19:17 Gawunyñ gowusy | |
GAWUNYŇ GOWUSY
Oýlanmalar
Gawunyň gowusyny şagal iýdi. Wah, onda-da ne iýmek?! Hut düýnem Gün nuruna altyn öwsüp, ýanyndakylardan mesaňa saýlanyp duran negözel gawun zer-zaýa bolaýdy-da!.. Irden bakjaçy ýaşuly öz kömekçisi bilen şagalyň zaýalan gawunynyň üstünden bardy. Bihaýalyk bilen parçalanan gawuny görüp, köpügören ýaşuly gynanmak gynandy. Hyrçyny dişläp, ýuwaşjadan başyny ýaýkap oturşyna, näletsiňmiş şagala gargyndy. Daşyndan o diýen syr bildirip barmasa-da, gojanyň kömekçisiniňem bu ahwalaty görüp, barja keýpi garasar sürüsine döndi. Mümkin, bu mahal onuň gynanjam gojanyňkydan kem däldir?! Diňe gynanmak däl, bu pursat oňa puşeýman etmekmi, ökünmekmi, garaz, şuňa meňzeş ýene bir alasarmyk duýgy ezýet berýärdi. Onsoň ol, haýpygelijilik bilen gawun bölejiklerine seredip durşuna, içini ahmyrly hümletdi: «Wah, özüm üçin belläp ýörenje gawunymdy. «Şu gawun mazaly ýetişipdir welin, şony men öýmüze äkidäýeýin» — diýip, düýn ýaşula aýdaýynam diýdim-le. Arman, şu çekinjeňlik gursun, dilime gelen sözleri aýdyp bilmän, ýuwduna-ýuwduna ýuwudyp goýberdim.Wah, indem gijä galdym-da...». Alaç ýok, eýýäm boljak zat bolupdy. Gawunlaryň gowusy paralanan, parçalanan ýürek ýaly bolup, gara guma garylyp ýatyrdy. Gawun-a zaýa boldy, ony ýetişdiren gojadyr kömekçi ýigit çyny bilen gynandylar. Şagalmy?.. Şagal bu zatlar hakda asla pikirem etmedi, sebäbi onda nebsi agyrmak, gynanmak duýgusy ýok ahyryn! Şonuň üçin-de ol, hiç zat bolmadyk ýaly, selk-selk edip beýleki bakjaçylyga tarap gitdi. Aňynda bolsa düýbünden başga pikirler at salýardy: «O ýerde-de gowy gawun bardyr-la?». Gawun gawun bolýar, ony öňi-soňy iýerler. Onda-da, gawunyň ajabyny şagal iýmän, şol gawunyň ugrunda azap-yhlasyny gaýgyrmadyk ynsan iýse gowy-da! Arman, nätjek, gawunyň gowusyny şagal iýdi-dä!.. Döwran AGALYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |