01:31 Halypa hatyrasy | |
HALYPA HATYRASY
Teatr we kino sungaty
Türkmenistanyň halk artisti Oraz Baýramow milli teatr we kino sungatymyzyň ösmegine saldamly goşant goşan halypa artistlerimiziň biridir. O.Baýramowyň sungata bolan höwesi ony ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki-drama teatrynyň ýanyndaky teatr-studiýasyna okuwa alyp gelýär. Bu ýerde ol öz döwründe ýurdumyzda giňden tanalan teatr we kino ussatlarymyz A.Gurbandurdyýewden, O.Hajymyradowdan, O.Çerkezowdan tälim alýar. Ol okuwyny tamamlandan soňra, bu teatrda işe başlaýar. O.Baýramow şol döwürde türkmen we daşary ýurtly dramaturglaryň eserleri boýunça sahnalaşdyrylan, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alnan «Derňewçi», «Guşgy galasy», «Keýmir kör», «Ykbal», «Juma», «Üç çynar», «Çalaran saçlar», «Hazynalar adasy», «Gyz salgydy», «Mollanepes», «Ret bol, ýarag!», «Saňa ýalan, maňa çyn», «Giýewleriň bäsleşigi», «Sakawyň soňuna seret», «Ene» ýaly spektakllarda täsin ykbally gahrymanlaryň keşplerini ussatlarça janlandyrdy. Onuň teatr sahnasynda döreden keşplerini seljereniňde, tanymal artistlere mahsus bolşy ýaly, şol spektaklyň has şowly çykmagy üçin täsir eden sada gahrymanynyň keşbini döredendigi görünýär. Ýöne onuň doga zehini, zähmetsöýerligi, sungata bolan söýgüsi uly üstünlik getirip, döreden keşpleriniň ynandyryjy we ýatda galyjy bolmagyna täsir edýär. Mundan başga-da, onuň teatryň režissýorlary bilen ýarym sözde düşünişmegi, spektaklda beýan edilýän wakalaryň jümmüşine içgin aralaşmagy, sahnada bile keşp döredýän artistler bilen «dil» tapyşmagy başarmagy şol spektakllaryň tomaşaçylaryň uly höwes bilen tomaşa edýän sahna eserlerine öwrülip, uzak wagtlap teatr sahnasyndan düşmän gelmegine sebäp boldy. Durmuşda mylaýym häsiýetli bolan artistiň teatr sahnasynda döreden islendik keşbi barada gürrüň edeniňde, onuň şol häsiýetini öz janlandyran gahrymanlarynyň keşplerine siňdirmegi başarandygyny görmek bolýar. Uzak ýyllaryň dowamynda Oraz Baýramow bilen bile işlän Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow şeýle diýýär: «Oraz doga zehinli artistleriň biridi, ol hemişe sahnalaşdyrylýan spektaklyň uly üstünlige eýe bolmagy barada alada ederdi. Köp halypalar bilen bile işleşip, zehinini zähmet bilen taplap, özi halypalyga ýetende, ýaşlaryň arasynda köp bolýardy. Olar bilen sungat söhbedini edip, olara halypalyk ederdi». Halypa artist W.Amanow mamla. O.Baýramowyň halypa maslahatyna eýerip, onuň bilen bile keşp döreden ýaş artistleriň birnäçesi bu günki gün tanymal artistler bolup ýetişdiler. Ol teatrdaky esasy işiniň daşyndan türkmen radiosynyň edebi-drama bölümi tarapyndan taýýarlanan radiospektakllara gatnaşyar. Ol türkmen we daşary ýurtly belli ýazyjylaryň eserleri boýunça taýýarlanan radiospektakllarda-da uly üstünlik bilen çykyş edýär. Onuň gatnaşmagynda taýýarlanan radiooýunlaryň ýazgysy türkmen radiosynyň altyn gaznasynda saklanýar. Oraz Baýramow milli kino sungatymyzda-da öz güýjüni synap gördi. Ol ýurdumyzyň tanymal kinorežissýorlarynyň dürli ýyllarda surata düşüren «Akpamyk», «Keremli söz», «Düýeguş» ýaly birnäçe çeper filmlerinde birnäçe kino gahrymanlarynyň keşplerini döretdi. Köptaraply zehini bilen milli teatr we kino sungatymyzda uly hyzmatlary bitiren halypa artist Oraz Baýramowyň belent adamkärçiligi, döreden köpsanly keşpleri geljekde sungat ussady bolup ýetişmegi arzuw edýän ýaşlar üçin nusgalyk ýol-ýörelgedir. Akmyrat HOJABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |