17:54 Harby sözlük: Taryhda ýaraglaryñ atlandyrylyşy | |
Harby sözlük
Türkmen dili
● TARYHDA ÝARAGLARYÑ ATLANDYRYŞY Türkmen dili uzak-uzak heňňamlaryň içinde taplanyp, nesilden-nesle kämilleşip gelen egsilmez ruhy çeşmedir. Dilimiziň köp öwüşginliligi aýry-aýry pudaklara, ulgamlara degişli sözlük gorlarynda has hem aýdyň ýüze çykýar. Türkmen diliniň baý hem-de özboluşly harby sözlük gory hakynda söz açylanda bolsa, onda oňa her döwrüň söweş tilsimleriniň, kämilleşen ýaraglarynyň täsir edendigini görmek bolýar. Ene dilimizde tüpeňler bilen bagly onlarça söz häli-häzirlere çenli yzygiderli ulanylyp gelinýär. Ýaraglaryň taryhynda, ilki bilen, niline däri guýlup oklanylýan tüpeňler peýda bolupdyr. Şeýle tüpeňleriň uzaga atýan görnüşleriniň biri şemhaldyr. Ol agzyndan däri bilen doldurylyp, gapdalyndan pelte bilen ot berlipdir. Bu hili tüpeňleriň ýene bir görnüşine «myltyk» diýlip, harby taryhçylar tüpeňiň bu görnüşiniň XVI asyrda ot açýan ýarag görnüşinde kemala gelendigini belleýärler. Şeýle hem bir ok atýan kiçi ýekenil tüpeň — jysmyklar meşhurlyga eýe bolupdyr. Wagtyň geçmegi bilen ýaraglaryň kämilleşmegi netijesinde hyrlylar peýda bolupdyr. Olaryň niliniň içi hyrly görnüşinde bolandygy üçin şeýle atlandyrylypdyr. «Sozan» hem bir gezek gülle atýan we agzyndan däri guýlup doldurylýan tüpeňdir. Mundan başga-da ýeke gezek ok atýan tüpeňleriň hatarynda ýekenil (ýekatar) tüpeňler giňden peýdalanylypdyr. Tüpeňleriň bu görnüşine toňkatar hem girýär. Tüpeň atylanda çykýan sesine görä oňa «toňkatar» ady berlipdir. Iki nilli ýa-da iki gezek ok atýan tüpeňler «Goňa» ýa-da «Goňa omurma» diýlip atlandyrylýar. Bu görnüşdäki tüpeňlere kähalatda «Goşa döwme» hem diýilýär. «Omurma» ýa-da «Döwme» sözleri tüpeňi oklamak üçin edilýän hereket bilen baglydyr. Gadymy ýazuw ýazgylarynda «Sapança» sözüne ýygy-ýygydan duş gelinýär. Sapança ýakyn aralyga atýan çaklaňja gol ýaragy hasaplanylypdyr. Has irki çeşmelerde «Sapança» sözi «Tapança» görnüşinde hem gabat gelýär. XIX asyrlarda türkmen topragyna ýaragyň kämilleşen görnüşleri aralaşyp ugraýar. «Piştew» şeýle ýaraglara degişli bolup, dilçi alymlar bu sözüň «Пистолет» sözüniň täsiri netijesinde dörändigini belleýär. Alymlaryň käbiri bu sözi italýan sözi, başga bir topary bolsa fransuz sözi hasaplaýar. Soňky döwürde peýda bolan bäşatar, altatar, onatar tüpeňleri hem atýan oklarynyň sanyna görä atlandyrylypdyr. Tüpeňiň aýry-aýry bölekleri hem olaryň ýerine ýetirýän hyzmatlaryna laýyklykda atlandyrylýar: tüpeňiň garawuly, nili, didiwany, gundagy, çekeri, çakmagy, mäşesi, gulagy, naýçasy we ş.m. Türkmen diliniň harby sözlük gorundaky tüpeň ýaraglary bilen bagly atlar halkara adalgalarynyň hasabyna häzirki döwürde hem kämilleşmegini dowam edýär. Maksat GURBANGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |