15:56 Hatamnama: Hatam Taýyň üçünji şert üçin sapara gitmeginiň beýany | |
HATAM TAÝYŇ ÜÇÜNJI ŞERT ÜÇIN SAPARA GITMEGINIŇ BEÝANY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hatam ol ýerde bar bolan adamlar bilen hoşlaşyp, Müniri Hudaýtagala tabşyryp, çöl-beýewana tarap ýola düşdi. Ol pesli-belentli ýerleri tomaşa edip barýardy. Ol hiç bir ýerde dem-dynç alman, saklanman, käte şäherlerden, käte obalardan ötüp barýardy. Oňa uzakdan bir dag göründi. Ol dagyň üstündäki bulutlara tomaşa etmekligi höwes edip, köp emgekler çekip, ol dagyň üstüne çykdy. Ol Beýik Taňrynyň gudratyna haýran galyp, üç-dört gün bu dagyň üstünde gezdi. Ahyry ol hoş howaly bir ýerde oturdy. Onuň gulagyna bir owaz geldi. Ol görse, bir kişi ahy-nala çekip, bu rubagyny gaýtalaýar: Gelgil, ki galmady mende taby mehjury Olar mähelläge çaýyldy yşk renjury. Lutf eýleýip, alaç-kär etgil özüň Ýüzüňi eýlemegil bir ança mestury. Bu sözi eşidip, Hatam oda-köze düşdi. Ol: «Men bu sözi eşidip habar almasam Hudaýa näme jogap bererin?» diýip, şol owazyň çykýan tarapyna ýöredi. Ol hoş howaly bir mekana gelip ýetdi. Ol ýerde suwlar akyp durdy. Suwuň gyrasynda bir uly daragt ösüp otyrdy. Onuň aşagynda bir görmegeý ýigit gözlerini ýumup, ah çekip, wagtal-wagtal ýokardaky rubagyny okap, huşundan gidýär. Huşuna gelip, ýene şol rubagyny gaýtalaýar. Hatam onuň ýanyna baryp salam berdi. Onsoň ol ikinji gezek ýene salam berdi. Ol kişi gözüni açmady. Hatam üçünji gezek salam berdi. Ol gözüni açyp, salama jogap gaýtardy. Ol: – Eý, dogan! Sen kim hem bolsaň, öz ýoluňa git. Meniň derdimi gozgama, bolmasa, men azar taparyn – diýdi. Hatam: – Eý, juwan ýigit! Sen maňa başyňdan geçen wakany beýan et. Eger Taňry ýol berse, men onuň alajyny taparyn – diýip, öz diýenini mäkäm tutdy. Ol ýigit: – Men saňa özümiň gussaly kyssamy beýan edeýin, sen oňa gulak sal. Maňa Temim bezirgen diýerler. Men uly baý kişidim. Meniň şäherim pylan ýerdedir. Men ýük baglap, sapar kerweni bilen pylan şähere söwda etmäge gitdim. Kaza bolup, kerwen şu dagyň eteginde düşledi. Men daragtyň düýbünde ýüz gözümi ýuwup bolup, kerweniň ýanyna barmakçy boldum. Şol wagt: «Eý, juwan ýigit! Öz işiň bilen bol. Bu tarapdan ägä bol» diýen, mylaýym bir owaz gulagyma geldi. Men başymy galdyryp baksam, başyndan aýagyna çenli näz-kereşme bolup duran atlas eşikli bir perizady gördüm. Ol merweritdir göwherler bilen bezelipdir. Onuň eşigi hem, bezegi hem özüne ýaraşyp dur. Ol ornundan turup, egilip maňa tagzym bilen salam berdi. Salamyň jogabyndan soňra maňa: «Men saňa myhmandarlyk edip, wysalyma ýetişdirip, şady-horram ederin» diýip, şunuň ýaly şirin sözler bilen meni özüne imrindirdi. Men onuň ýa¬ny¬na bardym. Ol meniň golumdan tutup, ýanynda oturtdy we näz-kereşme edip, magşuklaryň adaty bilen maňa mähirli garady. Gepiň keltesi, ol meni yşkyň zülpleri bilen baglady. Men maldan hem, kerwenden hem habar almadym. Şunuň ýaly ýagdaý bilen birnäçe gije-gündiz ötdi. Men tapyşmak lezzeti bilen malymy-mülkümi unutdym. Bir gün men ona: – Eý, aşyklaryň soltany! Indi men biçäräniň mekanyna baryp döwran sürmegimizi dowam etdirsek niçik bolar?! – diýdim. Emma onuň özi meniň bilen gitmeklige göwnemedi. Maňa bir hepde möhlet bilen rugsat berdi. Men: «Atamyň razylygyny alyp, ýene bu ýere gaýdyp gelerin» diýip, kasam etdim. Men: «Sen bu ýerde garaşyp dur, başga ýere gitme» diýip, sözümi aýdan mahalym ol meniň gözümden gaýyp boldy. Aradan köp wagt ötdi. Emma ondan habar-hatyr bolmady. Men: «Ol birden geläýse, meni tapyp bilmez» diýip, bu ýerden hiç ýere gidip bilmeýärin. Maňa bu durşumdan hiç peýda ýokdur. Eý, dogan! Ine, meniň gam-gussaly halym şeýledir. Sen ony gördüň we eşitdiň – diýip aglady. Hatam: – Eý, juwan ýigit! Gam iýme! Men seni maksadyňa ýetirerin. Men ol perini tapyp, seniň goluňa gowşuraryn. Ol periniň ady nämedir? Seniň ol periniň mekanyndan habaryň barmy? Onuň keşbi nähili? – diýdi. Ol: – Men onuň adyny sorapdym. Ol adyny Elken peri, mekanyna bolsa Alka dagy diýipdi. Men Alka dagynyň nirededigini bilmeýärin – diýdi. Hatam: – Men Alka dagyna baryp gelýänçäm, sen şu ýeriňden gymyldama – diýip oňa tabşyrdy. Ondan soň ol Temim nowjuwandan rugsat alyp, çöle tarap ýola düşdi. Hatam birnäçe wagt ýol ýöräp, menziller aşyp, bir belent daga baryp ýetdi. Ol bu dagyň depesine çykyp, bir ýere seretdi. Oňa ýene bir dag göründi. Ol: «Men näçe günde baryp ýetsem hem ol daga tomaşa edeýin» diýip, hyýal etdi. Ol bu daga tarap ýöredi. Birnäçe wagtdan soň oňa baryp ýetdi we onuň üstüne çykdy. Ol onuň pesini we beýik ýerlerini gezip, ahyrynda bir bagy-bossanlyga baryp ýetdi. Bu ýerde her hili daragtlar ösüp durlar, suwlar bulduraşyp akyp dur, guşlar nagma kakyp saýraşýarlar. Onuň ortasynda uly howuz bar. Bu ýeriň ýakymly howasy göwnüňe hoş ýakýar. Howzuň başynda desterhan ýazylypdyr. Onuň üstünde dürli tagamalar goýulypdyr, düşekler salnypdyr. Ol suw içip, tagamlary iýip uklady. Ol agşam namazynyň wagty bolanda ukudan oýandy. Ol ornundan turup görse, birnäçe perizat halka gurap otyr eken. Hatam olaryň ýanyna baryp, tagzym bilen salam berdi. Periler salama jogap gaýtardylar. Soňra olar: – Eý, ýigit! Sen kim bolarsyň? Seniň bu ýere pyýada gel-mekden maksadyň nämedir? Sen nireden gelip, nirä barýarsyň? – diýip soradylar. Hatam olara başyndan geçen wakalary beýan etdi. Ol : – Indi men Alka dagyna barýaryn – diýip, Temim bezirgeniň kyssasyny, Elken perini tapmaklygy wada edendigini, onuň üçin Allatagalanyň ýoluna gadam goýandygyny birme-bir aýdyp berdi. Ol perizatlar: – Ol üç-dört gün mundan öň bu ýerde durup, myhman boldy. Onsoň biz ony Alka dagynyň serhedine çenli ugradyp, yzymyza dolandyk – diýdiler. Olar Hatama bir hepde myhmandarlyk etdiler. Onuň göwnüni şatlandyrdylar. Soňra ony Alka dagynyň serhedine çenli ugratdylar we hoşlaşyp öz mekanlaryna dolandylar. Hatam Beýik Taňryny ýat edip, ýola düşdi. Çapa taýýarlan Gurbangül GUZUÇYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |