GYZYL MINARA
Üstünde gar ýatan beýik daglar bireýýäm yzda galdy. Han-ha, aşakda göm-gök ýaýylyp ýatan hindi ýaýlalary. Haçan-da guş belentliginden uçup, Delini synlasaň, seniň nazaryň ilki bilen dünýäde iň mähnet Kutub minarasynda eglenýär. Onuň asman ummanyna ümzük atyp duran belent başy ep-esli alyslardan seleňläp görünýär. Gündogaryň beýik şäherleriniň biri bolan Deliniň ýüreginde ýerleşen minarany ýokardan synlasaň, ol ýeriň göbegine çalym edýär.
Owadan nagyşlar bilen bezelen belent minara özüniň binagärlik gymmaty boýunça Gündogarda gaýtalanmaýan, çözmesi talap edilýän matal mysaly. Ösen medeniýetiň şaýady bolan bu bina häli-häzire çenli başyny dik tutup: «Synamdaky syrlary öwren!» diýýän ýaly howalanyp dur. Gözýetime görk berip duran bu ajaýyp bina geçmişde-de, gör, näçeleriň aklyny heýjana getirendir.
Ykbal maňa ýene-de özüniň täsin taryhy bilen ýüzlerçe ýyllara ýaň salyp gelen mähnet minarany gana-gana synlamaga täzeden pursat berdi. Biz üznüksiz kerwen gurup gelýän ýüzýyllyklaryň weýran ediji harasadynyň içinden mertlerçe omzap çykan minaranyň eteginde durus. Nagyşlar bilen jäheklenen bäş gatdan ybarat minarany düýbünden depesine çenli synlaýarys. Minarany synlap, ençeme asyrlara duwlanyp ýatan gowgaly wakalary, joşgunly ýaşaýşy göz öňüne getirmäge çalyşýarsyň. Dürli duýgular peýda bolýar. Gür baglara duwlanyp oturan azmly galalar. Binagärlik we ökde ussalaryň sungatynyň gülläp ösen ýerleri. Deli soltanlygynyň kuwwatlylykda we gaýratlylykda Zulkarneýine ýa-da Jemşide deňelen Alauddin Halajynyň gurduran Ala-i derwezesi, Kelte minarasy, birnäçe türkmen soltanlarynyň mübärek mazarlary, ajaýyp sungat eserlerine öwrülen köşkler, Iltutmuş soltanyň we başga-da birnäçe şahsyýetleriň aramgähleri.
Türkmen soltany Aýbeg bu ýerini paýtagt hökmünde ýönelige saýlan däl bolara çemeli. Ata-babalarymyzda ýurt tutunmak üçin ýer saýlamak, şonda tebigat şertlerini göz öňüne tutmak ýaly däp bar. Aýbeg magat bu ýerde, ine, göwnüne hem ruhuna ýaran ýerinde, şu bagy-bossanlygyň ortarasynda, özüniň başyny başlan ymaratlaryndan, tebigatdan ylhamlanyp ýaşandyr. Şu ýerleriň türkmen soltanyny görendigi gümansyz. Emma beýik binalara geplemek berilmändir. Belki, edermen soltan bu binany gurduryp, onuň roýunda ene topragyny, onuň milli baýlyklaryny, Watanynyň bir parçasyny görmek isländir.
Her gezek bu minaranyň gujagyna dolanymda göwnüm galkynyp, näme üçindir hökman Köneürgençdäki Gutlug Temiriň gurduran minarasy ýadyma düşýär. Gutlug Temiriň minarasy bilen Aýbegiň gurduran minarasynyň arasynda nähilidir bir baglanyşyk bar bolmaga çemeli – diýip oýlanýarsyň. Hyýalyňda Amyderýa bilen Gang derýasynyň arasyndaky uzak menzilleri külterleýärsiň. Şunça aralyklarda gurlan paýtagt galalar, oba-kentler, ajaýyp köşkler, metjit-medreseler, içitler, geçitler... bularyň haýsy birini sanap çykjak!
Birwagtlar türkmen soltanlary tarapyndan gurlan bu minaranyň özboluşly kyssasy seni özüne bendi edýär: Owadanlykda, haşamlylykda, beýiklikde dünýäde deňi-taýy ýok minaranyň gurluşygy üç türkmen soltanynyň hökümdarlygy ýyllaryna gabat gelýär. Minaranyň daş-töwereginde dura-bara ilat artyp, uzak türkmen ýurdundan göçüp gelýänleriň sany-sajagy bolmandyr. Göçüp gelen il-gün bu minara «Ýeňiş minarasy, Kutub minarasy» diýip at beripdir. Ana, şol beýik minaranyň daş-töwereginde türkmen şahsyýetleriniň ilkinji binýat guran ýerleri başlanýar. Bu ýerler – türkmen soltanlary Aýbe-giň, Iltutmuşyň, Raziýa hanymyň, Alauddin Halajynyň mübärek gadamlarynyň düşen ýerleri. Hindistanda dile çeperligiň, edebiýat ylmynyň şasy, türkmen şahyry Emir Hysrowyň joşup-joşup ölmez-ýitmez eserleri döreden ýerleri. Öz il-ulusyny şygyr şerbetinden gandyran ynsanyň magny saçan ýerleri. Jahankeşde derwüşleriň, kalby päk galandarlaryň uzak ýollardan aşyp, penalan ýerleri. Bu mukaddes ýerler türkmen serkerdeleriniň ruhuny ýatladyp dur. Dogrusy, bu türkmen minarasyna hem türkmen bolup, türkmen ýüregi bilen seretmeli, syn etmeli, söýmeli. Ana, şonda bu gymmatly sungat eseriniň pelsepe hem many çuňlugyna doly göz ýetirýärsiň. Ýedi asyry üstünden geçiren bu eser şu döwürde-de kämil hem timar, çeper hem durnukly.
Hindi halkynyň göz-guwanjyna öwrülen şol ajaýyp hem gözel minara özüne maýyl edýär. Göm-gök baglaryň, gülleriň ýakymly ysy burnuňa urýar. Hindi tawuslarynyň, totyguşlarynyň saýraşýan sesleri adamyň keýpini göterýär. Gözel minaranyň daş-töweregi saňa ilki türkmen binagärliginiň sungatyny, tebigatyny öwrenmäge bolan mümkinçiligi peşgeş berýär. Ony ýakyn-u-daşdan, ýylyň haýsy paslynda synlasaň, onuň şol ajaýyplygy, syrdamlygy. Boýuna lagly, merjen, sadap dakynan gyzyl kürteli türkmen gelnini ýada salýar. Birden magşuk oglanyň dili bilen hiňlenjiräp başlaýarsyň: Ýar gyrmyzy geýinipdir...
Minaranyň ýanynda dursaň, gyzyl ketenili gelniň bägül ysy gelýän ýaly. Aýdan-Günden nurlanan, ertiriň şapagy ýaly gyzyl-gyrmyzy minaranyň «bedenini» elleýärsiň, süňňüňe ýakymy ýylylyk aralaşýar. Ýakymly duýgularyň sallançagynda üwrelýärsiň. Men muny ylahy pursatlar, ylhamly pursatlar diýip atlandyrasym geldi. Kalbymyň sungat söýgüsinden nurlanýan wagtyny ömrümiň iň manyly pursatlary hasaplaýaryn. Gözellikde söýgi we duýgular aşa köp orun alýar diýýärler. Onda men bu gyzyl kürteli bina aşyk bolupdyryn-da...
Süňňüne türkmen mähri siňen binany teşnelik bilen ýene-de ine-gana synlaýaryn. Megerem, bu zynatly binanyň syrlaryny öwrenmäge bir ömür azlyk edäýjek ýaly görünýär. Bu baky öçmejek sowgady halkyna peşgeş goýup giden ussada hamd-i-senalar okaýarsyň.
Men kem-kemden türkmen soltanynyň döreden ajaýyp şygyr eseriniň içine girýärin. Onuň endamyna siňen nagyşlar türkmen halysyna-da çalym edýär. Belki, bu ajaýyp eseri döredenler turuwbaşdan türkmen halysyndan nusga alandyrlar. Şonuň üçinbinalaryň başlanýan ýerinde «Seljuk nusgasy esasynda gurlan» diýen ýazgylara gözüň düşende, buýsanjyň goşalanýar. Gyzyl mermer daşdan oýulyp, haşamlanyp gurlan minaranyň tutuş süňňi türkmençe gürleýär.
Ussat binagäriň sünnälän binasynyň tutuş durky gözellige, çeper döredijilige beslenen. Bir söz bilen aýdylanda, döredijiligiň iň çür depesi hem gudraty. XII–XIII asyrlarda Hindistandaky gurluşyk sungatynyň iň bir naýbaşy nusgasy. Alymlaryň bellemeklerine görä, minarany gurujy ozalky ussalaryň ulanan binagärlik däplerinden daşlaşyp, özüniň iňňän nusgawy hem öz-boluşly çözgüdini tapyp, eseriň ebedi ýaşamagyny gazanypdyr. Binagäriň täsin ussatlygynyň ýene bir aýdyň mysalyny onuň minaranyň süňňüne örän köp mukdarda siňdiren dini häsiýetli ýazgylaryndan görmek bolýar. Gyzyl mermer daşlaryndan juda ezberlik bilen döredilen her dürli täsin nagyşlara haýran galýarsyň. Syrdam gyzyl minaranyň roýunda nagyşlanan gülleriň waspy hem seni öz erkiňe goýanok. Säginip, säginip synlaýarsyň. Bogun-bogun gatlaryna siňen sungat eserini synladygyňça, türkmen ruhuny duýup bolýar. Gaýtalanmajak inçelige we misilsiz näziklige ýugrulan sungat eseriniň öňünde başyňy egýärsiň.
Içki duýgularyň çar ýana at çapýar. Ýedi yklymyň üstünde beýik sungat eserini döredenleriň ruhlarynyň siňen ýerinde iç-gepletmeler peýda bolýar. Hindiniň gözelligi, türkmeniň ýüreginiň ýylysy siňen gözel minara! Asman gümmeziniň astynda nur saçýan minara, başyň aman etsin perişdeleň dogasy! Eý, ýeriň berki, ýeňiş binasy, taryhyň syryny äşgär et! Dünýä medeniýetiniň hazynasyna giren ajaýyp minara! Beýik ýeňşiň hatyrasyna gurlan diň! Ýeňiş tugunyň parlan, ýedi yklyma buşlanyp perman, gutlaglaryň ýollanan ýeri! Hindi topragynda türkmen soltanlygynyň binýadynyň tutulan ýeri! Medreseleriň we ylym ojaklarynyň bina edilen ýeri! Türkmen atlary we edermen serkerdeleridir, esgerleri hakynda sansyz kyssalaryň dörän ýeri. Olaryň öçmejek ýeňişleri hakynda şygyr ýazylyp, aýdymlar aýdylan ýeri. Ýeňişleriň şanyna tutulan toýlar mesgeni, syrlaryň çöşle!
Buýsançly hyýal, göçgünli göwün «gyzyl kürteli» minaranyň öňünde Jeýhun tolkunlary ýaly çarp urýar. Hazar deňzi ýaly owsun atýar. Ata-babalarymyzyň çeper duýgularynyň möwç alar ýerinde türkmen neslindendigiňe buýsanjyň goşalanýar. Medeni galkynyşyň emele gelmegine bat beren döwlet gurujylaryň dikip giden baky ýadygärligine, ajaýyp paýhasyna bolsa aperin diýýärsiň.
Türkmen pelsepesiniň, oguz mertebesiniň giň ýaýraw alar ýerinde özüňi rast duýýarsyň. Watan ruhy bolsa bir görseň başymy türkmen raýyny saklap oturan mähnet minara deňeýär bir görseňem şuňkar bolup ganat bagladýar. Bu ot alýan yşkyň oýnuny diýsene?! Türkmeniň bakylyga kök uran beýik sungatynyň öňünde neneň beýle hala düşmejek?
Dünýädäki iň belent başly bu minaranyň dergähine derýadyr dag aşyp gelýänleriň sany gün-günden köpelmek biler Özem ol dünýädäki minaralaryň arasynda iň gelim-gidimli seýran edilýän ýer hasaplanylýar. Her gelen jahankeşde bu binanyň düýp-teýkarynyň Merkezi Aziýanyň gurluşyk däplerinden gözbaş alyp gaýdandygyna düşünýär. Onuň ilkinji ösen medeniýeti janlandyrýan gymmatly hem ajaýyp nusgasydygyna magat göz ýetirýär. Çünki Merkezi Aziýa binagärligi şunuň ýaly minaralaryň köplügi bilen tapawutlanýar. Şunlukda, Amyderýa bilen Gangyň arasynda söýginiň hem ýeňşiň belent binasynyň ähmiýeti diňe bir Hindistanyň däl-de, eýsem, onuň hem binagärlik sungatynyň çäginden daşary çykýar. Seljuklar döwründe türkmen medeniýetiniň Hindistana aralaşmagynyň ilkinji subutnama eseri bolan Kutub minarasy hem Gutlug Temiriň minarasy bilen ykbaldaş. Olaryň ikisi hem gelim-gidimli kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Ýöne, bu iki minaralar haýran galdyryjy berk gurlan bolsalar-da, ikisi hem ýer titremesi netijesinde öz altyn gupbalaryny saklamandyrlar.
Mundan birnäçe asyr öň türkmen akyl-paýhasy bilen gurlan binanyň ýanyna baranyňda buýsançly başyň beýik minara bilen deňleşýär. Onuň daş-töwereginde gurlan ýüzlerçe binalaryň, sütünleriň daşlaryny ýeke-ýeke elläp çykasyň gelýär. Göwnüňe bolmasa, bu berk hem sarsmaz halda gurlan sütünlerden seda gelýän ýaly. Gulak asýarsyň. Dünýäni bendi eden türkmen ruhuny duýýarsyň. Maşrykdan Magryp aralygyna ýaýran ata-babalarymyzyň sesi gelýän ýaly. Ol sesler, göýä «Ilki süýji miwe beren daragt soň hem süýji miwe berer» diýýän ýaly. Bu döwletde ýaşan raýatlaryň bagtyýar bagtyýar durmuşyna goşulyp, olaryň şatlygyna şatlanyp, gamly halatynda dertlerini deň paýlaşan minara arkaňy diräp oturýarsyň. Türkmen hökümdarlarynyň Hindi diýarynda özüniň asylzada ogullaryny, edermen doganlaryny, wepaly egindeşlerini we gaýduwsyz batyr esgerleri daşyna üýşürip, sarsmaz gala guran ýerinde Magtymgulynyň şygyrlaryna hiňlenýärsiň. Şonda bu sarsmaz binalar Magtymgulyça görünýär. Şahyryň dilinden seda gelýär.
«Neýleýin sepil gezip, Hindistanym bar meniň».
Parasatly sözlerden gat-gat diwan ýazan Baýram handan gelen owaz gulagyňda ýaňlanyp gidýär. Peýkam ýaly ötgür sözleri ýazan Abdyrahym handan owaz gelýär. Şygryýetiň, döredijiligiň mertebesini hemme zatdan ýokarda tutan şahyryň terezä salyp çeken, agramy äpet söýgi sözleri eşidilýär.
Dünýä minaralarynyň zynatly şasynyň daş-töwereginiň aýratyn ruhy howasy bar. Türkmen serkerdeleriniň namaz okap, sežde edip, ybadat bilen meşgul bolan keremli ýerinde ybadat etseň, ruhuň şatlanýar. Beýik türkmen soltanlarynyň şöhratly ýeňişleri hakyndaky rowaýatlaryň müdimi ýazylan ýerinde, hindiler bu ajaýyp gyzyl minaranyň gözelligine, kaşaňlygyna haýran galyp goşgy goşmadyk şahy, waspyny ýetirmedik aýdymçy ýokdur diýýärler. Özleriniň keremli asly bolan ata-babalarynyň haýyr işlerini dowam etdirenler barada rowaýatlary diňledigiňçe, gulagyň gananok.
Aýtmaklaryna görä, bu binanyň düýbüni tutujy ony beýiklikde, haşamlylykda Hindi diýarynda we tutuş dünýäde öňe geçjek minara bolmasyn diýen niýetde gurduranmyş. Soltanyň arzyly binagäri minarany guranda Merkezi Aziýa hökümdarlarynyň minaralarynyň biçüwi, seljuk däbi esasynda başy belent altyn gupbaly, daş-töweregi miweli agaçdan, saýaly bagdan (çemenlikden) we gülzarlykdan (bossandan) bolmagyny göwnejaý hasaplapdyr. Şonuň üçin bu ýerde baglara, serhowuzlara, güllere aýratyn ähmiýet berlipdir. Ussat binagär soltanyň islegleriniň hem-de öz aňynyň keramaty netijesinde gözellik diýen zadyň bakydygyny subut etmäge çalşypdyr.
Türkmen soltanynyň gurduran ilkinji binasy yrymçyl ýerli halka hem-de paýtagt şähere düşümli bolupdyr. Onuň daş-töwereginde kömelek deýin köpelip, belent daragtlardan saýlanyp barýan ymaratlar, köşgi-eýwanlar Delini ýer ýüzüne ýaň salýan gözel paýtagt şähere öwrüpdir. Oňa çar ýandan gelýän gatnawly söwda-aragatnaşyk ýollary, dünýäniň dürli ýurtlaryny özüne çekip, Deliniň ykdysadyýetiniň görlüp-eşidilmedik derejede pajarlap ösmegine, bu şäheriň dünýäniň iň uly medeni merkezleriniň birine öwrülmegine getiripdir. Orta asyr arap syýahatçysy Ibn Battuta Deliniň ýeten derejesini Gündogaryň iň ösen medeni hem ylym şäheri Kair bilen deňäpdir.
Bütindünýä ähmiýetli Aýbegiň minarasyny wasp edenleriň kimsi oňa «Gündogaryň gyzyl bägüli» diýse, ýene biri «Daşlardaky poema» diýip atlandyrypdyr. Käbir taryhçylar bolsa «Daşyň ýüzündäki bezeg sungatynyň çür depesine çykan estetiki ýadygärlik» diýip baha beripdirler. Şahyrlar şygryýet dilinde köplenç «Soltanlaryň ýeňşiniň wysal bolýan ýeri» diýip wasp edipdirler. Türkmen şahyry Emir Hysrow Dehlewiniň kalbyny yzarlasaň, onuň hut özi bu minara aşyk bolan bilbili ýadyňa salýar. Ol özüniň «Ýyldyzlaryň duşuşygy» diýen taryhy poemasynda bu ajaýyp minara barada çeper beýan berýär. Halkyň ruhy rysgaly hökmünde dünýä inen bu şahyr minara bilen binýat bolan Deli soltanlygynyň köşgünde uzak ýyllaryň dowamynda işläpdir, döredipdir.
Ýeri gelende aýtsak, bu minaranyň gurluşygy Aýbegden soňraky hökümdarlar döwründe hem alnyp barlypdyr. Kutub minaranyň jemi 378 sany içki basgançagy bolup, onuň her gatynyň çykalgasy (balkony) owadan gazma nagyşlar we harplar bilen jäheklenipdir. Minaranyň ýüzüne oýulyp ýazylan ýazgylar häzirki döwürde okar ýaly bolman bozulupdyr, onuň diňe dördünji gatyndaky ýazgylary okamak bolýar. Onda: «Bu binanyň gurluşygy Türküstanyň, Arabystanyň we Eýranyň patyşalarynyň patyşasy, beýik şalaryň şasy Iltutmuşyň döwründe alnyp baryldy» diýen ýazgylar bar.
Öz döwrüni, ýaşan jemgyýetini, hökümdarynyň islegini göze ýakymly şekilde bezemek, ony sungat düşünjesine laýyk şekillendirmek, minaranyň ussasynyň kärine bolan söýgüsini görkezýär. Bu, dogrusy, jöwher zehinden çykan müdimi zynat, beýik sungat! Başarjaň ussanyň daşy beýik sungat eseri ýagdaýyna getirmegi netijesinde, Aýbegiň minarasy, sözüň doly manysynda, sungat mirashanasyna öwrülipdir. Minaranyň gyzyl gyrmyzy reňkli daşlar bilen haşamlanyp, oýulyp nagyşlanan daşky bezegi onuň baý çeper görnüşiniň iň bir gymmatly bölegi bolup durýar. Mundan başga-da, binagär minaranyň timarlama we bezeg işlerinde gadymy ata-babalarymyzyň keramatly nyşanlaryny ussatlyk bilen ulanmagy başarypdyr. Minaranyň çeper binagärlik taýdan işlenilişi, aýratyn beýan edilmäge mynasypdyr. Minarada Aý, Gün, ýyldyz, ýaprakly güller tegbent, ok-ýaý ýaly bezegleriň ezberlik bilen sünnälenilmegi, ýatdan çykmajak keşp döredilmegi – bularyň hemmesi Merkezi Aziýanyň jaý gurmak sungatynyň däpleriniň bir ýere jemlenmegidir. Belki, minarany gurujy öz ata Watanyndan ruhy taýdan daşlaşmazlygy esasy wezipe edip goýandyr.
Hawa, Kutub minaranyň roýuna aşyk bolup, dünýäniň çar künjeginden gelýän jahankeşdeleriň kerwenleriniň jaň düňňürdileriniň sesleri hiç bir döwürde-de kemelmändir. Häzirem kemeler ýaly däl. Kutub minarany synlamaga bir ýylda müňlerçe jahankeşdeler gelýär eken. Bu hakykatdyr. Muny biz Kutub minaranyň merkezi derwezesinden girjek bolup, uzak nobata duran daşary ýurtdan we Hindistanyň içinden gelen jahankeşdeleriň mysalynda doly göz ýetirdik. Beýik ýeňşiň hatyrasyna gurlan binanyň derwezesiniň öňünde nobata duran pursadymyz bilbilleriň, totuguşlaryň saýraşýan sesi eşidildi. Gözýetimde bolsa türkmeniň ruhy siňen ýeňiş minarasy başyny belende tutup, howalanyp otyr.
Baýramgeldi ÇARYÝEW.
«Türkmenistan» gazeti. 25.05.2010 ý.
№128 (26117)
Ýol ýazgylary