GAÝDUWSYZ GERÇEK
...Geçen asyryň kyrkynjy ýyllarynyň başynda goşunda gulluk borjuny ýerine ýetirip, hossarlaryna: «Indi wagtymyz azaldy, basym oba dolanarys» diýip, günlerini sanaýan ýigitler: «Watanyň üstüne duşman çozupdyr» diýen ajy habary eşitmeli bolýarlar. Amannazar hem deň-duşlary bilen Watan goragyna gidýär.
Amannazar dagynyň hereket edýän goşuny Bessarabiýanyň Syganka obasynda ýerleşipdi. Ol 263-nji ýöriteleşdirilen polkuň 25-nji Çapaýew diwiziýasynda Kowalçugyň baştutanlyk edýän 8-nji atyjylyk rotasynda söweşýärdi. Onuň gaýduwsyzlygyny göz öňünde tutup, rotanyň 3-nji batalýonyna serkerde edip belleýärler. Ol deň-duşlaryndan tertip-düzgüni, agzybirligi talap edýär. Söweşden boş wagtlary bolsa «Görogly» şadessanyndaky gahrymanlaryň watansöýüjiligi, batyrlygy, edermenligi hakda esgerlere gürrüň berýär.
— Gazaply urşuň ýeňşe alyp barýan günleriniň uzakda däldigini duýýardyk. Bir gezek şeýle waka boldy. Men tokaýyň çetine çykanymda, ýerzeminde duşmanyň bardygyny, olaryň arkaýyn dynç alýandyklaryny gördüm. Olar özara gürrüň edişip, bir zatlara gülüşýärdiler. Pursady elden bermeli däldi. Men: «Rota, yzym bilen, söweşe!» diýip, batly sesim bilen gygyrdym. Biz dört söweşiji bolup, olara tarap ýaragly hüjüm etdik. Duşman köplükdi, biziň çalasyn hereketimiz olarda gaýtargy bermäge mümkinçilik goýmady. Şeýlelikde, duşmanyň üçüsini oka bermek, on dokuzysyny bolsa ýesir almak başartdy — diýip, Amannazar aga ýatlar eken.
Uruş weterany Akmämmet Kadyrow Amannazar aga barada şeýle gürrüň berýär:
— Men onuň dört adam bolup, ýigrimi iki duşmanyň garşysyna nädip çykandygy barada gyzyklanardym. Ol bolsa: «Dost jan, biziň çagalygymyz kynçylykly günlerde geçdi. Batyrgaý, mert, parasatly, işeňňir bolmagy, hiç bir kynçylygyň öňünde müzzermezligi, durmuşyň göreşdigini kakam bize hemişe ündärdi. «Türkmenmiň, ata çykmagy, ony çapmagy bilmelisiň». Ynha, kakamyň şu öwütleri, wesýetleri hemişe maňa ýoldaşdy, ýolgörkezijidi. Ata pendi kuwwat berendir-dä, söweşde gorkmak-ürkmek ýaly zatlar ýadymyza-da düşmezdi» diýerdi.
Balkan welaýatynyň Serdar şäherinden bolan Amannazar Garaýew aldym-berdimli söweşlerde üç gezek ýaralanýar, emma söweşmegi dowam etdirýär. Iň soňky söweşde bir aýagyny aldyryp, obasyna gaýdyp gelende, öňünden gujak açyp çykan mähribanlary:
— Şol dowzahdan ölmän, aman-sag geleniň bolýar. Muňa-da müňde bir şükür — diýip, Amannazary bagra basýarlar.
Ol söweşde görkezen gaýduwsyzlygy üçin «Gyzyl Ýyldyz», «Beýik Watançylyk urşy» ordenleri, «Edermenligi üçin» we ýene-de birnäçe medallar bilen sylaglandy. Gaýdyp gelenden soň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda zähmet çekdi. Munuň üçin bolsa «Köpýyllykly janypkeşlikli zähmeti üçin» diýen medala mynasyp boldy. Köp ýyllar Durdynyýaz ene bilen döwletli ojagyň eýesi boldy. Gurbannazar, Gurbanmyrat, Aşyrmyrat ýaly goç ogullaryna, olaryň çagalaryna guwanyp ýaşady.
Amannazar Garaýewi uruşdan gaýdyp gelenden soň Magtymguly etrabyna işe iberýärler. Bu ýer onuň üçin ikinji dogduk obasyna öwrülýär. Etrabyň dürli kärhanalaryna, şol sanda haly fabrigine ýolbaşçylyk eden ýyllaryny uly höwes bilen ýatlardy. Onuň milli mirasymyzyň baýlygy bolan türkmen halylaryny dokaýan gelin-gyzlara goýýan sarpasy uludy.
Durdynyýaz enäniň süýji tagamlary, saçagyň daşyna üýşen çagajyklarynyň berýän gürrüňleri Amannazar aga üçin uly bagtdy. Onuň ýene-de bir söýýän pişesi bardy. Ol hem bolsa miweli, saýaly bag ekmekdi. Lezzetli çaýdan ganyp, çagalaryny ýanyna alyp, gyzykly söhbedi ekin meýdanynda dowam etdirmek bu döwletli maşgalanyň gündelik edähedine öwrülipdi.
— Watan gerçekleri ýatlanyp, olara uly sarpa goýulýar, atlary ebedileşdirýär. Şol Watan gerçekleriniň arasynda biziňem kakamyzyň ady hormat bilen tutulýar. Biz, doganlar bolup, muňa çäksiz buýsanýarys — diýip, Amannazar Garaýewiň körpe ogly Aşyrmyrat ýürek buýsanjyny beýan edýär.
Ogulbaýram TAGANOWA,
žurnalist.
Edebi makalalar