21:05 Edaradan reportaž | |
EDARADAN REPORTAŽ
Goşgular
- Näme diýp edara işlemeýämiş!? Kim goýberýär "myş-myş"! Görüñ ahyr, telefonam işläp dur, Holodilnik, radio, sagadam, Kondisioner sergin howa noşlap dur, Tokly çäýnek... Sogaby kän sanasañ! Ol ýatanmy? Goý, ýatsyn-da biçäre, Haýsy gowy - ony bilip bolmaýar. Ýatdygy horlaýar - tapmadyk çäre, Oýandygam baý-baý, samahyllaýar. - Ýeri, olar näme, "waçjyk-da-waçjyk"? Bar borly zenanlañ gäwüş çalýany. - Goý-aýt, aýallarmyz çeýneýär sakgyç, Söz diýip gör ýygnagmyz geldäni, Sakgyç däl-de, çeýnär olar kelläñi! Ol gelinmi? Adyn tutma söýmeseñ... Ol uzyn gün aýnasyna gözleýär. Ol täsin hudožnik - Tañryñ goýberen Kem-köstüni krem bilen düzleýär. Çüş! Huk eder bu lektormyz gürlese: "Reýgan, Tetçer..." aýlap-ýyllap sarnaýar. Aýaly-ha gitdi, oglam türmede, Heläk ol dünýäni düzetjek bolup, Öýde bolsa maşgalasy dargaýar... Ol ýapyrlyp, belläp otyr mydama, Bitirýär ol iñ bir wajyp pişäni. Ol görýär - naçalnik alýar nyşana, Ol çeneýär - başlyk gysýar mäşäni! Sekretarşa telefona ýapyşýar, Soñ işlidir elem, dişlidir dilem. Ýa telefon üsti bilen öpüşýär, Ýa-da öpüşýär ol trubka bilen... ...Bu edarañ gybaty däl, sypaty, Munda durmuş pellesini giçleýär. Baranyndan arlar onuñ sypany: - Ýap işigi! Kondisioner işleýār! - Tokly çäýnek, holodilnik işleýär, A işgärler gördi onuñ işini. Dymyljapdyr, kabinetler porsapdyr, Bir tär bilen açaýmasak işigi!.. - Näme diýp edara işlemeýämiş!? Dürli pikir aýlanýar meñ serimde. Awans ýöräp dur, aýlyk ýöräp dur, Edara ýöräp dur... Ýöreýär ýöne Duran ýerinde!.. Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |