11:50 Dürdäne setirlere ser salyp | |
DÜRDÄNE SETIRLERE SER SALYP
Häzirki döwürde nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň ömür-döredijiligini öwrenmäge giň mümkinçilikler bar. Şeýle beýik söz ussatlarymyzyň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Magtymguly atamyzyň dürdäne setirleri umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemlemek bilen, çuň many-mazmuna eýedir. Beýik akyldar durmuşy, älemi düşünjeler babatdaky pikirleri beýan etmek bilen, şeýle diýýär: «Janyňa jepa eýläp, munça gezme hasratda, Sogap ýagşy amalda, ýa hup ýagşy niýetde, Älem barça hyzmatda, adam ýatyp gaflatda, Hasylyň ataş bolgaý, eýleseň ýaman peýda». Netije:niýetiňi ýamana tutsaň, ömrüň hasyly ot bolar. Halkyň aňyny, niýetini ylym-bilim arkaly oňatlyga tarap öwürmek we şol esasda adalatly döwleti, ýaşaýşy gazanmak şahyryň şygyrlarynyň baş ýol-ýörelgesi. Bu pikirler millet babatynda hem şeýledir, ýagny milletiň niýeti, pikiri hakykatdan daşlaşanda, betbagtlyk şolardadyr. Niýetler oňatlyga tarap özgerse, ajaýyplyklar we gowulyklar hem şolardadyr. Halkyň aňyny bäş-on ýylyň içinde oňatlyga tarap öwräýmek örän çetin. Munuň üçin ýyllar, galyberse-de, asyrlar gerek bolýar. Şahyryň şygyrlary hem halkyň aňynda iki asyrdan gowrak wagt bäri jemlenip, adamlaryň niýetiniň oňatlyga tarap özgermegine getirýär. «Dogama duş gelen gögerer gül dek, Gülüň möwsümi dek döwran tapylmaz». Aslyýetinde, rowaýatlaryň birinde: «Adamda gül ömri diýen ömür bolarmyş. Şol gül ömri ýaşaýan kämil ynsanyň hatyrasyna bela-beterler onuň ýaşaýan obasyndan kyrk menzil sowlup geçermiş» diýilýär. Niýetlerini gowulyga tutan adamlaryň köpelmegi bilen, ýaşaýyş-durmuşyň hem barha ýokarlanjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez. Ýagşy niýetli adamlaryň, alymlaryň, sahabalaryň alkyşyny alanlar bolsa uly sogaba eýedirler. Olaryň dilegleri tiz kabul bolýandyr. Ýurt abadançylygy, il saglygy we beýleki gowy niýetli dilegler etmek meselesi babatda hem Magtymguly atamyz ajaýyp pikirleri galdyryp gidipdir. Şahyryň goşgularynda bellenilişi ýaly, dilegler hiç wagt boş goýulmaýar. Dileg eden zadyň hut özi berilmese-de, Alla şonça mukdarda saňa ýagşylyklar eçilýär, ýa bolmasa, bela-beterlerden alnyp galynýar. Esasan-da, säher çagy edilen dilegler kabul bolguçdyr: «Säher wagty gapyl bolmaň, ýaranlar, Dergahlar açylar çagdyr bu çaglar». Gowy dilegler seniň arassa, päk ýollardan ýöremegiňe alyp barar. Şahyr eden hereketleriňe görä jogaplaryň gelýändigini belläp geçipdir: Ýagşy-ýaman herne eden agmalyň, Garşyň alyp durar mydam bar bilen. Hawa, Magtymguly atamyz günä işleriň ruhuňy garaldýandygyny, kalpda gara tegmilleri emele getirýändigini goşgularynda belläp geçipdir: «Içiň şerden sakla, tiliň gybatdan, Saklamasaň, köňül gözgiň zeň bolar». Bu gara tegmilleri bolsa diňe ýagşa tutulan niýetler, haýyr-sogap işler bilen arassalap bolar. Başdaky ýagşy-ýaman pikirler, niýetler bütin süňňüňi gurşap alýar-da, hereketlere giň ýol açýar: «Tutaşmaz synanyň ody, başda hyýaly bolmasa». Şondan soň şol işe tarap hereket ýa-da şol bir aňdaky pikire bolan ymtylyş başlanýar. Ol hem niýetler bilen baglanyşyp, pikirleriň ummanyny döredip biler we niýetleriň oňatlygyna we ýaramazlygyna baglylykda, işleriň netijesi görner. Gadymy kitaplarda bellenilişine görä, ruhuň, esasan, üç sütüni bardyr: wyždan, kalbyň duýujylygy, gatnaşyk. Adamyň wyždany terezi hökmünde bolup, ol adam bedeninde bolup geçýän hadysalary, ýagşy-ýaman işleri ölçemäge ukyplydyr. Wyždan özbaşdak bolýar. Beýnä, aň-bilime garaşly bolmaýar. Ol özygtyýarly bolmak bilen, bedeniň edýän hereketlerini ýazgaryp-da bilýär, oňlap-da. Adam ýaramaz hereketler edende, wyždanyň ýazgaryjy sesi özüniň beden bilen ylalaşmaýandygyny ýürege habar berýär. Ýöne ruha gulluk etmeýän, ruhuň bedendäki hereketlerine düşünmeýän adam özüniň ýaramaz işlerini öz ýanyndan ýuwmarlap, aklamaga çalyşýar. Bu bolsa bedende, ruhda näsazlyklaryň emele gelmegine getirýär. Aňda emele gelen, jemlenen pikirler köňülde rowaç alyp, joşup, täze başlangyçlara ýol açýar. Ol pikirler köňülde arzuw-hyýallara beslenip, dile düşüp, adamzadyň geljekki hereketleriniň başlangyjy bolup durýar we baky açylyşa eýe bolýar: Alla ýady bilen tirik bolan dil, Göz ýumulmak bilen köňül ýatmaz hiç. Köňül bostanynda arzuw täze gül, Bir açylsa, durar, solup gitmez hiç. Indi pikir edip göreliň, şahyr näme diýýär: «Wagt bolar ki, bir ýel düşer serimge, Hyýal hüjüm eýläp, joşy ýandyrar. Ýüregim joş berse, aklym jem bolsa, Pikir basar, gaýgy-huşy ýandyrar». Diýmek, aňdan gelýän pikirleriň netijesinde emele gelen arzuw-hyýal bedendäki joşmak prosesini togtadyp, ýakyp bilýär eken, ýöne arzuw-hyýal ýürek bilen baglylykda joşsa, akyl, ýagşy pikirler jem bolup, adam şol ýagşy pikirleriň, niýetleriň netijesinde gaýgy-gamdan halas bolýar eken. Diýmek, bu ýerde ynsan ýüregine aňyň bellibir böleginiň, ujypsyzja böleginiň etmeli işlerini, hyzmatyny ýerine ýetirýändiginiň alamaty hökmünde hem garamak bolar. Hut şonuň üçin-de ýürek we aň adam bedeniniň esasy organlarydyr. Ýöne durmuşy garaýyşlaryň örän çylşyrymlydygyny we doly akyl ýetirip bolmaýan derejededigini şahyr şeýle belleýär: Jäht eder sen çalnyp, jahan tutmaga, Meger, bu işlere aklyň ýetmez hiç. Jelaletdin Rumynyň belläp geçmegine görä, akylyň bilim toplamagy ruhuň ýardamy bilendir. Çünki adam ukuda mahaly ruhlar älem giňişligine aralaşyp bilýärler. Şonuň üçin-de nusgawy eserlerde baş gahrymanlar, boljak-geljegi düýşlerinde görüp, olary ruhuň açyk ýagdaýyndaky sypatynda kabul edip, soňra huşunda amala aşyrýarlar. Bu bolsa dessançylyk däplerini dünýä ylmy bilen baglanyşdyryp ulanandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr. Käbir ýagdaýlarda adam ogul-gyz, ten hoşallygy üçin birnäçe halal-haram işleri garyp, oňa hem bu dünýäniň lezzeti hökmünde garaýar. «Telekä salarlar maly-mekanyň, Oglan-uşak tamam bolanyň galar» - diýip, belleýän şahyr, mal-mülküň telekä salnandan soň, ähli baýlygyň, zadyň ogul-gyzlaryňa, yzyňdakylara geçýändigini ýokardaky setirlerde belläp geçýär. Edilen ýagşy-ýaman işlere bolsa her kimiň özi jogap berýändir. Şonuň üçin-de beýik akyldar «Neçün boýna ala-ala gidersen» diýýär. Şol sebäpli-de, nesilleriňe goýulýan baýlyklar halallykdan, haýyr-sogapdan bolawersin: Magtymguly diýr, iýgeniň, Gümanadyr çeýnegeniň, Günä üçin gedergeniň, Sowap üçin güýmenewer. Aslyýetinde, Magtymguly atamyz goşgularynda maddy zatlar barada köp söz açmaýar. Şahyryň goşgularynyň özeni ruhy gatnaşyklardyr. Umumadamzat ruhy pikirleridir. Şahyryň: «Magtymguly haýran, her ýana bakar, Bu nä gudrat işdir, suwdan ot çykar, Ýagşy oguldan rehnet arygy akar, Lagnatkerde ogul dogdy-dogmady» - diýýän setirleri hem maşgala gatnaşyklary we nesil öndürmek baradadyr. Ot ýaly dogumly ogul hem, lagnatkerde ogul hem dogup biler. «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar». Ýagşy ogul ene-atasy ýurduny täzeländen soň hem, özüniň dilegleri bilen olary hemişe ýatlap gezýär we ene-atasynyň yzyndan doga-dilegler edýär. Ine, şahyryň ýagşy oguldan rehnet arygy akar diýýäni şudur. Hezreti Magtymguly atamyzyň goşgularynda adam saglygy we ony gorap saklamak baradaky pikirler hem ýokary ussatlyk bilen bellenilip geçilýär: «...Saglygyň gadryny bilgil hasta bolmazdan burun...». Belli serkerde Çingiz hanyň tebibi hemişe oňa: «Gaharyňy getirme, bagryňa zyýan ýetirersiň» diýer eken. Magtymguly atamyz bolsa: «Kelçik sözläp agyrtmagyl bagyrlar» diýýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan halk bähbitli işler ýokary belentliklere göterilip, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesi has-da gowulanýar. Üstümizdäki ýyly zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen Diýarymyzyň zähmet adamlarynyň bu günki ösüşlere beslenen her bir güni geljekki ajaýyp üstünliklerden we rowaçlyklardan habar berýär. Bu bolsa Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwletidir, arzuw eden döwrüdir. Saparmyrat HAKMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |