10:43 Eziz dostum -2/ powestiñ dowamy | |
Azady gyzlaryň biri pianinonyň başyndan turuzdy. Onuň ýerine garaýagyz gyz geçdi. Şol uzyn syratly gyz ýigidiň iki egnine ellerini goýup saza goşup aýlanyp başlady. Içimi gepletdim. «Şu gyz Azady halaýandyr». Sebäbi ýigit saz çalýarka-da, gepleşip otyrka-da ondan gözüni aýranok. «Mynasyp jübüt» diýsemem, Azady belent tutasym gelip dur. Azadyň dik ýüzünde, töweregine nur çaýýan şol ullakan şöhleli, şol bir wagtyň özünde aýgytly gözlerinde diňe bir akyl däl, öz mertebesini bilýän ýigidiň bir hili gözel gyzlara mahsus bolan buýsanjam bar. Şol sypat ony hasam gözel görkezýär. Syratly, inçeden syrdam bedenem edil gurşundan guýlan ýaly. Ýurdamana-da syratly diýýärler. Azadyň ýanynda ol hopul – sopulyrak. Gyz täze saza geçdi. Bir görsem, Azat gapdalymda otyr. Ol adaja gürledi. — Sen asyl biziň goňşymyz ekeniň-ä Gülälek, şu wagta çenli bilmändirin. — Menem onuň şäherlidigini bilmeýändigimi aýtdym. — Köplenç obada-la, ýöne kämahal gelýärin. — Okaýaryn diýipdiň-le! — Okaýan. Häzir bäş on günlük rugsada geldim. Jaý agamyňky, häzir olar ejemiň ýanynda. Okaýaňmy ýa işleýäňmi, Gülälek! — Hijisinem edemok. Azat geňirgäp ýüzüme seretdi. Soňam esli salymlap elini owkalaşdyryp oturdy-da: — Sen okarsyň öýdüpdim – diýdi. Soňam bir hili aladaly ýüzüme seretdi-de ýene sorag berdi: — Näme, garşy bolýarlarmy? — Ýok-la. — Arzuwlar gursakda garramasyn, Gülälek. Sende seýrek duş gelýän zehin bar. Zehin diňe özüňki däldir, halkyňkydyr hem. Ony basyrylgy goýmak bolarmy? Sen sungata biperwaý gyz-a bolmaly däl. Kömegim degjek bolsa hemişe taýýar. Isleseň bu hakda Ýurdaman bilen özümem gürleşeýin. Men Ýurdamana tarap gözümi aýladym. Olaryň şol jedelleşip oturyşlary. Ýadanoklarmyka? Azada tarap öwrüldim: — Maňa nirede okamagy maslahat berýäň, Azat. — Nirede bolsa-da aýdym-saz ugrundan. Azada anyk jogap bermedim. Ýöne olardan gaýdanymyzda okamak höwesi bilen gaýtdym. Şol gün agşam men uzak wagtlap uklap bilmedim. Kalbymda gizlenip ýatan arzuwlarymyň dörjelenendigi üçin. Megerem, bir adam dünýäde bagtly bolsa, men bagtlydyryn. Bu diňe Ýurdamanyň mährine çoýunýanlygym üçinem däldi. Şol mähri bütin durky bilen duýýanlygym üçindi. Ýöne adama-da gowudan-gowusy gerek. Ýurdamanym diňe meniň bilen bagtlymy? Bir gezek ondan «Ýurdaman, hatdan ireňokmy! Gije – gündiz ýazyp oturmak ýüregiňe düşenokmy?» diýip soradym. — Geň sorag berýäň, Gülälek. Ýadamok. Heýem adam öz halaýan işinden ýadarmy? Gaýtam, ol maňa güýç berýär. Men işsiz bir günem oňup bilmerin. Iş maksadyňdyr, Gülälek. Maksatsyzam ýaşaýyş bolarmy? – diýdi. — Eýsem maksatsyz ýaşap ýören ýokmudyr, Ýurdaman? — Ýokdur. Maksatsyz adamyň ganatsyz guşdan tapawudy bolmaz. Şonda men sesimi çykarmadym. Ýöne oýlandym. Bikär adam men. Onda ganatsyz guş-da. Bir zada barha göz ýetirdim. Çagalykda durmuşymy bezän arzuwlarym şol arzuwlygynda indi meni kanagatlandyranok. Ol arzuwlar indi durmuşymam öňküsi ýaly bezänok. Ýöne olar indi maňa ynjalygam berenok. Özümde zehin barmy ýa ýokmy, onçasyny biljek däl, ýöne bir zady bilýän gamlansamam, şatlansamam aýdym meniň hemram. Oýlandygymça, bir zada geň galdym. «Işsiz bir günem ýaşap bilmejek» adam, pişesiz hem maksatsyz bir adamyň edil gapdaljygyndan örüp ýörenini duýanokmyka? Ýa ol hojalygyň hysyrdylaryny Gülälek üçin ýeterlik hasap edýärmikä? «Mensizem işi ýetik» diýip özümi köşeşdirdim. Ýöne meniň islegime Ýurdaman nähili garajak. Ylalaşman oturyberse, kejine gaýdyp biljekmi? Gaýynenem dagy hasam oňlamaz. Onda-da aýdymçy, artist boljak diýseň. Şu mesele hakynda Ýurdaman bilen ýüzbe–ýüz oturyp gepleşmäge ýaýdandym. Ýöne gepleşmeli bolaryn. Agşam Ýurdaman çaý içip oturyşyna gözüni aýyrman maňa seredýär. Men duýmadyk bolup tikin tikip otyryn. Göwnüme bolmasa, onuň gözlerinde bir galagopluk bar ýaly. Onsoň özümi birhili oňaýsyz duýdum. Garaşmadyk soragymy berdi: — Azady öň tanaýarmydyň Gülälek? Ýurdaman dikelip oturdy-da indi gös–göni ýüzüme seretdi. — Hawa. Näme üçin soradyň? Ýurdaman dymdy. Men biynjalyk boldum. Men bir hata goýberäýdimmikäm. Şol günki utanyp göz – gülban bolup oturşymy halan däldir. — Gülälek, gönümden gelsem sungata baş goşmagyňy unamok – diýip, bir hili ünjüli aýtdy. – Sebäbini sorasaň aýdyp biljek däl. Belki ol kär tebigatyma laýyk gelýän däldir. Bilemok. Ýurdaman ýene dymdy-da soň dowam etdi. Meň welin içimde harasat gopup başlady. — Men-ä öz pikirimi aýtdym. Eger okamagy göwnüňe düwen bolsaň, saklap bilmerin. Erkiň eliňde. Her kim bir käri söýýär. Şonuň bilenem abraý alýar. Belkem seniň geljegiň şol hünär bilen baglydyr. Ýurdaman ýüzüni sowup oturdy-da, ýene adymy tutdy. Onuň nazaryndan sypyp özümi dürsemäge-de ýetişmändim. — Ýöne seniň islegiň maňa kesekiniň üsti bilen ýetse, ýokuş degýär. Ýürekgysdyryjy dymyşlyk. Ýurdaman agraslyk bilen ýerinden galdy. Geýnip başlady. Çykyp barýarka, okalga bir sellem işlemäge gitjekdigini aýtdy. Doňan ýaly bolup otyryn, elim işe baranok. Ýurdaman bilen öň aç-açan gürleşmedigime, sala salmadygyma gynandym. Şu ýaýdanjaňlyk gursun. Ýüregi alnan adam-da men. Hyýal etsem «Ýurdamany närazy edip, okuwa gitsem nähili bolar» diýen pikir meni horlap başlady. Ýap-ýaňy dälmidi bagtlylykdan gözüňden goýberip duranyň? Şu durmuşy özüňe köp görüp mesligi göterinip bilmän ýören bolaýma. Maksadyň dört diwara duwlanyp oturmazlyk bolsa iş gytmy? Ylym aljak bolsaň başga okuw gytmy? Kelläm hum ýaly çişdi. Her adamda belli maksat bolmazmy? Muny Ýurdamanyň hut özi aýdýar. Saýlap tutan hünärim üçin ýazyklymy men onsoň. Adam öz islegine garşy gitse nähili bolar . Ýurdaman yzy bilen dolanyp geldi. Häzir oňa şeýle bir nebsim agyrdy. Işiniň köpdüginem bilip durun. Ýurdaman ýene ynjalman stoluň başyna geçdi. Kellesini tutup esli oturdy. Men oňa hut dözmedim. Gapdalyna baryp oturdym. — Ýurdaman! Ýurdaman meni gepletmedi. Dikelip oturdy-da, egnimden gujaklady: — Gülälek! Gönümelligim üçin menden gaty görme! Göwnümdäkini saňa aýtmanam bilerdim. Ýöne ol barybir duýlardy. Bassyr-bussur edip ýörmäni halamok. Şonuň üçinem maňa dogry düşün-de öýkeläp ýörme. Hany, ýüzüme seret. Men başymy Ýurdamanyň döşünde goýdum. Ýurdaman bir aýlyk iş saparyna gitdi. Menem öýlerine. Okuw hakda Ýurdaman ejesine-de gürrüň beren eken. — Okaýsam diýýärmiň, Gülälek jan – diýip ol gürrüň açdy. — Aý, entek belli zat ýok-la. — Özümizä mugallymçylyk ýa lukmançylyk bolsa kem göremzok welin, elbetde halansyň-da. Abraýyňy saklap, okap, işläp bilseň, hünäriň ýaramaz-a bolmaz-la. Soň ol ýüň darap oturşyna Ýurdamanyň dostlarynyň biriniň gelni hakynda gürrüň berdi. Ol aýdymçymyş. Asylly hem edepli diýýär. Bäş çagasy barmyş. Gaýynenem meni şol gelin bilen tanyşdyrmagy göwnüne düwendigini aýtdy. “Ondan köp zat öwrenersiň” diýýär. Gaýynenemlerden Ýurdamanyň gelmegine iki-üç gün galanda dolanyp geldim. *** Uzynly gün güýmenýän işlerimi sanlyja sagadyň içinde edişdirip dalana çykýaryn. Şol ýerden bolsa Azadyň irginsiz çalýan sazlary edil gapdalymda ýaly eşidilýär. Menem bar, eýwanymyzyň garşysyndaky baglaryň aşagynda goja-da bar. Ol-da sazyň muşdagy. Azadyň çalýan şirin mukamlary hyýallarymy alyslara, lälezarlyklara, Aşgabady erňekläp oturan ajaýyp baýyrlyklaryň üstlerine alyp gidýär. Bagtlylykdan ýaňa serhoş bolup, şirin duýgularyma berlip şol baýyrlyklarda çemen bogup ýörin. Birdenem özümi giň sahnada, tomaşaçylaryň alnynda aýdym aýdyp duran halda görýärin. Labyzly hem dury sesim asuda howada uzaklarda ýaňlanýar. Adamlar maňa çemen gowşurýar. Bu hyýallardan soň, her gün Ýurdamana ýalbarmagy, hoş sözler bilen göwnüni awlamagy ýüregme düwýärin. Ol hoşallyk bilen ýola salsa, lezzeti başga ahyryn. Ýurdaman işden geldigi ol pikirimden el çekýärin. Başaramok. Ýalbarmaga beýle-de dursun, şol hakda gürrüňem gozgap bilemok. Bu onuň okuw hakda söz açmanymy kem görmeýändigini duýýandygym üçindir. Azada bolsa okuwa gitmek üçin taýýarlyk görýändigimi aýtdym. Bir topar kitabam getirip gitdi. Azadyň kanikula gelenine iki hepde bolup barýar. Ol Leningraddanam ýeňiljek notalary sowgat getirdi. Soňabaka darygyp başladym. Ýüregindäkini aýdandan, närazylygyny duýdurandan soň, “Gülälek niýetinden el çekendir” diýen pikiriň onda dörän bolmagy mümkin. Sebäp diýseň, Ýurdaman bu meselä soň gaýdyp gelmedi. Wagtam gidip barýar. Maňa indi içeriniň işlerem ýüregedüşgünç hemem tükeniksiz bolup göründi. Wagtal-wagtal özümi bir ýere ugrajak ýolagçy ýaly duýýaryn. Ahyr bir gün Ýurdaman bilen ymykly gepleşmegi ýüregime düwdüm. Ýöne ol menden öňürdäýdi. Bir gün işden gele – gelmäne şeýle diýdi: — Okap, ýa ýazyp oturanyňy göremok-la, Gülälek. Okuwa girmeg-ä gaty kyndyr. Gör-dä, soň ökünäýme! Şundan soň göwnümi bire baglap taýynlanyp başladym. Azadam meniň üçin wagtyny gysganmady. Ýurdamanam elinden gelen kömegini etdi. Bir aýlap agşamlaryna işini eline almady. Azat meni köp horlady. Soňabaka olara gitmäge ýaýdanyberdim. Ýa men erjel däl, ýa-da Azadyň öwredýän zatlary çakymdan kyn. Azadyň ýüregedüşgünç talaplaryndan ýadaýan. Aýdym aýtmak üçin özümiň-ä beýnime agram salanym, ýa-da dem alşymy sazlajak bolup azara galanym ýadyma düşenok. Maňa düşündirip Azadyň her gün bokurdagy gurap gidýär. Mensizem işiniň başyndan agdykdygyny bilip durun. Günde şol bir zat, şol bir heň. Gaýtalaýar, gaýtaladýar. Azat bilen öz aýdyşymda tapawut bilemok. Tapawut bardyr-da, elbetde. Dogry, häli-şindi «Ýadaňok gerek?» diýmegem ýatdan çykaranok. Ýadasam nädeýin. Onda-da «Ýok-la» diýen bolýan. — Onda demiňi kadaly al-da, erkinräk durup aýdyber. Özüňe zor salar ýaly kyn zat ýok. — Zor salamog-a. Azat ýylgyrýar. Dogrudanam, ýa Azatdan çekinýän, ýa-da asyl oňaramok. Başlaýan, saklaýar. Içimi it ýyrtýar. Onuň azaryna-da däl. Indi Azat sesime-de müňkür. Düýn dälmidi «Mahmal ýaly sesiň bar» diýip oturany. Bu günki gün indi işlenmedik şaňňy sesim barmyşyn. Oýnuna-da, çynyna-da düşüner ýaly däl. Sazçylyk uçilişesine okuwa girdim. Özümden beter. Azat begendi. Okuw çaklaşym ýaly agram düşmedi. Az wagtda köp zady öwretjek bolup, Azat özünem menem horlan eken. Okadygymça-da bir zada göz ýetirdim. Özümiň hysyrdyly hem güzaply ýola aýak basýandygyma. Ýöne ol ýol okalmadyk kitap ýaly, özüne çekijidi, täsindi. Azadyň çalýan sazlary gaýgy – gamsyz kalbyma ganat bekledi. Ýurdamanym meni yssy mähri bilen çoýdy. Erksizlikden soň lälik çaga ýaly ýaýnadym. Ýurdaman bilen durmuş gurup ýaşaýşyň hakyky manysyny duýdum. Erkinligiň ýok ýerinde, bagtam çäkli bolýar. Ýurdaman maňa erkinligem berdi. Kapasadaky guşam arzuwsyz ýaşaýan däldir. Mawy asmanyň aşygydyr, uç-gyraksyz sähralaryň, gülälekli gollaryň, bag-bakjalaryň depesinde öz erkine ýaýnap uçmagyň hyýalyndadyr. Meniňem indi mawy asmanda, dem alýan, ýaşaýan dünýämde şärikligim bar. Ile goşuldym. Işim, aladam, maksadym bar. Okuwa-da, öýe-de ýetişýärin. Janym sag bolup haýdap ýörenligimde hojalygam, okuwam hossa bilemok. Ýöne her ýyl diýen ýaly çaga sebäpli hassahana düşýärin-de, wagty bilen aýňalyp bilemok. Gaýynenem özümden beter gynanýar. Görgüsini görýärin, ejirini çekýärin, hassahanadan elim bäbekli çykyp göremok. Ýogsam lukmanlaram ellerinden gelenini edýärler. Ýurdamanym, şol günler özüne orun tapanok. Onda-da erkek adam-da duýduranok. Içinde harasat gopup duranam bolsa giňlige salmagy başarýar. Seni köşeşdirmek, düşünişdirmek bilendir. Aşgabadyň sazçylyk uçilişesini gutaryp hem opera–balet teatrynda, filarmoniýada işleşip ýörenler bar. Ýöne bu arzuw – isleg diýlen zady hiý goýaýyň, çägi bolmaz eken. Okap ýörkäm, Moskwadan adam geldi. “Tapawutlanýan talyplary saýlap, Moskwa konserwatoriýa alyp gidýärmişler” diýen habar talyplaryň arasyna ýyldyrym çaltlygynda ýaýrady. Men bir tolgunmak tolgundym. Arzuwymam, islegimem diňe şoňa diredi duruberdi. Saýlantgylaryň arasyna düşüp bilsem depäm gök direjekdi. Dagy näme, uçilişäniň her bir okuwçysy üçin Moskwada konserwatoriýada okamaklyk ýetilmejek arzuw, ullakan bagt. Umyt edýänimem özüme göwnüm ýetýär. Heniz uçilişede mensiz konsert geçenok. Hawa, bir öýüň maşgalasydygymy-da, Ýurdamanyň göwnemezliginiň mümkindigini-de unudamok. Ýaşajyk gyzlar bilen des-deňje okaşyp, ýaýnaşyp ýörendirin. Başymyň bogulgydygy ýadymdadyr. Ýöne ol düşünjämem häzir arzuwlarymdan rüstem gelip bilmedi. Ir bilen sapak başlanmanka çagyryp alyp gitdiler. Ýüregimiň gürsüldisini töweregimdäkiler eşidýändir öýdüp ätiýaçly garanjakladym. Birdenem oturanlardan sussum basyldy. Olaryň arasynda öz mugallymlarymyzyňam bardygynda garamazdan aljyrap ne aýdyp, ne-de çalyp bildim. Çykyp gaýdanymda gözüm garaňkyrap aýagym aýagyma çolaşdy. Sapaga girip bilmedim. Uçilişäniň ýeňsesindäki baglyga girdim. Bagyň gutarýan ýerindäki ak derege ýetýänçäm saklanmadym. Ol ýalňyzam bolsa obamyzdaky ak derekleriň dogany ahyryn. Ana şol derege duwlandym-da içim–içime sygman agladym. Diňe köşeşenimden soň, el–ýüzümi ýuwup sapaga geldim. Ýüzümiň salykdygyny duýdular-da talyplar daşyma tegelenişen bolsalar-da, zat soraman dagamak bilen boldular. — Gülälek geçmese, biz-ä asyl umydam edip oturmaly däl – diýip, gyzlaryň biri dillendi. Bu maňa iňňän ýokuş degdi. Öýe-de sygmadym. Ýurdamanam ýoňlap ýassykly – düşekli ýatyr. — Saňa-da ýokduraýdymmykam, Gülälek – diýip, ol aladalanyp telim gezek gaýtalady. Bolmanda Ýurdamana gürrüň bersemem göwrümim giňejek. Şu meselede onuň bilen derdinişip bilemok-da. Barybir bolmady, aýdyp keýpini bozup nädeýin. Ertesi ýene çagyrdylar. Ýene aljyradym. Ýöne öňki ýaly özümi ýitirmedim. Sesimi bir kemsiz barladylar. Aradan ep-esli gün geçensoň, uçilişämizde ýygnak boldy. Talyplaryň çaklamasy dogry çykdy. Üç sany talyp konserwatoriýa gitmelidi. Üçüň birem özüm. Azat bolsady, buşlardym. Uçilişeden uçup diýen ýaly öýe geldim. Ýurdaman öýde eken. Oňa gözüm düşenden badym gowşady. Özümi oňaýsyz duýdum. Ýurdamanyň göwünjeň goýbermejekdigini duýup darykdym. Telim gezek synanyşsamam, agşam bu hakda Ýurdaman bilen aç-açan gürleşmäge özümde güýç tapmadym. Ertesem, birigünem dillenmedim. Bir zady göwnüme düwdümmi, gelnejem ony diňe amala aşandan soň duýup galýar. Ýogsam ol ýol berjekmi? Soň her hili jeza berse-de “wah” diýemok. “Ýurdaman gelnejem däl ahyryn. Müýnürgäp ýörme-de, aýt-da, dyn” diýip öz-özüme igenýärin. Soňabaka aljyraňňylyk tapdym. Her gün okuwa ugranymda bir zadymy galdyryp yzyma dolanýaryn. Bir gün ir bilen sumkamy galdyrypdyryn. Ýurdaman: — Şu günler bir galagoplyga tapdyň Gülälek diýdi-de ýylgyrdy-da goýaýdy. Agşamlyk naharlandyk-da, stoluň başyna geçdim. Ýurdaman diwanda gündelik gazetleri gözden geçirýär. Ol öňem geplemsek däl, şu günler-ä hasam dymma bolaýypdyr. — Gülälek, hany ýekeje minut ýanyma gel. Garaşylmadyk “buýruk” geňirgendirdi. Ýurdaman gazetlerini stoluň üstüne oklap, arkasyny diwana ýaplady-da, özem duýman uludan demini aldy. Onuň keşbi bir zatdan göwni galana meňzeýär. Ýaýdanjyrap gapdalyna baryp oturdym. Ýurdaman maňa tarap öwrüldi. — Menden syr saklaýaň, Gülälek! Özüňem birinji gezek däl. Ol çytylyp aýtdy. Ýalňyşmaýan bolsam, özüm bili-bä her bir meselede çäklendirendirin öýdemok. Adamçylykdyr, käýarym ýalňyşmanam bolmaz. Eger bir hata goýberip göwnüňi ýykan bolsam, bagyşla! „Gulagyna ýetäýdimikä?” Bilmäge alňasadym. Ýurdaman howlukýarmy. Ol bir dymdy-da ýene dowam etdi – düýn myhmançylykda boldum. „Gülälek gitdimi” diýip soraýarlar. „Nirä”–diýip geňirgenipdirin. „Moskwa konserwatoriýa” diýýärler. Özümi gaty oňaýsyz duýdum. „Habarym ýok” diýmäge dilim aýlanmady. — Aýtmaga çekindim – diýip, Ýurdamanyň sözüni böldüm. — Çekindim – diýsene! Ýurdaman maňa ynjyly jogap berdi. – Bolýar-da, çekinseň aýtma hiç zat. Ilden eşideýin ýöreýin. Özüň namys etmeseň. „Pylan zat edeýinmi” diýip, indem sorama. Okuwa gidýämiň, işe gidýämiň, keýpiň kelläňde... Konserwatoriýa ekzamen tabşyrdym. Bilimim däl-de, sesim kömek etdi. Moskwa meni Ýurdamandan başlap, gaýyneneme, ýüwürjilerime çenli bile ugratdylar. Şol gün doganjygymam geldi. Juda eý görýän baldyzymam. Moskwa ugranymda begenjime uçup gitdim. Emma ýat şäherde ýekeje minut dynç almaga wagtym bolmasa-da ýüregim gysdy. Ýurdamanyň sumkamy göterip bir agyzam gürlemän, ýüzüni asyp durşy gözümiň öňünden gitmedi. Boýnuna almasa-da men onuň didelerinde gussa gördüm. Onuň şol keşbi hiç gözümiň öňünden gitmedi. Özümi ýazykly duýup, ýüzüne seretmäge ejap etdim. Öz-özümi ýazgarasym gelip durdy. „Ýurdaman meni läliksiredenine ökünip duran bolaýmasyn”. Özüne duýdurman, birki gezek salyk ýüzüne göz gezdirdim. Hoşlaşanymyzda Ýurdaman sumkajygymy uzadyp, uludan demini aldy-da, elimi gysyp: — Sag-aman bar, Gülälek! – diýip, ýuwaşja aýtdy. Okuw maňa iňňän agyr düşdi. Kä sapaklardan agsamadym. Käsini welin häzirem agzasam inim dyglaýar. Ses diýilýän zat beýle çylşyrymlydyr, asyl ol işleýändir öýdüp öň hiç wagt güman etmändim. Beledem bolsam, wokal gönükmeleri hut aňkamy aşyrdy. Şol bir sesleri irginsiz gaýtalamak, diňe bir aýdym aýdyp gaýdybermelidir öýdüp güman eden, oba gyzy üçin neneňsi geň hem güzaply bolandygyny göz öňüne bir getirip görüň. Aýdymdan özbaşdak sapak berýän mugallyma-da, „bagtyma” şeýle ynjyk bolup çykdy. Şol ynjyk professory bütin konserwatoriýanyň näme üçin sylaýandygyna soň – soňlar düşündim. Dünýä belli aýdymçylaryň ençemesi hut onuň elinden çykypdyr. Men welin oňa hiç ýaranyp bilmedim. Her sagadyna aýagym çekenok. Her gezegem ýüzümi alýar. Muny-da ýokuş görýärin. Gysyldygymam ýüzüme çykaýýar. — Ýüzüňi assaň ikimiz oňuşmarys. Saňa ýamanlyk aýdamok. Güýjüň ýetmeýän zadyňam talap edemok. Iki sözüniň birindenem şägirt saýlap heniz ýalňyşan ýerim bolmandy. Senden bir zat çykmaly. Ýöne bolşuň däl. Emgenesiň gelenok, dikdüşdilik edýärsiň. Bow, bu ýol kyn ýoldur. Entek sen näme görýärsiň – diýýär. Ýaman ýeri şunça çytraşsamam özümiň nirede, nämäni oňarmaýandygymy bilemok. Mugallymym näme öwretse, näme aýtsa, menem şony gaýtalaýaryn. Uçilişe dagy toýlaýmaly eken. Gahary gelse eňegiňem ýazdyrjakla, bu. Onsoň öňküje bolşuňam ýitýär. Saňňyldap durun. Sesime-de edil gargyş siňen ýaly. Soňabaka öz-özümden göwnüm geçip „okap bilmerin” gorkusy horlap başlady. Uçilişeden gaýdanyma ökündim. Ýurdamandanam ne habar bar, ne hatyr. Egnimde begresim bar. Onuň bilen Orsýediň sowugyna çydap bolýarmy? Düýn gyzlaryň biri birki – üç ýyl geýen köne paltosyny berdi. Namys edýärin. Etsemem geýdim. Okasam bolýar – diýýärin. Soňabaka bu sözem ynamly aýdyp bilmedim. — Men-ä saňa hiç zat öwredip biljek däl. Pikiriň düýbünden başga ýerde. Gowusy sen, başga mugallyma geçäý – diýip, geçen sapak aýdymdan özbaşdak sapak berýän mugallymam kesgitli aýtdy. Şol gün sesimem barlamady. Bir möňňürmedim. Çykyp gaýtdym. Aýagym göwrämi göterenok. Daşarynyň sowugy, hazlawuk ýel edil bagrymdan geçip barýar. Keseräk ýöräp ýelden goranyp gelşime, gözümden togalanyp gaýdýan ýaş damjalaryny elimiň aýasy bilen zordan süpürýärin. Elýaglyk agtarmaga-da mende tap ýok. Gelnejemiň igençlerinden ýaňy dynypdym-la. Ýagşy günem götermek gerek eken. Barybir menden hiç zat çykjak däl. Şundan beter maňa nähili aýtsynlar. Esasy sapak aýdym, şondan başyň çykmasa gutardygy bolar-da. Öten agşam dagy barly – ýokly ýatanym dört sagat. Men birneme taýýarlyk görendirin öýdüpdim. Ýurdamanam sypaýçylyk edendir. Menden aýdymçy çykmajakdygyny duýandyr. „Halamok” diýeninden „oňarmarsyň” diýen bolsa has oňat bolardy. Jaýa girenimden, sowukdan hem açlykdan ýaňa süňňümi tutup bilmän galpyldadym. Aýgül nahar bişirip, ýaňyja öňüne alypdyr. Onuň bilen umumyýaşaýyş jaýda bile ýaşaýaryn. Ol özelense-de iýmedim. Aýgüle bildirmedim. Ejizlemekligi özüme namys bildim. Ýylyndym-da, pianinonyň başyna geçdim. Ýeňiljek notalar, hernäçe çytyraşsamam ýene hiç zat çalyp bilmedim. Uçilişede men şundan has gowudym. — Daýym gelip gitdi – diýip, Aýgül tarelkadaky gelinbarmak üzümden ýeke – ýeke agzyna salyp oturşyna dillendi. Ejesiniň pul iberendigini, öňki ýollanynam heniz sowup gutarmandygyny aýdyp öwündi. Şifoneri açyp ejesiniň iberen bagana paltosyny görkezdi. Öňküsini bolsa maňa hödürledi. — Täzeje, bir ýyljyk geýdim. Kösenip ýörme-de, meň paltomy alaý. Gymmadam bermäýin – diýip ol maňa aýtdy. Sesimi çykarmadym. Ertir dynç alyş güni, Sankt-Peterburgdan Azat geler, habar tutar diýen tamam bar. Ýüregimiň gysýandygynam, okuwdan kynçylyk çekýändigimem oňa gizlemän ýazdym. Diňe stipendiýa ýetişmedigimi, soňky aý pulsuz gaty horlanandygymy gizledim, namys etdim. Howsala salyp, Azat dynç alyş güni däl-de, ertesi geldi. Dünýäm giňedi. Gözel gyzlary ajaýyp güllere meňzedýärler. Emma meňzi gül öwsüp duran şeýle syratly päkize ýigit güldenem näzik-le. Azat edil ýaňyja açylan güle çalym edip, bir oňat ýylgyryp gapyda dur. Ikimiz bilenem görüşse-de, oturmaga howlukmady. — Ýagdaýlaryňyz neneň, Gülälek? Bu ýagdaýlary bilmän aýdylan söz däldi-de, duýgydaşlykdy, ýok, ýürekdeşlikdi. Ýüzümden okaýan zatlaryny menem onuň ýüzünden görüp durun ahyryn. Azadyň gül meňzinde hiç kimiňkä meňzemeýän piýala ýaly kirpikmen gözlerindäki suratlandyryp bolmajak mähri, duýgur bolmasaňam görmek kyn däl. Azady synlap aňk bolup duran Aýgülem ahyr dillendi. — Wiý, näme üçin aýak üstünde dursuňyz ahyryn, geçiň. Oturgyjy ýigide has golaý süýşürip ony gyssady. Azadyň garşylygyna garaman, ýigidiň paltosyny çykarmaga kömekleşdi. Tüýlek telpegini ildirgiçden asdy. Azat ýüpek ýaly saçlaryny barmaklary bilen darap arkan gaýtardy. Aýgüle minnetdarlyk bildirip oturgyja geçdi. Gijigip gelenligi üçin ötünç sorady. Her sapak barada ýekän – ýekän gyzyklandy. Jogaplarym ony kanagatlandyrmady. — Näme beýle sus görünýäň – diýip, Azat Aýgülüň çaýyň ugruna çykyp gideninden peýdalanyp sorady. – Öýden hat gelýärmi? Jogabyma Azat iňňän geň galdy. — Özüň ýazmaýan bolaýma, Gülälek! — Ýazýan-la! Azada hödür etmäge zadym bolmandan soň, şkafdan çäýnek – käseleri çykardym-da süpürişdirdim. Onýança Aýgülem geldi. Çaýam özi demlänsoň, maňa diňe oturaýmak galdy. Aýgül welin bir ýerde bir zady bolsa, stoluň üstüne çykardy. Biziň iki sagat okuwymyz bardy. Şonuň üçin hem şähere gezelenje çykmagy günüň ikinji ýarymyna goýduk. Ýöne okuwa-da aýagym çekmedi. Hernäçe ölçerip döksemem göwnümdäkini Azada aýtmagyň ugruny tapmadym. Onuň üçin garaşylmaýan zat ahyryn bu. Mümkinçiligem bolmady. Jaýda daňyp saklap bolmaýan, Aýgül, Azat gaýdýança, gapdalyndan aýrylmady, sakyrdap gürleşmäge maýam bermedi. Diňe okuwa ugramazymyzyň öň ýanynda gyzlaryň birinden kitap almaga çykdy. — Men-ä yzyma gitjek, Azat, okasym gelenok – diýip, ýigide gös–göni aýtdym. — Ine, saňa gerek bolsa, sebäbi näme? – diýip, ol geňirgäp ýüzüme seretdi. — Ýüregim gysýar. — Bar bahanaň şolmy? — Bary bir menden hiç zat çykjak däl. — Ony nireden bilýärsiň. Sesimi çykarmadym. — Haýsy sapak kyn düşýär? – diýip, Azat indi çyny bilen aladalanyp sorady. — Wokal-la. Mugallymam bir ynjyk. Edil iňirdäp janyňy alyp barýar. — Göwnüňedir, Gülälek! Talapkär mugallym gaýtam oňat bolar. Gitjek–goýjak gürrüňiňi goý. Ol hakda pikirem etme. Kynçylyksyz maksada ýetip bolmaz. Oňa-da erk gerek. Şol erk sende ýokdur öýdemok. – Azat bir sägindi-de şu gün wokaldan sapagymyň bardygyny ýokdugyny sorady. – Men bir gürleşip göreýin. Aramyz daşrak-da, Gülälek, ýogsam özümem kömek etjek-le – diýip, ol gynanyp aýtdy. – Bilýärin saňa kyn düşýändir. Onda-da gaýrat et. Öýüňizdenem öýkeläp, gussa çekip ýörme, özüň ýazyber. Öýdäki adam arkaýynrak bolýar. Soň sagadyna seredip meni gyssady. Onýança-da yzyndan kowgy gelýän ýaly Aýgül hasanaklap jaýa girdi: Azat jaýda garaşmany kyn gördi. Günortanlar şähere ugradyk. Howanyňam özüne ýetesi sowujagy bardy. Uzyn hem giň palto çepiksije göwrämi basýar. Bagana possunly, bir garyş ökjeli ädik geýen Aýgül aslynda menden gysga-da bolsa, häzir dikgirdäp depämden seredýär. Muny duýubam ol buýsanýar. Ýaşyl ýüň seçeklisini iki çözüp, iki daňdy. Aýagymda güýz geýilýän ýeňiljek köwşüm bar. Köwşe öwrenişenimden bihabar Azat ädimini haýallatdy. — Bu köwüş bilen-ä sowuk aýagyňdan geçer, Gülälek. — Gülälegiň başga köwşi ýok-da! – diýip, Aýgül buşlady. Öýlerinden pulam gelenok. Aýgüliň sözi meni bir garyş ýere sokdy. Beýnim gyzyp gulaklarym şaňlap gitdi. Dodaklarym tirpildäp birbada aýdara sözem tapmadym. Duýgur Azat şolbada gürrüňi başga tarapa sowmak isledi. Aýgül oňa maý bermedi. Gonjy gysgajyk ädigini hödürledi. — Şu köwşi men şu gün geýmeli däl. Mundan beter sowukda-da geýdim – diýip, gaharymy basyp gödek aýtdym. Azat aýak çekdi: — Şu gün hiç ýerik gidemizok – diýip, ol bir hili kesgitli aýtdy. Dolandyk. Aýgül gynanyp jibir-jibir etdi. Häzir ol aýakgabyny berip aýakýalaňaç eň diýseňem ýüzüni çytman gitjek. Agşamlyk Azat bizi teatra alyp gitmäge söz beripdi. Muny oňa Aýgül iki gezek ýatlatdy. „Sen teatra az gidýärmiň?” diýip, içimi gepletdim. Emma soňky iki aýda Aýgülüň hiç ýerik çykmandygy ýadyma düşdi. Azat biz bilen jaýa girse-de oturmady. Aýak üstünden hoşlaşdy. Gaty geň galdym. Bolmanda, Moskwada bir gün galar öýdýärdim. Aýgül ikimiz ony demir ýol menziline çenli ugratmakçy bolduk. Ol diňe duralga çenli razylaşdy. Azadyň sag gapdalyndan köwşüniň ökjesini batly – batly ýere urup dikgirdäp barýan Aýgüliň ýigit bilen degşip, gülşüp barýandygyna garamazdan, şeýle bir keýpi ýokdy. Onuň Azat bilen hoşlaşasynyň gelmeýändigi görnüp dur. Henizem özüme gelip bilemok. Içimde harasat gopýar. Öz-özüme igenýärin. Azat saňa borçlumy? Ondan has köp zady talap edýärsiň. Çaky ýagşy. Ol çaga seň üçin geldi. Ýüzüňi asyp barmaň näme? Duýaňokmy, gulagy Aýgülde bolsa-da, küýi–pikiri sende. Içiňdäkini ýüzünden okap barýan bolsa bildiňmi? Azady ulaga mündirip yzymyza dolandyk. — Gülälek! Sakga durdum. Azat maňa tarap ylgap gelýär. Bokurdagym doldy. Öňünden çykdym. Jübüsinden pul çykardy-da, maňa uzatdy. Çymgyzyl boldum. Ikirjiňlenmäge pursat bermän elime tutdurdy-da yzyna dolandy. Daň atýança kirpikli–gözüm çalyşmady. Ýurdamandan gaty göwnüm galdy. Azada aýdan zatlaryma-da ökünip aňyrsyna çykyp bilmedim. Okaşyp ýör-ä özüm ýaly gyzlar. Zeýrenişi-bä ýörenoklar. Nalajedeýiniň şunuň ýaly ýerde sepi açylar. Azat sypaýçylyk edýär. Mende erk näme işlesin. Ýüzüme diýmese-de, onuň menden tamasy çykan däldir. Ertesi ir bilen gapymyz kakyldy. Çykdym. Azat dur, geň galdym. „Girem” diýmän öwelip durun. — Gitmediňmi? — Gitdim. Näme gelmeli däl ekenimmi. Jaýyňyza goýberjek dälmi, meni Gülälek! Gapydan aýryldym. Aýgül ýaňyja uklap ýatan ýalydy-la. Eýýäm gapdalymda dur. Azady elinden tutup diýen ýaly, stoluň başyna geçirdi. Begenjinden ýyrş-ýyrş edýär. Myhmanymyň maňa azary ýetmejek ýaly-la. Azat bilen çaý içdik. Oňa açary berip, özümiz okuwa gitmekçi bolduk. Iki-üç sagat okuwymyz bardy. Razylaşmady. Magazinlerden kitap agtarjakmyş. Bir dostunam görmekçi. Sapakdan çykyp göni gaýtdym. Azat eýýäm umumyýaşaýyş jaýymyzyň gapysynda garaşyp duran eken. Ol meni howlukdyrdy. Aýgüli sorar öýtdüm, soramady. Gerekli kitaplaryny tapanyny tapmanyny soradym. „Bile gözläýeris” diýýär. Emma Azat meni kitap dükanyna däl-de, „Geýimler öýüne” alyp bardy. Moskwa-da belet eken. Paltolara göz gezdirip ýörşüne Azat haýsy reňki halaýandygymy sorady. — Gyzyl. — Näme üçin ýylgyrýarka? — Saňa goňur has oňat gelşer. Azat bir goňur paltony ýanyma alyp geldi-de, egnime geýdirdi. Palto edil özüme biçilen ýaly. Üstesine-de gaty ykjam tikilipdir. — Siz palto saýlamaga ökde ekeniňiz, ýaş ýigit – diýip, satyjy aýallaryň biri bize syn edip durşuna, Azada ýüzlendi. Paltonyň bahasy arzan däldi. Ýaýdandym. Azat reňki üçin ikirjiňlenýändirin öýütdi. „Halamadyňmy, Gülälek” diýip, geňirgäp hem gynanyp sorady. Sesimi çykarmadym. – Göwünsiz bolsaň, saýla, halan reňkiňi alaly. „Wah, Azat, megerem, sen birinji gezek maňa düşünmediň”. Azat täze paltony egnimden çykartmady. Dükança bolsa könämi dolatdy-da, eline aldy. Degişgen aýal eken. Ikimize-de degýär. „Täzelikde toý tutan bolsaňyz gerek, mynasyp jübüt” diýýär. Onuň degişmesini ikimizem göwnümize alyp durmadyk. Aýakgap dükanyna girdik. Azat girelgede durdy-da, meni içine goýberdi. Ýyljyraklap „Saýla” diýýär. Üç-dört köwşi getirip görkezdim. Birinem halamady. Ýene bir köwşi getirdim. — Erkek adamyň ädigi ýaly-la munyň, Gülälek, içem ýyly däl. Dynmarsyň – diýdi. Aşagy galyň, burny ýasy gara köwşi ýerinde goýdum-da, ýüzümi sallap: „Men-ä indi saýlajak däl” diýdim. Azat güldi-de, köwüşleri özi synlap başlady. Ol gonjy gysgarak goňurja ädigi maňa görkezdi. Gyş köwşem bolsa nepisje ekeni, içem tüýlüje. Gören bolsam, özümem şuny sypdyrmazdym. Köwüş maňa ulurak boldy. Başga ýok eken. „Gyş köwşi ulurak bolsa zyýan etmez” diýip, Azat ýaýdanýandyryn öýdüp düşündirdi. „Hut biziň nesibämiz eken” diýip, özi mendenem beter begendi. Gelsek Aýgül bizden öýkeläpdir. — Aýgül, öýkeleme-de bize çaý ber. Saňa bolsa ýadatmazlyk üçin garaşmadyk. Özümiň-ä dükanlary sökmekden beter kyn görýän zadym ýok – diýip, Azat ony köşeşdirdi. Gyssanmaç bolansoň, biz Azady ugratdyk. Aýgül elini Azadyň goltugyndan geçiripdir-de, iki-üç kilometrlik ýoly pyýada geçmeklige ony yrjak bolup ýalbarýar. — Gülälek, näderis, giderismi! – diýip, Azat maňa ýüzlendi. — Gözel göwnüňiz – diýdim. Özüm welin ýadawdym. Aýgül ýeňil – ýeňil basyp barşyna, edil eňegine jaň dakylan ýaly sakyrdaýar. Mahal – mahalam ýigidiň gürrüňlerine arkan – ýüzin gaýşyp gülýär. — Bir wagt iki ýaşuly Aşgabadyň demir ýol menzilinde duşuşypdyr – diýip, Azat gürrüň berýär. – Olaryň biri Türkmenbaşa ikinjisi Mara barýan eken. Ikisem otla münüp bir küpede ýerleşipdir. Biri aşaky gatda aýbogdaşyny gurup oturypdyr-da, ikinji gatdakydan nirä barýandygyny sorapdyr. Ol arkan düşüp ýatyşyna „Mara” diýip jogap beripdir. Sorag beren sakgalyny owuçlap başyny ýaýkapdyr. „Päh gudrat diýibem şuňa diýäýseň. Özi bir otly, ýokarky gat Mara, aşakdakysy Türkmenbaşa barýar” diýip, özbaşyna keýpihon gürläpdir. Aýgül „Içim-ä gyrdyň Azat!” diýip, ýigidiň egnine patyladyp urup jakgyldap güldi. Menem gülüp – gülüp büdüredim. Azat goltugymdan elini geçirdi-de „Şeýtmek bolýarmy?” diýen manyda ýüzüme bakdy. — Hiç ýeriň agyrmady gerek? — Ýok-la – diýdim. Biz otla zordan ýetişdik. Şol gün agşam Aýgül maňa şeýle diýdi: — Gülälek, meni Azat bilen tanyşdyrsana. — Ol näme diýdigiň gyz, tanyşdyňyz-a. — Men ony gaty haladym. Diňe şundan soň Aýgüliň näme diýjek bolýandygyna düşündim. Ýöne hiç zat diýmedim. Bir gün okuwdan gelşime, bu noýabryň başlarydy, gapydan girip girmänkäm Aýgül iki sany kagyzy elime tutdurdy. Biri Azatdan, beýlekisi doganymdan. Ikisinem döşüme gysdym. „Ezizlerim”, özüň üçin alada edýän adamlaryň barlygyny duýmak neneňsi ýakymly. Özleri daşda bolsa-da, häzir ikisi-de ýanymda. Azadyň mährem eziz doganymyň agrasrak keşbini, aladaçyl gözlerini ýatladym. Aýgül arkasynda ýene-de bir zady gizläp dur. Hatdyr öýtdüm. Tans etdirip, soň berdi. Ol-da pul. Eslije-de bar. Ýüzümi çytan bolmaga çemelim. Aýgül geň galdy. „Ýatlapdyr” diýip içimi gepletdim. Ýöne ol unudylan adama borç bilnip iberilen bir zat hökmünde göwnüme degdi. Azadyň iberen sähelçe puly häzir meň üçin ondan has gymmat. Mähriban dostuň ýüregi bilen edýän aladasyny näme bilen ölçäp bolar. Ýurdamanyň ýollan puluny Azada ibermegi ýüregime düwdüm. Emma gaty görmeginiň mümkindigi ýadyma düşüp bu pikirimden şol bada el çekdim. Öýkeläp Ýurdamanyň puluny yzyna ibermekçi boldum. Ýurdaman adamkärçiligiň pul bilen ölçelmeýändigini bilsin. Hawa-da, geçirimliligem, mertligem seýrek adam başarýar. Men şol seýrekleriň hilinden däl. Iki gün geçenden soň Ýurdamanyň haty-da geldi. Hat gysgajyk. Ýurdaman öňi bilen wagtynda hat ýazyp bilmänligi üçin ötünç sorapdyr. Moskwa gaýdan ýoldaşlarynyň birinden pul iberen eken. Olam meni tapman bir aýdan soň, yzyna eltipdir. Şoňa Ýurdaman gaty gynanandygyny ýazypdyr. Hatynyň soňunda iňňän küýseýändigini duýdurypdyr. „Seň aýdyşyň ýaly „stola daňylan”, tapyndylar bilen başagaý. Ýöne indi hemişekilerim ýaly işläp bilemok. Sen hakda uzak wagtlap pikir edip oturýaryn. Özüň ýok, emma hemişe aýak sesleriňi eşidýärin. Hyýalymda ýyljyraklap gapydan girýärsiň. Käte özüme duýdurman arkamdan gelip, eginlerimden gujaklaýarsyň. Bu hyýallar neneňsi süýji. Şol bada-da Gülälegimiň özümden uzakdadygyny duýup gyýylýaryn. Iýmän sowadan naharlarymam ýadyma düşýär. Ýalňyzlyk kyn eken. Onda-da bir mähriban adam bilen öwrenişeniňden soň. Öýde durasym gelenok. Diňe oturdyp giden gülleriňe suw bermek üçin käýarym aýlanýaryn. Galan wagty obada. Pişijegiňem öýmüze alyp gitdim. Ony ejem hor edenok, hatda läliksiredýärem. Ejem seni has küýseýär, Gülälek. Bolýarda ejeme ýazýarsyň. Menem öýke-kine edip duramok. Ýöne meň bilen deň bolmaweri. Ejeme-de „haty gelýär” diýip ýalan sözledim. Az-owlak pul iberendirin. Ýene iberjek. Ejem saňa sowgat taýýarlapdyr. Düýn maňa ýaşik getirtdi. Garaşyber. Ejemem meni geleňsizlikde aýyplaýar. Öň ikidi. Häzir „aýyplaýjylarym” kemelip bire geldi. Hoş, Gülälegim! Horlanmagyn, gerek zadyňy ýaz. Esasy zat jan saglygyň. Haty gaýtalap – gaýtalap okadym. Puly yzyna iberenime gynandym. Indi giçdi. Tomus Aşgabada gaýtdym. Ýurdamanyň işdedigini bilýärin, şonda-da gapymyzy açanymda ol iç işikde duran ýaly tolgundym. Jaýda ilki gözüme ilen zat stoluň üstündäki çilimdan. Onda iki dagy çilim doly çekilmän söndürilipdir. Ýurdaman çilim çekenokdy. Öwrenäýdimikä! Belki-de dostlaryndan biri myhmançylykda bolandyr. Oturgyjyň egninde Ýurdamanyň pijamasy asylgy dur. Mähriban öýňüzden uzaklaşyp şol öýe aýak basanyňyzda özüňizi nähili ýakymly duýgynyň gaplap alýandygyny bilýärsiňizmi? Jaýyň içindäki iň kiçijik goşlara çenli jan girýär-de, eziz dostlaryňyza öwrülýär duruberýär. Içerik boýdan – başa göz gezdirdim. Ýurdamanyň stoly boş. Jaý arassa. Geň galdym. Ýurdamanyň eline sübse alany ýadyma düşenok. Eglenmän gaýynenemlere gitdim. Ejemem garşy alan bolsa, şunuň ýaly garşy alardy. Görgüli uzakdan garamy görüp ylgady. Edil balasy ýaly, bagryna basdy. Gözündenem boýur-boýur goýberýär. — Gözümizdenem uçduň. Okuwyňam gura, beýlekiňem–ol goşlarymy elimden alyp begenjinden edil çaga ýaly ýyljyraklap öňüme düşüp ylgap barýar. Ýurdamanyň öýdedigini aýtdy. Ýüregim gopdy. Badym gowşady. Ol meni nähili garşylar-ka? Hemişekileri ýaly ýekeje gezek bakyp bir ýylgyrarmyka? Onsoň maňa ýekeje agyz sözem, gujak açyp bagra basmagam, artykmaç posalaram gerek däl. Jadylanan ýaly doňaryn duraryn. Ýurdaman daş işikde garşylady. Gözlerine gözüm düşdi. — Gurgunmysyň! — „Gurgun” diýmäge zordan dilim aýlandy. Ejesi öýe girenden ýaňagymy ýuwaşja sypady. Şol ýakymly eller. – Sag-aman geldiňmi! Ol meni gujagyna gysdy. Birki gün obada galdyk. Ep-esli wagtyň aýraçylygy, gelinlik döwrümi ýadyma saldy. Ýurdamandan daşlaşasym gelmedi. Işe gitse ýekesiredim. Olam çaksyz küýsäpdir. Iýip–içenimizde-de hemişekileri ýaly gapdaljygymda oturýar. Degselerem güläýýär. Kä wagt bolsa ýüzüme seredip bir oňat ýylgyrýar. Ýurdamandan öýke-kinämi unudanyma-da az begenemok. Ýogsam şu bolçulykda başym açyk, aýagym ýarym ýalaňaç, iliň köne paltosy bilen agyr gyşa döz gelip, gury – gurak iýip ýaşan günlerim unudylmajak ýaly. Durmuş-da. Ulusyny uly, kiçisini kiçi düwünçege düwüp kine saklap ýörjek bolsaň agzybirligem aňsat däl. Süýji günüňem gadry bolmaz. Elbetde, eý görýän adamyňdan tamaň çykmasa gyýylýarsyň. Şähere gitjek günümiz Ýurdaman geldi-le, çöle ekspedisiýa gitmeli bolandygyny aýtdy. Uzak wagtyň aýraçylygyndan soň neneň gynanmarsyň. Gynansamam şol bada ýüzüme çykaýýar. Ýurdaman muny duýdy. — Galyp bilmedim – diýip, bir hili ýaýdanjyrap aýtdy. Ütügiň aşagyndaky ak köýnek saralyp gitdi. Men ýüzümi galdyrman, şol süýkäp durun. Dodaklarym welin titir – titir edýär. Ýurdaman ütügiň bagyny sogurdy. Şonda-da süýkäp durşuma „Buşladyň gidiber-dä. Gapdalymy alyp durmaň näme?” diýip, içimi gepletdim. Ýurdaman elimden ütügi aýryp beýlede goýdy-da, iki egnimdenem tutup özüne bakdyrdy: — Gynanma, Gülälek! Uzak eglenmerin. Ondan ýüzümi sowdum. Obada galdym. Gaýynenem pahyryň ýekesiretmejek bolup ot-elek bolýandygyna garamazdan, bary bir ýüregim gysdy. Ýurdaman bir aýlyk gidendir oý etdim. Garaşdyryp–garaşdyryp Moskwa ugramazymyň öň ýanynda geldi. Unudylan adam ýaly erbet gynandym. Öýkeläp, onuň bilen hoşlaşman diýen ýaly gitdim. *** Konserwatoriýanyň täsin hem çylşyrymly durmuşy, meni öz akymy bilen alyp gitdi. Oňa hemişelik gelen ýaly, şeýle bir gyzygyp hem öwrenişip gitdim, şol durmuş maňa bir wagt ýat bolar diýen düşünje kelläme-de gelenok. Häzir okuwyň daşyndan köpçülik işine gatnaşmaga-da, kino-teatrlara gitmäge-de wagt tapýaryn. Çaýkowskiý zalymyzda-da atly-atly aýdymçylar çykyş edýär. Olaryň hersem özboluşly bir sungat-la. Diňläp oturansyň welin zaldadygyňy unudarsyň. Göwün guşuň galkyjaklap gör nirelerdedir gezip ýörendir. Aýdymam özüň aýdýan ýalysyň. Abraýyna-da şäriksiň. Ynsan durmuşynda ynsan ornuny çalşyp biljek zat barmyka? Adamlaryň arasynda ýaşap „Ýekesiredim” diýseler ynanmaryn. Azat okuwyny gutaryp gitdi. Ol Sankt-Peterburgda bolsa-da ýanymda ýalydy. Ýurdaman uzakda, gaýynenemem. Talyp dünýämi düýbünden başga adamlar eýeledi. Şol adamlaryň özüme berýän baýlygyny, edýän yhlaslaryny, heý bir wagt gaýtaryp bilermikäm. Başgalara gaýtarsamam kaýyl. Wokal mugallymam üýtgeşik aýal. Ýetim gyz üçin enäň ornuny tutdy. Bir wagt ol hakda Azadyň ýanynda zeýrenenime indi oturyp-oturyp ökünýärin, öwretjek bolup gyssaýan eken. Onuň asyl bizden başga iş-aladasy ýok ýaly. Herimiz üçinem edýän yhlasyny diýsene. Ýüzüňe seredeniňdenem içindäkini biler. Ýalan sözläp sypjak gümanyň bolmaz. Saňa dahylly iň owunjak zatlara çenli gyzyklanar. Saglygyňam gorap ýörendir. Akyl–paýhas babatynda-ha däl, iş babatynda-da onuň ýaly bolmak özüm-ä hiç wagtam başardar öýdemok. Azat hakda-da, Ýurdaman hakda-da oňa köp gürrüň berdim. Onuň Azada syny oturypdyr. Azat bilen telim gezek gürrüňdeşem boldy. „Akylly hem talantly ýigit” diýýär. Soň welin, her ädimimde ony küýsedim, aýratynam teatr durmuşymda. Diýseň gyzykly, şagalaňly talyplyk ýyllary öz aladalary, öz şowhuny, öz ajaýyplygy bilen edil bäş gün ýaly bolup geçip gitdi. Aýgül ikimizem opera-balet teatryna işe ýerleşdik. Ýurdaman filarmoniýada işlänimi kem görmedi. Sebäbini sorasam aýtmady. Uly arzuwlar bilen teatryň gapysyndan ätledim. Aýgül ikimiziňem öz-özümize göwnümiz ýetýär. Haýsy partyýany berseler emgenmän oýnajakdan. Badymyz uzaga gitmedi. Bizi birbada diňe köpçülik sahnalarda çykyş etdirdiler. Ikimize-de ýokuş degdi. Höwesim gaçdy. Soňabaka özümi işe maksatsyz gidip gelip duran ýaly duýdum. Şonda-da ne Ýurdamanyň, ne-de Azadyň ýanynda bu hakda dil ýardym. Ýöne ikisindenem göwün etdim. Azat şol ýerde dirižýor. Teatryň çeperçilik sowetiniň-de agzasy. Islese goldap biljek. Hawa-da, her kimiň öz aladasy özüne ýetik. Ýurdamanyňam şol başagaýlygy. Ol ýene irginsiz işleýär. Beýnisiniň çydaşyna haýran galýaryn. Şu ýyl dissertasiýasyny goramakçy. Onuňam bir göwne nämakul ýeri bardy-da, düzetmesi kyn bolmaga çemeli, gaty horlanýar. Bir aýagam meýdanda şol harabalary, köne galalary agtaryp ýörşi. Işdeş ýoldaşlary bolsa oňa „Ylmyň aňyrsyna çykan ýok, işiň oňat, gora-da dyn” diýşip maslahat berýärler. Temasynyň ýeterlik işlenendigini düşündirjek bolup, bir gün ýoldaşlary onuň bilen ýadaýançalar jedelleşdiler. Barybir ony ynandyryp bilmediler. Ylmy işden başym çykanok. Ýöne Ýurdamanyň zehinlidigini bilýärin. Onuň ýanyna diňe ýaşlar däl, ýaşuly adamlaram bir maslahat ýa geňeş bilen gelýär. Ýurdamana okatmak üçin getirilýän işler bolsa çensiz köp. Onuň ýekeje gezegem, hatda işiniň gyssagly wagtlaram boýun towlany ýadyma düşenok. Maňa ahyr lälik gyzyň keşbini berdiler. Baý, ýokuş gördüm-ä. Halamaýan işiň boýnuňa dakylsa, höwessiz ýapyşýan ekeniň. Häsiýeti gursun-la oň, tebigatyma asyl deň gelenok. Ýa aglamasyz ýerde aglaýar, ýa gülmesiz ýerde gülýär. Ne hereketim meňzeýär, ne gylygym. Sesimem şoňa gezek gelende edil ýer hopan ýaly. Oňa öýkünjek bolup bir maýmyn bolmadym. Barybir, halamasaň, göwnüňdäki çykanok. Turýan, oturýan, aýdýan, gaýtalaýan. Bir seretsem, Ýurdamanam işini goýup aňalyp otyr. — Salyhatlyrak bir keşbi oýnasaň bolmaýarmy, Gülälek! — Bermeseler nädip oýnaýyn. — Režissýor Azat dälmi? — Bolanda näme. Wah, «uwlap ýürege düşdüň» diýmese kaýylla. Şonsuzam ony iş otagyndan gysyp çykardym. Kitaplaryny goltuklap häli-şindi okalga gidýär. Lälik gyz bary-ýogy iki gezek sahna çykýar. Men bolsa ony edil bir aý iş edindim. Onda-da oýnaýşyma hiç kimiň göwni ýetenok. Öňki gezek Azadyň gülüp-gülüp gözi ýaşaryp gitdi. Meniň bolsa öz-özüme-de, oňa-da gaharym geldi. Häzirki bolşum hiç wagt özbaşdak oýnap görmedik ýaly. Ir bilen umumy taýýarlyk bar. Aýagym çekenok. Barsam başlanman eken. Aýgül ertekidäki aglak gyza öýkünip möňňürýär. Beýlekilerem gyzyl-gyran gülüşýärler. Edil özi bolýar.Gelip oturanymdan baýry aktrisa maňa ýüzlendi: — Gülälek jan, gel, gyzym, senem bir gülüp ber. Oturanlar ýylgyryşyp ýüzüme seretdiler. — Aý, şu lälik gyz meniň bilen oňuşjak däl öýdýän – diýdim. Azat ýerinden galdy: — Hany, gelişen bolsaňyz başlalyň. Sahna boşady. Diňe atam bolup oýnaýan adam bilen özüm galdym. Ol ortadaky oturgyçda pikire batyp garaşyp otyr. Lälik gyzyň sazy ýuwaş-ýuwaşdan golaýlady. Eger meni sazanda saklamadyk bolsa, aýdym aýdyp, ýeňiljek böküp gelşime «garry atamyň» ýeňsesinden baryp boýnundan gujaklamalydym, aýaklarymy tapyrdadyp däbşeneklemelidim. Bolmady. Ikinji gezek bökjekläp geldim. Ýene sazanda saklady. Ýene kelte gaýdan ýerim bolandyr-da. Azadyň ýüzi çytyldy. Bary bir bent başymy çaşyrdy. Azat ony maňa edil garşysynda durzup iki gezek gaýtalatdy. Namys edip öläýjek boldum. Bütin topary saklap durun. Azat gaharly ýüzüme seretdi: — Bolanok, sen asyl taýýarlanmansyň öýdýän. Öýe gelip bir aglamadym. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, gapydan girenime mähetdel Ýurdamanam geýnip çykyp barýar. Öýlerine gitjekmiş. — Agşam dolanarsyň-a – diýdim. — Dolanmajagyny aýtdy. — Ýa gitjekmi senem. Işiň bolmasa gideli. Soň gaýdybereris. Öýdäkileriňem göwni biter. — Ýok-la, işim bar. — Näme keýpiň ýok? Ýa işden basylýaňmy? Barybir häzir işläp bilmersiň, gideli, göwnüň açylar. — Başymy ýaýkadym. Ýurdaman ýüzüme seredip-seredip çykyp gitdi. Göwnüme bütin dünýä içerimiz ýaly boşap galana döndi. Özümi ýalňyz duýdum. Şu wagt men maslahata mätäç-dä. Gijesi bilen oýlanyp çykdym. Daň atdy. Galasym gelenok. Süňňüm agyr. Kellämden edil daş asylan ýaly. Ertesi ir bilen ýene taýýarlyk başlandy. Ümsümlik. Aşakdan saz çalynyp başlandy. Azat bilen taýýarlansaň ýadaňok diýip aýdýarlar. Özümä beýle däl. Ol artykmaç gürrüňem, hereketem halanok. Özem geplänok, beýlekilerem gepledenok. Özem gepsiz-sözsüz diýjegini diýip dur. Sähelçe ýalňyşsaňam ýüzüne sereden özüň bolma. Gezek maňa-da ýetdi. Başymy iki ýana atyp bökjekläp geldim. — Nämä zowladýaň! Azadyň sesi gulagyma güňleç eşidildi. Saz tapba ýatdy. — Gaýtala. Indiki ýaýdanjaňlygym öňkiň çakam däl. Azada seretmäge-de gorkýan. Ol beýle gaharjaňdyr öýtmändim. — Gulagyň nirede? Diňle ahyryn. Saz bir zat diýýär, sen bir zat diýýäň. Gülkiňem, hereketleriňem ýasama. Ýadadym, kejikdim. Azadyň azaryna-da däl. Taýýarlykdan soň, Aýgül ikimiz az-kem gezelenç etmekçidik. Sebäbi ýadawlykdan ýaňa kelläm güwläp dur. Gapa ýetenimizde Azat saklady: — Saňa rugsat beremok, Gülälek! Aýgül Azada ýalbardy. — Barybir ondan häzir hiç zat çykmaz. Ýadaw-a, rugsat beräý, Azat. Aýgülüň bu sözi hasam ýokuş degdi. Häzir Aýgülem menden ozdurdy. Öz-özünden göwnüniň hoşdugyny hut ýüzüne çykaryp dur. Düýn dälmidi, saza–beýlekä garaman zowladyp durany. Ýogsam, şu wagt ýylgyrar ýaly näme bar. Azadam oňa diýýämiňem diýmedi. Gidibermeli-dä indi. Aýgül gidensoň, Azat maňa diňe ikije agyz söz diýdi. Şol sözi alyp galmanam diýip biljekdi. Seň sowuksalalygyň sebäbi maňa düşnüksiz. Ýürekden ýapyşaňok. Başdansowma oýnaýaň. Hemme zady bilýändirin öýdüp öte geçäýme. Teatram bir mekdepdir. Onsoňam «Kiçi artist bolar, keşbiň kiçisi bolmaz» diýibem eşidensiň. Seni tanamaýan bolsam, zehiniň kemterlik edýändigini bilsem, şu sözleri diýibem oturmazdym. Ol gapa ýöneldi. Garaşjagyny bilsemem, Aýgüllere-de gitmedim. Ýüregim dolup dur. Daşaryk çykyp haýsy tarapa gitjegimi bilmän ýaýdanyp durdum. Oba gitsemmikäm! Geçen gezegem gaýynenemlere keýpsiz baryp gaýdanym ýadyma düşdi. Içime-daşyma geçip sebäbini bilensoň ynjaldy görgüli. «Darykmagyn, Her kimem at-abraýa aňsatlyk bilen ýetýän däldir. Birini başlap, birini taşlap ýörseň, bogan sübsäň bolmaz. Ynamdan gaçarsyň» diýipdi. Ýene oňa içimi dökesim geldi. Gitmedim. Ýurdaman işdedir. Onuň ýanyna gitmelimi, ýa işden gelýänçä garaşmalymy, aýgyt edip bilmän kösendim. Baranymda bir onuň ýanynda derdinip biljekmi? «Höwes edip iberemok. Senden artist çykmajagyny öňem bilýärdim. Ýöne barybir şol wagt maňa düşünmezdiň. Indi düşündiň dälmi? Oňarjak işiňe ýapyşarlar» diýäýse peýdaňmy? Zähmet bilen adamlar islän belentligine ýetýärler. Hany onda meniň gözläp ýören şol bagtym? Şol bagta ýetmek üçin ençe ýyly arka atmadymmy? Şol näme, azap dälmi? Ýa bu azmy? Ýurdamanyňam raýyny ýykdym. Indem eşreti şol lälik gyzyň keşbini döredip görjek bolsam bilmedim. Belki, Azat mamladyr. Ýüregim bilen ýapyşmaýan bolaýmaýyn. Halamok-da men şol gyzy. Men öz-özümi ýene bir gezek synamagy ýüregime düwdüm-de, göni öýe gaýtdym. Içki jaýa girdim. Atam bolup oýnaýan adama deregem ortarada bir oturgyç goýdum. Şu gün oňarmasam hiç wagt oňarmajagym. Göwnümem birden giňedi. Gülüp, aglap, bökjekläp keýpden çykdym. Ertesi günortan Azat gelende-de men ýadawdym. Ol şol bir durýan ýerinde düşege geçmän aýak çekdi. Gülümsiräp dur özem. Şol ýylgyryş aňrujy ýüregiň daşdan bolmas-a eretjek. Onda-da özümiň ondan kinelidigimi bildirjek bolýan. Teý başaramok. — Arma! — Arýandyr-da işliler. Biz bir bikär. — Oň ýaly bolsa belki, biz ýaly işlä-de az-kem wagtyňdan eçilersiň? — Öňem bir oňarýan zadymyz ýok. Wagtymyzam ýele-yga sowursak, onsoň ile çykman oturybermek galýar. Gel gowusy içerik gir. Çaý iç. — Teatra gitmerismi? — Bu gün taýýarlyk ýog-a? — Biz üçin bar. Azat sahnada meň bilen çykyş etmeli adamam çagyran eken. Yhlasym ýerine düşüpdir. Azady kän kejikdirmedim. Onuň maňa azajygam bolsa göwnüniň ýetenini bilýän. Ýöne Azat öwmäni kyn görýär. Menem öwdürjek bolup duramok-la. Ýöne öňki käýýänine göwün edýän. «Ganymat». Ine bar diýeni. Ýadawam bolsam, özümden göwnüm hoş. Bir hepdede etmedik işlerimi iki-üç sagadyň dowamynda edendirin. Ýurdaman gelse, içerimizi tanamazam. Ähli zatlarymyz lowurdap dur. Ol arassaçylygy gowy görýär. Içeri näme! Şu gün Ýurdaman Güläleginem tanamaz. Dek düýnem ol ýagjak-ýagjak bolup duran buluda meňzeýärdi. Häzir Gülälegiň kalbynda lowurdap gün çykdy. | |
|
√ Baga bagşy -10: Çarhy-pelegiň oýny - 08.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |