ENE DILI
● 21-nji fewral Halkara Ene dili güni mynasybetli;
Iller arasynda, dünýä ýüzunde,
Kimdigimi seniň bilen bildiler.
Saýgardylar, tanadylar sen bilen,
Ýogsam seni ömür boýy dildiler.
Dilinseňde, gyýlsaňda, her gezek,
Hatardan galmadyň, goşulduň sana.
Näkesleriň gol astynda bolmadyň,
Dik tutup başyňy, galdyň asmana.
Galdygyňça beýge, ýognady kökuň,
Gol uzatýar dünýäniň her künjune.
Wepaly balaň biz, ähdimiz bardyr,
Oguz begleriniň büýran borjuna.
Saňa gulluk etsem bolmaz armanym,
Sebäbi sen atam, men bolsa balaň.
Hem halal süýt beren mähryban enem,
Eneme men bir ömur bolaryn ýaran.
Saýradaryn seni saýrandek bilbil,
Owazyna goşaryn men hoş sazy.
Goý ýaňlansyn seniň süýji sözleriň,
Il bolup galdyryn asmana sary.
Şekerden datlydyr, baldan ýokarda,
Dür bolup saçylýar dilimde bolsaň.
Dünýäniň ýüzunde, özgäň ýanynda,
Men hem beýge galýan sen beýge galsaň.
Gatylypdyr saňa durli süýjilik,
Ýügrulipdir hemem paýhasdyr_ akyl.
Ogul_gyzlaň saklar seni dünýäde,
Dünýe durdugyça durar ENE DIL.
Sobhan Salarinia, türkmensähraly türkmen şahyry, mirasgär.
در سهشنبه 15 ژانویهٔ 2019، 21:17 <hasturkmen84@gmail.com نوشت:
Goşgular