12:59 Gerekli adam boluň! | |
GEREKLI ADAM BOLUŇ!
Teatr we kino sungaty
Spektakl tamamlanandan soň sahnanyň perdesi ýapylyp, az wagtdan ýene açyldy. Ahyry sahnada çykyş eden artistleriň öz tomaşaçylary bilen iki-çäk galmaly wagty gelip ýetdi. Indi olara öz eden işleriniň neneňsi halda ýerine düşendigi barada baha berilmeli. Aslynda sahna çykan artist her spektakldan soň, tomaşaçynyň öňünde ekzamen tabşyrýan ýaly duýýar. Gör, nähili jogapkärli pursat. Ýöne bu pursatlar bir ýa iki däl. Özüni sungata bagyş eden adam üçin ol ömrüniň soňuna çenli gaýtalanyp duran pursat. Artist öz janlandyran obrazynyň täsirine düşen tomaşyçylaryň minnetdarlygy hökmünde el çarpyşma seslerini eşitse, özüne ömürlik hemdem tapan ýaly bolup, başy göge ýetýär. Olar üçin göwnüne aram, güýjüne ýardam berýän şundan başga elýetmez beýik zat ýok. Ine, häzirem oýna tomaşa eden zaldaky tomaşaçylaryň dowamly el çarpyşmalary öňküler ýaly, gutarara çalym etmeýärdi. Olaryň arasyndaky käbir artistleriň adyny tutup, “Berekella” diýip, gygyrýanlary-da bardy. Birdenem “Çary, berekella!” diýen sözler şowhunly el çarpyşmalar bilen utgaşyp, birnäçe gezek zala ýaň berip gidipdi. Bilmedim, näme üçindir men birinji gezek Çary Işangulyýew bilen duşuşanymda, ilki mende täsir galdyran zatlaryň biri, ol hem onuň gaty işli adama çalym edendigi baradaky pikir boldy. Soň hakykatdanam bu çaklamam dogry bolup çykdy. Men oňa “Nesil” gazeti üçin interwýu bermegini haýyş edenimde, etmeli işleriniň kändigi sebäpli, bu gün-erte duşuşyp bilmejekdigini aýtdy. Ýöne ol käbir adamlar ýaly “indiki hepde gel”, soň ýene “indiki aý gel” diýýän adamlardan däl eken. Onuň sözi özi üçin kanun. Ahyrynda ol ýörite özüniň boş wagtlarynyň birine gabatlap, meniň bilen duşuşmagy wada berdi... — Çary aga, gürrüňdeşlerimize başlamazdan ozal, Size Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly adyň dakylmagy bilen öz adymdan hem-de okyjylaryň adyndan gutlamaga maňa rugsat ediň! — Sag boluň! — At alan günleriňiz nähili duýgulary başdan geçirdiňiz! Ilki sizi gutlan kimdi? — At berlendigi barada entek habar beriş serişdeleriniň üsti bilen halka ýetirilmänkä. Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň hut özi ýanyna çagyryp, meni birinji gutlan adam. Çynymy aýtsam, bu hiç haçan ýatdan çykmajak geň, ajaýyp günleriň biri bolup, ömür ýadymda galar. Soň ertesi gün radioda maňa hormatly at berlenligi barada habar berdiler. At alan günlerim sungat ýolunda tälim beren birnäçe mugallymlarymy ýatladym. Olaryň arasynda eýýäm, dünýäden ötenleri bar, ýaşap ýörenleri bar. Olaryň maňa siňdiren azaplarynyň ýerine gowşandygy üçin ýatladym. — Siz, indi şu ada mynasyp bolanyňyzdan soň, özüňizi nähili duýýarsyňyz? Ýagny, has-da uly jogapkärçiligi duýýarsyňyzmy ýa-da ýetilmeli sepgide ýetildi diýip hasap edýärsiňizmi? — Eger gönümden gelsem, meniň öňümde jogapkärlik diýlen söz örän pes bolýar. Emma borç diýlen sözüp öňünde men özümi pes duýýaryn. Sebäbi, borç diýlen düşünjäni jogapkärçilikden ýokary goýýaryn. Elmydama döredijiligime degişli bir işiň başyny tutsam, şol işiň öňünde jogapkärçilikli duýamok-da, öz borjumy duýýan. Ýöne şeýdibem öz borjumy ýerine ýetirýän. Onsoňam borç diýlende, diňe takyk öz öňüňde goýan wezipäňde borçlulygy duýmaly diýlen zat ýok. Aýdaly, her bir maşgalada ene-atanyň öz çagalarynyň öňündäki aýratyn borjy bar. Şol sanda olaryňam ene-atasyna bolan borjy bar, Watanymyzyň öňünde-de her birimiziň berjaý etmeli öz borjumyz bar. Özüm-ä döredijilik işleri hökmünde jogapkärçiligimi diňe Watanyň öňünde duýýaryn. Prezidentimiz Saparmyrat Türkmenbaşynyň biziň öňümizde goýýan wezipesi, ol uly wezipe. Biz şol ynamy ödäýmeli. Häzirki wagtda edilýän işler has zerur we has beýik bolup görünýär. Eger ýetilen sepgit barada aýtsam, döredijilik adamsy üçin hiç haçan sepgit ýok diýip düşünýärin. Bilemok, köp adam üçin bar bolmagam mümkin. Meň özüm-de diňe bir sepgit bar. Olam öz öňümde goýýan işlerimi ýerine ýetirip, şoňa ýetmek. — Öz deň-duşlaryňyzyň, goňşy-golamlaryňyzyň, garaz, gündeki görüşýän adamlaryňyzyň arasynda özüňizi ykrar edilen artist, hökmünde, olardan beýik tutjak bolaňyzokmy? — Oraz, men saňa häzir şu soragyňa jogap hökmünde bir zady gürrüň bereýin. Men 1980-nji ýyllarda Tbilisi şäherinde okap ýörkäm, her gün ejemden hata garaşýardym. Garaşmak diýlen zadyňam adama nähili agyr degýändigini bilýänsiň. Men şol ýyllar her gün agşam otyryp: “Ertir-a hat hökman geler” diýen umyt bilen ýaşapdym. Ana indi ejemem pahyr boldy. Emma men şonda-da üýtgemedim. Sebäbi biz üçin ýaşaýşam, durmuşam dowam edip dur. Asla hiç zat üýtgemedik ýaly. Menem öňki-öňkim ýaly. At almada-da şeýle boldy. — Olaryň size bolan garaýşy nähili? Üýtgemedimi? — Ýok. Üýtgänok. Gaýtam özümden beter begendiler. At berlen güni telefonymyz döwüldi. Şonda uly sungat adamlarynyň biri meni gutlamak üçin häli-şindi öýe jaň edip, aldyryp bilmändir. Ahyry bir tanşyma jaň edip: “Çaryny alan ady bilen gutlajakdym weli, hiç öýüne düşüp bilemok. Eger şony görseň, ol diňe bir uly aktýor däl-de, beýik adamam ekeni diýdi diýip, meň adymdan hökman aýt” diýipdir. Maňa bu zatlary soň şol tanşym gürrüň berdi. — Uzak ýol hemişe birinji ädimden başlanýar. Siziň şu hormatly ada çenli ätlän birinji ädimiňizden gürrüň beräýseňiz? — Menem näme, orta mekdebi gutaranymdan soň, her kimde bolşy ýaly, bilimimi artdyrmak üçin ýokary okuw jaýlarynyň birine girmegi ýüregime düwüpdim. Ýöne näme üçindir illeriňki ýaly meniň uniwersitete ýa bolmasa, beýleki abraýly okuw jaýlaryna kän höwesim bolmandy. Ýoksam uly agalarym uniwersitete girenimi gowy görüpdiler. Nämedendigini bilemok, ýöne, men şol wagtlar artist bolmagy arzuw edýärdim. Näme üçin artist bolmalydygyna weli, hiç düşünemokdym. Ýöne men hökman artist bolaýmalydym. Şunuň bilenem gep gutardy. Ýogsam biziň neberelerimiziň arasynda-da şu ýol bilen gideni ýokdy. Diňe kakam pahyryň bolşy birhili artist adamlaryňky ýalydy. Belki, artist bolmak höwesi maňa şondan geçen bolmagam mümkin. Onsoň şol ýyllar Daşkendiň teatr institutyna kabul edişlik bolupdy. Biz ýöne ony soň bilip galdyk. Şeýdip oňa girmäge ýetişmedim. Çynymy aýtsam, edil şol wagtlar näme üçindir özge, ýat ýerlerde okamaga göwnäbem baramokdym. Şonuň üçinem ilki bilen Aşgabadyň medeni-aň-bilim tehnikumyna girmeli boldum. Ony gutaranymdan soňra Moskwadaky Şepkin adyndaky teatral uçilişäniň “Teatr we kina aktýory” fakultetini tamamladym. Soň gelibem Tebilisä gidip, režesýorlyk fakultetine okuwa girdim. Aşgabada gaýdyp gelemsoň birnäçe ýyl Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda işledim, soň kinostudiýada, telewideniýe-de işläpdim. Häzir bolsa medeniýet institutynda zähmet çekip ýöris. — Öň sizi köplenç aktýor hökmünde tananýan bolsak, indi soňky döwürlerde telewideniýede goýberilýän käbir çeper publistik filimlerde sesiňizi eşidýänligimiz sebäpli, sizi sesiňizden tanap ugradyk. Şolar babatynda näme aýdyp bilersiňiz? — Garaşsyzlygymyzy ýaňy alan ýyllarymyz ýanymyz bilen bir spektakl alyp, Eýrana çykyş etmäge gidipdik. Onsoň näme, boş wagtlaryň dükana zada aýlanýaň-da. Bir gezek ýoldaşlarym bilen aýlanyp ýörkäk, olar-a dukana girdiler, aý, menem çilim çekeýin diýip, daşynda durkam, biri ýanyma gelip: “Siz Türkmenistandanmy?” diýip sorady. Menem: “Howwa” diýdim welin, göni: “Siz Çary Işangulymy?” diýip sorady. “Howwa, şol-a men bolmaly. Ýöne meni nädip tanadyňyz” diýsem, “Sesiňizden tanadym” diýdi. Şonda içimden “Bä, meni Eýranda-da tanaýan bar eken-ow diýipdim. Ine, ýene bir bolan waka. Bulam Eýranda bolupdy. Bazarda aýlanyp, ony-muny alyşdyryp ýördük welin, bir pyýada “Mersedesden” düşüp, ýylgyrjaklap, bize garşy gujak açyp gelýär. Bizem bir-birimize seredişip, hiç zada düşünmän “Aňka-taňka” bolup durus. Gele-gelmäne-de meni gujaklap, ogşap: “Men seniň spektaklyňy görmek üçin ýörite Aşgabada gideýin diýip ýördüm, seň özüň bärik geläýdiňmi? Hudaý ýol berse, men barybir ýaňky diýenimi ederin” diýip, alyp-ýolup barýar. Ol hakykatdanam sözünde tapyldy. Ýörite şähere gelip, meniň oýnan spektakllaryma tomaşa edip gidipdi. Men birazajyk soragyňdanam daşlaşdym öýdýän. — Ýok-la, arkaýyn aýdyberiň. — Dogrusyny aýtsam, ýaňky ýaly wakalara men kän duş gelýän. Hakykatdanam, edil häzirki wagtda özümden beter meň sesimi gowy tanaýarlar. Ýadyma düşýär, men birinji gezek kino ses geçirenimde “Salam” diýen ýekeje sözden başlapdym. Şol film uruş ýyllary barada bolmalydy. Şonda haçan-da ondaky gahrymanlaryň biri: “Здраствуй” diýende, menem şol wagt “Salam” diýmelidim. Daşyndan göräýmäge aňsat ýaly. Bary-ýogy ýekeje söz. Hiç wagtynda diýip ýetişemokdym. Onsoň ses dublýaž režessýory maňa zatlary öwredip başlady. Şeýdip ahyrynda şol ýekeje sözi ýerine düşürmäni başarypdym. Indi pikir edip otyrsaň, şu mahalky ýetilen sepgit şol çekilen zähmetiň netijesi ekeni. Ondan bäri “Söýgi we köpderiler”, “Ram we Lakhan”, “Kemine”, “Mollanepes” ýaly birnäçe kinolara öz sesimi geçiripdim. Olaryň barysyn-a, sanardan geçdimikä öýdýän. Ýöne, dogry, häzirki wagtda birnäçe çeper-publistik telefilimlerde-de gürleýän. Bu ýöne ýaňky ýokarda belläp geçişim ýaly, döredijilik adamsy hökmünde diňe Watan öňündäki öz borjumy ýerine ýetirýän işim. Ýene bir aýtmaly zat, hemişe öňünden teksti okap, gözden geçirip görýän. Eger göwnüme ýaramaýan ýeri bolsa awtora: “Şu taýdaky pikirleriňi üýtgetmeseň okajak däl diýýän. Elimi ýüregimiň üstünde goýup aýtsam, men şu zamananyň gamy bilen ýaşaýan. Şonuň üçin okajak tekstimde-de kemter gaýdýan ýeri bolsa, sözleri gowşak bolsa, men ony ýüregime salyp okap bilemok. Sebäbi bärde Watan barada, Prezident barada, halk barada gürrüň edilýär. — Halk sizi aktýor hökmünde tanasa gowy diýip, pikir edýäňizmi, ýa bolmasa, häzirkiňiz ýaly teksti çeper, obrazly sesde okaýan adam hökmünde tanasa gowymy? — Goý, meni halasalar aktýor hökmünde tanasynlar, halasalarda çeper sesli okaýan adam hökmünde. Meniň üçin tapawudy ýok. Sebäbi aktýor üçin tekst okamak ol täzelik däl. — Çary aga, meniň bilşime görä, häzirki wagtda birnäçe işleri alyp barýaňyz. Ýöne birbada olaryň hemmesini alyp gitmek agyr düşenokmy? Aslynda bu zatlaryň barysyna nädip ýetişýärsiňiz? — Sebäbi islegim bar. Şonuň üçin hem maňa agyr düşenok: bir wagtlar institutda okap ýörkäm, mugallymymyz: “Elmydama sahnada oýnanyňyzda ertir ölerin diýip oýnaň” diýerdi. Şonuň üçin häzirki günde meniň etmeli, ýetişmeli işlerim gaty kän. Sebäbi ertir eýýäm giç bolmagy ahmal. — Her maşgalanyň öz baýramçylygy bolýar. Sizde şol nähili? — Her tomus paslynyň iýun aýynda biziň maşgalamyzda baýramçylyk üstüne baýramçylyk başlanýar. Sebäbi şol aý gyzlarymyň yzly-yzyna doglan günleri sepleşip gidýär. Şol kiçiräk baýramçylyklar Kümüş gelnejäň bilen maşgalamyzyň arasynda iň gowy garşylanýan günlerimiziň biri. Şu taýda ýene bir zady belläsim gelýär. Iň kiçi oglum Garaşsyzlyk baýramçylygynda, ýagny, 27-nji oktýabrda doglany sebäpli, baýramçylyk günleriniň birinde, ýaňy özüni bilip, dil açyp ugranda: “Kaka, adamlar meniň doglan günümi belleýärmi?” diýip sorany ýadymda. 27-nji oktýabr hem biziň üçin goşa baýramçylyklaryň birine öwrülip, iň gowy gün bolup galdy. — Köplenç näme sowgat etmegi gowy görýärsiňiz? — Sagat. — Näme üçin? — Bilmedim. Ýöne özüm-ä sagat sowgat etmegi gowy görýän. — Maşgala durmuşynyň abatlygy üçin ukyp gerek diýýärler? Şu barada siziň pikiriňiz nähili? — Aslynda maşgala diýlen zat gaty çylşyrymly bolýar. Bir wagt teatrymyza fransiýadan ýörite myhman gelipdi. Biz onsoň är-aýal fransuz maşgalasyny ýanymyz bilen alyp, ýörite dagyň jülgelerine dynç almaga gitdik. Bizem näme ýerli-ýerden hyzmat edip, birimiz ojak gazsak, ýene birimiz odun çöpläp ýör. Garaz, garabaşymyza gaý bolup ýörkäk, ýaňky fransuz myhman öz aýalyny bir çeträkde oturdyp, özem ýanyma geldi. Soňam az wagt maňa seredip-seredip: “Siz türkmenlerde näme biş-düş diňe erkekler edýärmi” diýip soraýar. Şonuňky ýaly maşgala bolan garaýşam her kimiňki her tüýsli bolýar. Ýöne meniň özüm-ä eger hojalygy dolandyrmaga aýalyň gurby ýetýärmi, ýagdaýy barmy, goý, dolandyrsyn diýýän. Erkekler babatynda-da edil şony diýesim gelýär. Maşgalada esasy agzybirligi saklamak zerur diýip pikir edýärin. Şony gorajak bolmaly. — Nähili halatlarda ýüregiňiz gysýar, özüňizi ýeke duýýarsyňyz? — Men aslynda ýekeligi gowy görýän adam. Onuň sebäbem nirede dogry iş edendigimi, nirede hem ýalňyşlyk goýberendigimi doly seljermek üçin, ony has-da aýdyňlaşdyrmak üçindir. Haçan-da, haýsy bolsa, bir eden işim doly oýnan obrazym ýerine düşmese, onda meniň erbet ýüregim gysýar. Öz-özüme hiç ýer tapyp bilemok. — Din bize ruhumyzy halas etjekdigini wada berýär. Siz şoňa nähili garaýarsyňyz? — Meniň özüm-ä din diýen düşünjä ynam diýip garaýan. Onuň sebäbem din bize näme ynanmalydygyny, kime ynanmalydygyny öwredýänligi zerurly bolmagy ähtimal. Aslynda ynamsyz ýaşaýşa göz öňüne getirmegiň mümkin bolmaýşy ýaly, döredijilikde-de ol has zerurdyr. Çünki döredýän obrazyňa ynanmasaň, onda bar işiň ýalana çykmagy gaty ahmal. Amanadymyzy tabşyranymyzdan soň, ruhumyzyň nähili derejede boljakdygy hakda meniň özüm-ä öňünden kesgitli hiç zat aýdyp biljek däl. Ony ýöne o dünýä baranymyzdan soň göräýmesek. Men barybir agyr günä galyp, ruhumyzyň tämizligine gara tegmil çekendirin diýib-ä pikir edip biljek däl. — Bir çagajykdan seň üçin şatlyk näme diýip, sorasalar: “Meň üçin şatlyk “oýnawaç” diýipdir. Siz üçin şatlyk näme? — Subýektiw pikirde alanymyzda, maşgalaň arasynda başyňy jem edip oturan wagtyň meň üçin uly şatlyk. Ýöne biziň ýarty göwrämiz hojalykda, ýarty göwrämiz hem döredijilikde bolany üçin, Watana degişli bolan her bir ösüş hem meniň üçin uly şatlyk getirýär. Onsoň öz zadyň özüňe nesip etse, şolam bir şatlyk. — Özüňizi häzirki wagtda bagtly duýýarsyňyzmy? — Häzirki wagtda özümi bagtly duýýan. Ýene-de dilegim, başym dik bolup, mundan beýlägem işläp bilsem, onsoň men özümi has-da bagtly duýardym. Siziň üçin günä näme? — Köp halatda kiçi günä, uly günä diýip, ony iki bölýänlerem bar. Ýöne nähili bolanda-da, günä günäligine galýar. Onuň ulusy-kiçisi bolmaz. Edil meniň pikirimçe, durmuşda aýagyňy ters basmak günämikä diýýän. Sebäbi adamyň lebzi halal bolmaly. — Size käbir adamlar haýyş bilen ýüz tutanda, olara “ýok” diýmek ýeňil düşýärmi ýa-da “bolýar” diýmek? — Men diňe başarýan işime “bolýar” diýip, başarmaýan işime-de “ýok” diýýän adamlaryň hataryna girýän. Eger bir işi “bolýar” diýip, boýun alaýsam, men şonuň haýyşyny hökman ýerine ýetiräýmeli. Şu gün seň bilen duşuşmany söz berdimmi? Berdim. Sözümde tapyldymmy? Tapyldym. — Durmuşda gorkýan zadyňyz? Alty Garly bir boş kagyzyň ýüzüne arapça bir topar zat ýazyşdyryp, redaktor zenan Frida Klyçewa eltip görkezipdir. Ol, elbetde, ony okap bilmändir. Şonuň üçinem Alty Garlydan “Bärik näme ýazdyňyz?” diýip sorapdyr. Şonda ol “Öz-özümden üýşenmekden gorkýaryn diýip ýazdym” diýipdir. Menem şonuňky ýaly, öz-özümden üýşenmekden gorkýaryn. Aslynda-da adam birinji öz-özünden gorkýar. Onsoňam näme, durmuşda gorkulýan zatlar az däl. Her bir ene-ata çagalarym ýamana duşmasynlar diýip gorkýar. — Meşhur fransuz ýazyjysy Filipp Eriýadan öz dileýän üç sany gowy arzuwlaryňy aýdaýsaňyz diýip soranlarynda, ol “Saglygym bolsa, gazanan abraýymy ýitirmesem hem-de umydymdan aýrylmasam bolýar” diýipdir. — Ýöne siz näme dileýärsiňiz? — Men düýn şy barada kän pikir etdim. Şeýlelikde, meniň dileg edýän iň ýakyn arzuwlarym gülmek, bolmak, ölmek. Şu üç sany sözüň içine köp zatlar girýär. Ony men giňişleýin düşündirjek bolup oturmaýyn. Sebäbi, şeýle-de düşnüklimikä diýýärin. — Çary aga, ýaşlara, okyjylarymyza näme arzuw edip bilersiňiz? — Her kimiň nirede bolanda-da, elmydama gerekli adam bolup ýaşamagyny arzuw edýärin. Söhbetdeş bolan Oraz ABDYÝEW. Nesil gazeti 1998-nji ýyl 14 iýul Kril harpyndan häzirki zaman latyn harpyna öwüren: Gurban Geldiýew. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |