21:11 Gul diýdi maña | |
GUL DIÝDI MAÑA
Goşgular
![]() Sabadan ugradym men bir gözele, Ýöri heý-heý, jaýy gul diýdi maña. Men bir jellat boldum jana gylyjy, Saña-da gyýaram bil diýdi maña. Jahyllar ýanynda kitap okunmazn Gözel görmiýençä köñül bakynmaz, Bar git ýigit saña peýdam tokunmaz, Istärseñ derdimden öl diýdi maña. Joşgun suwlar kibi şaglaýyp akma, Her jaýy dilbere meýil edip bakma Men seniñem ýigit, bar, elem çekme, Tenha seni bol-da gel diýdi maña. Söýemok dünýäde şugul-gammazy, Asla bulamadym haram imezi, Boýnuña parz bolan bäş wagt namazy, Gel, synam üstünde kyl diýdi maña. Garajaoglan nazar bar biri sende, Duş bolmaz başgasy hiç peri sende, Ýassy namazynda tün ýarysynda, Gijäniñ ýarynda gel diýdi maña. GarajaOGLAN. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |