19:59 Geplemek kümüş bolsa, geplemezlik altyn | |
"GEPLEMEK KÜMÜŞ BOLSA, GEPLEMEZLIK ALTYN"
Jemgyýetçilik tankydy
Jemgyýetde özüni gaty köp bilýändirin öýdüp, özgelere gezek bermän, biçak köp gepleýän adamlar köpeliberse bu edepliligiñ alamaty däl. Hut şonuñ üçinem, haýsydyr bir kişiniñ gylyk-häsiýetiniñ üstünden düşülende, "Aý, ol-a beter kän gepleýär-aý" diýilse, onda bu gep gürrüñi edilýäniñ peýdasyna däldigi bolýar. Hawa, türkmençilikde gereginden artyk kän gepleýän adamlar o diýen bir halanyp ýörülmeýär. Dogry, gürleýän adam töweregindäkileri özüniñ göwher gepi bilen ýüpsüz baglap bilýän bolsa, onda başga gep. Ýöne käbir adamlaryñ uzak wagta çekýän gürrüñlerini diñläp, suwa girip, gury çykana dönýän mahallaryñam az bolmaýar ahyryn. Durmuşda käbir adamlar bolýar, bilmeýän zady ýok olaryñ. Şeýle adamlar welin, galapyn, az gürlegiç bolýarlar, gezek berilmese, zat soralmasa, gürläninden diñlänini kem görenoklar. Aslyýetinde, ynsan nädip köp bilýän adam derejesine ýetýärkä? Megerem, şeýle adamlar köp diñläp, köp okap, azragam gepläp, şeýle derejä ýetýändirler. Dürbimizi türkmen halkynyñ geçmiş-taryhyna tutup görsek, bu halkyñ juda şahyrana hem şahandaz, çeper sözüñ gadyryny bilendigine göz ýetirmek kyn däl. Türkmeniñ ata-babasy örän gürrüñçi halk bolupdyr. Ýöne olaryñ gürrüñleri boş hem warsaky bolmandyr-da, many-mañyzdan hem pähim-paýhasdan ýüki ýetik bolupdyr. Olar gyzykly gürrüñ bermegi şeýle bir halapdyrlar, ýöne diñlemegiñ welin, muña görä iki esseräk aşygy bolupdyrlar. Gepe çeperçilikde deñi-taýy bolmadyk türkmen çeper söze-de, onuñ ussadyna-da hormat goýupdyr. Türkmen aga: "Söz bir hazynadyr" diýen gepi ýöne ýere aýtmandyr-a. Ýöne türkmeniñ paýhaslysy ulyny-kiçini saýgarman, eñegine jañ kakylan ýaly bolup, içe düşgünç boş gürrüñleri zol-zol zowladyp ýören ýañralardan özüni çete çekenini kem görmändir. Men bu aýdanlarumy Türkmen aganyñ bize miras galdyryp giden öz sözleri bilen subut etmek isleýärin: "Geplemesini başarmadyk - märeke bozar", "Sözüñ gysgasy ýagşy", "Sözlenende gep diñle, sözläniñde az sözle", "Ýerini bilip sözläniñ ýüzüniñ nury dökülmez"... Obamyzda biri sadaka berdi. Giñden ýazylan saçagyñ başynda ýetmiş-segseni sermeläp ýören ýaşulular bilen bir hatarda ulularyñ ýanynda "burny ganan" ýaly bolup diñläp oturan ýaş ýigitlerem bardy. Bir ýigidiñ özi hakynda berýän gürrüñleri gutarar ýerde gutarmady. Töweregindäkilere gezek bermän gepleýän bu ýigidiñ gepiniñ-sözüniñ ugry ýokdy: sözlem düzüşi tagaşyksyz, gürrüñiñ belli bir mazmuny ýok, her ýerden bir tutýar, gulak asanyña degjek däl. Şonuñ üçinem gepine "hawa" berýänem ýok. Onuñ bolup oturşyna daşyndan özi utanyp, ýer dyrmaşyp oturanlar welin, az däl. Saglygy babatda ähli tarapdan alanyñda-da, akyl-huşy ýerinde bolan bu ýigidiñ köpçülikde özüni alyp barmagyñ iñ bir ýönekeýje bolsa-da, juda zerur kada-kanunlaryndan bihabar gezip ýörmegine gynanmazlyk mümkin däldi. Sadaka sowlup, märeke dargaşyp başlanda, ýaşy boýunça oña görä uluragyñ biri ýañkynyñ ýüzüne pert-pert gelmegi başardy: "Ullakan adamlaryñ arasynda bir özüñe berlen ýaly bolup, lakyrdap oturmaga utanmadyñ-aý!" Özümiñem aýtmaga çemlenip duran sözümiñ öñürtilenine begenip (çünji, bu gepi oña irräk aýtmak gerekdi!"): "Indi-hä muña pikir ederçe bolandyr, bu gep" diýip çen etdim welin, gaýta onuñ diýýänini görüñ-ä: "Näme geplesem öz agzym bilen gepleýän, olara agram düşenok dälmi?". Wah, şonda agram, hakykatda onuñ özüne däl-de, oturanlara düşüpdi. "Söz manysyn añmaz adam, Bir guýruksyz ite meñzär" - diýip, Magtymguly atamyz şu tetellilere aýdypdyr-ow diýip, baş ýaýkamadan başga alaç galmady. "ŞU ZEÝILLILERIÑ TERBIÝE BERMELI NESLINDEN NÄMÄ GARAŞJAK ONSOÑ?!" diýen pikir bolsa henizleren ýürege tygyny çenäp dur. Bu kysmy adamlara ýüzlenmek üçin beýik Magtymgulyñkydan ötgür söz bardyr öýdemok: Akyl bolsañ, söz aýtmagyn, Nobat berilmegen ýerde!.. Magtymguly, diliñ sakla, Habar soralmagan ýerde. Ýa-da: Ýa lal otur, ýa dür saçgyl!.. Käbir adamlar bolsa, birhili geplemekden lezzet alýan ýaly. Şeýle bir gepleýärler welin, öz sözlerinden özleri gylaw alyp, ed-dil ýöne akyl-paýhasyñ çür depesinde oturan däldirin öýdenoklar. Köplenç halatda şonuñ ýalylar gepiñ añyrsyna ýetmänem bir zat aýdyberýärler. Munuñ ahyrynyñ bolsa gowulygyñ üstünden eltmeýändigini durmuşyñ özi görkezip dur. Hut şonuñ üçinem, bu barada türkmeniñ ruhy pygamberi Magtymgyly Pyragy: "Sözlär bolsañ, söz aslyna ýet ýagşy" diýen bolsa, XI asyrda goja Hazaryñ kenarynda ýaşap geçen alym Keý-Kowus öz ogluna nesihatlatynda şeýle diýýär: "Aýdan sözleriñ üçin puşman etmeli bolmagyn, çünki ätiýaçlylyk paýhaslylygyñ alamatydyr". Köp geplemegi halaýan adamlaryñ ýene bir erbet tarapy bar. Olar diñe geplemelidir öýdüp, diñlemegi düýpden ýatdan çykarýarlar. Geliñ diñläp göreliñ danalar näme diýýär: "Geplemek kümüş bolsa, geplemezlik altyn" (Türkmen aga), "Aýdylan her bir sözi dykgat bilen diñlegin, ýöne onuñ ugruna gitmäge howlukmagyn, mazaly pikir etgin" (Keý-Kowus), "Magtymguly, dogry söze ten bergil" (Magtymguly)... Ýokarda gürrüñi edilen mesele babatda bir zatlar ýazmak pikiri serde dörände, başga hili pikirem kellä gelmän durmady: "Seniñ şu ýazgylaryñy okyjylar köpçüligi okaýsa, ol degişli adamlaryñ ünsüni çekip bilermikä? Türkmençiligiñ edep kadalarynyñ dikeldilmegi üçin bu gürrüñleriñ azajyk-da bolsa nepi degermikä?" Hernä ýene-de beýik Pyragynyñ setirleri kalbyña tekýe berýär: Sözün diñlän ýok diýip, ümsüm oturma, Jahan giñdir, çendan bilende bardyr. Rejepgeldi AMANGELDI, Garadepe şäherçesi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |