17:07 Eziz Nesiniñ familiýa edinşiniñ hekaýaty | |
EZIZ NESINIÑ FAMILIÝA EDINŞINIÑ HEKAÝATY
Degişmeler
1934-nji ýylda "Familiýalar hakyndaky" kanun çykdy. Her kimiñ öz familiýasyny özi saýlap almaga hukugy barlygy üçin adamlaryñ ähli pes duýgudyr oý-pikirleri orta çykdy duruberdi. Dünýäniñ iñ husytlary "Eliaçyk", dünýäniñ iñ züwwetdin gorkaklary "Ýürekli", dünýäniñ iñ işýakmaz ýaltalary "Işeññir" diýen ýaly familiýalary saýlap aldylar. Her sapar şular ýaly alan-aldy bolanda, iñ soñuna galýandygym üçin gowy familiýa alan-aldylygynda hem iliñ soñuna galdym. Maña iliñ ortasyna çykyp gaýşaryp gezer ýaly familiýa galmandygy üçin, özüme "Nesin" ("Näme sen?" "Kim sen?" -t.b.) diýen familiýany aldym. Goý, her kim maña "Nesin" diýip ýüzlenende, öz kimdigimi, nämedigimi aklyma aýlap, özüme geleýin, öz hetdimi tanap duraýyn diýdim. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||