02:08 Gara daşyñ ýüzündäki garynja / hekaýa | |
GARA DAŞYŇ ÝÜZÜNDÄKI GARYNJA
Hekaýalar
...Öten agşam näm bolupdyr-aý?! ― Sen maňa suka diýdiň ― diýip, göwnüm aglaýar. ― Düýnkiňi bir gaýtala! ― diýip, kelläm hüňleýär. Hany, birazajyk özüme geleýin... Howwa, diýdim. Göwün bolarmy mundan! Elbetde, her bende ýaradylanda, öz göwni bilen bilelikde ýaradylýandyr. Ýa-da ol bende ýaradylansoň, onuň özüne laýyk göwün saýlap, tapyp berýändirler. Onsoň o-da gelen öýüne göräräk bolup gezibermelidir-dä... Emma, ynha, aýdaly, söwda ministriniň orunbasarynyň göwnüne gelmeli gowy arzuwlar haýsydyr bir işçiniň göwnüne gelse, beýle göwün, heý, gowulygyň üstünden eltermi?! Kellä-de diýdim. Ilk-ä «Samsyk kellämiň derdinden aýajyklaryma gün ýok» diýip, bularyň agzyny alartjak boldum. Soňam maňlaýyma pitikledim-de: ― Açyl-how senem, açyljak bolsaň! Ýogsam, ed-dil ortaraňdan otlaýan... ― diýdim. Aý, bolýa. Biziň göwnümiz känbir kineçilem däldir ― uzakçylam. Köşeşer-le. Kelle-de öz kellämiz, menden aýrylyp, gitjek ýer-ä ýok şunuň. Ýöne, ynha, heleý gürlänok. Iň erbedi ― şol! Özüm bir gepjagaz ataýsamam, Şükür bagşyň ýeňňesi ýaly, ýeňsesini tüňňerdip çykyp gidýär. Allajanlarym, men muňa näme diýdimkäm... *** Biziň direktorymyzyň käte ilki gabat gelen adama çem gelen ýumşy buýurmasy bar. Ynha, arada bir iş bilen onuň gapysyny kakjak wagtym, gapy açyldy-da, direktoryň özi çykaýdy. Elinde-de äpet bir bukja. Meni gören badyna-da: ― Hä, neme... Gowy geldiň. Me, häzir ministrlige eň-de, şuny göni ministriň kabulhanasyna eltip ber! ― diýip, bukjany meniň elime tutdurdy. ― Men häzir jaň edip, kagyzlaryň barýanyny aýdaryn. Eglenme! Ministriň kabulhanasynda hiç kim ýok eken. Bukjany stoluň üstünde goýup gaýdyberseň, ol birhili. Ýa özüm giräýsemmikäm? Men ýüregime daş baglap, äpet gara gapynyň tutawajyndan tutdum. Ministrli meselede haýsy pygambere ýüz tutup, haýsy öwlüýä näme aýtmalydygyny bilmämsoň, içimden «Ýa bir...» diýýän-de, ýene durýan. Hudaýyň ýekeligi, hemmeler üçin deňligem bir gowy zat: iň soňda «Ýa bir Alla!» diýdim-de, tutawajy çekdim. Açsam, öňümde ýene bir gapy. Ony açjak bolamda, yzymdaky gapy gürpüldäp ýapyldy. Tümgaraňky. Indi öňdäki gapynyň tutawajyny tapamok. Ahyrsoň, pişik ýaly dyrnaçaklaý-dyrnaçaklaý, zordan açdym. Ministr otyr. Otyr welin... onuň oturan ýerine çenli bir kilometr dagy bardyr öýtdüm men-ä. Garynja ýaly gyrmyldaý-gyrmyldaý, zordan ýetdim. Ministr gowy adam eken. Wah, men bu dünýesini nätjegimi bilýän welin, şu gowular badymy alaýýa-da... ― Geçiň, oturyň! ― Men oturmaýyn... Ine, şu bukjany size iberdiler. Men şo kärhanaň işçisi... ― Hä, sag boluň! Hany, birsalym oturyň. Nähili ýagdaýlaryňyz? Aýlyk-günlügiňiz nähili? Ýetýärmi? Menem aljyrap: ― Ýetýä... ― diýipdirin. Ministr birsalym pikire çümüp oturdy-da, maňa tarap çalarak egildi: ― Hüm... Siziň aýlygyňyzy galdyrmak niýetimiz-ä ýok däl. Umuman, biz siz hakda gowy pikirde. Gaýrat ediň-de, işläberiň! Men ýene iki gapynyň arasynda galdym. Şol sermenekläp duran ýerimde-de, ministriň ýaňky sözleri aňyma ýetdi: «Aýlygyňy galdyrjak... Pikirimiz gowy!». Kärhanamyza çenli pyýadalap gaýtdym. Şol aralykda bu gara kellä gelip-geçmedik pikir ýok. «Beýle sözler näme üçin aýdylýar? Kime aýdylýar? ― diýip, soraýan özümden. ― Saňa aýdylýar! ― diýýän özüme. ― Ministr adam ýöne ýere bir zat diýermi? Diýmez. Ol adamlar ardynjyranda-da, ýönelige ardynjyramaz... Ýa at gazanan-zat beräýjeklermikä? Äý, şu, heleýe bolsa, bize-hä bolýa... «Indi at gazananlar däl-de, pul gazananlar sylanýar» diýäýmesem daş däl onuň. Öňem telim taýyň bilini döwen heleýdir bi! Bulara seniň adyň däl-de, zadyň gerek... Ýok, ministrem aýlyk diýdi ahyryn! Howwa, aýlygyňy köpeltjek diýdi. Adamyň aýlygyny nädip köpeldýärler? Wezipesini galdyryp! Ýogsa-da, biziň şu seh naçalnigimiziň aýlygy näçekä? Häzir baramyzda, biläýeris... Iş ýerimize barsam, seh naçalnigimiz öz kabinetjiginde ýüzüni sallap otyr. Munuň ýüzüniň açylan wagty ýok. Barşyma: ― Ýoldaş Berdi neçellik, seň aýlygyň näçe? ― diýdim. ― Nirä gitdiň? ― Menmi? Ministrlige baryp gaýtdym-laý. Direktordan sora-da göräý! Men onuň indiki soragyna garaşyp durman, iş ornuma geçdim... Meniň şu Berdä nebsim agyrýar. Bu dünýede kyrk-kyrk bäş ýyl ömür sürüp, şu kärhanada ýigrimi-ýigrimi bäş ýyl bäri öküz ýaly işlese-de, ol ösenok. Sebäbi, onuň dostlary ― şo bir adamlar. Ösmek üçinem, günde üç-dört adam bilen dostlaşyp, işiň bitdigi, dördüsindenem geçmegi başarmaly. Men näderkäm? Meniňem öň birtopar dostum bardy. Baryny aldyrdym. Birini pul aldy, birini ― ajal, birini wezipe aldy, birini ― aýal... Äý, hany, dost tapylar-da entek! Ýöne şü Berdä bir degmäýin-le! Şuň ýerini berjek diýselerem ― gerek däl. Hudaýyň uranyny pygamberem hasasy bilen dürter etmäli-le... Ýogsam, Berdiň özi ýok wagty, onuň şol garaýaglyja oturgyjynda oturyp görýänem bar. Hol Emin-dä, samsyk! Şol samsygyňky dogry bolmagam mümkin. Bagtyň çüwmegi üçin, birazajyk samsyklygam gerek. Akylly adamyňky aňsat çüwýän däldir. Onsoňam, samsyklygyň ýene bir artykmaç tarapy bar: Şu wagta çenli akyldan dälirän adam kän welin, ýöne samsyklykdan dälirän ýokdur... Men esasy pikirden tas sowlan ekenim. Esasy pikir bolsa ― başga! Iş wagty gutardy. Çykyp barýarkam, ýaňky esasy pikir meni ýene büdretdi: «A-haw, dur-la... Seh naçalniklerini ministr aýryp-bellemez ahyryn. Ony etmeli ― direktor! Anha, direktoryň özüni welin... Aý, ýok, eýle bolsa, direktoryň özi meniň dokumentlerimi öz elime tutduryp goýbermez ahyryn! Ýok, nämüçin goýbermän?! Ministr «Özi gelsin, hany, bir ikiçäk gürleşip, synlabam göreýin!» diýen bolsa, näbilýäň? Ol adamlar seni görmän-bilmän, wezipä bellemez-ä!». ...Öýe girişimdenmi ýa saçak başyna geçişimdenmi ― aýalym bir zatlar aňdy öýdýän. Öň, üç aýdylanda ― çaý, bäş aýdylanda-da ― nahar getirýän aýal, bu gün men oturyp-oturmankam: ― Ilki çaý içjekmi ýa nahar guýubereýinmi? ― diýip soraýar. Ýok, näme diýseňem, gaty duýgur bular. Ýa-da men aýlygymy alandyr öýdýä şu... Nahardan soň, aýalyma garaşmaýan soragyny berdim: ― Keýwany, ikimiz toý edemizde, men galstuklymydym ― dälmidim? ― Wiý, bu oglany... ― Bu gün «oglanam» bolduk! ― Toýda meniň özümiň näme geýenim ýadyma düşýämi, seňki düşer ýaly... ― Seň ýadyňa düşmese, meňkä düşýä: gyzyl galstugym bardy meniň, irzinli. Şony tap! Aýalym ýüzüme seredip-seredip goýýar. Menem, bilgeşlin, gürlämok. Goý, biraz tolgunsyn! Emma, aýalym uzak tolgunyp oturmady: ― Näme, indiden soň galstuk dakynyp, ministr bolaryn öýdýäňmi? Şularyň-how, ýalandan zyňan kesegem göni nyşana gelip degäýýä. Men gönelmeli boldum: ― Şu gün ministr çagyrdy. Menem bardym bärden, ebtimi agdaryp... Gelşiksiz-how! ― Aýalym özüne gelip-gelmänkä, ýene bir öwrüm etdim. ― Ertirem çagyraýmagy mümkin! Meniň kyrk bäş ýaşly aýalym bilen ýigrimi bäş ýaşly galstugym uzakly gije gidişdiler. Aýalym-a ütük basýar, galstugym bir gönelip, galstuga meňzän ýaly edýär-de, ýene towlanyp, turba bolaýýar. Emma... ýagyň aýal bolmasyn! Onuň öňünde gönelmejek barmy! Ertesi işe dokuzyň ýarynda däl-de, sekizde baraýypdyryn. Barşyma, sehleriň baryny ýekeme-ýeke aýlanyp çykdym. Köp gowy pikirler kelläme geldi: Birinjiden, aýnany eredip-guýýan sehiň işçileriniň aýlygyny artdyrmaly. uzakly gün ot-ýalnyň içinde işleýän adamlar nämüçin haky beýlekiler bilen deň almaly? Ikinjiden, işleri mehanizmleşdirmek üçin, mehaniki sehi ulaltmaly. Üçünjiden, taýýar çüýşe gaplary sortlaýjy sehde diňe aýal-gyzlary galdyryp, ol daýaw-daýaw öküzçeleriň baryny başga sehlere geçirmeli. Men pikirlerimi çugdamlap ýetişmänkäm, adamlar çozşup gelip ugradylar. Her kim öňbaýraga goýberilen ýaly, gara der ― ak köpük. Gözlerem ýarym ukuly. Sagadyma seretdim ― sekiz ýigrimi bäş. Göni dokuzyň ýarynda-da seh naçalnikleri aýlanyp, «kim bar ― kim ýok» edip ugradylar. Dokuzdan geçip-geçmänkä-de, işçiler bir-birinden çilimdir otluçöp sorap, aýlanyp başladylar. «Oda gelen heleýiňem otuz agyz sözi bar». Erkegiňkem şondan az däl. Asla-ha, şu dokuzyň ýary diýilýän düzgüni ýatyrmaly. Ýogsam, bi ne eýläk ― ne beýläk, ne ilerik ― ne gaýrak... Ýa-ha dokuzda gelmeli et, işçi görgüliler, ýarym sagadam bolsa, ukusyny alsyn. Ýa-da göni sekize geçir-de, agşam irräk goýberäý! Günortan naharhanamyza bardym. Şu biziň aşpezlerimiziň bir üýtgeşik syrly sungat-a bar, bular şo bir etden, şo bir kartoşkadyr sogandan, şo bir makarondan nädip şeýle tagamsyz hem ýokumsyz nahar taýýarlap bilýärkäler? Iýip, naharhanadan çykmankaň, ýene aç. Bu gurbany gitdigim naharlarynyň duzunam düzläp biljek gümanyň ýok. Ýuwanrak görüp, bir çümmüjek duz atsaň, eýýäm zäk ýaly. Bulardan-a meniň aýalymyň elem süýjüdir. Bulary kowmaly! Syrlary hem müdirleri bilen bilelikde! Kärhana üçin kömekçi hojalyk döretmeli. Şu kärhanadan dynç alşa giden garry-gurtularyň gujurlyraklaryny şol hojalyga berkidip, özlerine-de dört-bäş sany sygyr alyp bermeli. Hem özleri haýyrlansyn, maşgalalaryny ak bulakly etsin, hem şu naharhana her gün täzeje süýt-gatyk gelip durar ýaly bolsun! Şu pikirlere gümra bolup, naharymy çepbe çeýnäp otyrkam, okarasyny göterip, Emin geldi: ― O-how, başlyk... Ýanyň boşm-aý? ― Şakyrt, haş-ş, hopurt. ― Üm-m... düýn ministriň ýanyna gideniň çynm-aý? ― Hopurt. ― Näme sorady? Men okaramy bir gapdala süýşürdim: ― Aýlygymy sorady. Eminiň gözleri tegelendi: ― Hiýh... Näçe aýlygyňy? ― Näçe aýlygymy däl, samsyk, aýlygymyň näçeligini sorady. Eminiň çemçesi elinden gaçdy: ― Fü-ü-üýt... ― Emin bir elini ýokaryk «uçurdy». ― Onda sen gitdiň, zalym! Eger samsyklaram şuňa düşünen bolsa, diýmek, onda men ýalňyşmandyryn. Nahardan soň Berdä «Meni başlyk çagyrýar» diýdim-de, göni direktoryň ýanyna ugradym. Direktor, giren badyma, meniň boýnuma tiňkesini dikdi: ― Onyň näm-aý? Täze modamy? Galstuk ýadymdan çykyp gidipdir. Özem, seretsem, aýalymyň ähli azabynyň üstünden atanak çekip, ýene öňki turba görnüşine geleňkirläpdir. ― Äý, agşam işden soň bir ýere den roždeniýä barmaly... ― diýdim-de, direktora ýylgyrmaga maý bermän, bir aýagymy beýlekimiň üstüne atyp, iki elimem gursagymda çilşirdim-de, esasy meselä geçdim: ― Men häzir başga mesele bilen geldim... Biz önümçiligi üzül-kesil ýokarlandyrmaly! Elbetde, kynçylyklar, ýetmezçilikler bar, men oňa düşünýän. Meselem, çig mal ýetmezçiligi. Ony başga ýerlerden getirmeli bolýarys. Biziň önümimizi alýan karhanalaram wagtynda biziň bilen hasaplaşyp bilenoklar. Ýöne bu zatlaryňam alajy bar... ― Howwa, siz-ziň pikiriňizçe, nähili alajy bar? ― Ynha, bize bergili edaraň puly bolmasa, öz çykarýan zadyndan berip hasaplaşaýsyn. Bizem ol zatlary alarys-da, çig mal alýan ýerimize gerekli zatlar bilen çalşarys. Onsoň, o zatlary eltibem, ýerine özümiz üçin çig mal alyp gaýdarys. Ilki bilen, özümize däl-de, beýlekilere näme gerekligini bilmeli! Adam pahyr ýekeje minut özüni başlyk diýip göz öňüne getirse, gör, nahili akylly pikirler kellesine gelip ugraýan eken. Asyl, başlyklyga geçen adamlar birdenkä akyllanyp gidiberýärem diýýän-le... ― Siziň aýdýanyňyz, belki, dogrudyr. Ýöne kime näme gerekligini ikimizden özgerelem görmän-bilmän duran däldir! Men çydamadym: ― Ýoldaş direktor, sen köne adam, köneçe işleýäň, mydama ýokardan bir görkezmä garaşýaň. Üstesine-de, sen gorkak adam! Direktor gorkdy. Meniň aýdýan sözlerime düşünip däl-de, meniň nämedir bir berk zada pugta arka diräp gürleýänime düşünip, gorkdy. Ol derrew sekretarkasyna jaň edip, iki adamlyk çaý buýurdy... Soňam, birhili boýnuny burubrak: ― Seňkem dogry, neme jan, ýöne nätjek, ýagdaý şeýle-dä... ― diýdi. Munuň käte çetine degäýesiň gelýär welin, ýöne çeti nirede, burçy nirede, ortasy nirede ― bilip bolanok. Togalajyk bir zat-laý! «Seňkem dogry!» diýýär-de, togarlanypjyk, eliňden sypýar gidiberýär. Onsoňam, herniçik bolanda-da, ýüz-ýüze, göz-göze düşüp durka, bir adama gatyrak söz diýmegem birhili. Galyberse-de, Magtymguly duýduryp gidipdir-ä: «Ýeri gelse, garynja-da pis duşman, arslan bolup el götermez şanyndan» diýip. Garynja bolsa-da, özüňe duşman etmejek bolmaly. Ylaýta-da, köpe baş boljak bolsaň... Direktoryň ýanyndan çykyp, köçeden geçjek bolup durkam, edil alkymymdan bir «Wolwo» lowurdap, suwlup geçdi. Şonda, «Ministr birden meni özüne orunbasar edip aljak bolýan bolsa näme? Ýönekeý işçilikden ýetişen, özümem ýörite bilimli...» diýlen pikir kelläme urdy. Päh-eý, içigar.... Beterinden beteri! Ýeri, ol saňa oňardarmyka? Aý, ýok. Eger meniň özüm ministriň ýerinde bolsam-a, birini alaga-da, işçilikden bada-bat zamministrlige götermen. Assa-assadan, ýuwaş-ýuwaşdan. Ilki bolmanda, bir çökenräk kärhana direktorlyga belläp görjek. Goý, galdyrsyn, hem özüni görkezsin! Soň, pažalysta... Ýogsam-how, «Göreniň görmedigi gursun, görmedigiňem ― göreni» diýlişi ýaly, käbir adam birden galýar-da, soň başy aýlanyp, nirä ýöreýäninem bilenok. Diýmek, akylly-başly pikir etseň, häzirlikçe direktorlyga kaýyl bolmaly hem taýyn bolmaly. Agşamara, işden soň, kärhanaň howlusynda direktoryň maşynyny göremde, şeýtan böwrüme dürtdi. Ýuwaşjadan ýöräp, maşynyň ýanyna barsam, şopur içinde aýdym diňläp oturan eken. ― Başlyga garaşýaňmy? Şopur başyny atdy. ― Ysluşaý! ― diýdim. ― Sen başlygy düşüreňsoň, bir sagat-ýarym sagat kireý etmän-ä oňýan dälsiň. Şopur ýüzüme seretdi-seretdi-de, ýylgyrdy: ― Näme, agam, ýumuş bamy? ― Sen, onda, nät diýsene... Şu günki bir sagatlyk kireý hakyňy men berýän, özümem şu taýda saňa garaşýan. Sen başlygy düşürýäň-de, gelip, meni äkidýäň. ― Nirä? ― Öýe. Şopur biraz pikirlenen kişi boldy. ― Puluňy öňünden berýän! ― Bor-da, agam, yrdyň... Şeýdip, başlygyň maşynynda, başlygyň oturýan ýerinde oturyp, öýe gaýtdym. Ýolda, el galdyryşyp duranlary görende, şopur biygtyýar tormoza münjek bolýar welin, «Sürüber arkaýyn, arkaňda özüm bardyryn!» diýýän. Maşyny dört gat jaýymyzyň edil öňünde saklatdym. Düşemsoňam, maşynyň gapysyna tirsegimi söýäp, biraz durdum. Iň soňda, bütin töwerege eşitdirip, «Ertir özüm bararyn!» diýdim-de, gapyny şarkyldadyp ýapdym. Şopur maşyny hyrra yza öwrüp, maňa «Düýt-düýt!» etdi-de, wazlap gitdi. Göwnüm bol-a! Agşam nahar başynda aýalyma ýagdaýy çalarak ýaňzytdym. Şojagaza-da ol el-aýagyny ýitirip, bolmajysy boldy. Çemçe ýerine pyçak äberýär, duz ýerine ― burç. Bu görgülileri ynandyrmak kyn zatmy... Arada, öňräk, menem bir kapratiw açmaň hyýalyna mündüm. Onuň üçinem, gapdalyňda maşynlyja, pulluja pekge gerek. Onam tapdym. Tapdym-da, öýe çagyrdym. Şonda şo pekgäni ynandyrjak bolup, agzymda aş baryny gatyklap, gyzyldan-kümüşden dag baryny galdyrdym. Barybir, o pekge ynanman, gitdi. Gitdi welin, aýalym yzyndan bir tüpgün turuzmazmy. «Şol aýdan zatlaryň ýarysy şu öýe gelmese, men gitdim!» diýip. Asyl, häliden gapynyň aňyrsynda diňläp duran bolsa nätjek. Men bu gezek şo daglaryňam üstünden sary ýakutdyr ýaşyl zümerretden köşk galdyryp, köşgüňem ortarasynda lagly-jowahyrdan tagt goýdurdym-da, aýalymy şol tagta mündürdim. Şol tagtdan düşmänem, görgüli uka gitdi... Aslynda, aýaly akyl bilen ýeňjek bolýanda akyl ýok! Ertesi, işde Emin ýüregime düşdi. ― Geldiş, birden wazlap gidiberseň, biz garybam ýatdan çykarmaweri... Geldiş, bir nemeräk ýer bolsa, göz öňünde tutaweri! ― diýip, nirä barsam, yzymda kelte tirkelen ýaly bolup ýör. Ýeri, bu samsyk, direktor-beýleki bolaňsoňam, şeýdip, «Geldiş, Geldiş...» edip dursa, öljekmi-ýitjekmi? Bir şahyryň «Gara daşda garynjanyň toýnagy, yz goýanda deňleşersiň biz bilen!» diýen setirleri dilime gelip-gelip gidýä welin, Magtymgulynyňam duýduryşy ýadyma düşüp, ýene dilimi dişläýýän. Ýeri, diýeňde näme! Akylly adama «Sen samsyk, sen samsyk!» diýiberseň-diýiberseň, ahyrsoň samsyga öwrülip biler, emma, samsyga «Sen samsyk!» diýeniň bilen, üýtgejek zat ýok. Ýöne, ynha, Berdini welin, men özüme orunbasar edip alsam-alaýardymam. Oňa bil baglasa bolar! Soň bir gün «Ýeriňe kimi direktor goýsak gowy bor?» diýlende-de, ol bir taýynjak kadr boljak. Bu gün işden çykyp barýarkam, biri yzymdan ýetip, ýuwaşlyjak bilen tirsegimden tutdy. Emindir öýdüp, tas... Görsem, direktor! ― Geldi, haýsy ugra barýaň? ― Dokuzynjy mekire. ― Ugurdaşrak ýaly-la. Ýör, mün! Öňe münäý! Sen başlyk şu gün! Ýüregim süýşüp gitdi. Onda-da syr bildirmän, maşyna mündüm. Gidip barýarys. Ýeňse çukurym gyzyp dur. Direktor meniň ýeňsäme seredip, bir zatlar biljek bolýan bora çemeli. Meniň ýeňsäm saňa zat aýtmaz! Ahyrsoň direktor çydamady: ― Geldi, düýnki kagyzlary ministriň öz eline berdiňmi ýa kömekçisine goýup gaýtdyňmy? ― Özüne, elin gowşurdym. ― Hiç zat diýmedimi? ― Aý, ýok. Ýöne hal-ahwal soraşdy... Gowy adam eken. ― Dogry... Man Ataýewiç gowudyr. Dogry! Gaýdyp, hijimiz hiç zat gürlemedik. ...Şeýde-şeýde, iki gün geçdi. Üçülenji gün, iş aýaklaberende, sehdäki reproduktordan «Hemmäňiz kärhananyň klubyna barmaly!Direktorymyz ýoldaş Annakow size hoş habar aýtmakçy...» diýlen ses ýaňlandy. Eňdik. ― Ýoldaşlar... Men tolgunýan! ― Direktor suw owurtlady. ― Öňümizdäki aýdan başlap, siziň aýlyk hakyňyz iki ýarym esse ýokarlanjak! Hemmeler diwary sarsdyryp el çarpdylar. Menem çarpdym. Şol wagtam, içimde bir zat üzülen ýaly boldy. Ministriň hol günki sözleriniň asyl manysy maňa şu wagt ýetdi... Daşaryk çykyp barýarkam, biri tirsegimden ýapyşdy. Seretsem, direktoryň şopury: ― Düýnküjäň hakyny beren dälsiň! Ýa täze aýlykdan hasaplaşjakmy? Oňa garaşmaly bolsa-ha, menem iki ýarym esse galdyraryn... Onuň yzýanyndan, direktor deňimden ozup geçdi. Meniň ýüzüme seredenogam. Baryp, maşyna mündi-de, gapysyny gürpüldedip ýapdy. Gitdiler. Diýmek... meni tanapdyrlar. Meniň aňrymda hiç zadyň, hiç kimiň ýoklugyny, meni hiç kimiň hiç haçan ösdürmejegini, menden hiç wagt gorkmasa-da boljakdygyny... baryny aňypdyrlar. Häzir bü-ýä baryp, täze aýlygyny ýuwar. Ertirem dynç güni. Ýogsa-da, oňky näçe bolduka? Menem ýüzugra dükana sowlup, «Sähranyň» iň semizinden birini saýlap aldym-da, goltugyma urdum. Onam öýe eltäge-de, daşyndaky kagyzyny sypyraga-da, başyndaky akja topbusynam çykaryp zyňaga-da... Ana, şondan soň men mazalyja porsan bolmaly! *** Aýalymdyr pişigimiziň çirkin seslerine oýandym. ― Haram ölen, ýalýagysy! Şu tünekde özüň iýere zat barmy, ýene ýüzüňi ýuwup, myhman çagyrýaň... Çyk, güm bol! ― Mýaw! Maýaw! Maýaw-aw-w... Öňler aýalym çagalary şeýderdi. Maňa diýjegini şolara diýip, içini sowadardy. Indi çagalar ýetişensoň, bar jebir şu pişik janawaryň üstüne düşýär. Ýöne, ynha, aňyrsy dört-bäş ýyldan bu janawaram ýa garrap öler, ýa oňa-da garaşman, başyny alyp gider. Onsoň, gezek meniňki. Gönüden-göni! Adamyňam, haýwanyňam başynda, dogrudanam, ömürlik durjak zat ýok. Gowy ýeri, erbet günler duranok, erbet ýeri ― gowy günler duranok. Ynha, meni tas ministr eden bu üç günem geçdi gitdi. Şujagaz wagtyň içinde meniň üstümden çabga bolup ineňkirlän pullaram, kürsülerem, maşynam, köşgem, kurortam, heleýe berlen weşeň-weşeň wadalaram... bary şol üç günüň aňyrsynda galdy. Göwün aglaýar. Kelle hüňleýär. Heleý ýene dymýar. Menem ýatyryn, dişimi berk gysyp, eýeriň gaşyndan mäkäm ýapyşyp... Ertirem işdir. Gülerlermikä? Äý, görübiris... Dagy bolmasa, «Işiň gaýtmanka, işden gaýt!» diýlen pähimem bar-a. Öz tapanjamyz. Herniçik bolanda-da, şu gara daşyň ýüzünde gyrmyldap ýörenimiz-ä bir görendirler. Azmy şol, göwnüm! Kömek Kulyýew. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||