00:16 Günbatar kyblasy | |
GÜNBATAR KYBLASY
Publisistika
Ideologiýa - syýasy, jemgyýetçilik taglymaty emele getirýän hökümetiñ, syýasy partiýanyñ, jemgyýetçilik synpyñ ýa-da adamyñ özüniñ hereketine we düşünjelerine ugur görkezýän syýasy, ylmy, pelsepewi, hukuk, dini, estetiki, ahlak-moral prinsiplere esaslanýan düşünjeleriñ bir bitewi ulgamydyr... Soñra bir kişi: Fransuz filosofy Antuan Destýut de Trasi (1754 – 1836) idelogiýa adalgasyny orta atdy. Onuñ pikiriçe ideologiýa dogry bilen ýalñyşy, patarraky bilen reallygy aýyl-saýyl etmäge gönükdirilen ylmy dissiplina. Şu nukdaýnazardan ideologiýa "pikirler baradaky ylym" diýibem atlandyrylýar. Ideologiýa düşünjesini ýaýgynlaşan akyldar Karl Marks boldy. Ol şeýle diýdi: "- Jemgyýetiñ maddy güýjüne erk edýän synp, şol bir wagtyñ özünde agalyk ediji intellektual güýçdür... - Maddy önümçilik serişdelerini elinde saklaýan synp, şol bir wagtyj özüne añ-önümçilik serişdelerini-de elinde saklaýar... - Añ-önümçilik serişdelerinden binesipleriñ pikirleri bu serişdelere eýelik edýänleriñkä garaşlydyr..." Diñe marksistler däl, M.Weber, E.Durkheým ýaly köp sanly akyldarlar-da ideologiýa düşünjesine dürli-dürli kesgitlemeleri berdi. Geleliñ, esasy gürrüñimize: Hemişe şunuñ aşagyny çyzýaryn: Ideologiýa, teoriýa, kesgitleme jedeli edilmese, diñe şahslaryñ gürrüñi edilýän "syýasat çukurynda" pyrlanyp-çabalanyp ýörüler! Ýagny gidiljek "ýol" üçin kompas, karta gerek... • TARYHY ARKA PLAN Köp syýasy partiýa ideologiýa sözüni eşidende neden irkiliyor? Iki sebäbi bar: Birinjisi, "Sowuk uruş" döwrüniñ başlangyjynda - 50-nji ýyllarda Günbatar-ABŞ "ideologiýalaryñ soñy" tezisini orta atdy. Öñe sürlen pikir şudy: Marksyñ pikiriçe ideologiýalara esas bolan zat ykdysady deñsizliklerdir. Günbatar jemgyýetleriniñ ykdysady derejede bol-elinlige ýetmegi synp tapawudyny aradan aýrandygy üçin bu ideologiýalaryñ soñunyñ gelendigini añladýar! Ikinjiden, "Sowuk uruş" gutarañkyrlanda - 90-njy ýyllaryñ başynda Günbatar-ABŞ "taryhyñ soñy" tezisi bilen ideologiýalaryñ ölendigini öñe sürdi. SSSR-iñ dargamagy bilen dünýäde jemgyýetleri öwür-çöwür etmekde ýoluñ soñuna gelinendigini, ýagny dünýäde diñe liberalizm ideologiýasynyñ galandygyny we beýleki ideologiýalaryñ hemişelik ýok bolandygyny öñe sürýän tezise esaslanyldy: Postmodernizm! Şek-şübhesiz, Günbatar-ABŞ reallygy bozan psihologik uruş taktikasyny agzady. Kän wagt geçmedi, görüşleri ýaly "ideologiýalaryñ soñy" tezisiniñem soñuna gelindi! Munuñ özi esassyzdy. Gelinen ýer şu boldy: - "Sowuk uruş" döwri gutardy. - ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky Günbataryñ neoliberalizm esasly globallaşma zorlugy - "gaýdutlygy" gutardy. - Mundan beýläk dünýäde "Täze sowuk uruş" döwri başlady. Ýagdaý şeýle bolsa: Dünýäde we halkara möçberde "täze hatarlar" nädip belli bolmaly? Meselem: Nasional we musulman syýasy identiçnost "Sowuk uruş" döwründe ABŞ-Günbataryñ tebigy ýarany hökmünde "kommunizme garşy göreş" gurşawynda şekillendi. Yzyndan ABŞ-Günbatar bu gurşawy täze önümi bolan çalşyrylan köýnegi bilen - global imperialistik neoliberalizm bilen tapyşdyrdy. Emma: "Täze Sowuk uruş" döwründe "ideologiýa kartlary" täzeden paýlanýar - täze hatarlar peýda bolýar! Şindi näme-nämeler bolarka? • DOGRY UGRY GÖRKEZENOK Günbatar özboluşlylygyny hemişe uniwersal model hökmünde tanatdy, muny agitirledi we munuñ daşyndaky syýasy modelleri, ideologiýalary kabul etmedi. Günbatar merkezçiliginiñ "kesekiniñ" boýnuna dakan modeli - Günbataryñ bähbidine laýyk bolma kyssasydy: - Bähbidine laýyk bolsañ "demokrat konserwatiw", bähbidine ters bolsañam "awtoritar diktator!" - Bähbidine laýyk bolsañ-a "ylymly yslam", bähbidine çapraz düşseñem "radikal-terrorçy yslam!" Günbatar bu gegemonik garaýyşdan, boýna dakmadan, basyşyndan asla el çekenok! Munuñ ady düýn "medeniýetleşmekdi", şu gün "demokratiýalaşmak" boldy. Näme bolanda-da añyrsyndaky hakykat hemişe imperialistik eksplutasiýa boldy! Häzirem käbir "çepçi" görnüşli syýasy partiýanyñ ideologiýasy-düşünjesi gelip şuña direýär: Günbatara goşulşyp häkimiýet başyna gelmek. Ýagny, Günbatar gelip çykyşly oriýantalizme ýesir düşmek... FETÖ-nyñ döwlet agdarlyşygyna synanyşan wagtyna çenli AKP-nyñ pozisiýasy-da şeýledi. Haçanda ABŞ-ny we Günbatary garşysyna alyp, Demirgazyk Siriýada ýasama döwlet gurluşynyñ harby operasiýa geçirmek arkaly öñüni alyp, Gündogar Ortaýer deñzinde initisiatiwa görkezip, Russiýadan howa-goranyş sistemasy "S-400" alyp, Ukraina-Russiýa urşunda aktiw bitaraplyga eýerip, Atatürküñ garaşsyzlykçy daşary syýasat ýolunda ýöremäge başlady welin, Erdoganyñ näletlenmegi-de Günbatarda şol döwürde başlady öýdýän? Uzatmaýyn... Dünýä üýtgäp dur, ideologiýalar gurşawynda täze polýarizasiýalaşmalar orta çykýar. Şol sanda: Käbir partiýalar dar, pese inen, biziñ günlerimizde düşünje taýdan hiç hili matlaby-manysy bolmadyk "Sowuk uruş" hatarlaşmasyny dowam etdirmek isleýär. Ine, muña welin berk nägileligim bar. Men beýle diýmek bilen ABŞ-dyr Günbatar bilen üzül-kesil aramyzy üzeliñ diýjek bolamok! Emma boýun egmäge gönükdirilen, ýekeçil "Günbatar kyblasyny" aýyl-saýyl edeliñ, seljereliñ... Biz çuññur maglumatlara, ideologiýa-teoriýa esaslanýan çekişmeleri etmäge borçly. Bize täze kompas gerek, çünki elimizdäki kyrk ýyl bäri dogry ugry görkezenok... Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 01.04.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |