09:46

Göroglynyñ yzlary

GÖROGLYNYÑ YZLARY

Goşa mertlik, goşa dessanym meniñ,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.
Dünýä bilen Türkmenistanym meniñ,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.

Guş kimin uçupdyr çümüp dumana,
Haýkyranda duşman gelen amana,
Adyllykda watan söýlen zamana,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.

Şeşmeriñ - bilinde, elinde - ýaýy,
Düýrme gylyç, galkan... barmydyr taýy?!
Ýyldyz dag, Çandybil çar bagly jaýy,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.

Jahanşa mekany, Kabyñ ýerini,
Aždar urup alan Ýunus perini,
Görkezip dur batyrlygyñ syryny,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.

Watan goramagyñ joşgun - meýlidir,
Diýaryña yşkyñ artýar şeýlebir,
Gardaş, zyýarat kyl, merdem eýleýir,
Göroglyñ, Gyratyñ galan yzlary.

Uzak AMANNAZAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 359 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Uzak Amannazarow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Suratkeş / Goşgular - 26.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]