23:12 Garaşylmadyk sowgat / hekaýa | |
GARAŞYLMADYK SOWGAT
Hekaýalar
Ol oba ýetmän ulagdan düşdi. Sürüjiniň: — Eliňdäki sumkaňy hallanladyp, pyýadalap ýöreňden, otur, ynha, hä diýmän gapyňyzda düşürerin — diýenine-de pitiwa bermedi. Ýylgyryp durşuna: — Agam, Taňryýalkasyn, oturmakdan ýaňa eplenip giden aýaklara bat berip, hezilinem göreýin-dä — diýdi. Ine, indem uzynak, hortapdan bugdaýreňk ýigit gelýär ene ýabyň boýuny syryp. Asfaltdan düşüp, nädip şu raýşa münenini asla onuň özem duýman galdy. Tomus başynyň epgegini lummurdap akýan ýap salkynladyp goýberýän ýaly, çalaja öwüsgindenem suwuňmy, ýabyň iki kenaryna ýaýlyp gidýän gowaçanyňmy, beýleki otlaryň ysyny getirip burnuňa urýar. Ene ýapdan bölünýän akarlaryň, salmalaryň boýlaryna ekilen agaçlaryň ýapraklarynyň şabram sesleri gelmese-de, görnüşi keýpiňi zaraňladyp goýberýär. Hä-h, şumat şolaryň biriniň kölegesinde diň arkan düşüp, asmanda perwaz urýan guşlaryň sesini diňläýseň! Ýapraklaryň birgeňsi şybyrdysynyň özi her gezek diňläňde üýtgeşik eşidilýän mukam-la! Ol ene ýabyň raýşyndan güzer-inelge edilen ýere nazary düşenden begen- jinden elindäki çaklaňja goşhaltasyny gumaksy ýere emaý bilen goýdy-da, derrew aşak indi. Tolkunlap gelýän mele suwa elini sokup, geriş-geriş tolkunlaryň üstüni keýp bilen sypap-sypap goýberdi. Özi duýmazdan pyşyrdady: — Essalawmaleýkim, suw aga, El-ýüzümi ýuw aga! Aýdanyny ýerde goýmajak bolýana meňzäp, goşawujyny dolduryp alan suwuna hezil edip ýüzüni ýuwdy. Ýene-de tolkunlar bilen oýun edişip ugrady. Şol wagtam: — Haý, ýeteweriň, kim bar bolsa, gelsin-ow kömege! — diýen çasly sesi eşidip, laňňa ýerinden galdy. Ses gabat garşyda ýaýlyp gidýän giň pagta atyzynyň bärsinden gelýärdi. Aýagyna bat beren ýigit ene ýapdan bölünýän uly salmanyň gowaçaly atyza gidýän akarynyň böwedini baglabilmän başagaý bolýan ýaşuly adama gözi düşüp, haýykdy. Barşyna uly salma bilen akyp gelýän tahýany suwuň ýüzünden kakyp aldy, çaky ol ýaşulynyň depesinden sypan bolmalydy. — Eliňe ilen ot-çöpi gopar-da, zyňyber meniň öňüme! Şuny aýdan hortap ýaşuly göwresini giňräk gerende, zarply akýan suw onuň aýaklarynyň arasyndan tolkun ýasap gitdi. Elindäki torbanyň zyňlan ýe- rinden tozan göterilenini görmedik ýigit, ilki bilen, gabarylyp oturan göm-gök syrkyna ýapyşdy. —Eliňe güýç bermese, pi:l bilen çap, pi:l bilen! Çyglybrak şuny aýdan ýaşuly gollary bilen suwy saklaýjak bolup, öl-myžžyk bolan gögümtil köýneginiň tutuş batga bolan ýeňini bat bilen gyra diredi. Oňa çenli bir gujak ot-çöp ýaşulynyň öňüne gelip düşdi. — Indi gum okla, pili bajaklyrak ýere urup al, köşegim! Ýaşulynyň sesi indi ynjalyklyrak çykdy. Tutuş süňňünden suw syrygyp duran ýaşuly ýapdan çykdy, ýigidem pili gapdala goýdy. — Hydyr ata bolup ýetişäýdiň, ogul! Hany öl el bilen bir görşeli. Häý, men seň üst-başyňam gara gum edäýipdirin-ow. Wah, böwediň badyna garry göwre tap getiribilmänsoň boldy-da, hernä bekledik. Ejeň käýär weli, ýuwar-da ýöne. Ýa baryp gelniň öňüne oklaýsaň-a, gaşyny çytman, garbap alyp ýuwaram weli... Eýýäm keýpi sazlanan ýaşulynyň degişmeli gepine ýigit çalaja ýylgyrdy: — Heniz öýlenemok. Ýaşuly çiňerildi: — Huş gursun, samyrdap dursamam, adyňy soramandyryn, kimiň ogly, haýsy obadan özüň, inim?! Üst-başyny kakyşdyryp bolan ýigit guma bulaşyp ýatan goşhaltasyny sil- kip aldy. — Magtym mugallymyň ogly, ilerki Ýylgynly obasyndan. Adymam Hangeldi. Goja onuň elini gaýtadan gysdy: — Ýak-eý, Mömin ussanyň agtygy bolýaň-da onda, aý meňzäbem dursuň- la! Işleýäňmi, ýoluň atyz-çiliň arasyndan düşüpdir-le. Meni tanadyňmy? Salyh suwçy diýseň, bilmeýän-ä ýokdur bu töwerekde. — Siziň agtygyňyz Haýdar bilen bir partada oturyp, mekdebi gutarypdym. Oba hojalyk institutyny tamamlap gelşime, oba işe ugratdylar agronom edip. Ýaşuly gapdala öwrüldi: — Oňuna bolsun, işiňden, käriňden kemal tap! «Gep süýji, samança ýok güýji» diýlenidir. Ýör, hol çatma baraly, men-ä egnimdäkileri çykaryp, gury çäkmenimi ýeňleneýin, senem, Hangeldi jan, buz ýalyjak gawun iýip, ýüregiňi sowat! Är işini bitirdiň diýsem-ä, has uçurdygym bolar, ýöne aýny wagty dadyma ýetişäýdiň, ýogsam, böwet başartmasa, artyk giden suw gowaçany haraplardy. «Ekini gülledýänem suw, guradýanam suw» diýleni-dä bu. Hangeldi öz ýanyndan pagtaly meýdan 5 gektar bardyr diýip çaklady. Onuň bäri gyrasyndaky çatmada asyl bir otagyň goşuça zat bar eken. Goşa tuduň aralygynda dikilen çatmanyň içi-daşy päkize syrylyp-süpürilip, giren ýeriňe göwşüllänräk keçe atylypdyr, gapdalda goşa güpjek ýassyk ýatyr. Içi çörekli saçak bir gyrada goýlupdyr. Çäýnek-käsäniň üsti arassaja ýaglyk bilen ýapylypdyr. Çatmanyň daşyndaky öre-söýäniň haçjaly agajyna gara taňka gysdyrylgy dur. — «Daýhany çilinden tana» diýlen gadymy gürrüňem bilýänsiň, indiki agronom ýigit! Ýeke garyş boş ýer ekilmän galsa, ryskyňa zyýany bardyr, hirewe gögeren ot-çöpem ekine zyýandyr, bilseň. Şoň üçinem özüm-ä traktyr aýlanman galan, seýalka çekip bolmajak garyş ýer tapsamam, pi:le, kätme- ne bat berýän-de, «Şu ekin bitse gerek» diýen tohumymy taşlaýýan. Diňe günortan däl, giç guşluk, ak öýlän wagtlary gowaça suw tutsaň, ýa otaga üýşülýän, gowaçanyň ujy çürtülýän mahaly argynlygyňy aýak uzadyp alsaň, janyň gönenäýýär-ä, ýa ýalanmy?! Şonda bal ýaly gawundan ýa paçagynyň içi köz ýaly garpyzdan mähriňi gandyrsaň, ýumşajyk çörekden gäwüşeseň, biliňe gurbat inäýer. Ekin üstünde günuzyn boljak bolsaňam, hol düňderilgi duran gazany üç aýak tagana goýaga-da, jazyny ýaglyrak ete ýanap, kädili çorba gaýnat, nädersiň içine gatyrak çörek dogralan jamy öňüňden aýyrýançalar iýip otursaň... Hem eli, hem dili işleýän Salyh suwçy biýarasyndan üzüp, gawunam, garpyzam getirdi. Ýagyrnysyna der inen ýigit reňki köz ýaly, tagamy ganda gaýra dur diýdirýän, buz ýalyjak garpyzdan hezil edip iýdi. Gezlik degip-degmänkä, tarsyldap ýarylan gawunyň hoşboý ysy işdäsini açansoň, ondanam iki-üç dilimi bokurdakdan geçirdi. — Salyh aga, hezzet-hormatyňyza Taňryýalkasyn, men ýöräýin! Töwir edip, elini eňegine ýetiren daýhan hoşamaý gürledi: — Jaý wagtynda ýetişip, agyr azapdan dyndaranyň üçin özüňe Taňryýalka- syn, agronom inim! Örküňi topraga baglan bolsaň, indi biz ýaly daýhanlardan üzülip gitjek ýeriň bolmaz. Bu gün hoşlaşsagam, belki, erte sataşarys. Öýü- ňizdäkilere salam aýt! Agyr ýüküň abraý bolsun! Atyzyň gyrasyny syryp gidýän ýaby ýakalap ugran ýigit, göýä ilkinji gezek görýän ýaly, nazaryna ilen zady nebsewürlik bilen synlap barýardy. Ylaýta-da, ýoly bilen ugurdaş akyp ýatan ýabyň suw tolkunlaryny sanaýan ýaly, kä ädi- mini gowşadyp, käte durup, ýabyň çuňlugyny biljek, akyş tizligini anyklajak bolýana çalymdaşdy. Mahal-mahalam iki gapdaldaky gowaçalaryň ösüşini bir-biri bilen deňeşdirip görýän ýaly, olara siňňin-siňňin seredýärdi. Şeýdip, ol obanyň çetinden girdi. Gür baga bürenip oturan, köçeleri tämiz, seteran jaýlary gözüňi egleýän oba göwnüne bolmasa, ony aýdym bilen garşylaýan ýalydy. Öýde oňa garaşylýandygy derwezäniň giňden açylyp goýluşyndanam, daşarda gaýnap duran goşa gazandanam bellidi. Giň tapçanyň-agaç sekiniň üstüne ýazylan halylarda jaýlaşyp, ýassyga gyşaryşyp, gök çaý süzýän adamlaryň biri — Sapargeldi traktorçy diklendi. — Ah-aw, geleweri, täp-täzeje iş ýerli agronom! Magtym mugallymyň ogly instituty gutaryp gelipdir, gözaýdyňlaly diýip gelip, ýoluňa göz dikip oturşymyzdyr, inim! Ýognasdan kelte boýly Alladurdy kitaphanaçy ýogyn boýnuny derwezeden girip gelýäne zordan aýlap, loh-loh güldi: — Ýak-eý, Sapargeldi, sen şu traktyryň tarryldysyna gulagyňy gapdyryp, köp zatdan bihabar galyberýäň. Eli diploma ýeten, tüýs ýigitligiň dälijesi di- ýilýän, gullugy ýeňsä atan ýigit bärde gepe kelle gyzdyryp oturan çal saçly agalary başyna ýapsynmy? Ilki nirede gyzyl-çyzyl, täjihoraz ýaly pasyrdap ýören gyzlaryň bar ýerine sowlandyr. — Dogram-da şol, boýy derek ýaly, ýokary bilimli ýigide gözleri düşen gyzlaryň haýsy biri eräp-akmaz öýdýäň? Özümem uniwersiteti gutaryp gelen günüm obanyň men diýen gyzlary «diplom görjek» bahanasy bilen üýşüp, iki gözlerem mendedi — diýip, uzynakdan inçemik Babageldi inžener käsesine çaý guýdy. Sapargeldi traktorçy ony duzlady: — Goýsana-aý walla, şol mahalam gyz gözi giderlik synyň-sypa- tyň ýokdy-la, suwdan çykan gyzylinjige kastýum-balak geýdirilen ýaly bolup... Göterilen gülkä çala ýylgyran Hangeldi baryp, oturanlar bilen ýekän-ýekän ikelläp salamlaşdy. Ýaşuly-ýaşkiçi ählisi: — Abraý bilen işlemek nesip etsin! — Käriň gowusydyr toprak ysgamak, bereket kesegini gysymlan ýaly bo- luberersiň, enşalla! — Gapdalyndan ak gyzam ýoldaşyň bolsun! — Kesbiňden kemal tap! — diýişdiler. Içerden çykan Akgül daýza ýaşmak astyndan gepledi: — Aýdylanlar alnyňa barsyn, balam! Gapymyza bir ak gelnem düşse düň- ňürdäp ak kejebe bilen. Bir-ä howlyny jagyl-juguldan dolduran çaga-çugalara, birem ekabyr oglan- laryň uzaboýa uzap gidýän bag hatarlaryndan ýygyp gelýän miwelerine göz aýlan Magtym mugallym oňa ýylgyryp seretdi: — «At almankaň eýer al!» diýlenini eşitmänmidiň, keýwany! Hany, saýlan kärinde bir ganymat bişişsin, halal aýlygyndan toýa gatanç getirsin!.. Akgül daýza dokmädelik bilen el salgap goýberdi: — Şükür, elimiz uzadan ýerimize ýetip dur-la. Şu mahal gidip, gyzly gapyny kakmaly bolsa-da, ýaýdanjak gümanymyz ýok. Oglumyzam gazanar ýörer-dä. Magtym mugallym gepi berçinledi: — Gabaran aýaňa gysan puluň hümmetem, gadyr-gymmatam artykmaç- dyr. Maňlaý deriňi damdyryp döreden ojagyň binýady sarsmaz bolýandyr, bilýäň-ä bu zatlary! Iň törde oturan Mömin ussa assajadan ardynjyrady: — Nahar-şoruňyz ýetişen bolsa alyberiň! Sapargeldi traktorçy ellerini owkalady: — «Iş başy — damak» diýlen gep, gör, nähili gowy. Ajy çaý içimizi elýaglyk bilen süpürilen ýaly etdi. Babageldi inženerem kem galmady: — Öňem «Hanlaryň içinde haýsy han gowy?» diýip soralanda, şu Sapar- geldi ýaly bokurdagyna ejiziň biri «Desterhan gowy» diýipdir. Göterilen gülki orta getirilen tabaklara egele bolan adamlaryň: «Hany alyň, bissimilla!» diýen sesleri bilen garyşdy. * * * Çytylyp oturan Sähetgulynyň gapydan «Salawmaleýkim!» diýip giren ýigidi görüp, ýüzi açyljak ýaly etdi. Ýerinden turup salamlaşdy: — Bileje işleşmek nesip etsin, Hangeldi inim! Institutdan ugradylan ýollanma hatyňy düýn aldym. Öňki agronomymyz Gaýly garrady. Onsoňam bu döwrüň innowasiýa, tehnologik ösüş, iň täzeçe usullar diýlen ýaly täzeliklerindenem oň ýaşy ötüşip gidipdir. Indem, oturma, ýör, işiň gürrüňini dar otagda däl-de, giň meýdanda edeli, gitdik! Ýüwrük ýeňil ulag obanyň gündogaryndaky giden ekinzarlyga «hä» diýmän ýetdi. Ýolboýy gözleri gandyrjak ýaly geplemän, diňe daş-töweregi synlap gitdiler. Daýhan birleşiginiň başlygynyň ekiniň gowy ýerine gözi düşse, tegelekden dolmuş ýüzi açylyp, çiňerilip-çiňerilip serediberşi, hordarak ekinli atyzlaryň deňinde ýüzüniň çytylyp, gaşlarynyň bürjeşiberşi, ozalam ýakasy açyk köýnegi bokurdagyny bogýan ýaly, ony özi bilmezden iki gapdala serpip-serpip goýberişi Hangeldiniň synçy nazaryndan sypmady. Uly ýapdan geçenlerinde, gapdaldaky atyzyň gowaçasyny külteläp ýören traktoryň agdaran keşine boýnuny üzäýjek bolup sereden Sähetguly sürüjiniň dyzyna patlatdy: — Şirli, hany saklan-la! Bady bilen barşyna-da, mäjum bolup ýatan keşiň topragyny gysymlady. Soňam melemtil mata ädigine gysdyrylan ölçeg çöpüni çykaryp, bejerginiň çuňlugyny barlady. Ýerinden galşyna-da, janyýangynlylyk bilen elini silkip goýberdi: — Nädýär-aý bular? Ýeri, traktorçyň-a piňine dälmiş, kärende eýesiniň gözi ýokmy diýsene! Bu söze garaşyp duran ýaly gyradaky gür tutlugyň içinden şypyrmasyny eline alan uzyn adam bärligine haýdaşlap gaýtdy. Abdykerim sürlen keşiň top- ragyny gysymlap, soňam burnuna ýetirip ysgady. Bozgunç ys keramat ýaly başyny sämedip goýberdi. Agronomçylyk dilinde «möhüm agrotehniki çäre» diýilýän hatarara bejerginiň, onda-da ekiniň tabyna görä mineral hem ýerli dökün garylyp geçirilmeli sürümiň hiliniň telli-pellidigi onuňam keýpini aldy. Hallaslap gelen el uzadyp ýetişmänkä, daýhan birleşiginiň başlygy onuň ýüzüni «demir darak bilen darap» ugrady: — Ekinem eýesiniň gözünden suw içermiş-ä, jan dogan! Sen sykylyklap suwa ýakylmaly ýabylardan däl-ä, Abdykerim! Daýhançylykdan çörek iýip ýörkäň, beýle gözboýagçylyk etdirmäň näme? Gör-ä! Sähetguly aýagyny tabyrdadyp durşuna, eglip alan bir gysym gumuny kä- rendeçiniň gözüne guýaýjaga meňzedi. Ýöwsellän Abdykerim gowuşgynsyz gep urdy: — Başlyk, bolşuna görä edibermeseň, ýerem gatap barýar-a, onsoň sü- rümde joýaň içi bajak-bajak kesek boluberýä... Hangeldi durubilmedi: — Atyzyň tekizligi nädürs. Ekişden öňki sürümiň yzy oýly-beýikliräk bolupdyr. Beýle bolanda hasyllylyga-da 5-7 göterime çenli ýaramaz täsiri bolýar. Suwam endigan düşmeýär. Sähetguly başlygam janykdy: — Wah, bejergide-de kültäň düşüşi deň däl-dä şoň üçin. Kä ýeri çuň, kä ýerini ýöne ýüzleý dyrmyklap barýar-a, görýämiň — ol ädiginiň burny bilen joýany janagyryly patlatdy. Abdykerim ellerini owkalady: — Başlyk, bolşuna görä edibiris. Şonda-da ýer bereketlidir, hasyl bolar-la. Başlyk bärik öwrülip, özlerine golaýlan traktora goluny salgap, «saklan!» diýen yşaraty etdi. Ondan howlukmaç düşüp gaýdan ýigidi boýdan-başa syn- lady. Göwünli-göwünsiz salamlaşdy. — Inim, ýeriň bitekizräkdigini bilseň, özüň üşükliräk bolup, kültäni kä çuňa, gerek ýerinde-de galdyrybrak geçip bolar-a... Traktorçy ýigit günäsini bilýän eken. — Ýerem tapdan çykyp barýar, üstesine gündelik norma diýibem gyssap, janyňy alyp gelýäler. Sähetguly başlyk gaharyna ýene aýagyny patlatdy: — Onda-da «Bigäne barsam ýeter, yransam günüm öter» etme-dä! Gowusy neme – ol gapdalda duran Abdykerime ýüzlendi: — Şu gektarlar üçin kagyzlaryna gol çekme, goý, diňe ekin däl, ekine hyz- mat edýänem awunyp görsün. Traktorçy ýigit ýeňsesini tüňňerdip gitdi. Olaram yzlaryna öwrülip maşyna mündüler. — Sähetguly aga, käbir atyzlaryň topragyndan äkidip, institutyň barlagha- nasynda düzümini barladyp göräýsem, garşy bolmarsyňyz-a?! Bugdaýly meýdanyň deňesine ýetiberen başlyk şony ünsli synlap oturşyna, elini şol gapdala uzatdy: — Garşy bolman. Ýöne ilki bilen şu meýdanyňkyny al! Ekin dolanyşygyny geçirselerem, ne gowaçadan, ne-de bugdaýdan göwün diýen ekin bitiberenok. Ynha, seret, bişibermeli bugdaý entegem saralyberenok, üstesine-de seýrek. Tokmakbaş hoşa göwnüň küýseýär weli, gözüň düşse, keýpiň bozulaýýar. «Ýa demrinden, ýa kömründen» diýleni. Hangeldi ýylgyrybrak gepledi: — «Ýa daýhanyndan ýa-da ýerinden» diýip düzetseň, jüpüne düşerdi, soň- ky aýdanyňyz, Sähetguly aga! Loh-loh gülen adam yza gaňrylyp, Hangeldiniň çigninden gysymlady: — Inim, sen okuwy ýaňy gutaran, entek pikiri gatym-garym bolmadyk ýaş kellesiň, biz bolsa eýýäm garry töňňä öwrülip barýas. Şoň üçinem ylymdan torbaňa näme atan bolsaň, gyssanman, gysganman çykaryber! «Gyssanman» diýýänim, möwriti ýetmese, ekin hasyl bermez, dogrumy?! Ýöne şoňa çenli bilek çermäp, ýeriň dilini tapyp, tohumyň tabyny bilip, ekilen ekiniň reňkinden halyny-ýagdaýyny aňyp, öň depelenen ýodadan täze ýola çykyp, biliňi gaýym guşasana! Görýäň-ä, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ösdürmek üçin döredip berýän mümkinçiliklerini! Hakyt eliňe taýyn edip berlensoň, başarman ýüksakgal bolsaň, daýhan däl-de, bihepbe boldugyň bolmazmy, hä?! Ulag uly ýola golaýlaberende, Hangeldi ýarym degişmeli dillendi: — Sähetguly aga, men düşüp galaýyn-da, hem-ä ekin içinde aýlanaýyn, siziň bu aýdýan zatlaryňyzam kellämde aýlap göreýin. Sähetguly aga eginlerini silkip güldi: — Aldyň, inim! Akylyňam diliň ýaly ýiti bolsa, biz birki ýyldan bu işi saňa ynanyp, ekin içinde däl-de, öýde arkaýyn aýagymyzy uzadyp ýatybersegem boljak. Olaryň hersi öz ýoluna gitdi. * * * Gün batyberen uçurlary maşgala ojagynda ýazylan giň saçakda agşam şamyny edinen Hangeldi töwirden soň hum çäýnegi öňüne çeken Magtym aga ýüzlendi: — Kaka, men bir zat edäýsem bolarmyka ýa-da geň göräýerlermikä? Gap-çanaklary ýygnaşdyryp ýören Akgül eje elindäki okarany ýerinde go- ýup, ogluna çiňerildi. Aňyrdan eşidilen «ähem-ühemi» eşidibem, hasyr-husur agzyna ýaşmagyny çekdi. Ak öýüň serpigini giňden açyp, ondan Mömin ussa çykdy. Ol assa ýöräp gelşine, Magtym mugallymyň süýşüp, ýassygy bärräk süýşüren ýerinde jaýlaşdy. — Hä-ä, siz nahar-şor edinen bolsaňyz, maňa-da birje çäýnek çaý beräýiň! Bu söz gulagyna ilen Bossantäç aşhanadan boýnuny uzatdy: — Ata, häzir demläp eltýän. Hangeldi bir-ä eli çäýnekli gelýän jigisine, birem jaýlaşykly ornaşan goja seretdi: — Ata, agşam şamyny iýmeýäň weli... Mömin ussa loh-loh güldi: — Magtymguly şahyr aýdyp gidipdir-ä munuň jogabyny: «Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil» diýip. Meň ýaly togsandan aňryk ätlän adam agşamlyk iýse, özem gijräk iýse, başga dert gerek däl. Eşitmänmidiň, «Ertirligiňi özüň iý, günortanlyk naharyňy dostuňa, agşamlyk naharyňam duşmanyňa ber!» diýip. Siz ýaly jahyl wagtymyz agşamara kiçiräk gazandaky palawy bir oturyşymyza iýip, guma oduna gidiberýän döwürlerimiz yzda galypdyr. Gyzykly erteki diňlän ýaly gulak gerýän Hangeldi sorag bermän durup bilmedi: — Şonda guma nämeli gidýärdiňiz-aý, ata? — Meňňä ýuwaştap alaşam bardy, şonuň eýeriniň üstüne gonup, goşa düýänem tirkäp gidiberýädim. Bir gije ýatybam, iki düýäni mas ýükläp gelä- ýerdim, ýeke özüm köwläp. He-eý, ol günler düýş ýaly bolup galypdyr, indi. Atasynyň howlukman çaý gaýtaryşyny, käsä guýanyny, şirpildedipjik içişini synlan Hangeldi göwün güzerine geleni güwledip goýberdi: — Ata, men ýaňy kakama ýaňzytjak bolup durdum, özüňem «bolýa» ýa «ýoguny» aýdaýsaň! Geň bir täzelik eşitjek ýaly gap-çanaklary ýuwuşdyryp ýören Akgül eje hem bärräk golaýlady. Magtym mugallym ogluny dikanlady: — «Mus-musuň» Mustapasynam eşideli, aýt hany! — Aýtsam, men ekin üstüne at münüp aýlanaýsam näder? Mömin ussa sakgalyny sypalady: — Tüýs bolar. Magtym mugallym kakasynyň özüne uzadan çaýly käsesine el uzadyşyna gepledi: — Dört tekerli ulagdan dört toýnakly at gowudyr ekin üstüne, ýap-çiliň arasyna, raýşyň ýakasyna aýlanmaga. Ulagyňy ýaby goltuklap gidýän inçejik ýoda ýa-da iki atyzyň arasyndan geçýän çiliň üstüne mündürip bolanok gerek? At bolsa urduryp giriberer, kiçiräk ýap-sabyňdanam kürtdürmän geçer. Uzagraga gitjek bolsaň, gyssagly aşmaly bolsaň, janawaryň irişme- sini kölegeliräk agajyň şahasyna ilteseňem, bir gazygy eýeriň gapdalyna gysdyryp goýup, gerek wagty örkläp gitseňem, gelýänçäň gymyldamaz, häsiýetli maldyr. Mömin ussa gepi has berçinledi: — Ata-baba daýhançylykda-da miraplar, ir döwrüň agronomlary, brigatlary atly gezerdi. Hangeldi galkyjyklanyny bilmän galdy: — «At münen garramaz» diýlen gepem bamy? Akgül eje ýakasyna el ýetirişine ýaşmak astyndan gepledi: — Weý, garramak nireden ýadyňa düşýär? Tüýs juwan mahalyň, jan ogul! Öýlenmegiň, bize agtyk söýdürmegiň gürrüňini etsene entek! Hangeldi müýnli ýylgyrdy: — Eje, agzyma geldi-de diýip goýberäýipdirin. — Diliňde, göwnüňde gowy zatlary besläweri, oglum! Mömin ussa ogluna tarap öwrüldi: — Sen nät diýsene, Magtym! Düýn meň ýanyma Gutly seýis günortana golaý çaýlaşmaga gelende bir gep aýdypdy. «Mele atyň toýnagy gyrlyberip- dir. Indi aýlawa ýaranok, oba içinde münübermeseň» diýdi. Sen git-de, bazara salmanka, birine berip goýbermänkä, «şonyňy bize ber, nyrhynam aýt!» diýip gaýt! Ertir irdenjigem gapa getir! Akgül eje ýaşmak astyndan ikigöwünli gepledi: — Gyý-w, kakasy, eli diplomly ogluňy eýere mündürseň, «muny çopan etjeklermikä?» diýip geňlemezlermi? Il-günüň çagasy ýüwrükden owadan maşyn münüp ýörkäler, munyň-a birhiliräk ýaly... Mömin ussa jogaby pert etdi: — Goç ýigidiň orny bedew üstündedir. At toýnagynyň degen ýerinde ekiniň berekedem goşalanyberer. Onuň gepiniň üstüni eýýäm köwşüni aýagyna sokan Magtym mugallym ýetirdi: — Gör-ä, çyn göreldäni Arkadagymyz görkezip ýör-ä. Köne ýörelgäni alyp, täzä sepläp goýberseň ne söz! Päheý, keýwany senem... Akgül eje bir-ä gyssanmaç çykyp barýan adamsynyň yzyndan, birem äw- män çaý süzüp oturan gaýynatasyna, soňam çalaja ýylgyryp, gazeti eline alan oglunyň ýüzüne seredip, baş ýaýkady. * * * Mähek awtobus duralgasyndan oba pyýadalap ugrady. Aslynda-da etrap merkezi o diýen bir uzagam däldi. Onuň işleýän çagalar çeperçilik mekdebem bärden baraýan ýeriňdedi. Her gezek işe ugranda ol ýere ýetmäge howlugardy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyny nakgaşçylyk hünäri ugrun- dan ýaňy tamamlan gyz ähli kişiniň nazaryny egleýän, zamanabap gurlan täze mekdepde işleýänine elbetde, buýsanýardy. — Köşgi-eýwana meňzeýän bu täze mekdep ertekiden çykarylyp, bize: «Me, şu size sowgat» diýlene meňzeýär. «Her döwür — bir döwür» diýleni dop-dogry. Öňki çalamydar mekdebimizde ne oňly şert bardy, ne-de idili okuw otaglary. Gyşyna galpyldap, tomsuna öwfüldäp geçiren günlerimiz ýadyňa düşende, bu täze mekdebiň daşyndan «Beýle binany bize bagyş eden mähriban Arkadagyň jany sag, ömri uzak bolsun!» diýip, günde on kerem aýlanyberesiň gelýär — diýip, baýry mugallym Tagan Baýmyradowiç owsun atyberýär... Häzirem şol ýatlamalary aňynda aýlap gelýän Mähek awtobusdan bile düşen gyz bilen gelne üns bermänine azajyk müýnürgejek boldy. — A gyz, Mähek, sen görýän weli, diňe eliň bilen däl, gözüň bilenem surat çekäýýäň öýdýän. Bizi görmediksiräp barýaň-la! Gapdaldaky gyzam kem galmady: — Weý, Näzik gelneje, işläp-işläp ýadan gyzdyr-da, ejesiniň naharyna howlugýandyr, belki. Mähek göwnünde göterip gelýän pikir-oýlaryň «kiltiniň» açylanyna begenjini daşyna çykaranynam duýman galdy: — Täze gurlup berlen çagalar çeperçilik mekdebimiziň içine girseň, bar ýadawlygyň ýadyňdan çykýar-a. Daşyndanam içki gözelligi owadan. Çagalaryň çeken, çekýän suratlarynyň hersi bir dünýä. Özem ajaýyplyga, gözellige äkidýän dünýä. Öňräjik Köýtendagdan bile okan joram Rozygül jaň edýär elime. Hal-ahwalymy, işimiň nähilidigini soraýar aldygyna. Menem diýdim: «Çeperçilik akademiýasynda okap ýörkäm, biri maňa: «Sen soňra şeýle dokuzy düzüw, özi edil çeper çekilen surata meňzäp duran çeperçilik mekdebinde işlärsiň» diýseler, hiç ynanmazdym. Şonuň üçinem iş gutaransoň-a ol ýerden gaýdasym gelenok, irdenem ýüregim «şol ýere tizräk ýet!» diýip, böküp dur» diýýän... Näzik jykyr-jykyr güldi: — Ine, biz ýaly başyň boglup, bir öýüň törüne düňňürdäp geçip, bägül ýalyjak bolup otur bakaly, göwünjigiň nädersiň, şol öýe bakan böküp dursa. Käkilik ýene henek atdy: — Mähek ondan öňürti şol bagtly ýigidiň suratyny çekjek bolýan bolsa näbilýäň? Mähek hem güldi: — Şol ýigidi ilki bir görkeziň, suratyny çekeniňe degjekmi, ýa gury reňk zaýalanyň, zehiniňi ýakanyň galjakmy? Näzik ony çalaja hürsekläp goýberdi: — Howlukma, «söýgi» diýlen zat ýyldyrym ýaly birden urýandyr. Özem göni gelip uranda, köňül köşgüňe ot-ýalyn düşürip, seni perwana öwürýär goýberiberýändir. Beýle awhalata uçran wagtyň: «Wah, Näzik gelneje, sen weli ekeniň-ä» diýip pyşyrdaberersiň. Käkilik jykyr-jykyr güldi: — Ja-an, Näzik gelneje, sen weli bolma-da, Hydyr ata bolupjyk Mähek ikimiziň gaşymyzda şo diýýän goç ýigitleriňi gögertsene! Synlaly, sözleşeli, yşk derdine uçradyp biljek gerçeklermi, ýa dämi, soň özüňejik aýdaly... Gatnawy ýetik asfalt ýoldan oba ýetjek bolsaň, iki gyrasy giden pagtazarlyk bolup duran ýoldan ýöremelidi. Birdenem olaryň gözi kellesine etegi tegelenip duran mata papak geýen, gözüne Günden goraýan äýnek dakynan, balagynyň daşyndan goýberilen ýeňi uzyn gögümtil giň köýnegi kitel ýaly bolup görünýän, aýagy goňrumtyl mata ädikli, uzynak ýigitde eglendi. Onuň bolup ýörşi gelýänleri sägindirdi. Sapy keltejik, gumhanasy ýaldyrap görünýän kepjesi bilen topragy depip, soňam ony burnuna eltip ysgap, äýnegini aýryp gaýym synlap, gysymlap, käte mäjum eden gumuny aýasyndan döküp, soň ýene-de täzeden eline alýan, siňňin synlandan soň kiçijik haltajyga gapgaryp, daşyna jübüsinden çykaran kagyzyny ýelimläp ýüzüne howlukmaç bir zatlary ýazyp belleýän ýigide edil gyzykly kino sereden ýaly çiňerilip sereden gyzlardyr gelin ýörejegini, durjagyny bilmän, birsalym saklandylar. — Toba, toprakdan gyzyl, beýleki gözleýämikä bu? Näzigiň sözüne Käkilik pyňkyrdy: — Elewräp ýörşi akyly üýtgäne-de meňzemän duranok. Näzik jykyr-jykyr güldi: — Keýik owlagy ýalyjak bolup, keýerjekläp gelýän iki gyza gözi düşen ýi- gidiň telbe bolmajagy ýokdur, bilipjik goýuň! Mähek haýalçyrady: — Toba diý, gyz, bir bendäň hunabasyna beri galmaly. Şol wagtam bärik ýönelen ýigit gyzyl çog bolup duran gelin-gyzlary görüp, ädimine büdredi. Düz ýerde aýaklary çolaşyp, elindäki haltalary tas gaçyrypdy, beýleki elindäki kepjesi oýun edýän ýaly, öz-özünden hallan atdy. Gabadyndakylaryň pyňkyryşýanyny görüb-ä halys aljyrady. Syr bermezlik üçin ardynjyrady, äýnegini geýip-aýryp, çalarak ýylgyryp, ysgyn- syzrak dillendi: — Näzik gelneje, salawmaleýkim! Käkilik gapdalraga öwrülip, elini agzyna tutup güldi: — Özi bilen ýaşytdaşa «gelneje» diýip durmasy näme muň, gyz? Onsoňam: «Özünden ýedi ýaş kiçi erkek adamy görse-de, aýal maşgala salam bermeli- dir» diýip eşidýädik biz-ä. Näzik salykatly gepledi: — Böwregi böküp duran gyzlaň henegidir, «bolýa» diýäý. Asyl bu senmi- diň, Hangeldi?! «Obamyza täze agronom gelipdir» diýselerem, beýle bagryny topraga owkalaberjek işjanlydyr öýtmändiris. Armaweri! Gözünden äýnegini, kellesinden papagyny aýran Hangeldi derçirän maň- laýyny elýaglygy bilen süpürip durşuna diňe baş atýardy. Käkiligiň duzluja dili dek durmady: — Şeýdip özüňi tanadaweri, oglan! Ýogsam ekiniň içinden Mejnun çykaý- dymyka diýip, Mähek joramyň tas ýüregi ýarylypdy. Ýüzi boz-ýaz bolan Mähek ýöräp ugrady: — Waý, beýdip öz göwnüňdäkini maňa ýöňkemesene, gyz! Gideliň-le, ejem ýoluma seredip ugrandyr. Hangeldi bir-ä özünden uzaklaşyp ugran gelin-gyzlara, birem elindäki haltajyklara seredip, esli ýuwdunyp durdy. Hernä atyň hokgurmasy ony özüne getirdi. * * * Gowaçaly meýdan güllände has owadan görünýär. Ýabyň boýy bilen uzap gidýän çilden ýorga ýörişli Bozdumanynyň üstünde daş-töweregi içgin synlap barýan Hangeldi hümürdedi: — Diýseň-diýmeseňem, ulagyň içinde oturyp ýa pyýada barýarkaň synla- nyňdan has gowy görünýär eken-ä eýeriň üstünden seretmek. Gapa getirilen at ýuwaş hem düşbi bolup çykdy. Eýere aýak atandanam, ýeser ýaly bir ýerlerden ýetip gelen Derkar degişdi: — Indi saňa bedewli agronom diýsegem boljak, how! Bu atyň adyna-da mundan beýläk Bozduman dakaly. Bu henegi bilenem oňman, oglunyň eýere bile biten ýaly bolup oturşyny guwançly synlap duran Magtym mugallyma ýüzlendi: — Mugallym, Hangeldini öýlendirenimizde bir paýtunam tapyp, Bozdumanda säpjedip sürüp getiräýseg-ä gaty gelşikli bolardy. Degişmäni çyn saýan Akgül eje gülümsiredi: — Agzyňdan Hudaý eşitsin, Derkar jan, pygamber didaryny gören jana- warda gapyňa ak kejebe getirip bolsa ne arman... Tutlugyň arasyndan duýdansyz çykan adamdan ürken at bir horgurdy-da, dört aýagyny jüpläp duruberdi. Jylawy çekip ýetişen Hangeldi entek salam berip ýetişmänkä, Salyh suwçynyň begençli sesi ümsümligi bölüp goýberdi: — Ilki buşluk seň nesibäň eken, Hangeldi jan! Ýaňyja häkimligiň oba hojalyk bölüminden jaň etdiler — ol güwälik hökmünde kindiwanja telefonly elini öňe uzatdy «Togsan dokuz ýyllyk möhlet bilen 46 gektar ýeri kärendesine bermek hakyndaky» döwletnamaňyz taýýar, alyp gidiberiň!» diýip. Atdan düşen agronom begenje gaplanyp duran çepiksi göwräniň iki elini mäkäm gysyp, çalaja silkeledi: — Hözirini görmek nesip etsin, Salyh aga! Hasylyňyz harmanly bolsun! — Aýdanyň gelsin, inim! Indi, enşalla, telpegimizi tigirledip işläris. Öňem-ä göwün aldap ýöremizok weli... — Işi täzeçe usullara ulaşdyrsaň, zähmetem ýeňlär, hasylyň hümmetem artar, Salyh aga! Salyh suwçy çiliň üstünde aýbogdaşyny gurdy. — Ber maslahatyňy, göwnemakul görsek, bilek çermäp girişmesi biziň bi- len. Zähmete berilýän bolsa, gaýtmyşymyz bolmaz. Hangeldi atyza girip, güllän gowaçalaryň gunçalaryny ysgap diýen ýaly synlady, şahalaryny, öserlerini garyşlap görýän ýaly aýalap, barmak goýup ölçeşdirdi, düýpleriniň ýogynlygyny oturyp synlady. Her düýbüň aralygyny jübüsinden çykaran eplenýän metri bilen ölçedi. — Salyh aga, adaty seýalka bilen ekildi gerek şular. — Hawa. — Indiki ýyl takyk çigit taşlaýan enjam bilen, özem ekiş geçirilen keşleriň üstüni plýonka bilen örtüp ekseň niçik bolar? Telpegini çykaran daýhan göwşüllänräk akgaýma tahýasyny öňe-yza süýşürdi.— Beh, öz-ä bir eşidipdim-aý şony. Tilwizerde-de bir alym janygyp, däne- däne edip düşündirenem ýalydy... Hangeldi gowaçanyň öserini sypady: — Eşitmek başga, etmek başga, Salyh aga! Göwneseň-ä, şol täzeçe usuly seň pagta meýdanyňdan başlamakçy, sag-aman ekişe ýetsek. Sähel ikirjiň- lenseňem, Begli aganyň ýanyna barjak... Salyh suwçy ýerinden turdy, kakynjyrap durşuna hamana Hangeldi eýýäm ugrap barýan ýaly elini galgatdy: — Dur-how, agronom inim, men: «Ýok» diýdimmi näme? O uzyn zaňňar «Ýalaňaç suwdan gorkmaz» etmäge gaty ökdedir. Ýöne ýagşy zada sebäpkär bolup bolsa oňa nä söz? Hökman peýdasy däl, gurbany gitdigim, ýeriň öňünde, otdan yssy il ýüzüniň öňünde, dilsizem bolsa keramatly ekiniň öňünde dilgir däl-de, dili uzyn bolup bolsa, iki dünýämiz nurly bolmazmy eýsem?! Hangeldi çiliň gyrasyndaky gökje ot-çöpi işdämenlik bilen kirtildedýän Boz- dumanyň ýanyna bardy. Eýeriň gapdalyna gysdyrylan gaýyş sumkasyndan galam-kagyz çykardy. — Ähli zat takyk hasaplamadan başlanyp, ahyrky netijede alynjak sap peýda bilen jemlenýär. Ynha, her gektar ýere ortaça 60-80 kilogram aralykda gowaça çigidi ekilýär, dogrumy? Salyh suwçy barmaklaryny büküp ugrady: — Şeýtmeseň, birinjiden, ala gögerse, ikinjiden, ekilenden soň çabga guýsa, joýaň gerşi gapaklama bolsa, üçünjiden, gögerip, iki gulak bolanda, duýdansyz sowuk geläge-de, topragyň süňňi gyzman, kök çüýreme bolsa, dördünjiden, birinji ýekelemäniň yz ýany keselläp, gowaçanyň düýp sany seýreklese, garaz, sanap otursaň, daýhanyň özüne bagly däl zatlar az däl-dä. — Ine, ilki şulardan başlaly, Salyh aga! Ozalam agajet adam uçup gitjek ýaly ykjamlandy: — Başaraýjagymyzdan başlaly. Agzyňa syganyny dileseňem, gujagyňa sy- gany özüňki bolýandyr. Arzuw edeňde-de, aýagyňy ýerden üzmeseň gowy-da. Hangeldi ýylgyrdy: — Salyh aga, siz daýhan däl-de, ýazyjy ýa şahyr bolmaly ekeniňiz weli... Ýaşulynyň derdi gozgalana döndi. Çyny bilen göwresini elendirip gepledi: — Öýdäki häzir hepbik kempire dönüp barýan daýzaň bar-a. Ana, şol on ýedi-on sekiz ýaşly, gupbasy Gün zirelerine gözüňi gamaşdyrýan, iki örüm saçy topugyndan ýokarda towlanýan mahaly, meniňem ras, her egninde iki inerçe ýigit oturaýmaly pälwansypat wagtym däli-telbe bolup goşgam goşulandyr, aýdymam aýdylandyr. Her gün aladaňdan öýleriniň ýeňsesindäki ak urpagy gujaklap, gargy tüýdükde «Bibiniňi», baý, gaýyrandyryn-a. Şol owaza imrinip, agaň törüne düňňürdäp geçendir bu günki Şasoltan ejeň. Gülüp hezil edinen Hangeldi ýaşulynyň juwanlyga tarap «uçup» giden göwni ýene gelip şu ekin gyrasyna gonansoň, çynlakaý gürrüňe geçdi: — Eger indi takyk ekiş geçirýän enjamda eksek, her gektara 15 kileden kän çigit gitmez. Şonda her düýbüň arasy 60 santimetr çemesi bolar. Ozal ýekeleme mahaly agrotehniki kada laýyk düýp arasy etmek üçin 50 sany gögerip oturan ýaşajyk nahal zyňylýardy, anyklap otursaň. Täze usulda şol isrip aradan aý- rylýar. Ýene bir aýratynlygy, keşiň üsti ekilip barýarka, plýonka bilen ýapylýar. Bu biziňki ýaly topragy toýunsow, orta ýa az şorlaşan meýdanlara, onsoňam bahary az-maz sowugrak gelýän ýerlere tüýs gerek usul. Ýylaşa diýen ýaly, apreliň başynda, ortalarynda duýdansyz ýagýan ýagyş aglaba ýerde ekilen gowaçalary harap edýär gidiberýär-ä, dogrumy? Tebigatyň öz kanuny bar... — Hawa, ata-babalarymyz: «Bilmeseň çopan hasabyny al, aýyň ikisi, ikisi bolmasa, ýa on ikisi, ýa ýigrimi ikisi Burkudyňkydyr» diýip gidipdir-le. Hangeldi kagyzyna bellik edip durşuna, gepini dowam etdi: — «Ýapyp ekmek» usulynda ekiş geçirilende, hem-ä Gün şöhlesi içeri urup, hatda gijelerine-de kadaly ýylylyk saklanýar, üstesine-de, gögeriş, gä- mik ýaran şitiliň soňky ösüşi üçin gerek çyglylyk saklanýar, bugarma zerarly ýitgi düýbünden diýen ýaly bolmaýar, üçünjidenem, asmandan näçe guýsa guýubersin, ýagyş joýadan 20 santimetr daşlykdan akýar, anyk aýdanda, ekine birjigem zyýan ýetirip bilmeýär. Birinji külte mahaly plýonka işe selteň bermän, aýrylýar gidiberýär. Bu usul häzir Ýer ýüzüniň pagta ekýän, onu- ňam esasan, bize golaý ýurtlarynda ulanylyp gelinýär. Şu usulda ekilende, birki kültäni kem geçirseňem bolýar. Ýöne kultiwasiýa 15 santimetrden az çuňlukda bolmaly däl... Salyh aga höwesli dillendi: — Elimiz pi:l tutmaga gaýymam bolsa, beýnimiz ýat tutmaga o diýen ökde däldir, inim! Şoň üçinem sen ýaňky aýdanlaňňy gylyny gyşartman, maňabir kagyza ullakanrak harpda ýazyp berseň näder? — Gürrüňi bolmaz onuň. — «Umytly guş Käbä ýetmiş» diýleni. Indiki ekişe ýetsek, senem gapdaly- myzda direnip dursaň, bitirmek biz bilen. Ýöne sen ho gezek kösenip durkam kömek etdiň-de, soňam bir gep bilen gyjyklap gitdiň weli, şondan bäri içine guş salnana dönäýdi, bu gartaň daýhan agaň. Hangeldi onuň damarlak ellerini gysymlady: — Entek garrylyk, gartaňlygy ýada salmasaňyzlaň, Salyh aga! Şasoltan gelnejem bilen dyzlaşypjyk çaý süzeňde, jahyllyk guşy egne gonan ýaly bol- ýandyr-a... Bilindäki guşagyny çözen daýhan bilini has diklejek bolýan ýaly hekgerdi- de, soňam eglip, ýabyň şarlap akýan suwundan hezil edip elini, ýüzüni ýuwdy. Ýerinden turup, çalaja baş ýaýkanda ak sepen, seýrekläp ugran gaşlarynyň iki gapdalyndan damja-damja suw sakgalyna siňdi. — He-e, heh-he, häý zaluwat, «Kempir bilen çaý içeňde» aýdymyna-da zowlat diýýämiň şo wagt. Dogry aýdýaň, süňňi sagatlygyň, dik gezmegiň, asyl garramazlygyň dermany zähmetdir. Al-aý, walla, Hangeldi jan, gowy gürrüňleri agza salyp berip, meň aýtjak zadymy unutdyryp barýaň-la! Hangeldi degişdi: — Ýat haltaňyz heniz bitindir-le, aýdylanyň gaçyp galasy ýok-la. — Häý, ýigitlik ýelgini bilen saýraýan diliňe döneýin, inim! Biziň ýaşymyza ýetmek saňa-da nesip etsin! Aýtjak bolýanym, güýz hasyl ýygnalansoň, ene ýapdan gaýdýan salmany betonlasam, saka alýan ýerinde hem gursam, her gezek bir arabadan gowrak gumy böwet edip basyp, soň ýene açyp-arçap ýörenden. Hangeldiniň ýüzi has ýagtyldy: — Tüýs bolaýjagy şol, hem-ä suw tygşytlanar, hem gol zähmetiň görnetin azalar duruberer. Agaçlaryň gür şahasynda saýraýan guşlaryň sesi mukam bolup ýaňlanýar- dy. Garyn otuny alan Bozduman hem: «Ýeri, indi şeýdip ýagyrnymyzy güneşledip durubererismi? Ýoly ýörän ýeňýändir, gideli!» diýýän ýaly başyny silkip, käwagt gulaklaryny keýkerdip goýberýärdi. Salyh aga hoşlaşyp, eýere aýak atan ýigidiň yzyndan guwançly nazar aýlap galdy. * * * Mekdepden çykan Mähek hol aňyrda duran ýeňil ulag özüne garaşýandyr öýdüp pikirem edenokdy. Gijöýläniň eňňidine ganymat sallanan Güne seredip, awtobus duralgasyna ýönelende, gaşynda gögeren ýigidi görüp, duýdansyz- lykdan «hi-ýh» etdi. Garşyda duran, «gyldan çykma bezemen» diýilýän ýigit gara äýnegini gözünden aýryp, çylkasyz ýylgyrdy: — Mähek, salam! Gyz ýüzüni ýerden galdyrman, ysgynsyz dillendi: — Salam, Mämmet! Mämmet eňegini çalarak ýokary galdyryp, bir eli bilen ýalpyldaýan saçyny daraklap goýberdi: — Siziň iş ýeriňiziň gapdalyndaky şu ýerde sambo boýunça ýaryş geçdi. Şonda-da men ýeňiji boldum. Indi, nesip bolsa, Aşgabatda geçjek respublikan ýaryşa-da gatnaşmaly. Mähek çalaja ýylgyrdy: — Gutlaýan! Bir synpda okanlarymyzdanam şeýdip saýlanýany bolsun-da. Has heserlenen Mämmet göçdi: — Sen bilýäň-ä, men mekdepde wagtymam ylgamakda birinjidim-ä. Sport institutynda okan wagtymam ýeňil atletikadanam, soň sambodanam kän ge- zek «şu ökde» diýdirendiris. Mähek çalaja pyňkyrdy: — Tüweleme, diliň ýüwrükligem aýagyňdan geçiriberipdir. Gepiň öwrümine düşünmedik Mämmet has gomaljyrady: — Bildiň, Mähek! Meň goşgy-poşgy ýazybermämem bar. Öňrägem bir goşgyny ejeme okap berdim weli, «bu görk-görmegiň bilen beýle gowy söz- lerem sepläberseň, saňa göz-dil degermi, nädermi, ýazma!» diýdi. Saňa-da okap bereýinmi? Mähek siňekden goranýan ýaly elini salgady: —Ýo-o, gerek-gä. Başga birine okap beräýersiň! Mämmet «it gözi tütün bilmez» etdi: —Men saňa bagyşlabam bir goşgy düzmekçi ýöne, Mähek! Ýürekdäki duýgy... Mähek çalaja el silkip, ýöräp ugrady: — Maňa bagyşlajak bolup azara galyp ýörme, Mämmet! Sag bol, men gitdim. Mämmet elindäki açaryny oýnap, bir ýalpyldap duran ýeňil ulagyna, birem gidip barýan gyza seretdi: — Neme, Mähek, men ýörite seni äkitmek üçin garaşyp durdum-a! Sakga säginen Mähek hyrra yzyna öwrüldi: — Bagyşla, ýöne Mämmet, sen maşynyňa münjek gyzy başga ýerden gözläýsene! Ädimini gataldyp, eýýäm awtobus duralgasyna ýetip barýan gyzyň yzyndan gultunyp seredip galan ýigit gaharyna ulagyna mündi-de, awtobus duralgasy- nyň öňünden wazlap geçip gitdi. Çalaja gülümsirän Mähek bildirer-bildirmez baş ýaýkady. * * * Akgül eje derwezeden giren ogluna gözi düşenden haýykdy: —Waý-eý, Hangeldi jan, ýüz-gözüňi tot-tozan basyp gidipdir-le, balam! Surnugyp gideniňi ädim urşuňdan aňaýmaly. Giň agaç sekiniň üstünde ýazylyp-ýaýrap oturan Magtym mugallym okap oturan gazetini gapdala goýup, gözünden äýnegini aýyrdy: — Käriň agronom bolsa, eşigiňe şireje, ýüz-gözüňe-de tozan-çaň siňer-dä, nämesine haýalçyran bolýaň, keýwany? Ene ýüregi bilen jibrindi: — Titije geýnip, mekdebe barypjyk, sapagyňy okadyp, ýene-de ädimjigiňi sanap, öýe gelýäň, onsoň bolany-da seňki. Ogluňa sered-ä, gara çowlam bolup gidipdir-ä, balajygym! Hany derrew çalşyryn-da, ýuwnup, geç saçak başyna! Burçluja börek bişirdim. Gyý-w gyz, Bossantäç, agaňa ajyja çaý demläp getir-de, üstüni basyryp goý! Ataň halyndanam habar al, gerek-ýaragy bolsa derrew elt! Agşamyň howasy ilki petişräk ýalam bolsa, nahardan soň öňe alnan hum çäýneklerdäki toşap ýaly çaý, göwnüňe bolmasa, howanam hoştap edip goýberen ýalydy. Magtym mugallym gapdalynda duran galyň kitaby eline aldy. Çala sermenjiräp tapan äýnegini hem gözüne ötürdi. — Mahmyt Zamahşarynyň «Ýagşyzadalaryň bahary» kitaby şu, okapmydyň? Oglunyň çalaja baş ýaýkanyny görübem: — Diňle, seniň käriň bilen bagly, asyl toprakdan nygmat iýýänleriň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşlysynyň ýatda saklaýmaly zatlary — diýdi-de, nazym bilen okap ugrady: «Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Rysgalyňyzy toprakdan gözläň!». Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) basralylaryň ýerleri zaýalap başlandyklaryny eşidende, olara: «Ýeriň ýüzüni zaýalamaň, sebäbi onuň do- malany ýüzündedir» diýipdir. Domalan diýip hasyl alynýan ýere aýdylýar. Ekerançylyk diňe iki zadyň bereketi bilen hasyl berer: Asman bereketi — ol ony öz suwy bilen suwarýar. Ýer bereketi — ol ony öz topragy bilen ýetişdirýär. Zyýat ibn Ebiýh şeýle diýipdir: «Daýhanlara ýagşylyk ediň! Sebäbi, eger olar baýamasa, siz baýamarsyňyz!» Kimiň ýeri bar bolsa, ol utulan däldir». Kakasy kitaby gapdala goýanda, Hangeldi dillendi: — Elýüzräkde goýsaň, işden gelemsoň, menem okaýaýyn, kaka! — Oka, oka! Setirleri gözüňe ilenden ýüregiňe ýazylar gidiberer. Özem gadymyýetden galan şeýle gönezlikleri gaýtaryp beren, kitap edip elimize gowşuran döwrümize tagzym aýdyp oka! Ara düşen az salymlyk ümsümligi ýene-de kakasy bozdy: — Iş nädýä, ýöreýämi ýa Mürzeweliň aty ýaly bir ýerde kürtdürip durmy? Kakasynyň öwrümli gürrüňine ogly ýylgyranyny duýman galdy. — Edeýin diýseň, iş kän, kaka! Meýdan işi bir gün däl, hatda bir sagat gi- jikseňem, ösüşi, reňki «hasylymy kemelderin» diýip dur, diline düşünseň. Şoň üçinem ekiniň hörpi bilen deň çapyşmaly-da. Magtym mugallym käsesine, lezzet alýan şekilli, howlukman çaý guýdy. — Men oglantak mahalym garry atam pahyr aýdardy: «Ýere tohum sepeňde, kündäniň agajyna degip, şüdügäre gaçan tohum bilen gysymyňdan göni gaçan tohumyň gögeriş mütdetinde-de tapawut bildirýändir» diýip. Döwür näçe özgerse-de, ylymdyr tehnika näçe össe-de, daýhançylygyň ýol-ýörelgesi aglaba öňküligine galýandyr, bilip goýgun! Hangeldi gobsundy: — Hawa, her atyzyňam topragynyň, şoňa laýygam ekiniň aýratynlygy bar. Ekiniň daýhan saýlaýanam çyn. Institutdan haýyş edip, Salyh aganyň, Jepbar ussanyň, Begli aganyň ekin meýdanlarynyň topraklarynyň düzümini barladypdym. Hemmesinde-de ýeňil şorlaşmak alamatlary bar. Munuň üçin bir-ä gerekli döküni wagtyny bilip berip, birem ekin dolanyşygyny sypdyrman geçirip dur- maly. Gyş-bahar möwsümindäki ýuwuş suwuny juda kadaly tutmaly. Ekinden boşansoň, güýz sürümini çuň sürmeli, tekizleýiş işlerini diýseň takyk geçirmeli... Girip-çykyp ýören Akgül eje gürrüňe goşuldy: — Hangeldi jan, ýatmazdan öň aýaklaryňy gyzgynjak suwa sokaý, ýadaw- lygyňy aýrar! Günuzyn halt-haltyň ýetäýýän ýaly. Hangeldi ýerinden turdy: — Bor, eje, ýatjak wagtym seň diýeniňi edäýerin! Häzir-ä men sport meýdançasyna tarap ýöräýsem diýýän. Hany, içerik girip sport eşiklerimi geýip çykaýyn. Magtym mugallym hem diklendi: — «Agşam naharyndan soň, ýedi ädimem bolsa gezmeleseň, jana şypadyr» diýlip ýazylan kitaplaryň birinde. Menem kelemli, gök otly peljagaza gulak açaýsam diýýän. Ekini howa salkynlanda suwarsaň, hem-ä siňňitli, hemem ekine ýakymly bolýandyr. Giň howlynyň çep çüňkündäki ak öýüň işigi ikiýanlaýyn açyldy. Ondan uzyn ak köýneginiň üstünden goňrumtyl ýuka dony ýelbegeý atan Mömin ussa çykdy. Aşhana tarapdan gelýän Akgül daýza derrew agzyna ýaşmagyny çekip, elindäki çäýnegi görkezip, Hangeldä gözi bilen düşündirdi. Hangeldi «dilmaçlyk» etdi: — Ata, namazdan soň bir çäýnek çaý içersiň-ä, ejem demlejek diýýä. Göwresi dim-dik goja egnindäki dony epläp, sekiniň gyrasynda goýdy. Ýu- waş ýöräp barşyna, üzümli hataryň ortaragynda ýüzinligine ýatyrylan pi:li aldy. — Çaýy soň içäýeris, Magtymyň ýaňky aýdan pellerine özüm suw açaryn, siz işiňiz bolmasa-da, dynjyňyz bilen boluberiň! Zandy degişgen Magtym mugallym boş çäýnegi göterip, deňine gelen Akgülüň ýüzüne garap ýylgyrşyna, aňyrrak giden ýaşuly eşitmez ýaly ýuwaş sesde: — Dünýäniň ýaradylyşy täsin-ow, kakaň garrasa-da, asyl ogluň ýetişen ýaly bolaýýan eken, ýapyşan işiňi eliňden alyp dur — diýip, hoşwagtlyk bilen baş ýaýkady. Eneli ogul ýylgyryşdylar. Howlynyň daşyndan: — Hangeldi, men-ä geldim — diýen seseşidildi. Hangeldi köwşüne ýapyşdy. — Derkar, ynha, çykdym menem. Eginleri sport eşikli ýigitler ýöräp däl-de, ylgaşlap ugradylar. Obanyň çe- tinde gurlan döwrebap sport meýdançasy adamsyz däldi. Stadionyň ylgaw ýodajygyna düşen dostlar diňe aýaklaryna däl, dillerine-de bat berdiler. Aňyrdan pete-pet gelen kelte boýluraga-da dykyz göwreli ýigit sägindi. Oňa nazary düşen Hangeldi ýylgyryp el uzatdy: — Bo-how, Haýdar — partadaş, senmi-aý bu?! Haýdar gülende, göwresinden öň garny çaýkandy. — Indi il içindäki lakamymyz «Haýdar telekeçä» öwrülendir. Mal öldürseň, deriň bolsa getiriber, egniňe gelşik berip duran içmek, ýeňsiz, oýlukça tikip bermek meň bilen. Derkar ony, hamana birinji gezek görýän ýaly, daşrakdan durup synlady: — Seni görsem, Begjan daýym ýadyma düşýär, ho-o Degirmendaş obasynda ýaşaýan. Şoň kiçi agtygy aýakly garpyz ýalyjakmyş, bäşmi, altynjy synpda bolsa-da. Onsoň «ylgasa, boýy ösýärmiş» diýip, muny her gün irden ylgadyp ugran. Ylgap gelip, ýaňky körpe öň ertirligine bir şakäse gaýmak iýýän bolsa, indi ikinjinem getiriň diýip, gulkunyp otyr diýýä. Senem, Haýdar han, ylgasaňam-a ylgaýansyň weli, şo soýlan mallaň birini ýeke özüň lak-luk ataýýamykaň diýen gümanym ýok däl göwnümde. Haýdar lah-lah gülende, aňyrdaky daşyna demir tor aýlanan meýdançada futbol oýnap ýörenler bärik bir «ýalt» etdiler. —Aldyň, kak bäşi! Garna hemem nebse gowşak däldirin, how! Onsoňam, bir hepde boldy ylgap başlanyma. Garyn çekilip barýa şondan bäri. Görersiňiz, aňyrsy bir aýdan çymçyk ýaly bolaryn. Beýle sport toplumy gurlansoň, garnyňy sallap ýörmek utanç-how oba içinde. Bolýa, onda, görüşýänçäk sag boluň! Olaram ylgawyny gataltdylar. — Hangeldi, Lukman hekimiň «ýigdelmek aýakdadyr» diýip gidenini-hä bilýänsiň-le! Öýe-de öl-myžžyk bolup bararys. Men-ä gelniň öňüne oklap, «me ýuw!» diýsem, ertire çenli tämizläp, ütükläp, gül ysy gelip duran eder... Hangeldi ylgap barşyna,Derkary çalaja hürsekläp, gülümsiredi: — Seň näme diýjek bolýanyňa düşündim. Häzirlikçe ejeme ýa-da gyz ji- gilerime ýuwduraýmasam, enteg-ä «me ýuw!» diýip, öňüne eşik oklajagymyz ýokdur, dost jan! — Gullugy gutardyň, eliň diplomly. Diňe obaň däl, dünýäň ähli gyzlary se- niňki bolup görünýän wagty häzir. Saýla, tut birini, şakur-şukur toý etmeli-de, ýorgany ýylatmaly. Hangeldi ylgawyny ýazman barşyna, jogap gaýtardy: — Ýorgany däl-de, ýüregi ýylatjak birini tapmaly ilki. Ine, mesele nirede?! — Diýýän-ä, obaň ähli gyzlarynyň gözi sende diýip. Olary kösäp, özüňem gije düýşürgäp ýörme-de, saýla diýýän-dä hüýr-perisinden birini. Hangeldi ylgawyny ýazdyrdy. Dostunyň egnine elini goýdy: — Öňräk kitaplaryň birinden okan tymsalymy aýdyp bereýin. Öňler biziň ata- babalarymyz ojak gazyp bilmeýän, guma gidip, odun getiribilmeýän, orta çykyp, göreş tutup bilmeýän, syçrap duran ata towsup münüp bilmeýän ýigide gyz bermeýän ekenler. Derkar uludan güldi: — Atam döwründen oba göçdi, dost jan! Indi döwür-döwranyň başga ta- laby bar-a. — Şol talaplara menem düşünýän. «Diplomy eline alandan, küýi-köçesi öýlenmek boldy» diýdiresim gelenok. Şol diplomy näme üçin alanymy görkezesim, «Hä-ä, bu ýigide beýle başarnygy bar bolsa, gyz berseňem, öz başyny çarajak eken» diýdiresim gelýär. Didar ýeser sorag berdi: — Ýeri, oň üçin näme Nýutonyň kanunyny täzeden açaýsam, ýa Magellan ýaly Ýer togalagynyň daşyna aýlanyp çykaýsam diýýämiň? Oňa ýetişýänçäň, sakgalyň agaryp, biliň egreläýmese... — Ondan bärde öz başarjak işimizem az däl. Men şonuň gürrüňini edýän. Ýogsa-da, Derkar, seň agaň Didaryň kärende ýeri bar gerek? — Bar. Bagçylyga alypdy 6 gektar ýeri. Ony näme üçin soradyň? — Şony uçdantutma bolmasa-da, diýeli, şu ýyl belli bir bölegini damjalaýyn usula geçir diýsek etmezmikä? Derkar ýylgyrdy: — Ýak-eý, nädýäň-aý, dost! Ekin ýeriň lummurdap akyp ýatan ýabyň ýaka- jygy bolar-da, oňa damjalaýyn nämä gerek? Böwedini ýazdyryp-ýazdyrmankaň, paglap guýlup dur-a. — Ine, gepem şonda-da. Sebäbini, ýör, Didaryň ýanyna baraly, şol ýerde düşündirjek bolaýyn. Şol wagtam gabat garşylaryndan ylgaşlap gelýän Mämmet göründi. Ol golaýlaberende, it ýylgyryşyny etdi. Soňam ýoknasyzyny atdy: — Oh-ow, biz pyýada, Hangeldi atly gezip ýörendir öýtsek, senem ýere düşen ekeniň-ow. Derkaryň gaşy çytyldy: — Ilki bir il ýaly düzüwli salam-helik alşarlar. — Salamyň gaçyp gitjek ýeri nire-aý, ine, salam diýdik. Sportda gatan eldir, gatyrak gyssam, «wäk» diýäýmäň! Ol duranlara bilgeşleýinden iki elini uzatdy. Hangeldem jogaby nagt etdi: — Aýa penjeleşmeli bolsa, ahmal galmarys, biziňkem pil-kätmen tutup, gatap giden eldir, ejemogly däldiris. Yrsaramaga bahana agtaryp duran Mämmet soňky sözi özüne çekdi. — Näme maňa ejemogly diýjek bolýaňyzmy, hä? Derkar ellerini gerip goýberdi: — Ejesiniň puluna alnan maşyna gaýşarylyp münýän ýigit ejemogly bol- man, başga kim bolsun?! Mämmet bu gürrüňi ýüzüne almady. Gaýtam ýylgyrdy: — Söwda-satygyň puluna ogluna maşyn mündürýän ejä göriplik edýäňiz- mi? Oglam bihal däldir, bedenterbiýe mugallymy bolsamam, ynha, respublikan ýaryşdan baýrakly dolanaryn weli, meň bilen salamlaşybilseňiz, armanyňyz bolmaz. Hangeldi bir tabyny saklasa-da, Derkar hahahaýlap gülende, geçip bar- ýanlar, ylgaşyp, türgenleşip ýörenler bärik bir üşerilişdiler. — Dil bir öl ýere biten zat bolansoň, uzadan ýeriňe ýetip dur-da. Sen ýöne «Öwüneniň tanapy çüýrük» diýlen nakyly eşidipmidiň? Hangeldi onuň egnine elini goýdy: — Mämmet, ýeňip gelseň, hemmämiziň abraýymyz. Mämmet gomaljyrady: — Ýeňip gelerinem, nädersiň onsoň, obaň ähli gyzlarynyň gözi mende bolaýsa! Derkar ajy ýylgyryp, ýuwaş gepledi: — Mämmet! Sen ejeňden sorap gördüňmi, sen kiçijikkäň sallançakdan dagy ýykylyp, zat eden-ä dälsiň-dä?! Mämmet geň täzeligi aýtjak ýaly, ýyrşardy: — Ejem: «Sen kiçijik wagtyňam gaty bezzatdyň, üwrelip duran sallançakda- nam düňderilip gaýdybererdiň. Şol wagtlaram bilýärdim, seň sport ugrundan gitjegiňi, içiň byjyklap duran oglandyň» diýýä. Hangeldi gülküsini saklajak bolup, Derkary gyssady: — Ýöräli, dost, Didaryň ýanyna barmalydyrys-a. Mämmet, ýeňip gelgin onda, hoş! Dostlar ylgawlaryny gataldyp, ýüzlerini oba tarap tutdular. Olaryň yzyndan alarylyp seredip galan Mämmedem göwünli-göwünsiz ädim urup ugrady. Gurbannazar ORAZGULYÝEW. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |