13:11 Halturaçy we okyjy | |
HALTURAÇY WE OKYJY
Goşgular
HALTURAÇY: - Bir gijede bir pýesa, Bir hepdede bir roman. Ýazyp-bozup ýatyryn, Ýatsam-da men ýaraman. Bäş ýylda on kitaby Çykartmaklyk şygarym. Ne işim baş agyrdyp, Okalmasa şygyrym. Bäş günde däl, bir günde, Garalaýan müň setir. Ýer şaryna uzaltsaň, Bir däl, kän gezek ýeter. Zehin bolup biläýsek Däl ekeni ýeňil zat. Günäkäri men däl-ä, Dükany alsa kitap. Meni ýatdan çykarsa, Neşirýatyň plany. Gönderýärin ýokaryk Birje anonimkany. Baý, baý onsoň nädersiň, Ylgar ýörer redaktor. Seni gören dessine Diýer derrew “bor”, “bor”. Kitabymdan-kitaba Geçer ýörer zol-zol. Her onlugyň yzynda Bolsa bolýar nol, nol nol... Goşguçy hem romançy, Dramaçy adym bar. Ýaşasyn goý neşirýat, Petde-petde zadym bar. OKYJY: - Bäý-bä, sen-ä, halypa, Halturanyň ussady. Birje başarýan zadyň Diňe golsuz “kyssady”. Okap ýazan zadyňy Boldum ýürek sgyrly. Jan agam, haýpyň gelsin, Goýma meni ahmyrly. Ne walidol, ne karwolol Waleriankaň... haýry ýok Hiç hili däri-derman, Kellagryňy aýranok. Düýnki ýazan romanyň Okap, jandan el üzdüm. Indi bes, näçe ýyllap Beren jebriňe dözdüm. Suda berjek indi men, Ähli ýazan zadyňy. Ile perşan ederis, Halturaçy adyňy. HALTURAÇY: - Şeýle töhmet atýany Gelýärin göre-göre. Seň ýalakyň näçesin Iterdim çukur göre. Düşünşeli, gel gowsy, Gaýdyp tutma adymy. Okamasaň okama, Birje ýazan zadymy. OKYJY: - Maňa senden dynma ýok, Görýän weli bu çakda. Göçýän guma baş alyp, Mekan tutjak bir kakda. Hoş gal, eý, eziz mekan Hoş gal, dogan-garyndaş. Çagalary hor etme, Eý, wepaly galam gaş! “Oktýabryň ýalkymy” 30.5.87 ý. | |
|
√ Bazar oýlanmalary / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ynsabym – adyl sudum! / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Goşa ýürek / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Senden özge, eý, senem, bu jümle duşmandyr maňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Men / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Bolanok — diýipdiň — bir ýylda iki...» / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Dostum, älem seniň çün olar duşman maňa... / Goşgular - 05.11.2024 |
√ Arassadyr / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |