17:44 Fatih Soltan Mämmediñ heniz bilinmeýän bäş esasy aýratynlygy | |
FATIH SOLTAN MÄMMEDIÑ HENIZ BILINMEÝÄN (AZ BILINÝÄN) BÄŞ ESASY ARTYKMAÇLYLYGY
Osmanly türkmen döwletiniñ ýedinji soltany Fatih Soltan Mämmediñ dünýä taryhynyñ jöwheri diýip baha beriljek derejede gahrymançylykly ömür ýoly bar. Taryhda nijeme musulman, şol sanda türkmen soltanlary hem onuñ ýerinde bolup, Stambuly eýelemegi ömürboýy arzuw edip geçipdiler. Çünki, haçparaz Wizantiýanyñ paýtagty Konstantinopoly eýeläp, ony yslamyýetiñ pajarlap ösen Yslambol (Stambul) şäherine öwürjek soltanyñ waspy Hezreti Muhammet pygamberimiziñ (s.a.w) Hadyslarynda ýetirilýärdi... Fatih Soltan Mämmediñ keşbi kino sungatynda hem birnäçe gezek - "Osmanly tokmagy" teleserialynda, "Fatih 1453" kinofilminde, iñ soñky düşürilen "Fatih Mehmet" teleserialynda janlandyrylypdy. Ilki 1444-46-njy ýyllarda, soñ 1451-nji ýyldan 1481-nji ýylda aradan çykýança, jemi otuz ýyl hökümdarlyk eden milli gahrymanymyzyñ taryhçylar tarapyndan az üns berilensoñ, heniz bilinmeýän ýa-da ýeterlik bilinmeýän artykmaçlyklary hem bardy, elbetde. Onuñ bu artykmaçlyklaryny okap göreniñizde, Stambulyñ eýelenmeginiñ türkmen halkynyñ taryhynda nähili ähmiýetiniñ bardygyna göz ýetirersiñiz we ata-babalarymyzyñ gahrymançylykly taryhyna buýsanjyñyz has-da artar. ■ Stambulyñ eýelenmegi Fatih Soltan Mämmediñ gahrymançylykdan doly ömri 1432-nji ýylyñ 30-njy martynda başlanýar. Ýekşenbe güni ir säher çagy Osmanly türkmen döwletiniñ şol wagty paýtagty Edirnede Soltan Myrat II-niñ ikinji ogly bolup dünýä inen Soltan Mämmediñ dünýä inderen zenanyñ ady Humaý hatyndyr. Fatih Soltan Mämmediñ Emine Gülbahar hatyn, Gülşah hatyn, Hatyja hatyn, Sitti Mükrime hatyn, Çiçek hatyn atly aýallary, Baýezit II, Mustapa, Jem soltan, Göwherhan soltan atly çagalary bolupdyr. ■ Fatihiñ çagalyk gündeligi Çagalary diýseñ gowy gören Fatih Soltan Mämmediñ çagalygyndan galan depderiñ biziñ günlerimize gelip ýeten gün gündelik-depderiniñ bolandygyny bilýänler az-az bolsa gerek. 1940-njy ýylda türk alymy, professor Süheýl Ünweriñ tagallasy bilen taryh ylmyna peşgeş edilen bu gymmatly depder Fatih Mämmediñ çagalygynda ýöreden gündeligidir. Depderde at kelleleriniñ, leglegiñ, baýguşyñ, bürgüdiñ we Fatihiñ mugallymlarynyñ, tanyş-bilişleriniñ karikatura suratlary bar. Şeýle-de depderde grek elipbiýinde ýazylan tekstler, gül motiwleri, parsça ýazylan goşgy setirleri hem bar. Soltan türkmen dili bilen birlikde grek, arap, latyn, pars, ibrany dillerinde suwara gürläp bilýän eken. ■ Ylym-bilimiñ muşdagydy Ylym-bilime üns beren Fatih Soltan Mämmet daşary ýurtly alymlary Stambula ýörite çagyrar eken. Soltanyñ Trabzon Rum imperatorlygyny eýelenände, imperiýanyñ filosofy Amiroutzes bilen pelsepewi dilde gürleşendigi mälimdir. Ol arap-pars dillerine terjime edilen pelsepewi eserleri ürç edip okapdyr. Şeýle-de 1466-njy ýylda Batlamiýusyñ kartasyny täzeden terjime etdirip, kartadaky ýer-ýurt atlaryny arap elipbiýinde ýazdyrypdyr. Köşkde uly kitaphana döredip, oña Aristotel, Eflatun, Sokrat... ýaly gadymy grek filosoflarynyñ eserlerini getirdipdir. ■ Italiýany, italýan medeniýetini gowy bilerdi Fatih Mämmet italýan medeniýetini ilik-düwme bilipdir. Onuñ iñ soñky ýörişi Italiýanyñ üstüne geçirilmelidi. Şonuñ üçin ol Pugliýa oblastyny Gedik Ahmet Paşanyñ baştutanlygynda harby garnizona öwürdipdi. ■ Ilkinji bolup portretini çekdiren patyşa! Fatih Mämmet 1479-njy ýylyñ tomsunda wenesiýalylardan ökde suratkeş ibermeklerini haýyş edipdir. Şol ýylyñ güýzünde suratkeş Gentile Bellini Stambula gelipdir. Bellininiñ çeken suraty häzir Londonyñ National Portrait Gallery" surat galareýasynda saklanýar. Mämmediñ ogly Baýezit II aşa dindar eken. Şonuñ üçin ol tagta geçensoñ, Bellininiñ çeken meşhur portretini we beýleki suratlary köşkden çykaryp zyñdyrypdyr. Bellininiñ köşgüñ käbir diwarlaryna çeken freskalarynyñ üstüni suwadypdyr. ■ Fatihiñ köýnegi... Fatih Mämmet aradan çykanda onuñ egnindäki köýneginiñ ýakasy ýyrtyk eken. Lukmanlar ony arkaýyn dem alsyn diýip ýyrtypdyrlar. Köýnek häzir Stambulyñ Topgapy köşgünde saklanýar. Topgapy köşgünde Fatih Mämmediniñ gylyjy we uruşda ulanan beýleki gymmatly zatlarynyñ aksessuarlary hem bar. Türkmen taryhynyñ iñ şan-şöhratly şahsyýetleriniñ biri bolan Fatih Soltan Mämmet 1481-nji ýylda aradan çykypdyr we Fatih metjidiniñ ýanyndaky Fatih türbesine depin edilipdir. Häzirki döwrüñ taryhy kinofilmlerdir teleseriallarynyñ, esasanam iñ soñky gezek ekranlaşdyrylan we belli aktýor Kenan Imirzalyoglynyñ oýnaýan "Fatih" teleserialynda Osmanly türkmen hökümdary Fatih Soltan Mämmediñ gahrymançylykly ömri nä derejede dogry janlandyrylýar, bu barada pylan zat diýip biljek däl... Ýöne türkmen ýaşlarynyñ her biriniñ bilmesi we ruhy güýç almasy gerek Fatih Mämmediñ ömri, şu çaklañja makalany okan her biriñiziñ durmuşyna ýagtylyk berer diýip umyt edýäris. ■ Bonus: Ýeñiş (Fetih) ýüzükleri Osmanly türkmen soltany Fatih Soltan Mämmediñ Stambuly eýeländen öñki we soñky ýeñişlerden doly ömür ýolundan ylham alynyp taýýarlanan "Fetih" ýüzüklerini dakynyp, Stambuly eýeleýji şanly türkmen esgerleriniñ ruhy bilen ruhlanmak isleýänler www.aniyuzuk.com internet saýtyndan bu ajaýyp aksessuarlary satyn alyp bilerler. ■ Fatih Soltan Mämmediñ ömri bilen giñişleýin tanyşmak üçin taryhçy Jumamyrat Gurbangeldiýewiñ makalasyna seret, saýtdaky linki: http://www.kitapcy.ga/news/fatyh_soltan_mammet/2019-05-26-7146 # aniyuzuk.com | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |