17:39 Ganatsyzja perişde / hekaýa | |
GANATSYZJA PERIŞDE
Hekaýalar
Ynsdan-jynsdan, adamu-haýwandan hyryn-dykyn bu dünýede häzir diňe şu ataly-gyz ikiçäk ― sopbaş galana meňzeş. Bularyň göwnüne şeýle. Sebäbi, bulara häzir bir-birinden başga hiç kim, hiç zat gerek däl. Biri-hä gyzjagazyň kakasy, beýlekisem ― kakasynyň gyzjagazy. Bolany. Bulara häzir başga at hem gerek däl. Gyzjagazyň-a kakasam şu ― ejesem, kakasynyň bolsa gyzam şujagaz ― oglam. Şonuň üçinem, ol gyzjagazyna kä «gyzym» diýse, käte «Oglum!» diýip ýüzlenýär. ― Niräň agyrýa, oglum? ― Hi-i-iç... ― diýip, düşekde ýatan gyzjagazy ysgynsyzja süýkdürdi. ― Derman içjekmi? ― Juk. ― Bir zat iýesiň gelýärmi? ― Ýuk. ― Onda... men näme edeýin, gyzym?! Gyzjagaz horja synasynda galan barja güýjüni tygşytlajak bolýan ýaly, jogap ýerine, diňe başyny çalaja ýaýkady. Onuň towarja, garaja saçlaram, göýä, ysgyndan gaçan dek, maňlaýyna, ýaňajyklaryna ýelmeşip ýatyr. Kakasy gyzjagazynyň saçlaryny iki ýana sypaşdyryp, aýasyny emaý bilen onuň maňlaýyna goýdy: ― Gyzgynyň-a ýok şu wagt, tüweleme... ― Bu onuň gyzjagazyna-da däl-de, özüne göwünlik berdigi. Gyzjagaz gözlerini ýumup ýatyşyna, ýuwaşjadan «Hä-ä...» diýdi. Kakasy daş-töweregine ýalt-ýult edip, ýumrugyny agzyna eltdi-de, ardynjyrady: ― Yhm, nememi... Aýdym aýdyp bereýinmi? Gyzjagazyň dodajyklarynda ýylgyrma çalymdaş bir hereket peýda boldy. Muny makullama alamaty diýip düşünen kakasy, ätiýaçdan ýene bir gezek bogazyny arçady-da, zorruk sesi bilen zowladyp ugrady: ― Äý... Oglan başym galdy derde-e-eý, Karar tapman men bu-u ýerde-e-eý... Yzy ýadyna düşmänsoň, ol tükeniksiz «iýk-iýke», «juk-juka» tutdurdy. Gyzjagazynyň ýylgyrýanyny görübem, monça bolup, begençli seslendi: ― Hä, nähili? Bolýam-aý? ― Gowy eken... Yzy nähili? ― Wah, şoň yzyny bilemok-da, içigar... Äý, sen ýöne, gynanma, oglum! Häzir başga bir zat taparys... ― Ony kim ýazypdyr, kaka? ― Ýaňkynymy? Ony Mežnun diýip biri, ýazmandyr-da, aýdypdyr... Gyzjagazynyň biraz janlanyp, gürrüňe goşulmasyndan gylawlanan kakasy öz-özüne degip ugraýar: ― Äý, kakaň ýaly, ugruny ýitiren, ýöne aýdym aýtmany gowy görýän biridir-dä! Çölden-çöle, dagdan-daga aýlanyp, aýdyberýän eken. Soň bir gün ol nemä duşupdyr... ― Kakasy birden sägindi-de, ýene ardynjyrady. ― Yhm... Äý, o Mežnunyň gürrüňini eşiderden sen entek kiçijik, gyzym! Gowusy, men saňa başga bir erteki aýdyp bereýin... ― Ol Hydyr ata duşupmy? ― diýip, gyzjagazy kakasynyň sözüni böldi. ― Ä? ― diýip, kakasy aňk-taňk boldy, aljyrady. ― Men Hydyr ata diýdimmi? ― Ýok, diýeňok... Ony men soradym. ― Hä, şeý diýsene! Men... näme diýjek boldum-aý? ― Bilemok... ― diýip, gyzjagazy zordan ýylgyrdy. ― Ertek-ä diýdiň. ― Howwa, erteki, erteki... Bir bar eken, bir ýok eken, ganatsyzja bir perişde bar eken... Gyzjagazy hem geňirgenip, hem gyzyklanyp, diňşirgenýär. Kakasy bolsa duýdansyz diline gelen bu «perişdeli» gürrüňiň yzyny nähili alyp gitjegini bilmän, esli salym oýlanyp oturdy. ― Soň, kaka?! ― Hä, soňmy? Äý, soň, kyn-da, ganatsyz bolsaň... Ynha, aýdaly, bir ýerde bir çagajyk ýaraman ýatyr. Derrew ýetişmeli! Emma, nädip ýetişjek, ganatsyz?! ― Uçar bar-a! ― diýip, gyzjagazy ýatladýar. ― Uçar bolanda näme! Uçara bilet gerek, bilede-de pul gerek. Perişdede pul nämişmesin... Ýa-da, aýdaly, başga bir ýurtda uruş turjak bolup dur. Emma, ýaňky perişde mytdyldap barýança, urşuň başlanjagy başlanyp, boljagy bolup, gutarýaram... Anha, şeýle-dä1 Şeýdip, ol perişde hiç ýere ýetişenok diýýä... Indi kakasam dymýar, gyzjagazam. Hersi öz oý-pikirlerine gümra. Kakasynyň öz yňdarma ynanjaňlygy zerarly gören günleri, şowsuzlyklary, öz nälaçlygy, elinden zat gelmez emelsizligi, ebeteýsizligi, hyýalbentligi... ýadyna düşýär. Adam öz şowsuzlygyny, hatda nälaçlygynam kimdir birinden görmese bolanok. Onsoň, kakasy öz hassa gyzjagazynyň başujunda oturanlygynam unudyp, hälki «ganatsyzja perişdäniň» üstünden dökülýär: ― Äý, şü, bize sataşanam şoň ýaly bir perişdemikä diýýän. Ýogsam, gelerçe bold-a geljek bolsa... ― Geler, kaka! ― diýip, gyzjagazy başardygyndan oňa göwünlik berdi. ― Aý, maňa-ha şoň indi geleni gerek däl. Ýöne, ynha, gelip diýýän-ä, iň bolman, saňa bir kömejik etse diýýän... Maňa bolýa şol! Ýog-aý, bize gezek gelende, iki aýagyndan daş asylan ýalydyr. Bir baý kişiňkä barmaly bolsa-ha, çagyrylmanka, dikilgazyk bolardy... ― Beý diýme-dä, kaka! ― Diýjeg-ow! Näme diýmän?! Oňa Allatagalaň ganat bermänine men günäkärmi? Menem, ynha, ganatsyz-da! Otyryn-a seň öňüňde müzzerilip... Häý! ― Aglama, kaka! Ol geler... ― Kim aglaýa? Men aglaýanmy? Ol seniň gözüňedir, göwnüňedir,gyzym! Haýsydyr bir ganatsyz, maýyp perişde üçin aglar ýaly, kakaň näme, samsykmy?! ― Bolýa, kaka jan! Gyzjagazy birwagt, mundanam kiçijikkä, kakasyny dünýäde iň güýçli, iň edermen, iň akylly adam saýardy. Uzakly günüň oýnundan doýman, agşam ýene ertirki oýnajak oýunlarynyň aladasyny edip ýatyrka, kakasyna birden sowal bererdi: ― Kaka, ertir ýagyş ýagarm-aý? Kakasy «Ýagdyrsammykam ýa ýagdyrmasammykam?!» diýýän ýaly, birsalym oýlanyp oturandan soň: ― Ýagmaz! ― diýerdi. ― Aý, sagja bol, kaka! ― diýip, gyzjagazy onuň boýnundan asylardy. ― Meň kakam jan zor-laý! ― diýip, ertesem joralarynyň ýanynda uzakly gün öwner ýörerdi. Tä ýagyş ýagýança... Ol häzirem, ysgynsyzlyk ukusynyň arasynda, şol birwagtky jorajyklary bilen jedele girdimi ýa-da hälki käýelen perişde bilen kakasyny ýaraşdyrjak boldumy, dodajyklaryny gymyldadyp, «Meniň kakam gowudyr...» diýip, ýuwaşja pyşyrdady. Kakasy bolsa, özüni «ýele-suwa hökümi ýöreýän» hasaplap ýören gyzjagazynyň ýanynda birden şeýle ejizlänine utanyp, ýere giräýjek bolup otyr. Ýöne, ejizlese-de ejizledi, utansa-da utandy welin... kän wagtdan bäri ýüreginden aslyşyp duran gara daşam üzülip gaçyp, onuň ýerine üýtgeşik bir rahatlyk, ýeňillik geläýen ýaly boldy. Adam pahyr şol daşy aýdyp-aýdyp gaçyrmasa, bolanok. Daga-daşa aýtmaly, ýele-güne, guşlara-agaçlara aýtmaly, garaz, aýtmaly. Gijäniň birwagtky, uka garyşyp barýarka, kakasy «Ertire çyksam, alyp gideýin köşejigi, nirä äkitmelem bolsa... Karz-kowal ederin bolmasa... Adam diňe öz güýjüne daýanmaly... Ertekiden peýda ýok...» diýip, pikirlenmäge ýetişdi. ...Daň atdy. Daňlagyň şuglasy bu içerä-de düşüp, biri aşakda, biri ýokarda ýatan iki göwränem aýyl-saýyl etdi. Gyzjagazyň gansyz dodaklarynda, ýarymaçyk, garaja gözlerinde täsinje bir ýylgyryş doňup galypdyr. Kakasam ýerde ýazynan düşeginiň üstünde uzyn düşüp, ukynyň gülüni çürtüp ýatyr. O-da häzir ýylgyrýar. Ýöne onuň ýüzündäki ýylgyryş bir ýerde duranok, kä görünýär ― kä ýitýär. Şo-ol ganatsyzja perişdäniň öten agşam, iň soňky gezek özüne myhman bolanyndan, daňdana golaýam ganat baglap, öňki gelenje ýerine ― behişdiň goýnuna tarap uçup gidenliginden kakasy entek bihabar... Kömek Kulyýew | |
|
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |