08:10 Gum perde | |
GUM PERDE
Goşgular
Eje, diňe aramyzda zemin bar Ýogsa, bir birekden daş däl biz beýle. Şol perzendiň Eziz - diri men heniz, Bir özüm asmana gaýdamda seýle Öz seçen ýyldyzmyň üstüne çykyp, Synladym dünýäniň suratyn çekip. Çarşak bilen deşlip, pyssaran pökgä Çalym edýän şara agyrdy nebsim, Oňa kömek berip bilmeýänime, Gazaply agladym - ýüzme köz degsin. Şonda maňa uly göwünlik berdi Bu zemini goran asmanyň yşgy, Hem yza barýarkam myhman aldy ol, Bir gelen myhmany goýbermez köşgi Bu zeminiň. Seň Eziziň bar entäk, Ol diňe azaşdy asmanda entäp. Onsoň geler wagty gelip bilmedim. Bilmedim haýsy ýol eltjekdi öýme. A sen suratymy sypap aglaýaň, Göz ýaşlarňy gujakladyp gara öýmä. Sen meni eşdeňok, göreňok asla, A men bolsa görýän, eşdýän sesiňi. Nämüçinkä? Ýa-da ýer bilen asman Üzdülermi alysdaky sepini? Bilmen. Ýöne derdiň asmany ezýär, Her säher şol köşde gygyrsa Azan. Men diri-diýýan sesimi saklaýar, Jan eje, bir perde-çyg gumly mazar. Men ölmedim eje, ýaşaýan ýerde, Diňe maňa böwet bolýar gum perde. Eziz AMANNAZAROW | |
|
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Din-u millet sorar iseň, aşyklara din ne hajat? / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Men ýene / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Musanyň kelamy / Goşgular - 25.06.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||