GEŞMIŞDE NÄLER GÖRNER
Biziň ýurdumyz taryhy ýadygärlige baý. Ýurdumyzyň çar künjündäki şol taryhy ýadygärlikler taryhyň syrly geçmişini öz gujagynda saklaýarlar. Hazaryň gündogar kenarynda hem olaryň birnäçesi bar. XX asyryň dürli ýyllarynda A.R.Okladnikow, M.Ý.Masson, В.A.Litwinskiý, А.A.Roslýakow, A.F.Ganýalin. I.N.Hlopin tarapyndan bu ýadygärliklerde birnäçe gezek giňişleýin gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Alnyp barlan işleriň netijesinde Madaw medeniýetine degişli Taňsyklyja, Çyglydepe, Madawdepe, Çopandepe, Gökjedepe, Bengauzendepe. Parhaýdepe, Sumbar ýaly iri ýadygärlikler ýüze çykaryldy.
Geçen asyryň 50-nji ýyllarynda Demirgazyk-Günbatar Köpetdagyň eteklerinde, Sumbar derýasynyň jülgesinde A.F.Ganýalin tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi. Bu barlaglaryň netijesinde Sumbar derýasynyň ýokary akymyndan Madaw medeniýetine degişli külalçylyk önümleriniň birnäçesi, şeýle hem häzirki Magtymguly etrabynda ýerleşýän Daýna obasyndan bürünç asyryna degişli mazar tapyldy. Ýanyndan gündelik ulanylan gap-gaçlar, bürünçden ýasalan paltadyr teşe tapyldy. Geçirilen işler Günorta-Günbatar Türkmenistanyň bürünç asyryna degişli arheologik ýadygärlikleriň öwrenilişiniň birinji tapgyry hasaplanýar.
Madaw medeniýetini öwrenmegiň ikinji tapgyry XX asyryň 60-njy ýyllarynda amala aşyryldy. 1969-1972-nji ýyllarda I.N.Hlopin tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijesinde Parhaýdepe ýadygärliginiň üsti açylýar. Giçki bürünç asyry zamanasyna degişli ýadygärlikleri öwrenmek 1972-nji ýylda has giň gerime eýe boldy. Bu döwürde Sumbar derýasynyň orta akymynda ýerleşýän Sumbar I we Sumbar II ýadygärliklerinden giçki bürünç asyryna degişli köp sanly külalçylyk önümleri, bezeg şaý-sepleri, hojalykda ulanylan gurallaryň birnäçesi tapyldy. Tapylan ýadygärlikleriniň ýene biri Sumbar III bolup, ýadygärliginiň ýerleşýär ýerinde soňraky döwürde gazylýan wagty ýüze çykarylan arheologik tapyndylary alymlar Sumbar I we Sumbar II ýadygärlikleriniň tapyndylary bilen deňeşdirip öwrendiler. 1977-nji ýylda I.N.Hlopin we L.I.Hlopina tarapyndan Parhaýdepe ýadygärliginiň golaýynda ýerleşen Parhaý I ýadygärligi hem öwrenildi. Alnan maglumatlar bu ýadygärlikleriň medeniýetleriniň giçki bürünç asyry zamanasyna degişlidigini, olaryň biri-biri bilen meňzeşdigini subut etdi. Munuň özi Günorta-Günbatar Türkmenistanyň ýadygärlikleriniň giçki bürünç asyry zamanasyna degişli meseleleri belli bir derejede öwrenildi diýip, hasap etmäge esas berýär. Barlaglar netijesinde alnan maglumatlara esaslanyp, günorta-günbatar Türkmenistanyň gadymy ilatynyň ýaşaýşynyň dürli ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Giçki bürünç asyryna degişli ýadygärlikler bilen bir hatarda gadymy we orta asyr döwürleriniň beýleki ýadygärlikleri (Parhaý II) hem arheologlar tarapyndan öwrenildi. 1969-1977-nji ýyllarda Sumbaryň kenaryndaky giçki bürünç asyryna degişli arheologik ýadygärliklerde GTAKE topary, SSSR Ylymlar akademiýasynyň Sumbar arheologik ekspedisiýasy tarapyndan gazuw-agtaryş işleri geçirildi. 1969-1972-nji ýyllarda I.N.Hlopiniň ýolbaşçylygyndaky ekspedisiýa Parhaýdepe ýadygärliginde, 1972-1976-njy ýyllarda Sumbar I we Sumbar II, 1977-nji ýylda bolsa Parhaý I we Parhaý II ýadygärliklerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirdi.
1972-nji ýylda Sumbar derýasynyň kenarynda, häzirki Magtymguly obasynyň 3 kilometr günortasynda bürünç asyry zamanasyna degişli Sumbar I diýlip atlandyrylan gonamçylygyň üsti açyldy. Ol, esasan, baýyrlaryň gerişlerinde ýerleşip, esasy baýyr Sumbar derýasynyň derejesinden 80 metr belentlikde, beýlekileri ondan biraz aşakda ýerleşýär. I.N.Hlopiniň ýazmagyna görä, giçki bürünç asyry zamanasyna degişli Sumbar medeniýeti köp asyrlaryň dowamynda ýerli Mat tarapyndan döredilipdir we ösdürilipdir. Günorta-Günbatar Türkmenistanyň hem öz gezeginde goňşy medeniýetlere eden täsiri (çal reňkli külalçylyk önümleriniň mysalynda) arheologik maglumatlar esasynda anyk ýüze çykaryldy. Şol taryhy ýadygärliklerde diňe giçki bürünç asyry zamanasyna mahsus çal reňkli külalçylyk önümlerine köp duş gelnendigini bellemegimiz gerek.
Türkmeniň şöhratly taryhyny dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň ähli döwletli işleriniň rowaçlanmagyny arzuw edýäris.
Mergen HOTJYÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti.
Taryhy makalalar