09:59

Duşuşyk

DUŞUŞYK

Ölüp-öçüp barýan duýgulam señki,
Mähriban, hyrçymy dişletme maña.
Yşk uran dünýämde galypsyñ ilki,
Küýsegli didelem ýaşlatma maña.

"Sag bol" diýýäñ, "Gitme" diýip bolanok,
Ýüregimiñ hasratyny duýup git.
Janymdan ezizläp, adam perişdäm,
Ol hasratly ýüregiñi goýup git.

Nirede gizlendiñ şu wagta deñiç,
Ýa bukuldym oýnap, gökden indiñmi?!
Boýnyýogyn bagtym, özüñ güjeñläp,
Ykbalyma owsun atýan sildiñmi?!

Sen öýüñe, men öýüme ýetmeli,
"Sag bol" diýýäñ, "Gitme" diýip bolanok.
Men señki, sen meñki, biz goşa ykbal,
Söýgi öýümizi sorap gelenok...

Hurma ATAJANOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 389 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Hurma Atajanowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Podýumda / Goşgular - 28.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]