23:33 Goý, Alla kabul etsin! / satiriki hekaýa | |
GOÝ, ALLA KABUL ETSIN!
Satiriki hekaýalar
“Bagtly” at alan alty gatly köp kwartiraly öýüň hojaýynyna Hamza beg diýerdiler. Onuň ertir irden sagat altyda, iki otaglyja podwal jaýyň bir penjiresine kakmak adaty bardy. Ol şol adaty boýunça penjiräni tyrkyldadyp: - Emin ependi, Emin ependi! – diýip seslendi. Emin ependiden jogap bolmany üçin, ony oýarmak niýeti bilen Hamza beg ardyndy. Emin ependi Hamza begiň diňe bir hyzmätkäri-şweýsary däl-de, ýakyn dosty, oňa özüniň ýüregini dökýän adamy, onuň hususy edarasynyň müdiri, onuň ýumuşçysy, hat gatnadyjysy, sözüň gysgasy – onuň hemme jany Emin ependiniň elindedi. Ol ýene: - Emin ependi, Emin ependi! – diýip seslendi, garrylyk häsiýetine görä ýene üsgürdi. Içerden: - Barýan, barýan – diýen ses eşidildi. “Bagtly öýüň” her gatynda iki kwartira bardy. Aşaky gatynda bolsa iki sany magazin bolup, birinde mata-marlak, beýlekisinde bolsa süýji zatlar satylýardy. Emin ependiniň iki sany utgaşyk otagjygy bolsa şol magazinleriň aşagyndady. Onuň ýanynda bolsa öýleru gyzdyrýan gazan – kotelnýa bardy. Hamza beg Emin ependä mälim etdi: - Emin ependi, men ertir namazyny okadym... - Goý, Alla kabul etsin! - Namaz okaýan wagtymda meniň küýüme näme geleninden seniň habaryň barmy?.. Men namazymy dowam edýärkäm, birdenkä dördünji kwartirada ýaşaýanlar ýadyma düşdi. Ýogsamam, sen olardan şu aýyň töleg hakyny alypmydyň? - Hawa, begim, alypdym. Ony düýn men siziň özüňize beripdim ahyry. - Dogry, beripdiň. Men ol barada aýdamok. Ýöne welin olar köne nyrh bilen, ýagny göçüp gelendäki sözleşen nyrhymyza görä töleýärler. Näme diýsene, Emin ependi, şol ýagdaý meniň namaz okap duran çagymda kelläm girdi. Eý rehimdar Allam, özüň gowusyny et!.. Emin ependi bar, çaltrak bar-da, meniň zakunçymy tap, oňa aýt!.. Eý Allam! Perwerdigärim!.. Şu kwartirantlar – meniň gös-göni başyma gelen bir bela. Sen meni şolardan halas et, eý Taňrym!.. men Alla ybadat edýän wagtymda-da olar meni birje minut rahat goýanoklar. Emin ependi, zakunça aýt, dördünji kwartirada ýaşaýanlary ol derrew göçürsin! Meniň aýdanyma sen düşündiňmi? Emin ependi, bar häziriň özünde ugra, goý, ol derrew şol işi gozgasyn. Sen, olara kwitansiýa bereňok gerek, dogrumy! Goý, zakunçy, olar kwartira hak tölänok – diýip aýtsyn. Eý Biribar, rehimdar Taňrym! Sen meniň tarapymy çal, meni golda! Olar maňa namaz okaýan wagtymda-da gün berenoklar! Bar, Emin ependi, gyssan! - Belki, siz özüňiz oňa jaň urarsyňyz? - Ýok, ol bolmaz. Şeýle çynlakaý iş telefonda çözülýän däldir. Hojaýynyň hiç wagtda zakonça telefon urmajagyny Emin ependi kemsiz bilýärdi. Sebäbi, telefon urjak bolsaň, 25 kuruş pul taşlamaly. Gysganç adamyň şonça puly bihuda sarp edip biljek gümany barmy? Emin ependi bolsa zakonça bakan gidende-de, ýol puluny öz jübüsinden tölemeli. Hamza begiň fabrigi-de bardy. Ony bolsa öz ogly edara edýärdi. Ol iki sany hususy bankyň hojaýynlaryndan biri bolup, birinji bankda onuň paýy iki million lir, ikinji bakda üç ýarym million lirdi. Onuň daşyndan hem sabyn gaýnadýan zawody bardy. Ony bolsa giýewi edara edýärdi. Onuň ýene-de bir topar gatbar-gatbar jaýlary bardy. Olary kireýine onuň özi berýärdi. Hamza beg öten ýyl 28 kwartiradan ybarat ýene bir ullakan jaý saldyrypdy. Ol diňe bir öý däl-de, giden bir döwletdi. Hatda aşaky gatynda ýapyk bazar hem bardy. Emin ependi günortan nahar edinip otyrka, penjiresi kakyldy: - Emin ependi, Emin ependi! Hymatkär gapyny açyp: - Gulak asýan, begim – diýdi. - Men öýle namazyny okaýardym. - Goý Alla kabul etsin! - Men sejdä başymy egen wagtymda, birden meniň beýnime bir zat geldi... Sen ony nämedir öýdýärsiň?.. Men şu gün ertir jaýymyzy kireýine alan Nikonyň süýji-püýji satýan magazinine göz gezdirdim. Emin ependi, näme diýsene, şonda şeýle bir gyzgyn söwda gidýä, sen ony ýöne hiç goýaý!.. Şeýle bir söwda gidýä! Şeýle bir söwda gidýä!.. Alyjylara, iýijilere gulluk edýän hyzmatkär lap etmesem, ony bölüşdirýär. Nikonyň kapasaň aňyrsynda duran aýaly pul alyp ýetişip bilenok. Emin ependi, gulak as: meniň ýaly akmagy seniň, hiý bir ýerden tapyp biljek gümanyň barmy? Ýok, ýok, sen, maňa jogap ber! Eý Biribar, rehimdar Allam! Meni aklyma aýlandyr, gurp-kuwwat ber! Näme diýsene, Emin ependi, men onuň kireý tölegini artdyrmak kararyna geldim. Sen maňa aýt, dünýädäki adamlaryň hemmesi Alladan ýüz öwürdilermi? Sen bar-da, dinsiz Niko mälim et: şu aýdan başlap, ol maňa her aýda iki ýarym müň lir tölemeli. Şol dinsiz zerarly, meň namamyzam harama çykdy! Emin ependi jübüsindäki aýnany penjiräniň çüýşesine söýäp, sakgalyny syryp otyrdy. Gullukçy aýal gelip: - Seni hojaýyn çagyrýar – diýdi. Emin ependi ýokary çykyp: - Hyzmata taýyn, begim! – diýdi. - Emin ependi, sen şeýle bir zady, hiý, öz aklyňa getirip bilermiň! Men agşam namazyny okaradym, goý, Allam kabul etsin! Birdenkä meniň beýnime giren zatdan seniň habaryň barmy?.. Iki gün mundan ozal men Kämiliň mata dükanyna girip göreýin diýen karara geldim. Men aşaky gata düşüp: “kämil beg, iş niçik?” diýip soradym. “Alyjy örän az, söwda ýok” diýip jogap berdi. - Näme diýsene, Emin ependi, olar biziň hemmämizi hakykatdan-da akmak hasap edýämikäler? Kämiliň işi, söwdasy barada soramda ol maňa hemişe şeýle jogap gaýtarýar, sebäbi kireý tölegini meniň artdyrmagymdan gorkýar. Ol ullakan dükany hemişelik mugt peýdalanmak küýüne düşýär. Adamlarda, Emin ependi, çigit ýaljagam ynsap galmandyr! Eý gudratly Taňrym, şu agyr jebri-jerpalary çekere sen maňa gurp-kuwwat ber! Eý adalatly, rehimdar, bizi hemişe bela-beterden goraýan Taňrym! Meniň ýüregimiň ýarylyp ölmegime onçakly kän wagt hem galandyr öýdemok. Meniň ýüregimiň howpy ýaňadandan ýene-de artypdyr. Emin ependi, bar-da şol çigit satýan ynsapsyz Kämili tap hem oňa meniň adymdan aýt: onuň hyrydary ýokmy, söwdasy gidenokmy, zyýan çekýärmi – goý, ol meniň jaýymdan ökje götersin-de, ýeňsesini görkezsin. Hawa-hawa, goý, gümüni çeksin! Men zerarly hiç kimiň zyýan çekmegini islämok. Goý, ol maňa ýa-ha aýda iki müň lir tölesin ýa-da gümüni çeksin! Hamza beg özünden özi gozgalaňa düşüp: - Olar meniň soňuma çykarlar! – diýip gygyrdy. – Olar goja adamyny mazara bakan süýrärler! Ah, ýüregim!.. Meniň ýüregim häziriň özünde ýarylmasa-da biri. Ana, gör, ýene ýüregim tokmaklap urýar. Men keselleämde, olar, näme, doktora, dermana pul töleýärlermi?! - Emin ependi ýorgan-düşekde ýatyrdy. Jaň jyňňyrdady. Ony hojaýyn çagyrýardy. Hamza beg jaňy diňe gijesine urýardy. - Emin ependi! - Hyzmata taýyn, begim. - Men ýassy namazymy okaýardym. Goý, ony Alla kabul etsin! Birdenkä bolsa meniň kelläme gelen zatdan seniň habaryň barmy? Emin ependi, ertir sen peji ýakma. Hudaýa şükür, gardaşym, howa maýyl. Men kalendara garap gördüm, ertir leglegiň uçuşy başlanýar. Tomusyň gyzgyn howasynda peji ýakmaň kime geregi bar? Ol külli günädir!.. Şonuň üçin Alla bize gargyş eder. Kyýamatda Taňry bize şeýle diýer: “meniň bendäm, tomsuň düşenini habar bermek üçin saňa leglek iberdim. Sen näme üçin peç ýakdyň? Sen näme üçin ykdysadyýete üns bermediň?” Emin ependi, sen ýadyňda sakla, ertirden beýläk peç ýakmak gadagan. Gyş gutardy. Biziň jaýymyzda ýaşaýanlara sen şeýle habar et. Ýyl boýy batareýa gyzyp durar ýaly, olaryň her biri diňe iki ýüz lir töleseler bolar. Eý mürewwetli rehimdar Allam! Eý hemmelere ryzk berýän hökümdar, sen maňa teselli iber! Eý hemme ýerde häzir Allam!.. Emin ependi, turbalara gyzgyn suw goýbermäni-de bes et. Şol çäreler kime ýaramasa, goý, göçsün-de gitsin. Biz olaryň hiç birini mejbury saklamzok... “Bagtly öýüň” şweýsary bolup, on dört ýyl işlän Emin ependi ýekşenbe güni bir gezek üçünji gata howlukmaç ylgap çykdy-da, altynjy nomerli kwartiraň jaň berýän iligini birnäçe gezek basdy. Gullukçy aýal daşaryk çykdy. Emin ependi ondan: - Beg ependi öýdemi? – diýip sorady. - Namaz okaýar. Emin ependi eýwana girip: - Namazyny gutaranda, sen oňa meniň gelenimi aýt – diýdi. Biraz salymdan soň, Hamza beg eýwanda peýda bolup, şeýle diýdi: - Sen örän gowy geldiň, Emin ependi. Men özüm seni çagyrdaýyn diýip durdum. Ýöne namaz wagty bolany üçin... Emin ependi “dur entek, daýan” diýen terzde elini ýokary galdyrdy: - Beg ependi, men öňi bilen öz kelläme gelenini gürrüň bereýin. Men şu pilläň özünde, aýyplaşmaň, hajathanada otyrdym. Birdenkä meniň beýnime şeýle bir zat geldi: Men özüme şeýle diýdim: “biziň beg ependimiz näme üçin şeýle ejir çekýär?! Näme üçin?!” Aý, hojaýyn, sen şu öýi näme üçin saklaýarsyň? Sen bu öýi sat-da, alada-azapdan başyňy gutar! Hajathanada otyrkam meniň akylyma gelen zat şol boldy. Dogry, ony maňa şeýtan şeýle maslahat berdi. Siz meniň günämi ötüň, men özme şeýle diýdim: “Bu nebsewür eşegiň birnäçe öýi bar. Bu haramynyň million puly bar, bu ýigrenji adamyň özi fabrikant! Bu adam puly penje-penje dargadybam biljek. Sebäbi munuň pulunyň hiç hetdi-hasaby ýok!..” Men hajathanada oturan ýerimde: “Şu leňkebudyň torundan sypmaga maňa, hiý, mümkinçilik bolmazmy?!” diýip, özüme sowal berdim. Hamza begiň ýüzi ak-tam bolup, özüni oturgyja goýberdi-de, şeýle diýdi: - Emin ependi, şeýtan adamynyň beýnisine her hili şum zatlar salýandyr. Şeýtana gulak asmazlyk gerek. Sen dogry aýdýarsyň: meniň pulumam bar, hemme zadymam bar. Ýöne weli, men öýi satsam, ondan soňra näme işlärin, nähili gün geçirin! Emin ependi, men onda ölerin ahyry, ölerin! Öý satmak, hemme bela-beterden dynmak, elbetde, gowy. Ýöne weli, şonda ýaşaýanlar bilen jenjelleşmän, men nähili gün görüp bilerin? Şonuň ertesi güni Emin ependi köçäniň ugrundaky kiçijik kofehanada ýeek özi stol başynda otyrdy. Onuň ýanyna bir ýerden yzy bir adamly Hamza beg ýetip geldi. “Bagtly öýüň” hyzmatkäri: “namaz wagtyna çenli ep-esli salym bar. Ýönekeý bir çagda hojaýynyň kellesine hiç bir zat girenok. Bu wagt hojaýyn bu ýerik näme üçin geldikä?” diýip, onuň gelşini öz ýanyndan geňirgedi. Hamza beg: - Emin ependi, men seni gözleýän – diýdi. – Bir sagatdan bäri gözleýän. Şu gün meniň günüm örän agyr. Hakykatdan-da, hojaýynyň ýüzünde gaýgy alamaty mesaňa mälim görnüp durdy. Ol sözleýän wagtynda aşaky dodagy sandyrady. Sesi bolsa agyly çykdy: - Emin ependi, ýassy namazyny okaýan wagtymda meni aklyma näme geleninden seniň habaryň barmy?.. Ah, Taňrym, hatda agşamky rahatlyk namazyny okaýan wagtymda-da meni rahat goýanoklar! Meniň öýümde şweýsar bolmak üçin maňa üç müň lir hödürleýän adam bar. Emin ependi, men senden hiç zat alamok. Sen maňa bary-ýogy diňe bäş ýüz lir beripdiň. Şondan bäri bolsa on dört ýyl geçdi, dogrumy? Rahatlyk namazyny okaýan wagtymda meniň akylyma gelýäni ine şu. Şweýsarlyk wezipesi hem köçede ýatan bir emel däl ahyry. Şonuň üçin üç müň lir hem az. Hawa, Emin ependi, men oýlandym... Emin ependi onuň sözüni kesdi: - Men razy. Goý, siziň meýliňize görä bolsun. Goý, şu adam agşam meniň ýerzeminime gelip girsin. Men onda goş-golamymy ýygnamaga gideýin. Hamza beg gyssandy: - Edil şu wagtyň özündemi? - Hawa, häziriň özünde. - Şeý diý-le. Sen gaharlanjagam däl, göwnüňe zadam getirjek däl, suda-da berjek däl – şeýlemi?.. Edil şu wagtyň özünde ötäýtjek? Onda seniň köp ýyllyk hyzmatyň nähili bolarka? Onda seniň hak-hukugyň köýmezmi? Be, hakykatdanam, zakunsyz, sudsuz, polisiýasyz, gös-göni ötäýtjekmi?! Emin ependi äşgär seslendi: - Hawa, sudsuz, polisiýasyz! Sözümiz gutardy, beg ependfi. Men goş-golamymy ýygnamaga gidýän! Hamza beg uludan dem aldy: - Haýp. Durmuş, gör nähili! Nähili oňat hem tukat! Dogrusy, hiç kim maňa ýürekdeş bolup bilenok. Oý!.. Men öýle namazynyň azan sesini eşidýän: Men häzir namaz okamaga gidýän... Eziz NESIN. Terjime eden Berdi KERBABAÝEW. “Edebiýat we sungat” gazeti, 21.12.1966 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |