22:19 Göwün telwasy | |
GÖWÜN TELWASY
Goşgular
Ýitiren wagtymyň gadyryn bilip, Bagtyýar durmuşda ýaşasym gelýär. Iliň şatlygyna goşulyp gülüp, Jeýhun kimin dolup-daşasym gelýär. Tanap bilsem dosty hemem duşmany, Iň soňunda etmez ýaly puşmany, Dertlerinden saplap biljek ynsany, Ajap aýdym bolup ýaşasym gelýär. Ilime paýlasam şygrymdan şatlyk, Şükür diýarymda bar zat oňatlyk, Ömür bossanynda ýeke pursatlyk, Kalbym söýen güle duşasym gelýär! ■ SEN GELERSIÑ Ugramak agyrmy ýa-da ugratmak -diýip şol gün sowal beripdiň maňa, Ugramak ýeňil däl ondanam beter, Juda agyr eziziňi ugratmak. Ugraýarsyň howlugyp öz menziliňe, Men welin yzyňdan seredýän sessiz. Göýä şatlyk çaýylan deý meňziňe, Ýylgyrýarsyň maňa eliň bulaýyp. Uçar ýuwaşlykdan galar asmana, Özi bilen barlygymy äkidip, Meniň üçin hökman gaýdyp gelersiň, Uçar bilen galan günüň asmana. Ýeňil däl ezizim ugratmak seni, Aşyk kalbym elendirip agladyp, Ýöne men ynanýan erte birigün, Garşylaryn gujak gerip tolgunyp. Elwan güller bilen garşylap seni, Bagra basyp ýene bir gez söýlärin, Duşarys biz şo çynaryň astynda. Zülplem oýnap arzuwlarym sözlärin. Bagtygül TEKÄÝEWA. | |
|
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Magtymguly / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Yşkdan dawa kylan kişi... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Aman Gulmämmedowa / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Öýke eýleme / Goşgular - 23.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |