19:36 Görnükli ýazyjy hem publisist | |
GÖRNÜKLI ÝAZYJY HEM PUBLISIST
Edebi makalalar
Görnükli tatar ýazyjysy hem-de ýalkymly publisisti Fatih Emirhan birinji rus rewolýusiýasy döwründe edebiýat meýdanyna çykyp, tatar demokratik edebi hereketini ösdürmek ugrunda uly işjeñlik görkezdi we baý miras galdyryp gitdi. Onuñ ussatlyk bilen ýazan syýasy-publisistik makalalary, satirik felýetonlary, resenziýalary hem-de tankydy makalalary tatar realistik edebiýatyny we progressiw medeniýetini ösdürmekde ullakan ähmiýete eýedir. "Ýaşlar" (1909 ý) pýesasy, "Tatar gyzy" (1909 ý) diýen liriki powesti, "Durmuş" (1911 ý) we "Ortalykda" (1912 ý) diýen romanlary F.Emirhanyñ 1907-nji ýyl bilen 1912-nji ýylyñ aralygynda ýazan iñ iri eserleridir. "Ýaşlar" dramasy F.Emirhanyn eserleriniñ içinde öz döwrüniñ ýaşlarynyñ durmuşynu realistik taýdan beýan edenligi jähtden iñ ähmiýetli eserdir. F.Emirhan tatar edebiýatynyñ taryhynda tankydy realizm metodyny ösdürijileriñ iñ görnüklisi boldy. Ol öz döwrüniñ reaksion güýçlerini ýiti dil hem-de kinaýa bilen paş edýärdi. Ýazyjy täze progressiw jemgyýeti döretmekde ýaşlara umyt baglaýardy. Gumanist ýazyjynyñ döredijiliginde aýal-gyzlary azatlyga çykarmak temasy-da uly orun tutýardy. "Siz aýal-gyzlar, bu göreşde - köne bilen täzäniñ arasyndaky göreşde täzeligiñ tarapynda durmalysyñyz, çünki köne durmuş aýal-gyzlary ärleriñ keýp çekmegi üçin gurjak edip ýasapdyr, ähli aýal-gyzlary adamlaryñ hemmesine degişli hukuklardan mahrum edipdir" diýip, ýazyjy öz makalalarynyñ birinde ýazýar. Özüniñ "Tatar gyzy" diýen liriki powestinde yslam dininiñ reaksion hem-de köne urp-adatlaryñ emri bilen adam saýylmadyk aýal-gyzlaryñ ykbalyny beýan edýär. Tatar gyzynyñ, ondan-da beter jebirlere sezewar bolan Gündogar aýal-gyzlarynyñ durmuşy ýazyjynyñ şu eserinde dogruçyl görkezilýär. Gündogar halklarynyñ dillerini, medeniýetini hem-de edebiýatyny oñat bilen F.Emirhan şol halklaryñ edebiýatynyñ tatar medeniýetine ýetiren oñaýly täsirini hormat bilen ýatlaýardy. Ýazyjy progressiw rus medeniýetine, beýik rus halkynyñ klassyk ýazyjylaryna hemişe hormat goýýardy. 1908-nji ýylda Lew Tolstoýyñ 80 ýaşynyñ dolmagy mynasybetli ýazan makalasynda ony Russiýanyñ iñ beýik hem bütin dünýä meşhur ýazyjysy diýip; 1913-nji ýylda W.Korolenkonyñ 60 ýyllygyna bagyşlap ýazan makalasynda ony diñe rus milletine däl-de, eýsem beýleki milletlere hem özbaşdaklyk we azatlyk islän adam diýip görkezýär. F.Emirhan soñ ençeme kiçijik hekaýalar ýazyp, durmuşdaky aktual temalara degişli köp sanpy publisistik makalalaryny hem metbugat sahypalarynda çap etdirdi. F.Emirhan 1919-njy ýyl bilen 1925-nji ýyl aralygynda halkara reaksiýasyny paş edýän makalalaryñ ençemesini yzly-yzyna ýazýar. 1920-nji ýylyñ 15-nji aprelinde "Kyzyl Armiýa" gazetinde çap edilen "Täze urşa görülýän taýýarlyk we nebit" diýen makalasynda ol imperialistik döwletleriñ mekir planlaryny paş edýär. Şol makalasynda F.Emirhan: "Häkimiýet başyna gecen buržuaziýa iñ jenaýatçylykly hilelerden hem çekinmeýär. Indi ol millionlary gyrgynçylyga saljak urşa öz synpyndan başga synplary-da çekmekden ötri, ol her hili çypdyrmalara ýüz urýar" diýip ýazýar. Ýalkymly publisistiñ bu sözleri şu gün hem güýçli ýañlanýar. Realist ýazyjy täze uruş oduny tutaşdyryjylara garşy täze real güýçleriñ emele gelip ugrandygyny görýär. Ol ýokarda ady tutulan makalasyny umytly sözler bilen tamamlaýar: "Olar dünýäni ýer bilen ýegsan ediji uruş turuzmaga dyryşýarlar... Emma nebit "korollaryna" muny etmek başartmaz: sosial rewolýusiýanyñ gyzyl gylyçlary häzir mazaly taplangydyr". Ýazyja bu ynanjy Sowet döwletiniñ daşary ýurtly interwentleri derbi-dagyn etmegi, graždanlyk urşy döwründe, içki kontrrewolýusiýadan üstün çykmagy beripdi. 1925-nji ýylyñ fewralynda Tatarystanyñ sowet jemgyýetçiligi Kaýum Nasyryñ doglanynyñ 100 ýyllygyny bellände çykyp geplän sözünde F.Emirhan zähmet çekmek hem öz zähmetiñ rehnedini görmek üçin adamlara Sowet häkimiýetiniñ ähli şertleri döredendigini nygtap görkezipdi hem-de şol dabaralara gatnaşyjylary tutanýerli zähmet çekmäge çagyryp, şeý diýipdi: "Halkyñ medeni, ykdysady hem-de syýasy taýdan ösmegi ugrunda çalyşmakluk hemmämiziñ hem deñ şärikli wezipämizdir". Şu wesýetlerinden soñ, F.Emirhan basym ýogaldy. 1907-nji ýylda başlanan ysmaz keseli beterläp, başga keseller hem üstüne goşulyp, 1926-njy ýylyñ 9-njy martynda ol biziñ bilen ömürlik hoşlaşdy. Ol häzir biziñ aramyzda ýok hem bolsa, biz oña: "Seniñ wesýetleriñi yzygiderli ýerine ýetirýäris, täze durmuş gurýan halkymyzyñ röwşen geljegine barýan ýolunda edebiýat, sungat hem metbugat özüne mynasyp orny eýeleýär" diýip aýdyp bileris. Midhat GAÝNULLIN, filologiýa ylymlarynyñ doktory. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |