07:37 Garry oýnasa... / hekaýa | |
GARRY OÝNASA...
Hekaýalar
Ynha, gözüňe söweýin ýaz paslynyň bir hoşamaý güni. Ýokarda bu gojaman dünýäniň ýasalşyna şaýat — gadymy asman, asmanyň astynda Garagumyň ak ýaýlasy, ýaýlanyň üstünde Durdy aganyň sürüsi, süriniň yzynda ýaşy ýeten boz eşek, boz eşegiň gerşinde-de Durdy aganyň özi. Süriniň garny dok, Durdy aganyň keýpi kök. Al-da, tüýdük çalyber. Gyzyl güldür gök otlaryň ysyndan geregini edinen şemal serhoş bolupdyr. Garry çopanyň eýlesinden bir geçip, beýlesinden bir geçip, näz eden bolýar. Ynha, kaka indiler. Durdy aganyň eşegem «hyňk-hyňk» edip, kakyň bir gyrasyndan tumşugy basdy. Asyl, kakyň içem durşuna jan bolup dur. Dürli-dümenje guş diýermiň, gurbaga diýermiň. Anha, külembikäň bogny ýalyjak bir zaluwat, şo-da leňk-leňk edip, gurbagasyran bolýar. Ondan aňyrrakda ýene biri, ýaňkyjaň enesimidir, atasymydyr-basygrak ses bilen käte «igrek» diýýär. Şu wagt Durdy aganyň okumyş çolugy bolan bolsa, «Iks, iks!» diýip jykyr-jykyr gülerdi. O-da golaýlap ýörendir öz-ä. Hä diýmän,çykar bir ýerden, düýesini yzyna tirkäp. Aý, eýýäm şol belleşilen alaňa ýetip, öňde çaý gaýnadyp oturan bolmagam mümkin. Suwdan ganan süriniň süňňi mese-mälim agraldy. Ýeriň ýüzünden çalaja süýşüp barýar. Diňe käte süriniň o ýerinden –bu ýerinden bir goçuň ýa-da serkäniň ýarym göwresi bilen kellesi talawlap dik ýokaryk galýar-da, biraz salym durup-durup, ýene süriniň içinde ýitip gidýär. Şeýle ýagdaýda Durdy aganyň käwagt «Häýt, peläket, seniň gözüň doýan däldir, gözüň!» diýip, ýalandan käýinjiremesi bardy. Ýöne ol häzir düýş görüp barýar. Ýaş ýigitmiş. Boldy gelniň şaýlary şeýle bir şaňňyrdaýamyş, düwmeleri şeýle bir düňňürdeýämiş. Demi bilen Durdynyň çekgesini sypalap, gulagyna çawuş çakýarmyş. Onuň kürtesinden kükeýän arça ysy Durdynyň başyny aýlap... Eşek birden kürtdürdi. Durdy aga gözüni ýalpa açdy. Görse, eşegiň edil alkymynda şol adybelli, gara sakgally ak serke öň aýagy bilen ýeri gazyp, bir zatlar iýip dur. — Näme-how, hajymelik pälwan, indi ýeriň üstüniň otuny gutardyň-da, asty galdymy? — diýip, Durdy aga oňa habar gatdy. Serke keserip durşuna Durdy aganyň ýüzüne gözüniň çetini akjardyp seretdi-de, ýene symyş bilen boluberdi. — Ata sakgaly eňegiňe bitse-de, saňa akyl geljek däl-ow!—diýip, Durdy aga onuň üstüne gygyrdy. Serkäniň göwni bir ýaly. Süri bolsa honda gidip barýar. Durdy aga eşegini debsiläp, hylasyny galgadyp, göni serkäniň üstüne sürdi. Serke götinjekläp-götinjekläp, ahyram yzyna öwrüldi-de, sürä tarap hallan atyp ugrady. «Beh, bu peläket näme tapdyka eýsem, beýle süýjüder ýaly?!» Durdy aga eşegiň başyny çekdi-de, ýere syryldy. Anha, serkäniň gazan ýerinden barmak ýogynlygyndaky bir kök akjaryp görnüp dur. Durdy aga pyçagyny gynyndan sogrup, köküň astyny yzarlap ugrady, bir garyşdan aşagragyny gazansoň, köki teýläp kesdi. «Nämäň köki boldugyka, janlarym? Ýaňky sakgally melgun ýekeje ýapragam goýmandyr-da. Öz-ä dermanlyk bir çöp bolarly, ýogsam, ýaňky şeýtan beýle yhlas etmezdi. Hol keýikleriň iýýän gylaw köküne-hä meňzänok. Aý, ýygnap goýaýyn. Çoluga görkezsem, belki, tanaram. Onuňam, ýaňky peläket ýaly, bilmeýän zady ýokdur öz-ä». Durdy aga eşegine münensoňam, köke siňe-siňe seredip gitdi, ysgap gördi. Delje ys-a bar. Hoşboýa golaý. Daşyndan, hol birçak, çagalykda derýadan tutup alyp iýýän köklerini ýatladýar. Oňa «garyndoýar» diýerdiler. «Hälkiýerýykan häli ýolboýy püwdürip gelýädi welin, içagyryň dagy emimikä bi? Biziň aşgazanam-a heleýlejek bolýan ýaly. Özümizde huş galmasa-da, bi aşgazan diýilýäniň huşy gaty pugta bolara çemeli, bir ýakmaz zat iýseň, ýadyndan çykaranok». Durdy aga pyçagy bilen ýaňky akja köküň iki ujundan sähelçe-sähelçe kesip aýyrdy-da, daşyny arassalap, başam barmak ýaly bölegini agzyna atdy. Çeýnemezçe däl. Birhili şepbeşigräk, süýgeşikräk welin, ajy däl, turşy däl. Ýöne agzyň içinde köpelegenräk gylygy bar eken. Durdy aga ony zordanragam bolsa, ýuwutdy-da, tamşandy. Köküň tagamy agzyna ýakdy. Ýene çagalygyny çalaja ýatlatdy. Aşgazanam, birhili, ümsüm bolan ýaly. Durdy aga kökden kesip ýene agzyna atdy. Köküň ýarysyndan gowragyny iýensoň, mädesini tutdy. «Äl-aýt, çeýnäp ýören çöpüň gursun!» diýägede, köküň galanyny serkäniň öňüne zyňmak üçin, süriniň içine ser salsa, serkäniň çopan bilen işi ýok, sürüdäki geçileri ikibaka jyrraldyp ýör. — Näme-how, guduzladyňmy, häzir şahyňy omraýynmy?- diýip, Durdy aga azm urdy. Eger-eger, boýnuny omraý! «A-how, şu dogrudanam, guduzlan bolaýmasyn? Ýaňky iýeni çakjagunduza golaý bir zat bolsa bildiňmi? Men tentegem iýdim-ä! Haý, akyly çaşan zaňňar diýsänim, şunça ýaşap, şunça ýyl meýdanda entäp, näme iýýäniňi bilmeseň, çeýnär çöpüňi tanamasaň. O peläkediň-ä, gaty gidiberse, kellesini alarsyň-da, dyndararsyň. Ýeri, seň kelläňi kim alsyn?» Ak serke ahyrsoň bir gär geçini sürüden çete kowalap çykardy-da, arkasyna hopba boldy. Durdy aga göz edýän ýaly, onuň gözüniň alnynda işini bitirdi. Gär geçi gaçyp başyny gutaransoň, serke ýene biriniň daşyna geçdi. Bu gezek ol «heleýini» Durdy aganyň edil alkymyna getirdi-de, «kökerdi». Serkäniň eýmenç hyjuw bilen esreýşini, adam ýaly hassyldaýşyny, geçiniň bolsa dünýäni unudyp, gözlerini süzüp durşuny görende, Durdy aganyň goja ýüregi süýşüp gitdi. Ol ýüzüni kese sowdy-da, süriniň başyny şol belleşilen beýik alaňa tarap sowmak üçin, gapdallap ugrady. Gidip barýar welin, eşegiň gaňňasynyň gaşy bir ýerine dürtülýän ýalymy ýa-da özüniň bir ýeri gaňňanyň gaşyna degýän ýalymy... Ýuwaşjadan elläp görse, ýaşytdaşy. — Sende akyl ýokdugyny öňem-ä bilýädim welin, ýöne beýle ýoknasyz samsyksyň öýdemokdym — diýip, Durdy aga oňa käýindi. Ýaşytdaşy welin, ýaňky serke ýaly, diýýämisiňem diýenok. Giň jalbaryň ilikden aşagyny tümmerdip barýar. Durdy aganyň birden hälki syrlyja kök ýadyna düşdi. — Düşündim! — diýdi. — Durdy aga-ha-aw! Durdy aga balakdan gözüni aýdyp, başyny galdyrdy. Hol alaňyň üstünde çolugy elini galgadyp dur. «Wah, Durdy agaň gursun, inim. Durdy agaň almytyny alaýan bolsa gerek, Durdy agaň boljagy bolaýan bolsa gerek. Ýeri, indi eşekden nädip düşjek? Çoluga nädip görünjek? Ol zaňňar öňem amatyny tapsa, adam oýnasy geli-ip dur. Buduna siýip ýören zaňňar-da. Oňa oýun gerek». Ýene ýaşlyk ýada düşdi. Çola ýerde «Durdy, dogrujaňy aýt, näçe gezek? Gulagymyza aýdaý!» diýip degýän deň-duşlary ýada düşdi. Törde sülmüräp... — Wa-a-ah!!! Durdy aganyň ýüregi ele düşen çaga guşuň ýüregine döndi. Göwnüne bolmasa, biline kuwwat, dyzlaryna güýç gelip, gözleri ýitelip, serine täzeden jahyllyk ýeli çalan ýaly. Kä sazak pürlerini oýnap, käte-de ýerden bir garyş ýokarda lowurdaşýan bäş günlük gülälekleriň başlaryny sypalap, hiňlenjiräp ýören ýaz ýeliniň derdine Durdy aga täzeden düşündi. Gülälekleriňem şol öňki gülälekligi eken, tenekar ýeliňem şol tenekarlygy, mahmal çägäniňem şol mahmallygy. Bu goja dünýäniň şol juwanlygy. Şol ajap döwür bilen şu günki günüň aralygynda diňe Durda bir zat bolan eken. Ýa-ha agyr uka gidipdir, ýa uruşda seňseläp, huşuny ýitiripdir, ýa şu dilsiz-agyzsyz janawarlaryň arasynda gezip ýörşüne, özem goýna öwrülip gidipdir. Çöl gowy, çöl gowy-la, ýöne... çöpi bar-da. — Durdy aga, çaý bolsa demlendi, gömme bolsa bişirildi. Ýene näme buýruk? Eşekdenem düşüreýinmi? — Men eşekden düşmäýin, inim. Bir... oba baryp gaýtmasam boljak däl. — Näme, Durdy aga, düýş-püýş gördüňmi? — Aý, düýş-püýş bolsa, işi haýyr-la. — Ýa Boldy ejemiz «gelsin» diýipmi? Durdy aga tas «Howwa» diýipdi. Diýmände-de, anha, eýýäm ýyljyraklap ugrady, enesi ýalamadyk. Näme syrtarýaň, bişen kelle ýaly. Entek öýlen bakaly... — Sürä seret, inim. Men ertir yzyma gaýdarmykam diýýän. — Arkaýyn bol, Durdy aga! Süriň üstünden guş uçmaz, kellesem ýerden galmaz. ...Durdy aga bir seretse, ýoly sarap barýar, eýýäm ýarragyny alypdyr. Obanyň känbir daş dälligem gowy zat, eşekli ýarym günlük ýol. Bu ýollardan näçe öwran geçilendir. Muňa ilki gezek gadam basanda... bu-u-uw... Durdynyň men diýen wagtlary eken-ow. Indem şol gatnap ýörşi. Gül ýaly gelniň gujagyny boş goýup... Eklenç gursun. Her alty-ýedi aýdan bir öýüne barýar, birki aý obada bolup, bir adamjygyňam düýbüni tutýar-da, ýene yzyna — çölüne tarap rowana. Mundanam bir dünýä geldik boldumy, ýaşadyk boldumy! Asla bu adamlarda ýaşlyk bir boldumy diýsene! Ilki ýetimçilik, soň uruş döwrüniň açlyk-horlugy, soň urşuň özi. On sekizini dolduran güni fronta ugran Durdy, urşuň soňky ýyl ýarymyny özi jemledi. Gelenden soň, ýene şol horluk, ýene şol açlyk. Ýene şol kolhoz. Çöl. Aý, bolýa-da... Hyh, janawar! Diňe on ýedi ýaşda bir üýtgeşik, jadyly dünýäniň çalaja çeti görnüp gitdi. Ol dünýäniň adyna Bagda diýerdiler. Pah, Bagdamy?! Asyklygy agta dek, alyn saçy nogta dek, mämilen mestan, bagylan bostan, badam gabak, ýuka dodak, suw içse alkymyndan, nahar iýse bykynyndan, mämeleri muham almasy ýaly, ökjeleri ardylan käşir ýaly, gözleri bag çebşiň gözi ýaly balkyldar durardy. Pah-aý, oň ýaly gyzlar diňe Durdynyň jahyl wagtlary bolardy. Indikiler dagy... Hyh, janawar! Durdy ýalpajyk okopyň düýbünde bir gysym bolup, ýokarda ikiýana at salýan gülleleriň, öz güýjüne çydaman iňläp-iňläp geçýän snarýadlaryň sesine diň salyp ýatyşyna: «Azajyk, a-a-azajyk puryja ber, Allam! Bagda gyzyň gujagyna bir özümi atsam, şol gujakda ýekeje gije daňymy atyrsam, soň bu jany şo gün alaý!»diýip ýalbarardy. Oňa Bagdanam bermediler, janynam almadylar. Urşa gidende, Bagda bardy, gelse — ýok. Bolany. Durdy ony hiç kimden sorabam bilmedi. Nagra dartyp, aglabam bilmedi... Ondan bäri är ömri geçse-de, Bagdaly ýara bitmän eken, diňe çalaja kesmeklän eken. Näletsiňmiş akja kök onuňam ýüzüni dyrmalap, ýyrtaýdy öýdýän... Hyh, jüregetirmiş! Tapdyň senem tezek ysgajak wagtyňy, arwahdan azan diýsänim! ...Şeýle agyr-agyr pikirlerden Durdy agany köplenç halas edýän zat bar: ol derrew öz ýakasyndan ýapyşýar. Şeýdibem, göz açyp-ýumasy salymda özüni ýedi gat asmandan ýere çekip düşürýär. Häzirem şol edähet dadyna ýetişdi: «Ýeri, şo gujaga özüňi atanam ekeniň-dä. Onsoň? Daňam atmaly bordy. Onsoň? Bagdany şeýdip gara günde goýup, negözel gyzyň ýüzüne it degen ýaly edip, gidiberjekmidiň? Onsoň o görgüli nätmeli bordy? Hym-m. Görýäňmi, Bagdany saňa bermän dogry edipdirler». Bu eşek şunça dikgirdese-de, ýol öndürmesin-ä goýdy. Jögülik edýär. Göze çöp atan bolýar. Häzir aksaplynyň ujy gerşiňe bir çümäýse-hä, bilerdiň nähili ýöremelidigini! Durdy aga pyçagyň gynyny sypalady, emma, aksaplynyň sapy eline ilmedi. Gör-le, muny, pyçagyň ýerine, gyndan hälki köküň ýarysy çykýar. Mundan indi gutulma ýok öýdýän. «Bu içigaryň güýji näçeräk wagta ýetýärkä? At bilen bat bolup, mundan barsak... Ýene-de ümsüm gaýdybersek. Düýän-ä gördüm diýseň, gumalagynam tapmasaň! Äý, bolmasa munam ýuwdup goýbermeli bor-da. Kyrk ýumrukda ölmedik kyrk birde-de ölmez. Hä... ine, şuny heleýe-de aýtmaly». Indi az galdy. Ynha, hä diýmän, oba görner, Boldy görner. Durdynyň bagtyna dünýäde Boldy bar eken. Wah, entegem Boldy bar eken, ýogsam dagy, bu dünýä näme üçin gelip-näme üçin gidýäniňem aňşyrmanjyk gidibermeli. On çaga dogrup berdi, onusynam özi sana goşdy. Durdy aganyňk-a, näme, ap-aňsat. Ýasamaly-gaýtmaly. «Ogluň boldy» ýa «gyzyň boldy» diýip gelene bir tokly söýünji bermeli. Galany Boldy ejäniň boýnuna. Häk, ýöne, eklenç zerarly, Durdy sebäpli, o biçäre-de dünýäniň eşretin-ä görmedi. Ärli bolup — ärli däl, dul bolup — dul däl... Hyh, eý, seniň guşgunyňa... Ýaňky pikirleriň awusyna, Durdy aga eşegiň syrtyna urmak üçin göteren hylasyny tas öz gerşinden inderipdi. Inderseň-inderibermeli. Inderseňem-indermeseňem, ýagdaý-a şeýle. Äý, zyýany ýok. Hudaýbardyr. Altmyş alty ýaş entek ölümiň ujy däl-le. Boldy baý-a hasam ýaş... Anha, Berdimyrady gör-ä, ýetmişden geçse-de, entegem murtlaryny towlaşdyryp, göti bilen däl. «Durdy han, ikimizem täzeden sünnet etdiräýsek nädýä?» diýen bolub-aý... Durdy aganyň öňünden towlanyp barýan inçejik çopan ýodasy gür ýylgynlygyň içine girip gitdi. Gapdalda bir ýerde ýabany horazyň «jok-joky» eşidildi. Onuň sesinde haýyşam däl, nala-da däl, talap, buýruk bar. Ýöne oňa hä berýän ýok. «Häý, tentek, hemmänem özüň ýaly samsykdyr öýdýäňmi? Sen, gardaş, aýal tohumy bilen oýun etme, töwerekde yns-jyns barmy-ýokmy, olar ony senden gowy, senden öňürti bilýär. Häzir gapdaljygyňda busup ýatandyr, ýöne tä meniň garam ýitýänçä, ses bermez». Horaz bu gezek has golaýda jokguldady. «Ýok, sen samsyklykdanam däl-de, gedemlikden edýäň. Durdy bolsaňam, senden gorkamzok diýýänsiň. Ýa-da meniň düýpden ýaragsyzlygymy görensiň». Eşegiň edil aýagynyň astyndan pasyrdap göterilen sülgün Durdy aganyň zähresini ýardy, eşek janawaryň welin eşek şekilli ürkmäge-de ysgyny galmadyk bolara çemeli — diňe kellesini çala bir silkdi-de, oňaýdy. «Hä-ä, heleýjigiňe duýduryp oturşyň eken-ow. Kime gereg-aý onyň!» Ýylgynlyk yzda galdy. Hyh, janawar! Külli älem aýt içinde, külli jandar — howada ganaty ganata degrip uçýan kebeleklerem, guş-gumursylaram, bir-biriniň yzyndan süýrenişip barýan pyşdyllaram, bir-biriniň gaşynda gol gowşuryp duran alakalaram, hatda tezek togalamadan başga käri ýokdur öýdülýän tomzaklaram — bary yşkyň dagynda. Bir-birine hyrydar, bir-birine mähriban. ...Durdy diňe ýigit wagty, ilki çöle gaýdan uçurlary bu ýol şeýle uzakdy. Uzagam bolsa, ýygy-ýygydan geçilerdi. Soň iki-üç aýa geldi, soň-soň alty-ýedi aýa. Gel-gel, altmyş ýaşdan soň bu ýol ýene şol uzaklygyna tutdy. Emma, hanha, alysdan obanyň tallary gol bulaşyp göründi. Ynha, indi bu eşegatalam Harteçjalyň eşegi ýaly, dünýä ýaň salyp ugrar, tä öýe barýança arlar gider. Ýok, enteg-ä lal-jim. Gaýrat et, janawar! Senem bir binesibiň biri, senem kürreligiňden ymgyr çölüň içinde, dünýäň lezzetinden mahrum. Ýene birazajyk haýdasaň, soň öňüňde arpa bor, gapdalynda gülli ýorunja. Soň agynaýaňmy, hyzzynlaýaňmy, boşanýaňmy — özüň bil. Barybir, boşanybam, ikimiziň gitjek ýerimiz ýok. Diňe häzir aňňyrmasaň bolýar. Äý, barybir görerler. Diňe görübem goýmazlar, geň görerler. Berdimyrat ýalylar giň köçäni ýaňlandyryp, kempirine «Bar, gitseň-gidiber, saňa tölän galyňymyň her köpügine bir edendirin» diýip gygyrsa-da, hiç kim geňlemez, emma... «Wiý, Durdy agaň gidenem-ä ýaňydy, eýýäm geläýipdir-le. Yzam-a abadançylyk?!» diýerler. Äý, geň görseňiz görüberiň. Siz geňlärsiňiz diýip gorka-gorka, merrimada öwrüld-ä bu adamlar. Boldy ejeňiz geň görmese bolýa. Äý, oňa-da abyr-zabyr etsek, «ýok» diýip durmaz. Boldy eje adamsyny görenden, çölde bir bela gopandyr öýdüp gorkdy. Aýal diýeniň ilki bir gorkman, begenýämi! Görse, adamsynyň ýüz-gözi ap-açyk, dus-dury, süňňi ýeňil. — Näme, atasy, bir gyssag iş-zat çykdymy? — diýse, — Hawa, keýwany, senlik bir gyssag iş-ä bar. Öýde adam-gara ýok dämi? — diýip gülýär. Boldy eje haýsy otaga girse, yzyna düşüp ýör. Ýa Berdimyradyň sorýan zährimaryndan dadaýdymyka? Oglanlaryň, gelinleriň öýde dälligem bir gowy zat... Durdy aganyň çaý-çöregini howlukmaç ýuwdup oturşy hem-de şähdaçyklygy dek häzir «Omyn» diýäge-de, bir hoş habar aýdaýjaga meňzeş. — Omyn! Aýalynyň öz ýüzüne soragly seredýänini gören Durdy aga oňa gözüni gypyp goýberdi. — Bol-how, meň bilen dogan okaşmak niýetiň bolmasa, düşek oklaşdyr! — Wiý, atasy, it-guş bir ýatsyn ahyryn... — It-guşy ýatyryp, men nä, ogurlyga gidýänmi? Bol-bol! Düşek atar! Aýal ömründäki berilýän erkek buýruklarynyň içinde şundan güýçlüsi, şundan süýjüsi barmy? Heý, beýle buýrugam berjaý etmän bolarmy? «Hamyr ýugrup oturkaň, äriň seni küýsese, hamyryňy taşlap, baraýmalydyr» diýip, Boldudan ulurak gelinler birwagt onuň gulagyna pyşyrdardylar. Şo gije daň atynça Durdy aganyň özem ýatmady, ýaşytdaşam.Aýalynam ýatyrmady. Ar goýman aldy. Bagdadan galan ahmyrynam aýalyndan çykardy. Birki gezek onuň gulagyna «Bagda jan» diýibem pyşyrdady, hernä aýaly aňşyrmady. Aňşyrar ýalymy! O görgüli ömründe görmedigini şo gije gördi. Munça gaýrat, munça hyjuw, munça güýç! Eý, Hudaý! Eşretli günleriňden ýene birini aýap goýan ekeniň, keremli Alla! Özüň geçgin günämizi, eziz Alla! Ine, şeýle gijeden soň gözüňi arkaýyn ýumsaňam boljak. Aý, ýok! Belki, ertiri mundanam gowudyr... Ertesi irden biri yralaýan ýaly. Durdy aga gözüni açsa, Boldy eje başujuny alyp otyr. —Hym-m? — Eşek janawar-a çişip, gatap galypdyr. — Äý, eşek jähennemä, sen meni sakla, kempir, men gidip barýan-a. — Näme edeýin, arkaňyzy owkalap bereýinmi? — diýip, Boldy eje adamsynyň daşynda pyr-pyr aýlanýar. Aýaklarynyň arasy bolsa şol awuşap dur. — Unaş... ä-ä-äh,.. unaş bişir! Boldy eje çykdy, ýene girdi. Bir eýläk — bir beýläk geçip, bir zatlar dörüşdirdi, birdenem ellerini ýüzüne tutup, aşak oturdy-da, aglap goýberdi. — Näme-how? — Men indi il-güne nädip görneýin? Durdy aga «Päheý, samsyk heleý, birwagt nädip görnen bolsaň, ýene şeýdip görnüber-dä!» diýip ony dalajak boldy, ýene dözmän, agyr dem aldy-da, kynlyk bilen aňyrsyna öwrüldi. ...Ýaz paslynyň bir hoşamaý günüdi. Kömek Kulyýew. | |
|
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||