12:10 Doan Dyk | |
DOAN DYK
Goşgular
Doan Dyk! Doan Dyk! Biz dostduk, Dogandyk. Moskwada, kä-agşam, kä ertir Köçelerde, bulwarlarda gezerdik. Seniň ülkäň hakynda, Meniň ülkäm hakynda Aýym aýdardyk, Aýdym düzerdik... Käte gijeleri ýatman geçirdik. Bir jaýa sygdyrdyk bütin älemi. Göwnümize, gürleşerdi biz bilen Dünýäniň işçisi, Dünýäň alymy... Biz höküm çykardyk – dünýäň duşmanna Ölüm, Ölüm jezasyny bererdik. Gök asmany gorap gurban bolana Şol kiçijik jaýda, Mähriban jaýda Dagdan belent ýadygärlik gurardyk. Tüssä boglup döwsek-de biz kelläni, Kim ol, Kime menzeş? Bilmezdik ony. Ülkäňden Le Wan gelerdi. Diýerdi: «Bu men». Dünýäň dört künjeginde Döşi paralanan merdan gelerdi. Diýerdi: «Bu men». Şeýdip uzak pikre bolardyk hemra. Kim ol?! Kime meňzeş?! Tanardyk soňra. Ol Le Wandy, Ol Gurbandy... Atsyz-sorsuz ýitip giden merdandy. Ol seniň, Ol meniň – Iki doganyň Gök asmany gorap saklamak üçin Ýüreginden çykan täze permandy. Doan Dyk! Doan Dyk! Biz arzuwdaş dogandyk, Bir maksatdaş dogandyk. Entek ýüzläp güni garşy almalydyk. Ýola salmalydyk ýüzläp gijäni Köp zat hakda gyzmalydyk jedele, Köp zat hakda atmalydyk bijäni. Ýol uzakdy... ötülmeli ýer kändi. Biz diňe şo ýoluň ýarsyny geçdik. Billeri bükülen professorlaň Billeri dikeldýän sözne mätäçdik. Ädilen ädimler şowsuz bolmandy, Şonda ykbal öňümizde dürs durdy. Emma seň topragňa taşlanan bomba Gelip biziň otagmyzam sarsdyrdy. «Uruş» sözün eşdip, döndük galkana, Seni däl, galkany saldyk biz ýola, ...Her awlan «gyrgyňy» eşidenmizde, Çapak çaldyk, Çapak çaldyk müň ýola. Doan Dyk! Doan Dyk! Häzir seni ýatlap Aşgabadymda, Gymyldaman otyryn men doňan dek. ...Soldat eşiginde görýärin seni, Adalat tüpeňin alypsyň ele, Nobatky söweşe taýynlanýarsyň Ýoldaşlaň bile. Gözýetimden bolsa «aç gyrgy» gelýär. Gelýär, ana, açyp elhenç penjesin. Ondan Jon düşjekmi? Ýa kelemenläp, Wil gaçjakmy?! Bilemok, dost, onçasyn. Kimem bolsa, sizden aman sypmaz ol, Indi gaýdyp gitmez gelen yzyna. Sapak berenlere gargyş okar-da, Adalat öňünde çöker dyzyna. ...Soldat eşiginde görýärin seni, Garaşýarsyň ony çykartjak güne. Häzir!.. Häzir sen söweşe taýynlanyber, Menem siz bile Gaharly galkynýan tüpeň sesine, Dişleýärin dodagymy, dilimi. Ýaňky «aç gyrgyny» saklamak üçin Size sary uzadýaryn golumy. Geler ýoldaşlaryň garaşan güni, Uludan dem alyp, diýersiň: «Dyndyk...» Duşarys toý güni. Gutlarys seni. Doan Dyk! Doan Dyk! Doan Dyk! Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Güljahana iberilmedik goşgy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Goşhaltada galan goşgy / Goşgular - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |