13:39 Garadäli Gökleñ | |
GARADÄLI GÖKLEÑ
Aýdym-saz sungaty
Türkmen halkynyñ beýik ogly Garadäli Gökleñ takmynan, 1801-1803-nji ýyllarda Garrygala etrabynda eneden bolupdyr. Garadäli onuñ lakamy bolup, onuñ hakyky ady Hydyrgulydyr. Garadäliniñ ýaşajykka güýçli sesi bolupdyr. Oglan wagty mallaryny alyp, "Sesimi hiç kim eşitmesin" diýip, göçülen ýurtda köne tamdyra girip, aýdym aýdýan eken. Günleriñ bir güni ýoldan geçip barýan ötegçiniñ gulagyna inçeden şirin owaz eşidilýär. Ol adam atyny saklap, daş-töweregine seretse, hiç kim ýok, ses ýeriń aşagyndan çykan ýaly. Çöl-beýewanda beýle üýtgeşik sesiñ gulagyna gelmegi ötegçini ätiýaç etdirmän hem durmandyr, ýöne bilesigelijilik üstün çykypdyr. Atyny ses gelýän tarapa öwrüp, golaýlaşdygyça sesiñ jana ýakymly owazy aýdym-sazdan başy çykýan adamy özüne bendi edýär. Bir sellem diñläp duranyndan soñ, ol oglanyñ üstünden barýar. Saglyk-amanlykdan soñ, haýsy obadandygyny soraýar. Atly onuñ obasyny, ata-enesiniñ ýaşaýan ýerini bilip, özi oglanyñ öñünden çykýar we köne tanyş ýaly tirkeşip gelýärler. Bu ýagdaýy gören öýüñ eýesi gaty geñ galýar, emma sesini çykarmaýar. Agşamlyk çaý-nahardan soñ ol öý eýesiniñ soragyna garaşman, adynyñ Atadygyny, geçip barýarka Hudaý tarapyndan gören gudratynyñ şu öýdedigini, eger rugsat etseler oglanjygy alyp gitjegini aýdýar. Garadäliniñ atasy oglanjygyñ ýeke dikrarydygyny, emma gitmäge meýilli bolsa, garşy däldiguni mälim edýär. Oglanjyk ýola düşýär. Şondan soñ bularyñ gatnaşygy uzak dowam edýär. Garadäli ýigit ýetende, obalaryndaky oñat görüşýän dosty başga bir obadan gyz alyp gaçmaly bolýar. Kiçiräk geñeşden soñ, olar şol ýat oba gidýärler. Oba baryp, bir gyra-çetki haşamlyrak öýe myhman bolýarlar. Öý eýesi özüne göwni ýetýän, bulardan ýaşy ulurak adam eken. Ol myhmanlara söwüş edýär. Nahar wagty özüniñ hem Ahal tarapdandygyny, adynyñ Myratdygyny, bir saý-sebäp bilen şu ýere düşendigini aýdýar. Gelen myhmanlar öz matlaplaryny Myrada duýdurýarlar. Öý eýesi myhmanlara näme gerek bolsa etjekdigini, özünden arkaýyn bolmaklaryny ýañzydýar. Şondan soñ toýa barýarlar. Myrady hormatlap, bagşynyñ ýanynda orun berýärler. Garadäli-de şolaryñ ýanynda ýerleşýär. Bagşy ilkagşamdan başlap, tä gijäniñ ýaryna çenli ýapbyldak heñleri aýdyp gidip oturan. Oña telim sapar ýokary çöküwlere geçmegi ýatlatsalar-da, onuñ şol bir bolşy eken. Gije ýarymdan agandan soñ, bagşy daş çykýar. Dutar Garadälä tas golaý bolany üçin, ol hiç kime bildirmän dutaryñ gulaklaryny çekýär. Bagşy gelip görse, dutar ellenipdir. Ol dutary ýerde goýup: "Dutary kim ellän bolsa, şol aýdaýsyn, indi men aýdym aýtjak däl" diýip, gyra çekilip oturýar. Hydyrguly Myratdan rugsat sorap, orta geçip, dutaryñ şol çeküwinde aýdyma başlaýar. Tä gün dogýança diñe çeküwli aýdymlary aýdýar. Iñ soñunda öý eýesiniñ hatyrasyna "Ýandyma" çekýär. Aýdymyñ soñky bendini şeýle sanaýar: Myrat aýdar, öz Myradym, Çekme gepin her namardyñ, Ýowuz güni asly asly ýadyñ, Maslahaty aýry gider... Gepleşige görä, Garadäli "Algaç" aýdymyny aýdanda dosty gidip işini bitirýär. Wakanyñ soñy garrylarymyzyñ aýtmaklaryna görä, gowulyk bilen gutarýar. Garadäli bir toýda Garagalpakda özüni tanadan sazanda bilen ýaryşýar. Ýaryşda Garadäli aljyrajak ýaly edýär, şonda muny duýan daş-töweregindäkiler: - Garadäli, janlan, sen ýeñilýäñ - diýýärler. Garadäli ildeşlerine garap: - O-how, adamlar, ol meni ýeñip bilmez, men entek ilden öwrenen tanyş sazlarymu çalýan - diýip, täze bir saza başlaýar. Şol sazyñ heñinde türkmeniñ bilbili Magtymguly Garly "Bibi" diýen aýdymy aýdýar. Magtymguly Garlynyñ Garadäla bagyşlan "Sowraldy" aýdymy türkmen radiosynda häli-şindi ýañlanýar. Garadäliniñ "Ýandym" sazynyñ döreýşi hakda iki rowaýat bar. Şonuñ birinu sowrallylar taýpasy dilinden düşürmän gelýärler. - Guşboky ýazlaga çykylýan ýer. Sowrallylar ýazlaga çykanda bir gün obanyñ üstüne ýagy dökülýär. Mekir duşman uly güýjüni belent dagyñ üstünde goýýar. "Ýagy gelipdir!" diýlen habar derrew oba ýigitlerini ata atlandyrýar. Dagyñ üstüne çykmak üçin köp wagt gerek bolýar. Şol belentlige çykmak atlara-da, adamlara-da kyn düşýär. Obanyñ 20-30 atlysy böleklere bölünip, duşmana garşy göreşip başlaýar. Atlart dynç duran, belentlikde ýerleşen duşman bilen söweşmek kyn düşýär. Şonda-da olar duşmany gaçmaga mejbur edýärler. Garadäli hem öz ýigitleri bilen şol belentlige çykyp, tüpeñ atýar. Bu ýeñdik diýmegi añladýan eken. Emma obadan hiç hili jogap bolmandyr. Gelip görseler, gizlenip duran duşman obanyñ mallaryny, oglan-uşagyny alyp gidipdir. Olar obany ýakyp, küle öwrüpdirler. Ine, "Ýandym" diýen sazynyñ döremegibe sebäp bolan ýagdaý şu - diýip, Mäti şyh, Garadälini çaga wagty gören, 90 ýaşap, 1972-nji ýylda dünýäden gaýdan Pälwan keýik gürrüñ beripdir. Pälwan keýik bilen gökleñiñ Allaýar hany oñat gatnaşykda bolupdyr. Pälwan keýik ökde ussa eken. Allaýar han aýdym-sazdan başy çykýan adam bolansoñ, köp ýerlerde - Bamyda, Çukurda, Jejirsde, Bäherdende bolýan uly toýlara gatnaşypdyr. Garrygala etrabynyñ 3-nji orta mekdebinde mugallym bolup işlän Gurban Nuryýewiñ aýtmagyna görä (Gurban Allaýar hanyñ atasynyñ ady), ony elmydama ýanyna alar eken. Allaýar hanyñ keýpi kök wagty eline dutar alyp, saz çalmasy bar eken. Bu barada G.Nuryýew: - "Haraýym Döndi" sazyny Garadäliniñ öz çalşy bar eken. "Ýylgaýlar", "Döwletýar gyrk", "Mukamlar başy" sazlaryny Garadäliniñ döredendigini Allaýar kakamdan eşidipdim. Men kakamdan galan dutarda Garadäliniñ "Haraýym Döndüsini" çalaýmam bar - diýip, gürrüñ berdi. Magtymguly babamyzyñ ýubileýine baýramçylygyna taýýarlyk görlüp ýörkä, ýazyjy Hudaýberdi Durdyýew hem "Ynjytma" sazyny Garadäli gökleñiñ döredendigini aýdypdy. Garadäli gökleñ bilen Şükür bagşynyñ hem gatnaşygy bolupdyr. Şükür bagşy ýaş gaýnag keseline duçar bolýar. Tebipler oña özüni diñe gawun-garpyza tutmalydygyny aýdýarlar. Ol Tejene gidip, tanşynyñ gawun-garpyz saklaýan ýerinde 2 aýa golaý wagt bolup, özüni bejerdýär. Şondan soñ Şükür bagşynyñ agasy ýesir düşýär. Şükür bagşy agasyny ýesirlikden boşatmak üçin Eýran hanynyñ ýanyna gitmekçi bolanynda, oña Garadäliniñ ýanyna baryp gitmekçi bolanynda, oña Garadäliniñ ýanyna baryp tälim almagy hem-de dutaryny nagyşlatmagy maslahat berýärler. Il-günüñ maslahatyny alan Şükür bagşy Garadäliniñ ýanyna gaýdýar. Sorap-idäp gelse, Garadäli ussahanasynda işläp oturan eken. Saglyk-amanlyk soraşylandan soñ, Şükür bagşy öz niýetini mälim edýär. Garadäli dutary eline alan badyna garşysynda duranyñ ýönekeý sazanda däldigini bilýär. Soñra ýanyndaky ýetginjekleriñ birine myhmany öýe äkidip, çaý-suw bermegini sargaýar. Özüniñ bolsa dutary nagyşlap derrew barjakdygyny aýdýar. Garadäli dutara kümüşden perde edýär, nagyşlaýar. Giden küren obanyñ adamlary saz ussadynyñ öýüne ýygnanýar. Olar myhman oglany diñlemegi haýyş edýärler. Ilki agşamdan başlanan saz dañdan gutarýar. Şükür bagşy ýadap, dutary bir gapdalda goýanda Garadäli dutary eline alyp, birki sany gaçyrýar. Şükür bagşy onuñ saz çalşyna haýran galýar. "Men entek Gulam bagşyny görmezden, nähili gudratlara sataşyp ýörün" diýip, gitmek pikirinden el çekmekçi bolýar, wagt arap, daş çykýar. Öý eýesi myhmanyñ egleneni üçin oturanlaryñ birine ondan habar tutmagy tabşyrýar. Görseler, myhman giden eken. Garadäli ýetginjekleriñ birine myhmany yzyna getirmegi tabşyrýar. Myhmandan bu ýagdaýyñ sebäbini soraýarlar. Şükür bagşy: - Agam, men diñe dutarymy nagyşlatmaga geldim. Dutarly Gulam bagşy bilen ýaryşyp, agamy ýesirlikden boşatmakçydym. Emma Gulamyñ ýanyna ýetmänkäm, gudrat gördüm. Men entek beýle sazandanyñ barlygyny-da bilemokdym. Indi maña Gulam bagşynyñ ýanyna baryp oturasy iş ýok - diýýär. Şondan soñ, Şükür bagşy Garadäli Gökleñiñkide birki gün galýar. Çalyp beren sazynyñ kemini goýman ýerine ýetirenini gören Garadäli Şükür bagşa pata berip, ak ýol arzuw edýär. Bu iki saz äleminiñ gatnaşyklary soñra hem dowam edipdir. Orazmämmet MUHYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |