02:48 Düýşleri huşa öwürýän äýnek | |
DÜÝŞLERI HUŞA ÖWÜRÝÄN ÄÝNEK
Geň-taňsy wakalar
ABŞ-ly oýlap tapyjylar Dunjan Freýzer we Stiw Makguigan görülýän düýşleriñ has gowy seljerilmegini we düýşleriñ islege görä üýtgedilmegini üpjün edýän "Remee" atly göze dakylýan äýnek oýlap tapdylar. ■ Düýş äýnegi Äýnegiñ üstünde şöhle goýberiji alty sany led adamyñ beýnisine dowamly signal goýberýär. Beýin bu şöhleleri duýan badyna düýş görýänini añşyrýar we düýşüñ erki ony görýäniñ öz ygtyýarlygyna gelýär. Düýş görýän eger uçmak islese uçýar, wagtyñ içinde gulaçlap ýüzýär, gideýin diýse göz açyp ýumasy salymda Antarktida gidip gelibem bilýär. Uky derejeleri iki esasy topara bölünýär. Birinjisi: non-REM, ikinjisi bolsa REM. Adamlar uzak gijeläp bu iki menzilden üstaşyr gidip gelýär, düýş esasanam dañ säher çaglaryna golaý bolan ukynyñ REM derejesinde görülýär. "Reeme" äýnegi "lucid dream", ýagny "açyk düýş" diýip atlandyrylan düýş äýnegidir. Äýnegiñ içki bölegindäki alty sany LED çyrasy arkaly äýnegi dakynyp ýatanyñ ýumulgy gözlerinden signal ugradylýar. Uka gidensoñ düýş wagty golaýlanda äýnegiñ ýüzündäki LED-ler ýylpyldamaga başlaýar we ýatan adam şobada özüniñ düýşdedigini duýýar. Añasty adamyñ öz erk-ygtyýarlygyna geçýär we düýşünde isleýşi ýaly hereket edip bilýär. Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | ||
| ||