14:51 Erkiniň günleri / hekaýalardan düzülen powest | |
…Eger-de “Älemiň her bir nokady onuň merkezidir.” diýen ýörgünli tymsal çyn bolsa onda, Ümmülmez älemiň hut göbeginde ýerleşýän Akdaşaýak obasynda Erkin atly bir bezzat oglanjyk ýaşaýar…
Powestler
Birinji gün-“Tokly” …Ertirden bäri Erkin nämä güýmenjegini bilmeýärdi. Söw-söw syryp, howlularynyň içind-ä onuň aýak basmadyk ýeri galmandy. “Guş ataýyn” diýse, düýn eýwanyň aýnasyny döwendigi üçin agasy Merdan kemanyny oda atypdy. Gaýraky goňşularynyň heniz bişmedik, gök, turşy almasyndan ogrynça alaýyn diýse-de, iýesi gelmeýär. “Kowalaşdy” ýa-da “Uruş-uruş” oýnamak üçin bolsa Ylýas bilen Döwran gerek. Olaram ýok. Ýeri onda nämä güýmenip bolarka?! Birdenem Erkiniň gözleri jöwherlenip gitdi. Ol sakga durdy. “Ä-hä!” Boýy kiçijigem bolsa, işiklerindäki tuduň kölegesinde derläp, çaý süzýän duldegşir goňşulary Sapargeldi aganyň gözüne ilmezlik üçin ýapyryldy. Gara kagyz örtülen kümelerini penalap araçäkleşýän gädiklerine golaýlady. Emma ýapdaky tutlaryň şahalary zerarly hiç zat görüp bilmedi. Erkiniň garaja gözjagazlarynda set müň sany garagol şeýtanjyklar at salýardylar. Şunuň ýaly bolanda onuň aňy her bir ýagdaýyň çykalgasyny örän tiz tapýardy. Bu gezegem şeýle boldy. Heniz Sapargeldi agany düzüwli görüp bilmeýändigi kellesine gelip-gelmänkä, ol mal ýataklarynyň üçegine dyrmaşmagy ýüregine düwdi. Ýatagyň üstüne çykdy-da, oňly suwlanmaga hem ýetişmedik miweleri birmahal iýlip gutarylan almanyň ýapraklaryna gizlendi. Assyrynlyk bilen Sapargeldi agany synlamaga oturdy. Ol göwün islegine ýetipdi. Haçandan bäri Sapargeldi aganyň kellesine geýýän, seçelenip duran çogdum-çogdum üýşmek ýüňden zadyny ýakynrakdan synlamagyň arzuwyndady. Ol şol zadyň nämedigini näçe kelle döwse-de hiç bilip bilmändi. Ejesi-kakasyndan soramak bolsa her gezek huşundan çykýardy. Erkin Sapargeldi aganyň kellesinde mydama ýele ykjap duran şol tüýlek zadyň adyny tapyp bilmän oňa öz ýanyndan “tokly” diýen netijä gelipdi. Ol zat dogrusy tokla çalym etmän hem durmaýardy. Bir aýagy-kellesi ýok, özem mälemeýär diýäýmeseň. Onsoňam hol ýataklaryndaky “tokly" diýilýän samsyk tüýlek jandarlar deýin ürkek däldi. Sapargeldi aga kellesinde goýdumy, hiç zatdan ürkmän-tazykman, tä özi aýyrýança şol ýerde ýatýardy. Ýogsa-da şol zadyň nämedigini häzir anyklap bolmazmyka? Dogrusy şundan amatly pursad-a bolmaz… Bu pikir kellesine geleninden Erkiniň gözjagazlaryndaky garagolja uçgynjyklar hasam köpeldiler. Onýança çaýyny içip bolan Sapargeldi aga “toklyny” hemişeki edäheti boýunça kellesine goýdy-da, turdy. Ony göz aýtymyndan sypdyrman oturan Erkinjigiň kellesi has çalt işläp başlady. “Şu wagt gitse, soň gabadyna getirip bolmaz. “Toklydan” bir zady zyňyp görmeli, eger ürkse, ol hakykatdanam agyldakylar ýaly tokly, ürkmese däl.” Erkin gözlerini elek-çelek edip, zyňaýmaga çemeliräk daş gözledi. Emma öň haçan görseň üsti hapa-hupadan doly üçek şu mahal ýalanan ýalydy. Erkin gyssandy. Häzir Sapargeldi aga jaýyň çüňkünden öwrülse onuň niýeti puja çykýardy. Birdenem ejesiniň “gurasyn” diýip serip goýan ýer almalary gözüne ildi. Erkin iň irileriniň birini garbap aldy-da, Sapargeldi agany ýagşy maýajyna getirip, dazyrdadyp goýberdi. Zyňan dessine-de öz eden işine gorkudan ýaňa ini sowap gitdi. -Eý-wäk! Ýumruk ýaly ýer almasy ýeňsesine patylap degen dessine Sapargeldi aganyň silkme telpegi tüwdürilip gitdi. Awunan ýaşulynyň sesini eşiden Erkin telpegiň tüwdürilişini hem gördi. Birhili sowuk gorky bilen: “Tokly däl eken” diýip oýlandy-da, ala-güpürdi bolup ýatakdan düşdi. Sapargeldi aga yzyndan kowalaýandyr diýen çaklama bilenem özüni tapmazlar öýdýän ýeri—Ylýaslara garşy ökjäni göterdi. Bir eli bilen awap duran ýeňsesini gaşaýan Sapargeldi aga bolsa telpegini dyzyna urup kakdy-da: -Bäý, Berdimyradyň bujagaz bezzadynyň eliniň gönüjedigin-äý! Edil ok ýaly. Atan ýerinden uraýýar. Ýogsa heniz dört hem ýaşan däldir-le welin!-diýip jowranyp galyberdi. Ikinji gün-“Hindiler we Akýagyz” …Näme üçindir, türkmen dilinde juda geň eşidilýän “Eswin” ady bilen atlandyrylan sap-sary rus iti öňüne oklanan süňke gümrady. Şol sebäpli hem ol gür tutlaryň arasyndan üstüne abanyp gelýän howpy duýmaýardy. Tutlaryň arasynda bolsa “Çingaçguk” we onuň kiçijik ýoldaşy “Elguşuň gözi”, Eswini awlamak niýeti bilen taýýar durdylar. Bu iki “hindi” arlaryny köýdürmezlik üçin “uruş ýodasyna” çykypdylar. Çünki olaryň ähtiýalan duşmany, “akýagyz” Eswin eýýäm ikinji gezek “parahatçylyk şybygyny” çekişip, “uruş tomogawkyny”1 gömendiklerini we özüne peşgeş hökmünde iki sany omaçanyň berlendigini unudypdy. Ýagny ol “Çingaçguk” bilen “Elguşyň gözüniň” öl çägeden azap edip guran galajyklarynyň üstünde agnap, olaryň “wigwamyny”2 weýran edipdi. Şonuň üçinem olar ýüzlerine dalbarlarynyň aşagynda düňderilgi ýatan gazanyň gurumyndan “söweş nagyşlaryny” çekip, ar almagyň kül-külüne düşüpdiler. “Çingaçguguň” elinde naýza hökmünde uzyn taýak we Eswiniň “skalpyny”3 almaga niýetlenen agaçdan, oýnawaç pyçak bardy. “Elguşuň gözi” bolsa “Çingaçguguň” ýasap beren ok-ýaýyny ykjam gysymlap, hatyrjem durdy. Birdenkä “Çingaçguk” bogazyna sygdygyndan hindileriň söweş çakylygyny gygyrdy-da, Eswinden naýzasyny zyňdy. Onuň çirkin sesini alyp göteren “Elguşyň gözi” hem Eswinden peýkamyny atyp goýberdi. Emma olaryň hiç biri-de “akýagyzdan” degmedi. Duşmany wehimden ýaňa elini-aýagyny ýitirip, saň-gaty etmäge niýetlenen söweşjeň gykylyk bolsa Eswini ýazzyny bermäge mejbur etdi. “Hindiler” onuň yzyndan gygyryşyp, kowup gaýtdylar. Şol barmaşa-da olaryň goh-galmagalyna aşhanada nahar bişirýän ejesi çykdy. Gorkudan ýaňa aňkasy aşan Eswin bikesiniň aýaklarynyň arasyndan dazlap geçdi. -Wa-eý, bu zady! Onýança-da hindilere gözi düşüp zähresi ýaryldy. Özüne garşy topulyp gelýän iki sany gara jynjagazda körpesi Kerimi we ondan ulusy Erkini tanap bilmän ýakasyny tutdy. -Eý Hudaý jan-eý! Bular ne bela-la!!! Erkin bilen Kerim ejeleriniň deňinden ötüp gidiberjek boldular. Emma aýňalmaga ýetişen ejesi Kerimi garbap tutdy. Ejesiniň talapkär ellerinden sypmaga endik eden, çalasyn Erkine bolsa ýetişmedi. Kerimiň gapana düşendigini gören Erkin özüniňem indi ejesinden oňlulyk tamasyny etmeli däldigine düşündi. Ol oýnawaç hanjarynam, okly sagdagynam taşlady-da, Ylýaslaryň üzümçiligine tarap ökjäni göterdi. Hemişekije gaçybatalgasynda ýerleşeninden soň bolsa Kerimiň ýüzüniň garasyny ýuwup aýyrjak bolup, dert-azara galýan ejesiniň jibrinişine diň salyp ugrady. -Wah muny nädäýpdir ahyry, bezzadyň biri bezzat! Indi munuň ýüzüni kir ýuwuja salaýmasaň aýryp bolmaz-a! Wah senem bir guzujygym, lellim-dä! Mumly ýüplük ýaly, näme etse jyňkyňy çykarmaýarsyň. Şol mahal ýüzüňi gazana oýkaýarka meni çagyraýmaly ahyry. Wah, seniň şu agaňmy! Ömri uzak bolsun, ömri uzak bolmuş, bir öýe gelsin bakaly… Barysy şu kakaňyzdan-la! Gowy gören bolup, ýatmankaňyz şol kitaplary süýjüdip-süýkdürip okap berýär. Hindiler diýdi, akýagyzlar diýdi, ýenewör diýdi… Ine-dä onsoň netijesi!… Üçünji gün-Gedem horaz …Ejesi: -Bar oglum, towuk ketekdäki ýumurtgalary alyp gel!-diýeninden Erkiniň injigi saňňyldap ugrady. Çünki towuk ketekde dym-gyzyl, uruşgan, adamçy horaz bardy. Özem gaty gabanjaňdy. Hojaýynçylyk edýän ketegine keseki girse, çog-gyzyl petekesini gaýşardyp, ýeleklerini hüžžerdip topulýardy. Öýüň kiçileriniň içinde ownuk-uşak ýumşa ýarany hem Erkin bolandygy sebäpli köplenç gopbam horazdan awunýanam şoldy. Ýöne näme, öň ençeme gezek gözi gorkan Erkin näçe üýşense-de, ejesine horazdan heder edýändigini boýun alyp biljek däldi. Her näme-de bolsa ol erkek kişi ahbeti. Şonuň üçinem ol agyr jeza höküm edileniň takdyra ten bermegi bilen towuk ketege ýöneldi. Ýüzugruna-da goranmaga çemeliräk görüp, uly ellilik gazanyň gapagyny alyp geçdi. Gadymy baýlaryň baýry aýaly deýin, eýemseklik bilen döşüni çişirip gezmeleýän horaz Erkini göreninden gyryljak sesini bokurdagynda gaýnadyp başlady. Burç dek gyzyl kekejidir-sakgalyny haýbat bilen talawlatdy. Birdenkä-de öňem zordan gelýän Erkiniň howuny hasam basjak bolýan ýaly gygyryp goýberdi: -Üý-üý-ü-üý-ü-ü!!! Duýdansyzlykdan ýaňa Erkin ziňkildäp gitdi. Ýöne bada-bat özüni dürsäp, işigiň kildine elini ýetirdi: -Näm..nämme gyg…gygyran bolýarsyň-aý?! Gork… gorkýan bardyr öýdýärmiň?!-diýip sakawlady-da, ol assyrynlyk bilen ketege girdi. Hüjüme taýynlanýan horaz ondan monjuk gözlerini aýyrmaýardy. Erkin gapagyny galkan edinip, seresaplylyk bilen ýumurtgalara garşy süýşüp ugrady. Näme üçindir horaz oňa sürünmeýärdi. Emma Erkin ýumurtgalary eline alany hem şoldy welin, horaz “wak-wak” etdi-de, özüni zyňdy. Soňra turdy bir tüpgen, gopdy bir galmagal! -Waý eje, wa-a-aý! -Wak-wak-wak… Towuklaryň, horazyň, Erkiniň sesi ýerden göterilýän ders kirşenine, towuk ýeleklerine gatylyp-garyldy. Erkin zordan başyny gutardy. Ketegiň daşyna çykanyndan soň, ol üsgürip-asgyryp demini dürsemäge durdy. Az-kem nepesi durlanyndan soň bolsa ýeňsesiniň çalaja, yzaly syzlaýandygyny duýdy. Elini ýetirip barlap gördi. -Degen däldir öýtsemem, ýene-de çyzypdyr-ow, nejis! Erkin gaňrylyp ýumrujagy bilen horaza haýbat atdy-da, öýlerine tarap ýelk ýasady. Ylgap barşyna hem ol eýýäm horazdan aryny almagyň emelini tapypdy. “Öýlerinde ejesiniň alakalara berýän zäherli arpasy bar. Şony berip bu gopbam horazjygyň ýoguna ýanmaly.” Ejesine ýumurtgalary bereninden soňra Erkin ogrynça tekjeleri dörüp başlady. Emma gözleýän zadyny tapmady. “Gutarypdyr öýdýän” diýip oýlandy-da, ýeňsesini gaşady. “Indi nätmeli bolarka?!” Erkin köp ikirjiňlenip durmady. Ýüzüne “dimedrol” diýip ýazgyly, ejesiniň käte öte ýadaw bolup uklap bilmese atýan derman gerdejiklerini, tutuş gaby bilen aldy-da: “Özüm awuly däne ýasaýaryn” diýen pikirde, aýaguçlaryna gaýtdy. Baryp derman düwürlerini ýekän-ýekän owratdy. Soňra iýme goşdy-da, towuklaryň nowasyna guýdy. Ýeňiş gazanan horaz ýeňijiniň dabarasy bilen kämahal bir ganatlaryny pat-pat kakyp, Erkine çiňerilýärdi. Arasynda-da özüne göwnüýetijilik bilen nowasyna guýlan iýmden çokýardy. -Çokuber, çokuber. Men senjagazy dolanyp çişmez ýaly ederin, ýel berilýän meşik!-diýip Erkin hüňürdedi-de, horaza dilini çykaryp, dodagyny çöwürdi. Soňam yzyna gaýtdy. Birhaýukdan soň bolsa öz goparan hokgasy düýpgöter huşundan çykdy… Birhaýukdan soň towuk ketege tarap gaýdan ejesi towuk ketegiň gapysyny açdy-da, tabagyndaky nahar galyndysyny nowa düňderip çykyberjek boldy. Birdenem gyzyl-ýaýyrt bolup, çäşerip ýatan towuklara gözi düşdi-de, allaniçigsi bolup tisgindi. Boş elini dulugyna goýubam, süýkdirip pyşyrdady: -Häý bezzadyň biri bezza-a-a-at! Ýumurtga getir diýsem bulary edäýenni-i-i!!! Birdenem gygyryp goýberdi: -Erkin! Erkin diýýän-u! Gel bärik! Bi towuklary nädäýpsiň, bezza-a-at! Ejesiniň sesi gulagyna ileninden oýnap duran pökgüsini taşlady-da, Erkin, heniz näme üçin çagyrylýandygyna düşünmese-de, ejesiniň sesinden özüniň oňlulyga çagyrylmaýandygyny aňyp, hemişekije gizlenýän ýerine garşy eňdi. Tä gün ýaşyp, uky dermanynyň täsirinden açylan towuklaryň galmagalyny eşidýänçä-de gaçybatalgasyndan çykmady. Gijara işden gelenden soň gündizki wakany eşiden kakasy bolsa ýörite towuklary görmäge bardy. Henizem uky dermanynyň täsirinden doly aýňalyp bilmän, serhoş ýaly, öz aýagyna çolaşyp, ýykylyp-sürşüp ýören horazy görübem heziller edip, loh-loh güldi. Dördünji gün-“King-Kong diri!” …Bu gaýyş nikap Erkiniň arada gören filminiň baş gahrymany – äpet maýmynlar King bilen Konga hut bir almany iki bölen ýaly kybapdaşdy. Munuň şeýledigini bilýän Döwran hem bu nikabyň hojaýynydygyna aýnap, ony garşy-garşy geýip çykarýardy. Höwesli gözlerini ýyldyradyp, ýuwdunýan Erkine güjeňleýärdi. -Döwran, menem geýip göräýeýin-dä! -Me-h!-edip Döwran Erkine uly bir howandarlyk edýän dek, minnet bilen nikaby uzatdy. Erkin açgözlülik bilen ony garbap aldy. Şondan soň olar birsellem nikaby geýip-çykaryp başladylar. King-Kong maýmynlar ýaly arlap biri-biriniň üstüne topulan boldular. Emma bu oýun gaty tiz olaryň ýüregine düşdi. Içleri gysyp ugrady. Ýöne mydama gözi garagollukda bolan Erkin derrew bu ýagdaýdan çykalga tapdy: -Döwran, ýör, bize gideli-de Kerim bilen Ylýasyň jigisi Dötdäni gorkuzaly! -Nädip?! -Olar häzir öýmüzde oýnap otyrlar. Jaýyň çüňkünde gizleneris-de olary çagyrarys. Çykarlaram welin, men nikaby geýerin-de, arlap üstüne bökerin. Döwran täze oýnuň hezilligine düşünip, ylalaşyjy baş atdy. Olar niýetlerine düwüşleri ýaly hem etdiler. Bukuldylar. Erkin nikaby ýüzüne dakanyndan soň Kerim bilen Dötdäni çagyrdylar. Emma näme üçindir hiç kim ses bermedi. Olar ýene-de gygyryşdylar. Ýene-de hä beren bolmady. Diňe üçünji gezek gygyryşanlaryndan soňra gapynyň açylyp-ýapylýan jygyldysy eşidildi. Olar oslagsyz atylyp çykmaga taýýarlanyp, ýapyryldylar. Haçan-da ädim sesi ýakynlaşan-da olaryň ikisi hem şaňňy sesleri bilen ýaralaryna basylýan ýaly bögürip, bökdüler… …Kerim bilen Dörtguly birmahal öýden gidipdiler. Içerde diňe Erkiniň kakasy çaý içip, telewizor görýärdi. Daşaryk çykmagy hem özüni bimaza edýän Erkine haý-küş etmek üçindi… Erkin arlap bökende kakasynyň depe saçy dim-dik bolup, gözleri peträp gitdi. Heýýaty göçüp, birbada gepläbem bilmedi. Haçan-da özüni dürsäp, bezzat oglunyň temmisini bermekçi bolanda bolsa, eýýäm giçdi. Erkiniň tozany hem galmandy. Şonuň üçinem kakasy garagoluna gaýybana käýinmek bilen çäklenmeli boldy: -Wah, senjagaz bir! Agzyňa uçuk hem gaýnatjak ahyry bu diýmäýin diýsem, kürrejik! Ýeri kakaňdan başga oýnara adam ýokmy diýsene?! Bir elime düş bakaly! Mazaly çüňkde durmaly bolarsyň! …Kakasynyň bu söýünçli käýinçlerinden bihabar Erkinjik bolsa bu wagt Ylýaslaryň gür üzümçiliginde garaja gözlerini ýyldyradyp, bukulyp ýatyşyna indiki “gyzykly oýny” oýlap tapmak üçin bezzat kellejigine agram salýardy… Bäşinji gün-“Toplar ot açyň!” …Kellesi gara gana boýalan esger iň soňky deminde hykylap, elini uzatdy-da meýdan telefonynyň trubkasyny aldy. Onuň ysgynsyz, gyryljak sesi çar ýanynda partlaýan top oklarynyň gümmürdisinden-de belent çykdy. - Toplar! Maňa garşy!!! Ot açyň! …Ekran assajadan agardy-da, onuň ýüzünde: “Şu film Beýik Watançylyk Urşunyň gerçeklerine bagyşlandy.” diýen ýazgy peýda boldy… Film soňlandy. Emma henizem onuň täsirinden saplanyp bilmeýän Erkin esli wagtlap gözüni tegeläp oturdy. Onuň beýnijiginde ýaňky gören wakalary hyň berýärdiler. Emma film näçe gyzykly bolsa-da, beýdip oturmak ahbeti Erkinjigiň ýüregine düşdi. Ol daş çykdy-da, ýaňky gören kinosyny has hem süýjüdip, üstüne goşup, aýdyp bermek üçin Ylýaslara niýetlendi. Ýöne birdenkä bassyrmalarynyň aşagynda gydyrdanyp ýören agasynyň gözüne ilmegi, ony aýak çekmäge mejbur etdi. Onuň gözjagazlaryndaky bilesigelijilik közjagazlary ýyldyraşyp gitdiler. “Merdan, näme ýasanýar?!” Kellesinde dörän bu sowalyna şeýlebir jogap tapasy geldi welin, Erkin şondan galan, ähli zady unutdy. Ýöne näçe içi byjyklasa-da Merdana golaýlaşmaga milt etmedi. Çünki töwereginde omadaklap, öte ýüregine düşüberse şirelije şapbatdan dadaýmagy gaty ähtimaldy. Şonuň üçinem Erkin onuň nämä meşgullanýandygy bilen gyzyklanýandygyny bildirmän, öz işine gümra bolan boldy. Ýöne Merdany gözüniň çetjagazyndan sypdyrmady. Ahyrsoňy hem “yhlasa myrat” diýlişi deýin agasynyň näme edýändigini anyklady. Ol däri deregine otlyçöpüň kükürdi, gülle deregine-de tigriň tekerlerindäki owunjak, togalajyk şarjagazlar ulanylýan, hyrlypisint ýasama tüpeň gurnanýardy. Merdan hem garagol jigisine üns bermedik bolsa-da, häsiýetine beletdigi sebäpli, onuň näme üçin öz daşynda perwaz urýandygyna düşünipdi. Şol zerarly-da ol tüpeňini ýasap dynanyndan soňra kümede, Erkiniň tapyp bilmez öýden ýerinde mäkäm ýygşyrdy. Beýdeni bilenem göwni ynjalman, Erkine abyr-zabyr etdi: - Eý tokmakkelle! Ýaňkyny gözläp, alaýsaň, oýnaýsaň eýmijiňi ýetirerin! Onuň bu azmy beýle zat ýadyna-oýuna-da düşmeýän däliniň eline otlyçöp berip, bede küdesini-de görkezip: “şuny otlaýmagyn” diýenden enaýy bolmady. Agasy derwezeden çykýança mysapyrlyk bilen piljagazyna dümtünen bolan Erkin ol giden dessine bir käse çaý içim salyma-da ýetirmän tüpeňi tapdy. Garabaşyna gaý bolup, ony her dürli edip oýnan boldy. “Ta-ta” diýip howaýy “duşmanlary” atdy. Özi ok degen bolup, ýykyldy. Hemişeki oýnaýan ýeri – dalbaryň aşagyna baryp, eşekgeriş ösýän üzüme, “bedew atyna” atlandy-da, özünden “gaçýan garakçylary” kowdy. Garaz bolmajysyny boldy. Emma bu oýunlar günde onlarça gezek oýnalýandygy zerarly bahym onuň ýüregine düşdi. Atyndan düşdi-de, ol indi nämä garzynjagyny bilmän tüpeňiň nilini gorjap ugrady. Birdenem onuň gözjagazlary jöwherlenip gitdiler. Agasynyň şuňa çalymdaş tüpeňi nädip gurnaýandygyny we atýandygyny ol nijeme sapar görüpdi. Häzirem şol onuň hakydasyna gelipdi. Gözlerinde bezzat jynjagazlaryň set hazary bökjekleşip, çarp urup başlan Erkin hiç kimiň gözüne ilmän aşhanadan birküç gap otluçöp ogurlady. Getirip olary däne-däne gyrdy-da, tüpeňiň nili edilen ýaldyrawuk tokurtgajyga synçgalap dykdy. Üstündenem bir gysym şarjagazy guýdy. Soňra emaý bilen tüpeňi göterdi-de mellekleriniň aýagujuna eltip, goňşularynyň agaç tagtamydyr-şifer böleklerinden gurlan, çalamydar hajathanalaryna çenäp, dikdi. Jinnek ýalyjagam ikirjiňlenmän, çöpi çyzdy-da, tüpeňe degrip, allaowarra gaçdy. Mal ýatagyň deňine ýetip, aşak oturdy. Eljagazlary bilen gulaklaryny ýapyp, kellesini dyzynyň arasyna saldy. Emma näme üçindir uly bükgüldä galyp, “ynha atylar, häzir atylar„ diýip näçe garaşsa-da tüpeň atylmady. Gulagyny açyp, birsalym üşerlip oturandan soň: “ody öçendir” diýen çaklama bilen Erkin ýerinden turdy. Ol turan dessine gulagyňy gapyp gelýän gümpüldi ýaňlandy. Bada-badam doly ýagýandakysy ýaly, şagyrdy eşidildi. Şagyrdy bilen bilelikde goňşularynyň çalamydar hajathanasy bir ýanlygyna agdy. Degen şarjagazlardan ýaňa iri göz elege dönen böwründäki şifer bolsa tütäp gitdi. ...Nurýagdynyň ejesi sekiniň üstünde tikin-çatyna güýmenýärdi. Ol birbada mellekleriniň aýagujunda turan tüpgene düşünmedi. Ýöne ýanyny ýere berip, çalam-çaş bolup ýatan hajathanalarynydyr, eýýäm hol garagörnümden gaçyp barýan Erkinjigi göreninde oňa bar zat aý-aýdyň boldy. Ol içinden: “Wah bu ýene-de goňşularyň bezzady-da!” diýip, hajathana garşy ýelk ýasady. Erkin bolsa oňa çenli hemişeki gizlenýänje ýeri--goňşularynyň üzüminiň düýbünde gizlendi... Altynjy gün-Parahatçylyk kasamy …Mawy ekranda Oswensim konslageri hakyndaky dokumental filmi görkezýärdiler. Telewizoryň öňünde Erkinleriň tutuş maşgalasy gorkunç hakykatdan ýaňa doňup otyrdy. Erkiniň gapdalynda ornaşan Ylýasyň bolsa agzy öwelip galypdy. Diňe entek hiç zada düşünmeýän Kerimjik Erkiniň dek oturanlygyndan peýdalanyp, guduraýardy. -Bir million adam! Peçde ýakylan, atylan, açlykdan-horlukdan ölen bir million sany ynsanyň ömri…-diýip ekrandan hasratly ses ýaňlanýardy. Bu owaz heniz bu görýänlerine doly düşünibem bilmeýän Erkiniň göwünjigini lerzana getirýärdi. Onuň kiçijik ýüregini eýmenç wehimden doldurýardy… Film tamamlandy. Ýöne onuň güýçli täsiri Erkinde gaýra goýman amala aşyrmaly bir pikiri döretdi. Ol haýdap özüniň ähli oýnawaç ýaraglaryny, Merdanyň öňki oda atanynyň öwezine ýasap beren kemanyny we ok-ýaýyny bir ýere üýşürdi. Ylýasa-da: -Bar senem, hol kakaň getirip beren gara sapançasyny getir!-diýdi. Ylýas ol “uruş-uruş” oýnamakçy bolýandyr öýdüp, öýlerine ýelk ýasady. Gidişindenem tiz dolandy. Ol geleninde bolsa eýýäm Erkin kiçijik piljagazy bilen mellekleriniň aýagujunda çukur gazýardy. Ylýas näme üçin gazylýandygyna düşünmese-de, oňa kömekleşip başlady. Olar gezekleşip, derrew dyndylar. Soňra Erkin ähli oýnawaç ýaraglaryny çukurjyga oklady. Ylýasyň sapançasyny hem zyňdy. Onuň hereketlerine düşünmeýändigi sebäpli Ylýas hiç-hili garşylyk görkezmedi. Onýança bir ýerden gelip ýetişen Kerimjik hem täzeje oýnawaç gylyçjygyny çukura atyp goýberdi. Soňra olar üç bolup haýdap çukura gum sürüp ugradylar. Gömenlerinden soň Erkin dikeldi-de, ýaşyna gelişmeýän dabaraly keşpde: -Men dolanyp ine şu tüpeňler bilen “uruş-uruş” oýnamaryn. Kemanym bilen guş hem atmaryn. Eger men şeýdäýsem, goý meni Hudaý jan kessin! Ýene-de…ýene-de…-diýip Erkin ant içer ýaly has gorkunçrak zady agtardy. Birdenem ýüzi ýagtyldy:-Ýene-de goý meni, Orazlaryň daňylgy duran gara öküzi, boşanyp gaçsyn-da, gaçyp barýarka-da meni kowalap süsäýsin! Erkin näme etse, näme diýse gaýtalamaga endik eden Ylýas: -Menem!-diýdi. Bu täze oýun Kerime-de ýaran bolara çemeli. Ol peltek dili bilen bazzyk-buzzuk edip, Erkindir Ylýasyň daşyndan pyrlanyp başlady: -Melem, melem, oýşjak dä, melem!!!… …Ine şeýdibem türkmeniň ebedi mawy asmanynyň astynda, ýaňy gögerip gelýän nahaljyklara çalymdaş üç sany ýaşajyk ynsanjyk hiç haçan uruşmazlyk, gan dökmezlik hakynda kasam etdiler. Olaryň özleri üçinem bu kasamlary şeýlebir berkdi. Hiç haçan bozup bolmajak mukaddesdi… Kerimjigiň jaň ýalyjak owazy bolsa olaryň bu ähtnamasyny bütin dünýä jar edýärdi: -Melem! Melem oýşjak dä, melem!… Ýedinji gün bolsa ýekşenbä düşüp, Erkin dynç aldy. S.Ataýew. "Ýaşaýyş yşky" hekaýalar ýygyndysy. A.:TDNG, 2015. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |