GADYMY HYTAÝYÑ MISTIKI SYRY: ŞAOLIN YBADATHANASYNYÑ RUHANYLARY
Şaolin taglymaty gadymy Hytaýyñ mistiki syrlarynyñ biri bolup, söweşjeñ sungatyñ ähli görnüşi şondan gözbaş alyp gaýdýar.
Mysal üçin, iñ meşhur söweşjeñ goranyş sporty bolan kung-fu şaolin kung-fusynyñ başlangyç görnüşidir.
Köp wagty, uzak ýoly, güýç-kuwwaty, ýaragy, ussatlygy, söýgini, gujur-gaýraty öz içine alýan we sözüñ doly manysynda söweşjeñ sungat bolan şaolin kung-fusyny Hytaýda bilýänler az-az. Şaolin ruhanylary bu täsin sungaty ynançlaryny gorap saklamagyñ hatyrasyna bukup saklaýar. Ruhanylar bu söweşjeñ sungaty daşarky dünýäden ýaşyryn saklap, ony diñe mynasyp hasap eden az sanly adamlaryna öwredýär.
■ Şaolin kung-fusy
V asyrda gurulan Şaolin ybadathanasy taryhyñ dürli döwürlerinde birnäçe gezek ýykylyp, täzeden guruldy.
Hindistanly dhýana ussady Batuo (Fotuo ýa-da Buddhabhadra) 464-nji ýylda Şaolin ybadathanasynyñ baş ruhanysy hökmünde buddizmi wagyz etmek üçin Hytaýa gelipdir.
Ol Şaolin ybadathanasyndaky ruhanylaryñ ulanan şaolun kung-fusynyñ emellerini hasam ösdürip, täze basgançaga göteripdir.
Şaolin ruhanlary güýjüñ diñe adam añyndan gelip çykýandygyna ynanýandyklary üçin türgenleşik pursatynda islän tilsimlerini edip bilýärdiler. Olaryñ hereketleriniñ taýýarlanşy we serenjam beriş düzgünleri gadymy hytaý medisina bilimine esaslanýardy we adam organizminiñ hereket ediş ýagdaýyna sazlaşýardy. Tilsimler agram deñligi, güýç, çydamlylyk we özüñi goramak ýaly hususlara esaslanyp guruldy. Şeýlelikde, yza çekilmezden akyl ýetirmesi kyn derejelerde agyry-ynjylara döz gelip bilýärler. Bu ruhanylar bedeniñ döz gelip biljek zatlarynyñ ruha we aña degişli güýjüñ "simptomlarydygyna" ynanýarlar.
Şaolin ruhanylarynyñ iñ uly maksady ähli dünýewi zowky-sapalardan çetde durup özlerini arassalamak we şaolin kung-fu sungatyny iñ kämil derejä çykaryp amal etmekdir. Birnäçe asyrlara uzap gidýän bu sungat şaolin ruhanylaryny durmuşyñ ähli öwrümlerinde güýjüni ýititmän saklamagy üçin ösdürildi. Gysgaça aýdanymyzda, şaolin kung-fusyna adamzadyñ içki energiýasynyñ daşyna böwsülip çykmasy diýsegem, öte geçdigimiz bolmaz.
Şaolin ilki Hytaýda dörän kung-funyñ esasy şahalarynyñ biri bolup, bu sungatyñ öz gezeginde birnäçe wersiýasy we özüne mahsus aýratynlyklary bar.
Bu sungat bilen meşgullanmak isleýänler alty ýaşyndan başlap meýletin ýagdaýda Şao Şi atly daga çykyp ýaşap başlaýar.
Tüwi, towuk we saglyga peýdaly ähli iýmit önümlerini öz elleri bilen ösdürip ýetişdirýär. Günde 5-6 sagat işläp, galan wagtlaryny ybadat edip geçirýärler.
Säher bilen 05:00-da örüp, günortan iki sagat uklaýarlar, ikindinara 19:00-da bolsa gün tamamlanýar. Bu sungat diñe erkeklere mahsus sungatdyr, muña aýal-gyzlar alynmaýar.
800 ýyllyk dermanhanasy bolan Şaolin ybadathanasynyñ ruhanylary Song dagyndan toplan dermanlyk ösümliklerinden melhem taýýarlaýarlar.
Dermanhana 1217-nji ýylda Zhilong atly ruhany tarapyndan gurulypdyr. Dermanhanada ösümliklerden taýýarlanan her dürli melhemleri tapmak mümkin. Ösümlikleriñ hemmesi-de Hytaýyñ iñ meşhur daglarynyñ biri bolan Song dagyndan ýygnalýar. Song dagynda bolsa bitmeýän ösümlik ýok diýen ýaly. Olaryñ on üç sanysy "Şaoliniñ 13 şypaly ösümligi" diýip tanalýar. Ol ösümlikleriñ käbiri: patanga (Caesalpina sappan), hytaý dudnigi (Angelica sinensis), dawalliýa marissa (Davallia mariessi), suw gamyşy (Scirpus fluviatilis), hohlatka ýanhusuo (Corydalis yanhusuo), benks bägüli (Rosa banksiae).
Legendar Şaolin ybadathanasy Hytaýyñ Henan welaýatynda ýerleşýär. Bu ybadathana Gündogar filosofiýasynda möhüm rol oýnaýan dini we buddist merkezleriñ biridir
Şaolin kung-fusynyñ esaslary şu ýerde düzülipdir. Miladynyñ 500-nji ýylynda Buddanyñ 28-nji arka mirasdüşeri hindistanly ruhany Bodhidharma Hytaýa geldi we bu ybadathana ýerleşdi. Ol bu ýerden Çan buddizmini wagyz etmäge başlapdyr. Da Mo Hytaýly ady bilenem tanalan Bodhidharma dokuz ýyla çeken meditasiýadan soñ on sekiz sany dürli-dürli hereket we dem alyş tilsimini kämilleşdirdi. Bu tehniki emeller ruhanylaryñ rahatlanmasyny we añ taýdan sak bolmagyny üpjün edýärdi, şol bir wagtyñ özünde birnäçe günläp geçirilen meditasiýa bilen islän hereketlerini etmäge ýol açýardy. Şeýlelikde, başga-da köpsanly söweşjeñ sungatyñ emelleri bilen utgaşdyrykyp şaolin kung-fusynyñ düýbi tutuldy. Da Mo Hytaýlynyñ taglymatyna görä, söweşjeñ sungat kimdir birine hüjüm etmek üçin däl-de, sagdyn akyl-paýhasy we sagdyn organizmi kemala getirmek üçin ulanylmalydyr. Bodhirdarmas pelsepesiniñ esaslary düzgün-tertibe, akyl-paýhasa, beden gözegçiligine we ilkinji nobatda adam ömrüne bolan hormatdan ybaratdy. Şaolin ruhanylary uzak ýyllaryñ dowamynda bu sungaty kämilleşdirip geldiler. Söweşjeñ tilsimler esasan haýwanlaryñ goranyş tilsimlerinden alynypdy. Netijede monkeý (maýmyn), dragon (aždarha), tiger (gaplañ) diýen ýaly söweşjeñ tilsimler döredi.
■ Şaoliniñ syry
Şaolin ybadathanasy 495-nji ýylda gurulypdyr. Ol ýer Çan (Zen) buddizminiñ Hytaýdaky merkezi hökmünde tanalýar. Buddizmiñ bir şahasy bolan çanyñ döreýşi Budda çenli uzaýar. Öñden gelýän ýörelgä laýyklykda dharma taglymatyny Gautama Buddadan ilkinji bolup alan Kasýapa bolupdyr. Budda bir gezek wagyz etmeli bolanda hiç zat diýmändir, onuñ elinde diñe bir güljagaz bar eken. Buddanyñ şägirtleriniñ biri-de ol güljagazy elinde saklamak bilen halypalarynyñ nämr diýmek isleýändigine düşünmändirler. Diñe Kasýapa ýylgyrypdyr, bu hereketiñ manysy söze däl-de, üme düşmekligi añladýardy, ýagny, sözlemezden diýmek isleýän zadyñy düşündirip bilmeklikdir.
Bu taglymat Kasýapadan soñky ýigrimi ýedinji arkada Bodhidharma tarapyndan Hytaýa ýaýradyldy we "dharmaparýaýa" sözi hytaý diline "çan" görnüşinde geçdi.
Häzirki wagtda bu taglymat zen buddizmi ady bilen tanalýar. Bodhidharmanyñ ybadathanadaky ruhanykara fiziki tälim berip, ol ýerde kung-funyñ başlamagyna sebäp bolandygy rowaýat edilýär. Başga bir rowaýata görä, Bodhidharma ybadathananyñ ýakynyndaky gaýalyga çekilip, ýüzüni daş plita berip sagatlap, günläp, hatda birnäçe aýlap meditasiýa ahwalyna girer ýatarmyş. Wagtyñ geçmegi bilen onuñ kölegesiniñ gaýanyñ ýüzüne geçendigi we sylanyñda bozulmaýan yz galdyrandygy hem aýdylýar...
Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Geň-taňsy wakalar