saýgarardan ejiz geldi. Ýöne Dursun adamsynyň öňünde öz sylagynyň gaçandygyny duýman durup bilmedi.
***
Öýlerinden çykyp ugranda, Ýolamanyň aýagy ädilmejek boldy. Yzyna dolanaýyn diýse-de möhüm işi bardy. Düýnem başlygy tapman gaýdypdy. Ýagy ýaly gyş ýetip gelýärdi. Ot-iýmiň ýagdaýy ýaramazdy. Mallara samandan başga zat ýokdy. O-da ýagdaýlydy.
Başyny aşak salyp barşyna ýigit ilki kolhozyň prawleniýesine sowuldy. Ol ýerdenem obanyň çetindäki mal howla tarap ýöneldi. Sagymçylaryň ýanyna-da ýetip gaýtmalydy. Ejesiniň indi sanalgyja gününiň galandygyny dogtorlar-a däl, Ýolamanyň özem duýýardy.
Ýolamany howlyň agzynda sygyr çopan garşy aldy. Başga bir wagt bolanlygynda ýigit oňa degerdi. Çopanyň keýpi diýseň kökdi. Ol çem gelen zatlara agyzlaryny urup ýalmap – ýuwdup barýan sygyrlaryň yzlaryndan taýagyny aýlap, haýbat atyp goýberdi-de, Ýolamana ýüzlendi:
— Ýolaman, halypa buşluk how. Daýzam-a habarly eken asyl. Ynhalykga ertire bir çykaly, perme-de ýoldaş bolsa, gider-de guda bolar gaýdybereris – diýýä. Ol-a – seň ýaly ýigit tapsa, gyzlaryny iki elläp bererler – diýýä! Halypa boýun towlaýmagyn. Özüňjik söz berensiň. Ýogsam bilýäň-ä „saňa barjak” diýip, gün-mydar berenok how. Maral-a gowy-la halypa! Ony alaýsam şeýdip çarygymy süýräp ýörmejegim-ä bilýän.
Çopan başyndaky şypyrmasyny ýalap gaçyran sygra erbet sökdi-de, ony çöp-çalamynam kakman başyna geýdi.
— Şumadam işe geçip gitdi. Gördüňmi? Seredibem ýylgyrýar zalym. Meni halaýşyny diýsene halypa. Gowy-da halasa, menem oňat görýän-ä – diýip, ol agzynyň ugruna öz gürrüňine özi jogap berdi.
— Sen arkaýynja bolaý, daýzaň diýýän bolsa oňa gaty gideris.
Öz ýanyndan hoş bolan çopan taýagyny aýlap sygyrlaryň yzyndan kowup gitdi. Onuň yzyndan seredip galan Ýolaman „Maral ikimize ýetäýse näbileýin gardaş” diýip, içini gepletdi-de, howla girdi.
Sagymçylaryň şol bir talaplary, mallaryň ýagdaýy ýigidi ýene ynjalykdan gaçyrdy. Ýolaman başlygy tapyp, onuň bilen şu mesele hakynda ymykly gürleşýänçä, yzyna dolanmady.
Öýlerine gelende gün ýeňsä agypdy. Agşam ejesi gelnejelerini çagyrandan soň, olaryň arasynda özi bilen baglanyşykly bir möhüm gürrüňiň bolandygyny aňypdy. Şonuň üçin öýlerine girmäge ýaýdandy. Ýolamanyň ejesi zeýrenmegi halamazdy. Emma kä wagt toplap-toplap, içiniň posuny dökerdi welin, ýigit sessiz – üýnsüz ýanyndan turubererdi. Ejesi ýanyny ýere bereli bäri çykyp gidibermäge onuň bogny ysmady.
Ýolaman jaýa girende ejesi ýassyga ýaplanyp dikelip oturdy. Iki gelnejesem gapdalyndady.
— Hany, oglum, bärik geç-de, ýanymda otur. Çaýyňam şujagaz ýerde içäý – diýip, ejesi özüne zor salyp, üsgürip – üsgürip gepledi. Özünem diňle!
Ýigit otursa-da oturdy welin, özüni oňaýsyz duýdy, içini it ýyrtdy. Ejesi bolsa üsgürip – üsgürip ysgyndan düşdi. Ahyr demini zordan alyp gürledi. Dilleşen ýaly gelnejeleriniň birindenem ses çykmady.
— Ýolamanym, meni agyrtmadyň guzym. Senden müňde bir razydyryn. Indem oglum, öz ýagdaýymy özüm bilýärin. Sanalgyja günüm galypdyr.
— Ejesiniň kemtersinden gözüne ýaşam aýlaman, ölümini boýun alyp oturmagy Ýolamanyň ýüregini gyýym – gyýym etdi. Garry uzakdan aýlabam düşündirmedi. Hemişekisi ýaly, by günem göwnündäkini gönümel aýtdy. – Özüň heläk, biz heläk. Gatnamak, ýalbarmak şundan beter bolarmy, balam. Il-günem unady. Wah, eneň ony maňlaýyna togap etjekdi. Maral ýaly maşgala barmy? Ondan adam ynjajakmy? Göwün diýenimiz bolmady-da, guzym. Maňlaýymyz daşa degdi. Garry bir dymdy-da, oglunyň ýüzüne şeýle gamgyn seretdi.
— Indi biziň edenimize kaýyl bolaý guzym. Eneňi razy et.
Ýigit başyny galdyrmady. Indi onuň bolup oturyşy günäsini boýnuna alan adamyň özüne beriljek temmisiniň agyrlygyny ýa ýeňilligini bilmän, emma oňa alňasap garaşýana meňzeýärdi. Ýolaman üçin ol höküm okaldy.
Ýigit gulaklaryna ynanmady. Ýüregi sarsdy. Dünýäsi daralyp demi tutuldy. Köne penjeginiň ýakasyna elini ýetirdi. Güýçli goluň badyna ilikleriň hersi bir tarapa zyňylyp düşdi.
— Eje, aýdýanyňyz näme, çydar ýaly däl-le büý!
Ýolaman ýüzüni ejesiniň döşüne ýaplady-da edil çaga ýaly ses edip aglady. Maýa ýaly gelnejelerini, gözmonjuk ýaly jigilerini ýetim goýup giden iner ýaly iki agasy üçin, aýyň bölegi ýaly gözel gyzy intizar goýup, maksadyna ýetip bilmän giden, körpeje dogany üçin, üç ogluny guma garyp ýüregi eleme deşik bolan mähriban enesi üçin, yzynda aglap – aglap galan baýdak ýaly gelni, gözüniň alnynda gurban bolan eziz dostlary üçin aglady. Öňde–soňda aglamadygyny aglady. Ýürekde gubar baglap giden agyr gussa ahyr böwsüp çykdy. Ýigitden akylyna sygdyryp bilmejek zadyny eziz doganynyň göz guwanjyna öýlenmegini talap etdiler.
Gyz ýüregi doňdumyka! Indi oňa kim bolanda-da parhy ýokmuka? Şonsuzam Ýolamanyň her gezek ol gyza gözi düşende bimahal orlan nahal ýaly juwan jigisi ýadyna düşüp ýüregi dilinýär ahyryn. Fronta ugramazynyň öň ýanynda goňşy gyzyň uýalyp – çekinip gapdalyna gelip gepläp bilmän gözüni balkyldadyp duranyny, ahyrda-da ýuwdunyp – ýuwdunyp ýuwaşja sözlänini Ýolaman ejesine gürrüň berip biljekmidi. Şonsuzam garrynyň derdi ýetik dälmi. „Ilamana-da duşarsyňyz. Şu jorabyň birini oňa niýetläpdim-dä! Birinem özüňiz geýäýiň”. Nälet siňen uruş adamlary kyn güne saldy. Ýolamanyň daşynyň märekesi sabaýança gyz görgüli gör näçe gezek öýlerine girip çykandyr. Ýolamany görende utanyp özüni ýitirýän oba gyzyna şol iki sözi aýtmagam hupbat baryny berendir.
Ejesiniň ysgynsyz elleri oglunyň başyny sypady.
— Näme beýle ejizlediň, jan balam! Ýa seň ýüregiň ýarasy ejeňkidenem betermidi, jan ogul!
Içini boşadan Ýolaman bolşundan utanyp öýdäkileriň hijisine-de kelam agyz söz aýtman ýerinden galdy-da çykyp gitdi. Ugram Marallara tarapdy.
Ýigidiň gelşi batlam bolsa, Marallara golaýladygyça aýaklary ädilmejek boldy. „Heniz men olaryň gapylaryndan ätläp göremok. Girip näme diýerin. Maral kyn görmeseň, bize baryp gaýdaý! Aýtdym. Näme üçin diýer? Aý, ýöne... Geňirgär. Ýeňsämi gaşaryn. Olam öňküje bolşudyr-da, içiňi ýakar-da dymar. Iň ýamanam ýüzüňe-de seretmez. Aslynda onuň bilen ine-gana oturyp gürleşjek gümanyň ýokdur. „Sen meniň bilen bagtly bolmarsyň, Ýolaman”. Öňde-soňda diýeni şü. Şundan soň geplemezlige şert eden ýaly. Dymma bolaýypdyr. Mekdepde okan ýyllarymyz-a ýuwaşdygyňy biläýse başyňa ala ýabylyň gününi salardy. Şol degişmelerini häzirem bir tapaýsady. Daşyň çolaka giň ýeriň gürrüňini edýäň. Degmänine şükür edäý! Öň nä bolşuň bar! Garasyny görseň dili tutulyp, der basýan sen däl-de, eýsem kim? Ýogsam senden Maral ynjajakmy? Onuň barmagyna tiken batmagyna rowa görjekmi? Düşündir-dä şony. Maralyň başga hiç kim bilen däl, diňe Ýolaman bilen bagtly ýaşap biljekdigini aýt-da. Gaýratyň çatmaz asyl. Ýüz bermese, diňlemese nädip aýtjak.
Pikirlerinden saplanyp bilmedik Ýolaman Marallaryň gapysynda aýak çekdi. „Indi şeýt-de, ýaýdan-da dur. Gaýda – otda müzzermediň. Tüpeň gezelende başyňy aşak salmadyň. Duşmanyň eline düşeňde özüňi ýitirmediň. Ýeri, indi bir adamyň gapysyna gelip saňňyldap durmaň näme? Dözümliräk bas, Ýolaman!”
Bagtyna içerde Maralyň ýeke özi eken. Işden ýaňy gelen bolmaga çemeli, çaýyny demläp öňüne alypdyr.
— Bize bir baryp gaýtsana, Maral!
Ýigit özüni her näçe merdemsi alyp baranam bolsa, ähli güýji diňe şol iki agyz sözi aýtmaga ýetdi.
Ýolamanyň ýüzüni ak tam edip durşuny geňirgän Maral ýigidiň basymrak çykanyny kem görmedimi ýa-da oýlanmaga pursat bolmadymy diline gelenini aýdyp goýberdi.
— Bolýar.
Diňe ýigit çykyp gidenden soň, diýen sözüniň manysyna düşündi.
Maralyň ne käsä, ne-de saçaga eli uzady. Ýüregi dolup arkasyny ýüke ýaplady. Oýlandy. Oýlandygyça-da öz durmuşynda höwes edere zat tapmady. Ýolamanlara-da göwni galykmady. Ynjalygy-da bolmady. „Bararyn” diýdi. Özüň bilen des-deň adamy aldasaň nähili bolar. Onsoňam Ýolamanlar barylman ýörlen ýermi? Olara bardygyň Ýolamanyň boýnundan ildigiň däl, ahyryn.
Powestler