01:40 Gumda / hekaýa | |
GUMDA
Hekaýalar
Bu ýönekeý waka geçen asyryň başlarynda bolup geçipdi. Öz ýanyndan bireýýäm ýigit çyksa-da, entek oglanlyk höwesinden el üzmedik Andreý, demirýolçy ýolbaşlary üçin azyk-suwluga barýarka, bir maýyp guşy kowalap, Garagumuň jümmüşine nädip aralaşanynam aňşyrman galdy. Kä towsaklap, kä pysyrdap, käte-de uçan bolup, iküç ädim öňünden gaçýan guşuň, maýybam däl — müjribem, Garagumda adybelli çopanlardardygyny bu ors oglan näbilsin! Ynha, bir görse, ol Garagumuň orruk ortasynda, tükeniksiz alaňlaryň arasynda dur. Andreý, ýüregi ýarylan ýaly bolup, yza tarap ylgady. Özüniň bellik üçin şahajygyny döwüp gaýdan çetisini gözledi. Emma, bu sazak-çetileriň her ikiden biriniň şahalary döwüljige, belliklije bolsa nätjek... ...Üçülenji gündür, bu düňle çölüň içinde azaşyp, eňkamy agan, iki dünýäsini deňlän Andreý, iki sany ullakan atýalmanyň hol garagörnümdäki ýeriň astyndan zompa çykyp, özüne tarap ylgap gaýdanyny görende, oturan ýerinden bir gobsundy-da, bolmajagyny bilip, ýene çökäýdi, öz ýanyndanam «Wsýo...» diýip pyşyrdady. Ýaňky atýalmanlar geläge-de, onuň öňünde iki sany garaýagyzja oglanjyga öwrülende-de, düşnüksiz dilde bir zatlar jibirdeşenlerinde-de, ol geň galmady. Ýogsa näme, o dünýäde seniň bilen ene diliňde düşünişjek bolup, azara galyp oturan barmydyr?! Iki oglanjygyň hersi Andreýiň bir goltugyna girip, idenekledip ugradylar: — E-eý, bir orus tapdyg-eý! — diýip, ala-goh bolup baryşlaryna, ony eltip, bir ýerzemine dykdylar. Andreý o taýda näçe wagt, nädip ýatanyny bilenok, gözüni açsa, daş-töweregi sakgally-sakgally, hersiniň kellesinde bir kiçiräk tokly oturdylan ýaly gaba telpekli adamlardan doly. «O-oý, türkmenler!» — diýlen pikir Andreýiň beýnisinde türkmen bedewiniň ýyndamlygy bilen at salyp geçdi. — «O dünýäde menden hasap sorajaklaryň bary türkmen eken-ow! Öňküleriň etmişine, gel-gel, indi men jogap bermeli boljag-ow...» Ortada ot, töwerekde-de birtopar gara göz ýanyp dur. Oduň üstünde-hä gara gazan, onuň daşyndaky gara gözlerde-de gahar-gazap lasyrdap dur. Bu iki oduň öňünde, orsam bolsaň, durar ýaly däl. «Gazanlary gaty kiçi eken-le... Men muňa sygarmykam?». Oturanlaryň biri gazanyň gapagyny galdyrdy-da, ondan okara bir zatlar guýup, ilki çemçe bilen özi dadyp gördi, soň üfleý-üfleý, çemçäni Andreýiň agzyna golaýlatdy. Çorbanyň gyzgynydyr tagamy, ortadaky oduň göz awuşadyjy tüssesi Andreýi ýene bu ýalança gaýtaryp getirdi. Birhaýukdan, törde oturan aksakgal ýaşuly: — Baryň, Atany çagyryň! — diýip seslendi. Ýerkümäniň girelgesine golaýrak oturan jahyllaryň biri şobada böküp turdy: — Ata! Ata-haw! — diýip, atylyp çykyp gitdi. Ýaňky sözler Andreýiň gulagyna «Atu! Atu ýego!» diýlen görnüşde eşidildi. Ol töwerekdäkileriň orsça ýekeje agzam gürläp bilmejeklerini unudyp, öz ýanyndan ýene bir gezek «Wsýo...» diýdi. Asmandan aşak inýän girelgede ilki bir jübüt ädikli aýak bilen gynly egri gylyç, soňra-da bir pälwan göwre, iň soňda-da, dag tekesiniň şahlary ýaly burum-burum bolup duran ýogyn murt görnende bolsa, Andreý bir eliniň üç barmagyny maňlaýyna hem iki egnine galtaşdyryp, «Gospodi, pomiluý! Eto — kones!» diýdi. Alys ülkede ýeke-ýalňyz galan garyp ejesi bilen hyýalynda hoşlaşdy. — Mergen, hany Ata? — diýip, ýaňky gelen murtlak pyýadadan soradylar. Mergen bolsa, äwmän, epeý ädip, boşlawrak ýere geçdi-de, gylyjyny öňünde kese ýatyryp, aýbogdaşyny gurup, jaýlaşdy. Soňam, kese bakyp oturyşyna: — Geler! — diýdi. Onuň käte göz gyýtagy bilen bir-ä ortadaky gazana, birem dulda asylgy hyrly tüpeňe tarap seredişi, wagtal-wagtal, öňündäki gylyjyna el uzadyşy Andreýiň her gezek gözüne dürtülýärdi. Onsoň, o-da özi üçin haýsynyň ýeňilräk, aňsadrak boljagyny pikir etdi. «Äý, gowrup iýäýesler-ä ýok. Ýaman etseler, atarlar ýa çaparlar...» Şol wagt ýerkümäniň girelgesinde bir güpürdi, tozan turdy-da, Andreý bilen ýaşytdaşrak, boýdaşrak bir ýigdekçe salam berip, aşak indi. — Ata, saglykmy? Hany, şo orsuň ýanragyna geç... Sen bularyň dilini aňlaýan bolmaly, hany, bir türküläp ber şuňkyny! — Aý, bor, Oraz aga!.. Bäý, munyňyz ýaman hor eken-läý! — Sen, näme, ony gowrup iýjekmidiň eýsem?! — diýip, oturanlaryň biri öz bogazyny syhap, gazana tarap baş atdy. Gülüşdiler. Andreýiň ýene aşagyna suw gitdi. — Soraber, Atam! — Bor, Oraz aga! Soramak meň bilen... ...Ata bir gezek öz düýejigi bilen, täze gurulýan demir ýoluň golaýyndan geçip barýarka, saryýagyz, gözleri mawumtyl bir pyýada bilen atanlykda uçraşyp, tötänden tanyşdy. — Eý, malaý! Adyň nime? — diýip, ýaňky sary pyýada özüne ýüzlenende, Ata geň galdy. «Beh, bularyň dili düşünmez ýaly bir kyn zadam däl eken-läý!» — Adym Ata! — Hä, Ata... Sin mindä odun kitir, min singä pul berim! Nu ço, ýakşi, malaý?! Ata şondan soň öz düýejigi bilen ol ýere kän odun daşady. «Orsuň dilinem daş edip öwrenendiris!» diýip, onda-munda öwündem. «Orus tanşym» diýip ýöreniniň tatarlygyny ol soň bildem-de, gülki bolmakdan gorkup, «ors dili» hakda gaýdyp dil ýarmady. Ýöne, ynha, bu gün bu orsy tutup getirdiler-de, ýene Ata gerek boldy bulara... Ata: «Edişime serediň!» diýen manyda ilki daş-töwerekdäkileriň ýüzlerine birlaý seretdi. Soňam, ykjamlanyp, orsuň göm-gök bäbenegine tiňkesini dikdi-de: — Ço! — diýdi. Bu garaýagyz ýigdekçeden beýle söze garaşmadyk ors oglan az-kem geňirgendi: — Niço! Atanyň soraga gaty dogumly başlaýşy oturanlaryň göwnünden turan bolarly: — Haý, berekella! — Gördüňmi, ediberşini?! — Orsuň-a edil serpmeden gaýdan ýaly etdi... Ata: «Päsgel bermäň-ow!» diýen şekilde ardynjyrady. Töwerege ümsümlik aralaşdy. Hemmeler Atanyň ikinji zarbasyna garaşdylar. Ata-da uzak garaşdyrmady. Onuň sesi bu gezek öňküdenem zarply, dözümli çykdy: — E-eý, malaý! Ço-o?! Bileräk işleýän tatarlarynyň häli-şindi ulanýan «malaý» sözi häzir Andreýiň gulagyna ene dili bolup eşidildi. Oýurgandy. «Adymy soraýan bolaýmasynlar?» Ol bir barmagyny öz gursagyna dürtdi: — Malaý — Andreý! — Ata, näme diýýä? — «Endireriberýäň-aý!» diýdi öýdýän — diýip, başga biri Ata derek jogap berdi. Munuň dilmaçlygyna gülşüp, «Sen bir otursan-aý!» diýdiler. Daşyndakylaryň gülküsi, ýowuz ýüzlerdäki ýylgyryş Andreýi biraz ekezlendirdi. Nämä gülünýänligini bilmese-de, o-da çalaja ýylgyrdy. «Soraber!» diýen manyda Atanyň ýüzüne seretdi. — A-how, şü biziň dilimize düşünýän bolaýmasyn, adamlar?! Gapdaldan goşulanyň bu howsalasyna hiç kim ähmiýet bermedi. — Ço? Atanyň bu gezekki sowalyna «Sen nämä gülýäň?» diýen manyda düşünen Andreý egnini çala gysdy: — Niço... Oturanlaryň biri gobsundy: — Ata, muň bärde näme işleýänini bir soramaly ekeniň ilki! Ata bu uzyn sowaly ýene bir söze sygdyrdy: — Ço? Andreý uludan demini aldy: — Niço. — Azaşyp gelipdir... — diýip, Ata özüçe düşündiriş berdi. — Beh, bularyň dili gaty täsin eken-aý! Bar zady bir sözde aýdyp otyrlar. — Äý, entegem bu orus türkiräk eken... Hany ol, bir gezek «Ço?» diýeňde, bar zady aňyp, aňyrsyna ýetip oturan oruslar bamy indi! — diýip, Ata hüňürdedi. — Äý, sen howlugmanrak, gyssamanrak soraber! — diýip, Oraz aga maslahat berdi. Türkmenleriň bary: «Howwa-da, howwa!» bolşup, baş atyşdylar. Bu agzybir makullamany görüp, Andreý ýaňky gürlän ýaşulynyň ýüzüne ogrynça seretdi. Gojanyň nurana keşbine, çuw-ak sakgalyna, parahat äheňine Andreýiň syny oturdy. Bu ýaşuly oňa öz ejesiniň «Seniň ataň şeýle-şeýle adamdy» diýip berýän gürrüňlerini ýatlatdy. «Iň ululary, garry serdarlary şu bolaýsa gerek?!» diýip, Andreý öz ýanyndan çak etdi. Şonuň üçinem, ol Atanyň indiki «Çosyna» jogap berende, Ata tarap däl-de, şol ýaşula ýüzlendi: — Niço! Ata-da muny aňdymy-nätdimi, bu taýda kimiň agzyna seretmelidigini bildirmek üçin, gazap bilen Andreýiň ýüzüni dalady: — Ço-o-o?! — Hä, Atam, ýene birazajyk endiretseň-ä, alýaň muny! — diýip, töwerekden gylaw berdiler. Şol wagt Mergenem, gylyjyny bir gapdalyna geçirip, ýeke dyzyna galdy: — Aý, bir orus üçin munça takal okaşyp, gepi köpeldip oturmasaňyzlaň-aýt... Andreý howpurganyp, ýene ýaňky ýaşulynyň ýüzüne seretdi: — Andreý niço... Goja-da özünden arka-delalat gözlenilýänini aňan bolarly, ýüzüni aşak salyp oturyşyna, belli bir adama ýüzlenmän: — Aý, orsam bolsa — dürsem bolsa, adam çagasydyr... — diýdi. Eýýäm elini gylyjynyň baljagyna ýetiren Mergen birden ýaryldy: — Oraz aga, seň ogullaň näme, eýsem, adam çagasy dälmidi?! — diýip gygyrdy. — Üçüsinem it atan ýaly atyp gitdiler galaň içinde... Gojanyň nurana ýüzi garört boldy. Ol ýaňky gürläne tarap gözlerini alardyp: — Men entek dirikäm, meň ogullarymyň hun-ganyny soramak saňa galmandyr, Mergen! — diýdi-de, özüne basalyk bermek üçin, biraz dymyp, soň ýene parahat äheňde gürledi: — Bir azaşyp gelen biçäräni öldüreniň bilenem, hun alyndygy bolmaz, adamlar! — Olar öz hunlaryny ölmänkä alyp gidendirler! — diýip, Oraz aga bilen ýaşydrak görünýän başga bir ýaşuly hemaýyn söz goşdy. Bularyň arasyna bir agyr dawanyň düşenini, bu dawaň bir çetiniň özüne-de degýänini Andreý aňy däl-de, ýüregi bilen syzdy. Ol aljyraňňy halda, soragly nazaryny töweregine aýlady. Şonda, hälki murtlak pyýadanyň özüne tarap gezelip duran süýem barmagyny görüp, tisginip gitdi. Oraz aganyň sözleri biraz badyny alsa-da, Mergen entek köşeşerli däl. Ol barmagyny çommaldyp, dilmaçsyz-zatsyz, Andreýiň göni özüne azym bilen ýüzlendi: — Sen, orus,dogryňy aýt, uruşda bolduňmy bolaňok?! Ors oglanyň gepe düşünmänligini görübem, Mergen ilki öňündäki gylyjy, soňam dulda asylgy duran hyrlyny üm bilen görkezdi. Bu ýowuz pyýadanyň ýüzünde Ezraýylyň tüýüni gören, onuň düşnüksiz sowalyndan ajal ysyny alan Andreý, gyssanjyna, bir Ata, bir Oraz aga tarap ýaltaklap, ellerini daldalady: — Niço, niço... Ýa niço! — Ýok, bolmandyr... — diýip, Ata ýene dilmaçlygyna başlady. — «Bolamok» diýýä. — Gögel-ä-row munyňyz entek! — diýip, gapdaldan biri gep atdy. Şu göm-gök gözleri, maňlaýyna dökülip duran tyllaýy saçlary diýmeseň, bu ors oglanyň açyk ýüzi, birhili utanypmy-müýnürgäpmi, gözastyndan seredişi, birden tutulyp, birdenem ýylgyryşy, çalt-çalt gürläp, birdenem, «Biderek bir zat aýdýan bolaýmaýyn?!» diýýän ýaly, dypba dymşy Oraz aga onuň öz körpe ogly Kakajany ýatlatdy. Adam ogullary heniz bigünä ýaşdaka, haýsy milletden, haýsy kybladan bolsa-da, bir-birine birhili çalymdaş bolýarlar. Goja hyrçyny dişläp, gözlerini ýumdy. Şol gara günüň öň ýanynda, Oraz aganyň üç ogludyr olaryň jan ýaly dosty Mergeniň arasynda bolan gürrüňler ýene harabaçylygyň arasyndan çogup çykyp, bosgunlar ýaly, başly-barat, üzük-ýoluk, elem-ebtat bolşup, bärligine çozuşyp gaýtdylar... — Aý, dursana-how! Näm-aýt... Sen-how, samsyk, şü daşyňy alyp ýatan ýygna bir seret! Şuň öňünden barsaň gowumy ýa ýeňsesinden? Öňünden-ä, barmankaň, läşiňi kaklarlar. Ýeňsesinden gelseň welin, sen bäş-üçüni kaklap ýetişersiň... — Ýuwaş-ow, kakam eşidäýmesin... Sen, näme, indi, galany taşlap gaçaly diýjek bolýaňmy, agam? — Gaçaly diýemok, ýeňsä geçeli, guma siňeli, ýeňseden uraly diýjek bolýan... Bular guma bolmaz. Ikimiz welin, gumdan dökülip, ondan-mundan dökülip, şulary ýeke-ýekeden çöpläbem gutararys! — Aý, Mergen, agam jan, anha, gumuň, anha-da ýeňsäň! Gaçýaňmy, geçýäňmi — öz işiň! Men-ä şu müňläp «Gyrlyşaly!» diýip oturan ýigitleriň içinden ökje ogurlap, hiç ýerigem gitjek däl. Düşdüňmi? — Ýuwaş-how, kakam eşidäýmesin! — Äý, zaňňarlar, men-ä şu galaň içinde boglup, gurbanlyga aýdylan ýaly, kellämi çukuryň gyrasyna goýup ýatjak däl-aý! Ýör. Hakberdi, ýör, Allaberdi, gitseňiz-ä! — Öňi-soňy ölmeli bolsa, bir gün öň ýa soň, galada ýa gumda öldük — parhy näme? Emma, biz ölüp, bu uruşlar gutaransoňam, munuň telim asyrlap gürrüň-ä ýatmaz. Şonda: «Pylanylar şo uruşda gaçan eken» diýlen gepe galandan... — Hä, men onda «Gaçan eken» bolýan-da, şeýlemi?! Bar, şeýlemiş-dä! Emma, «Gaçyşym bar — kowuşyma bermenem» diýenem biri bar eken. Bilýäňmi şony kimiň diýenini? — Hakberdiniň «müňläp» diýýäni dogry! Bizem, bolup bilsek, şolaryň biri. Şolaryň ýüzi hanjak bolsa, biziňkem şonjak... — Hany, körpe näme diýýä? — Äý, iki agaly bolsaň, hezildir-le! Bir-ä: «Gaçyp urşaly!» diýse, beýlekisem: «Gala gabalyp, goranyp urşaly!» diýse, ikisinden biriniňk-ä dogry çykar! — Ýok, Kakajanyň agalarynyň şu gezeg-ä ikisiniňem sözi birdir. — E-eý, Hakberdi, dälirediňm-eý sen? — Aý, il dälirese — dälireýäs, gudurasa — guduraýas. Bu işlerde däliremeseň bolýan däldir... — Ýöne bir şert bilen: kakamdyr ejemi, çagalar bilen bir howpsuzrak ýere ugradaly. Dogrumy? — Ýuwaşrak-how, kakam eşidäýmesin... Oraz aga ol gürrüňleriň birazyny gyltyzrak eşiden bolsa, galanyny şo günüň ertesi irden, ogullary: «Kaka, adamçylykdyr...» diýip, başlanlarynda, olaryň gözlerinden okady. «Düýe garrasa, köşegine eýerer» edip, aýalyny, uly oglunyň gelnini, agtyjagyny alyp, galanyň ýeňse tarapyndan guma tarap çykyp ugrady. Yza gaýdyşynam, yzanda-çuwan bolşup gelýän ummasyz bosguna uçrady. *** «Eý, Alla! Eziz Alla! Ýa Ýaradan... Bu zatlaryň haýsysy dürs, haýsysy ters boldy? Bu gara Zeminiň asty gowy boldumy ýa üsti? Mergeniňki dogry çykdymy ýa şol gurbanlyk üç sany goç guzynyňky? Olaram şo wagt Mergeniň yzyna düşüp gaýdyberen bolsalar, onda häzir, şu taýda, kakalarynyň gapdaljygynda egin direşipjik oturmazmydylar? Emma... Wah, emma... Wah, ogullar, goç ogullar, wah, körpe guzy! Siz kakaňyzy, tä ölýänçä, il-günüň öňünde başyny dik tutup gezer ýaly etdiňiz. Emma, özüňiz... Bu çal baş, bu lagşan garry göwre şo üç sany «Men!» diýen juwan ömre degýämidi? Ogul gidip — ata galsa, nobat bozulyp — hasap ýitse, ondan agyr kysmat barmydyr? Ölmedige — ömür kän. Anha, otyr-a biri, gözlerini duz ýaly edip, gyrpyldadyp... Şuň ýalakyň ýüzüsini öldüreniňde ýa müňüsini direldip getireňde, Kakajan jan gaýdyp geljekmi? A-how, oglan, seni bu ýere çagyran barmy?! Ýa meniň ogullarym siziň üstüňize bardymy, ýurduňyzy çapawullap, aýal-ebtat, oglan-uşagyňyzy gyryp gaýtdymy? Howwa, seniň uruş adamsy dälligiň, adama ýarag çenäp görmedigiň görnüp dur... Emma, şol gün şo galada senden on esse, ýüz esse bigünä neresseler özleriniň nämüçin öldürilýänligine düşünmän ölüp gitdiler... Nämüçin?!» Maňlaýy ýere deger-deger bolan Oraz aga birden başyny silkdi-de, gan guýlan gözlerini Andreýe dikip: — Ço-o-o??? — diýip, aýylganç bir gygyrdy. Onuň bu sözüne hiç kim gülmedem, geňirgenmedem. Her kim ýere bakyp, ýer dyrmap otyr. Andreýem bu agyr sowala jogap tapmady. Bu ýowuz sowala diňe bujagaz a:m ýigdekç-ä däl, onuň ýedi arkasy, yzynda galan telim millionlap halky ýene telim asyrdan jogap tapjakmy?! Şu wagt bu ýerde nähili gözegörünmez tupanlaryň turýandygyny, nämäniň tüssesiz oduna ýanylyp, sessiz agysynyň aglanýanlygyny, bu oturanlaryň näme üçin Ýeriň üstünden el göterip, şu tümde, tümüňem astynda mesgen tutandyklaryny aňmak üçin, ýaşlykdan ýanyp-gowrulyp, Kaknus guşa dönen garyp ýürek gerek. Şo ýüregem Andreýde bar-da! Bar welin... düşünäýseler! Andreýem, Ata-da ony düşündirip bilenok. Ýogsa, häliden bäri ikisem jan edibildi... Emma, Oraz aganyň ýaňky, iň aýgytly «ço-syndan» soň, öňki «ço-laryň» barynyň manysy ýitene döndi. Dymyşlygy ýene Oraz aganyň basygrak, müýnlüräk sesi bozdy: — Hany, naharyňyz bişen bolsa, irikgä etmäň ony! Ol şeý diýenden, oturanlaryň bary gozganyşyp, dikelişip, süýşüp ugradylar. Uzaga çeken düşnüksiz gürrüňiň jemlenýän pursadynyň gelenligini aňan Andreýem dikelip, töwerekdäkileriň oturyşy ýaly, aýbogdaşyny gurup oturmaga synanyşdy. Aýaklary diýen etmedi. Onsoň ol Oraz aganyň oturyşyna seretdi-de, düýe çöküşini edip, iki dyzyny ýere urdy, iki elinem dyzlarynyň üstüne goýup, doga-töwir etjek musulman ýaly boldy oturyberdi. Andreýiň ýaş ýigidiňkä meňzemeýän, damar-damar, gan-gabarçak gollary, howatyrly sandyraýan barmaklary, düýbüne çenli garaýag siňip giden dyrnaklary Oraz aganyň nazaryndan sypmady. Gürläp bilmeýän adamyň ellerine hem gözlerine serediberiň! Olar size eýesiniň aýdyp bilmeýän zatlarynyň baryny aýdar. Lallar-güňler ellerini dil ýerine ulanyp, saglardan beter «sakyrdaşanlarynda», biz şo «dile» düşünmänem oňarmarysmy?! — Siziň bu orsuňyz demirýolda işleýän bolmaly, şeýlemi? — diýip, Oraz aga Ata ýüzlendi. Ata-da Andreýe: — Ço?! Häli, iň soňky umydy — Oraz agadan tamasyny üzüp oturan Andreý, gojanyň parahat äheňinden ýene az-kem teselli tapynyp, düşünse-düşünmese-de, goja tarap owsunjyrap, başyny atdy: — Niço, niço! — Howwa, demir ýolda gara işçi bolup işleýän diýýä... Naharyň ysyna işdäsi hem dili açylan biri öňe omzap: — Gara işçisi näm bolýa-how bularyň? — diýip, Atadan sorady. — Äý, özüň ýaly bir garamaýakdyr-da! — diýip, başga biri Ata derek jogap berdi. — Men garamaýakmydyryn?! Iki goýnum, dört geçim bar! Şü gazanyňdaky nireden geldi? Päheý... — Ýuwaş-how! Bi, saçagyň başynda gohuňyz näm-aý? Her kim dörtden-bäşden bir kowçum, her kowçum bir kerseniň daşynda egele boldy. Andreýiňem öňüne, hälki okarajyga guýup, nahardyr çörek goýdular. — Hany, aldyk onda, bismilla-a! Näçe günüň ajy bolsa-da, Andreýiň häzir bogazyndan zat ötmedi. Onuň özüni Mergeniň gözleri iýip barýardy. — Ata, aýt ol orsuňa. Iýibersin arkaýyn! Ony zäherläp öldürjek bolýan ýok, oň ýaly namartlyk türkmende bolmaz... — diýip, hälki «baý» kişi çörekli agzyny hompuldadyp gürledi. Soň ýene oturyp bilmedi. — Oraz aga, şü ors oglany biderek zaýalandan, maňa çopan edip beräýseň nädýä?! — Birdenem, Oraz aganyň gözlerine gözi sataşdy-da, «ähm-ühm» edip, kerseniň üstüne ýapyryldy. Ata öz çemçesi bilen Andreýiň naharyna tarap ümledi: — Ço? — Niço... Andreýem az-kem kümşül-çümşül etdi-de, bada-badam düwündi... Töwir galdyrylandan, Mergen ykjamlandy: — Oraz aga, men-ä turjak! Men bir, çöl gurdy, bir ýerde güýlünip ýatmak maňa buýrulmandyr... Ýüzugra bu orsuňam demir ýoluna golaýladyb-a biljek! — Ýok, ony Ataň özi golaýladar. Sen öz awuň bilen boluber! — Oraz aga birdenem sesini gataltdy. — Ýöne, Mergen, şujagaz ors oglanyň, tä öz ýerine gowuşýança, depesinden ýekeje gyly gaçaýsa, gaty görme! Eşitdiňmi? — Aý, siziňki eşidilen ýaly-laý... — Mergen syýlaryny silkip, tarsa turdy, ýokaryk, asmana tarap çykyp barýarka-da, bir durup, yzyna gaňryldy: — Eý diýdiňiz — beý diýdiňiz, ýurd-a... Indem, Oraz aga, ýene elli-altmyş ýyldan şularyň edişine bir seret! «Ço-da, ço!» bolşup, daşyňa bir geçerler welin... Ýöne, arman, o wagt senem bolmarsyň, Mergenem... Emma, bizden soňkulara-da ýaşama gerekdir öz-ä! Oraz aga ýagşydan-ýamandan jogap bermedi. Esli salym dymyp oturandan soň, ol ardynjyrap, Atanyň ýüzüne seretdi. ...Atanyň syýnyndan ýapyşyp, ýagty ýalança çykan Andreý bir sägindi-de, gözlerini açalak-ýumalak edip, uludan demini aldy. «Indi näme? Ýeňsämden otlaýmazlar-da hernä? Äý, näm bolsa — şo bolsun...» Andreý gaňrylyp, hälki çykyp gaýdan ýerine nazar aýlady. Ýeriň üstünde yns-jyns görnenok. Gumuň tümündäki ýerasty oba, heniz sönmedik, entek-entekler sönmejek wulkan ýaly, kä ondan-kä mundan asmana tüsse sogduryp, sojap dem alyp ýatyr. Andreýiň säginenini görüp, Ata-da aýak çekdi, onuň ýüzüne soragly seretdi. Sorag bolsa Andreýiň özünde-de kän. Ol Atanyň ýüzüne dikarynlap bakdy-da, garaçyny bilen: — Ço?! — diýdi. Onuň howsalasyny aňan Ata elini salgap, ýylgyranda, sadap dişleri garaňky gijede ýyldyrym çakan ýaly ýaldyrap gitdi: — Äý, niço! Andreýem onuň gerdenine maňlaýyny goýdy-da, hamsygýanyny bildirmezlik üçin, dişlerini berk gysyp, ýuwaşjadan «Da, niço!» diýip pyşyrdady. Bu iki gürrüňdeş ahyrsoňy düşünişdiler. Çopanaldar — guş ady. «Gutardy...» «Tutuň! Tutuň, basyň ony!» «Hudaý jan, özüň rehim edeweri! Indi — gutardy!» «Ýeri, nähili...» «Näme?» «Aý, hiç!» Kömek Kulyýew. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |