HEÝWERE
1.
Uzakdan gara gämi göründi. Oňa gözleri düşenden, adamlaryň ýüregine gorky aralaşdy. Ol heýwerä uçranlary ada alyp gidýän gämidi. Abeskun adasy diýilýän ol adany Uly ýerde ýaşaýanlaryň hiç birisi-de görmändi. Görmek hem islänokdylar. Ol ada bilen ýalňyz aragatnaşyk şu gämi arkaly amala aşyrylýardy. Onda-da, diňe bir tarapyna. Elhenç derde uçranlary oňa mündürip, ada ýollaýardylar. Ine, bolany.
Henize çenli adadan ýekeje adam-da yzyna gelmändi. Muňa olaryň hak–hukugy hem ýokdy. Heýwere olary adaty adamlaryň arasynda ýaşamak nesibesinden kesat edipdi.
Gara gämini eşigiň içi boş ýaly görünýän hordan şilliň uzyn adam sürýärdi. Adanyň ýoluny hem diňe şol bilýärdi. Indi ençeme ýyllar bäri belli bir gelmeli güni gelip, öz durýan ýerinde garaşýardy. Onuň gäminiň içinde başyny aşak salyp, irkilene ýa-da oý-pikire çümüp oturana çalym edýän ýowuz keşbi adamlaryň aňyna pugta ornapdy. Wagtal-wagtal düýşlerine hem girip, tisginip turýardylar. Egni gara geýimli, ýüzi nikaply bolansoň, onuň özüniň dokuzy düzüwmi-däl näbellidi.
Heýwerä uçran ýok bolsa, yzyna boş dolanýardy. Bar bolsa-da, ony alyp howlukman kürekläp gözden ýitýärdi. Işine jürdi. Deňizde apy-tupan turup, tolkunlaryň asman bilen birleşäýjek bolýan halatlary hem janyna dözüp gelýärdi. Ony bu ýowuz pişä kimiň haçan belläni näbellidi. Ylla Arşdaky Nurly tarapyn dertlänleri alyp gitmek üçin ýörite goýlan syrly hem keramatly kişi ýalydy. Onuň bilen hiç kim gürleşip görmändi. Nägehan dert özlerine hem ulaşaýjak ýaly, asla oňa golaý barmaga-da gorkýardylar.
Uly ýeriň deňze birleşýän kenarynda ýaşaýan çaklaňja hun halkynyň esasy eklenji awçylykdy. Deňze süsňäp giren dagyň jülgelerinde peýwagtyna gezýän dag goçlaryny, sugundyr umgalary, käkilikdir togdarylary, dagetegi düzlükde duşýan keýikdir towşan-towuklary hunlar Arşdaky Nurly tarapyndan özlerine gönderilen rysgal paýy diýip düşünýärdiler.
Galladyr eklenje zerur beýleki zatlary goňşulykda ýaşaýan halkyýetlerden aw etine, gymmatbaha derilere çalşyp alýardylar.
Ýöne olar bilen nika gatnaşyklaryna girişmeýärdiler. Bu babatda öz aralarynda-da juda berhizlidiler. Diňe garyndaş ugry bilen gyz alşyp-berişýärdiler. Janly-jandarlaryň hamyndan bejerilen çatma öýlerine «ýat kişi» salmak islänokdylar.
Owaldan gelýän edim-gylymlaryň berjaý edilmegine kethuda Aýjan hatyn gözegçilik edýärdi. Ol özüni Arşdaky Nurlynyň ýerdäki wekili hasaplaýardy.
Aýjan hatyn ýaşy ortadan agsa-da, «gyz görküni ýitirmändir» diýdirýän, sowuklaç hökümli keşbi bilen howuňy basýan aýaldy.
Ine, bu gün hem ol «Diňläň» diýýän terzde goluny göterip, halkyň ünsüni özüne çekdi-de, söze başlady:
—Ýene-de iki kişi heýwerä uçrady.
Ýüzi nikap bilen ýapylyp, üstüne pürenje atylan iki kişini alyp geldiler.
Adamlar olara ýerli-ýerden duýgudaşlyk bildirdi:
—Pelek işi!
—Pelek işi!
Aýjan hatyn:
—Bulary ugradyň –diýip, görkezme berdi.
Heýwerä uçranlary gämiçä tabşyrdylar. Gämiçi hada çalymdaş uzyn küregini deňziň düýbüne diräp, ýalpak ýerden çuň suwa çenli ýüzensoň, jaýlaşykly oturyp, howlukman kürekläp başlady.
Gämi deňziň hapalaç görünýän goýry gögüş tolkunlarynyň arasynda kem–kemden ýitip gitdi. Aýjan hatyn gäminiň yzyndan ahmyrly seredip duran agajet goja ýüzlendi:
—Tebip, bu derdiň emini tapyp bilmediňmi?
Nurjan däde özüne mahsus batyrgaýlyk bilen jogap berdi:
—Enteg-ä tapamok...
Aýjan hatyn heýwerä garşy em tapmagy oňa gör haçanlar buýrupdy. Şonuň üçinem nägiledigini duýduryp, gyssady:
—Howluk. Şeýle dert seniň öz gyzyňa ýoluksa nätjek?
Kethudanyň bu sözi Nurjan dädäni ynjytdy. Keseliň islendik adama hem ýokaşmagynyň mümkindigini ol bilýärdi. Ýöne ony ynjydan Aýjan hatynyň gödeňsi äheňidi. Beýle batnyksyz diýmek nämä gerek? Şonsuzam ol gije-gündiz bu derdiň emini tapmagyň pikiri bilen ýaşaýardy. Asla, gitdigiçe möwjeýän, halkyň başyndan aýrylman geçen beýle derdiň döremeginiň sebäbi babatda Nurjan dädäniň öz çaklamasy bardy.
Aýjan hatyn heýwere zerarly ýüregine dowul düşen adamlara ýüzlendi:
—Halkymyz könelişdi. Garrady. Dertleýän, ýogalýan köpeldi. Çagalar az dogulýar. Doglanlaryň hem köpüsi göýdük.
—Muňa sebäpkär garyndaşlyk nikasy –diýip, Nurjan däde çemi gelende aýtmagy niýetläp ýören pikrini ýaňzytdy.
—Bu owaldan däp –diýip, Aýjan hatyn onuň ýüzüni aldy.
—Ýaramaz däp –diýip, beýleki bir garry goja Bäjan däde tebibiň delilini goldady.
Aýjan hatyn olaryň bolşuny halamady:
—Sebäp garyndaşlyk nikasynda däl. Sebäp Arşdaky Nurlynyň gözünden düşmegimizde. Az sygnyp, onuň gaharyny getirmegimizde. Ol bizden ýüz öwürdi. Rysgaly ujypsyz, erbet keseli köp goýberip başlady. Biziň toba gelmegimiz, Arşdaky Nurlynyň öňünde dyza çöküp, günälerimizi bagyşlamagyny towakga etmegimiz gerek.
Soňra ol adamlaryň ýüzüne birlaý sowuk nazaryny aýlady-da, hökümli buýurdy:
—Toba geliň!
Adamlar toba geliş däbine laýyklykda, gollaryny göge göterip, Arşdaky Nurla ýüzlenip başladylar:
—Toba! Toba, eý, Taňrymyz-a!
—Toba! Toba, eý, Arşdaky Nurlymyz-a!
—Bize rysgal-döwlet ýolla!
—Bize saglyk-beglik ýolla!
—Günälerimizi öt!
Onsoň başlaryny aşak salyp, birin-birin dyza çökdüler. Şol pursat Dawut Merýeme ýüzlendi:
—Agşam duşuşyk ýerimize gelermiň?
—Bilmedim-dä... –diýip, Merýem çalaja ýylgyryp jogap berdi.
Dawut bilen Merýemiň biri-birine aşyk nazar bilen bakyşýany Aýjan hatynyň gözünden sypmady. Ýanynda duran gyzy Uzbibä öwüt berip tijedi:
—Dawut gowy awçy. Sagdyn ýigit. Oňa özüňi halatjak bol!
—Ol Merýemi halaýar –diýip, Uzbibi «Göreňokmy» diýen terzde, däbi berjaý edýärkälerem biri–birine mähirli seredişýän Dawutdyr Merýeme garşy baş atdy. Aýjan hatyn gyzynyň deliline ähmiýet bermedi:
—Diýleni et!
—Başa barmasa näme?
—Ol biziň garyndaşymyz. Gaýadan gaçyp heläk bolan agamyň ogly. Seniň daýyň.
Dawudyň boý-syraty, edenliligi Uzbibiniň özüne-de ýaraýardy. Ýöne Merýem ýaly dogumly gyzyň elinden ony alyp bolar öýdenokdy.
Ejesiniň sözleri ony ekezlendirdi. Ol Dawudyň ýanyna baryp, gözlerini güldürip aşyklaç nazar bilen seredip, näzli süýkenjiredi. Emma Dawut oňa ýüz bermedi. Onýança-da, Merýem ony çigninden tutup, bir çete aýyrdy. Muňa kemsinen Uzbibi şaman ody ýakylýan ojagyň garasyna aýasyny bulap gelip, Merýemiň ýüzüne çalmakçy boldy. Beýtmek uruş yglan etmegi aňladýardy.Ýöne, Dawut onuň elinden çalyp tutup ýetişdi. Uzbibi goluny Dawudyň elinden gaharly silkip alyp, nägile siltenjiräp ejesiniň ýanyna bardy:
—Ine, gördüňmi...
Bu ahwaly synlap duran Aýjan hatyn gyzyny köşeşdirdi:
—Islese-islemese, ol saňa öýlenmeli bolar.
Ilki iki gojanyň gaňryşyna gaýtmagy, soňra gyzynyň göwnüniň ýykylmagy Aýjan hatynyň çetini gyzdyrdy.
Galyberse-de, awçylaryň awdan köplenç boş gelmekleri, heýwere hem açlyk belasy onda «Özümi ýowuz alyp barmagym gerek. Ýogsam kynçylykly günlerde halk meni äsgermez» diýen pikiri döredipdi. Ol toba geliş däbini soňlap, indiki sözüne garaşyp duran halka kesgitli ýüzlendi:
—Açlyk howp salanda, ata-babalarymyzyň edişi ýaly, ýaşy durugşan adamlary dagdan aňryk aşyryp gaýdyň!
Kethudanyň bu tabşyrygy halkyň arasynda tolgunyşyk döretdi. Her kim bir pikirdedi. Sebäbi bu däp ýatdan çykyşyp barýar diýerlikdi:
—Beýdip bolmaz ahyryn.
—Bolman näme?
—Utanç.
—Özümiz aman galsak bes.
Aýjan hatyn iki goja tarap barmagyny uzatdy.
—Ilki bilen tebibi hem-de Bäjan dädäni äkidiň!
—Olar halkyň halaýan adamlary –diýip, Günaý ene ör-gökden geldi.
Aýjan hatynyň gahary ýetjek derejesine ýetdi. Öň näme diýse, boýun sunýan halk indi onuň buýrugyny oňlamajak bolýardy. Şonuň üçin ol Günaý enäni hem görkezdi.
—Ynha, bu kempiri-de!
Nurjan däde Merýemiň kakasydy. Aýaly ol doglanda çaga üstünden ýogalyp, ony özi ulaldypdy. Merýem kakasyny diýseň gowy görýärdi. Aýjan hatynyň buýrugyna ol allaniçigsi boldy. Dawut hem kethudanyň bu pikrini oňlamady. Merýem ikisiniň Aýjan hatyn bilen dawalaşyp, janlaryny howpa düşürmekleriniň mümkindigini görüp, Nurjan däde:
—Erjeşmäň –diýip öwüt berdi.
Bäjan dädedir Günaý ene-de tebibiň bu maslahatyna goşuldylar:
—Hawa, başyňyzy gowga sokmaň.
Halkyň arasyndaky tolgunyşygy çöp döwen ýaly etmek niýeti bilen, Aýjan hatyn gulluga häzir beglere görkezme berdi:
—Ata-babalarymyz şeýle däbi ýönelige döreden däldir. Berjaý ediň!
Nurjan däde aglap-eňräp özüni oda uraýjak bolýan Merýeme:
—Gynanma. Mynasyp birine çykyp, önüp-ös –diýip hoşlaşdy.
Dawut Merýemi nädip köşeşdirjegini bilenokdy. Kethudanyň eden-etdiligi ýüregini ýaralapdy. Şeýle-de bolsa, Nurjan dädäniň «Erjeşmäň» diýen sözi ony saklaýardy. Eger gaňryşyna gaýdyp gazabyna duçar bolsalar, Aýjan hatynyň jellatlara buýrup, özlerini heläkletmegi-de mümkindi.
Dagdan oklanylmalylar äkidilensoň, Aýjan hatyn indiki tabşyrygyny berdi:
—Awçylar awa ugrasyn!
Dawut hiç bir çykalgasyz halda gözüni ýaşlap duran Merýemiň ýüzüne ahmyrly seretdi. Köşeşdirjek sözi tapyp, oňa aýtmaga çemelendi. Emma şeýle söz hakydasyna gelmedi. Näme diýse-de, gaýtyp, derdini beterleşdirjek ýalydy. Indem, ynha, ony şu ýagdaýda goýup, awa gitmeli bolup dur. Buýruga boýun bolmasa alajy näme? Kethuda ýerdäki hudaý. Onuň sözi kanun.
Ol Merýeme ýuwaşja ýüzlendi:
—Merýem, hoş...
Merýem ýaşdan doly owadan gözlerini balkyldadyp pyşyrdady:
—Sag-aman gel...
2.
Heýwere keselliler oklanýan ada kä ýeri ýalpak çägesöw, kä ýeri hem kert kenarlydy. Depesi ýalaňaç baýyrly ýerlerem, toraňňydyr ýylgynly, ýabany igdedir gargygamyşly tutluşyp giden jeňňelliklerem bardy. Ýeke-täk süýji suwly çeşmäniň egri–bugry hanasynyň iki ýakasy hem her tüýsli agaçlardan doludy. Ýabany alma–da, injirem, üzümiň käbir görnüşleri-de duşýardy. Uly ýerden aýraçylyk diýmeseň, ölmezödülik tapdyrýardy. Bahar aýlary çarlak ýumurtgalary iýmitdi. Beýleki wagtlar bolsa, adadakylaryň arasynda özüni özi hekem yglan eden Äregiň tabşyrygy bilen dumly-duşda zybyrdaşyp ýören suw ýylanlaryny, pyşbagadyr kirpileri tutup, oda kaklap iýýärdiler. Ýaşamak üçin kim ýerküme, kim gargygamyşdan çatmajyk edinipdi. Azykdan ötri, iň bir ýetmeýän zat odun hem eşikdi. Gyş aýlary deňizden öwüsýän çapgyn şemal olary heýwereden beter paýhynlaýardy. Ýaramaz şert, endam-janyny haýaljadan eredip-akdyryp barýan heýwere olaryň aňkasyny aşyrypdy. Biri-biriniň bedroý sypatlaryny görmekden ýaňa duýgulary kütelişip, umyt-arzuwlary ýoga çykyp ugrapdy. Olaryň käbirisi üçin ýeke-täk gyzykly pişe gämiçiniň indiki getirjek dertlisiniň ýanyndaky azygydyr eşigini üleşmekdi.
Şonuň üçinem gämiçi geler uçurlary, ekin ekdirýän ýa-da balyk tutdurýan Äregiň gözüne güýdüşip, kenara çykýardylar. Ine, häzir hem Äregiň gyş üçin kakadylýan balyklary barlamaga gideninden peýdalanyp, bir bölek heýwereli gämini garşylamaga barypdy. Balyk serilýän ýer adanyň ortasyndaky baýryň üstünde, güneşiň bol düşýän ýerindedi. Elbetde, heýwereliler hem Uly ýerdäkiler ýaly balyk tutmagy, ekin ekmegi oňlanokdylar. Beýdip eklenmegi günä hasaplaýardylar. Özleriniň rysgaly awda diýip düşünýärdiler. Ýöne Äregiň abyr-zabrydyr depelerinden inýän daş ýaly ýumrugy hemem açlyk belasy ýagdaýa görä bolmaklyga mejbur edýärdi.
Deňziň alys giňişliklerine seretmekden gözi ýadan Rep umytsyz dillendi:
—Gämiçi eglendi. Ýa-da...
—Geler –diýip, Yzzat onuň sözüni böldi. —Hiç zat bolan däldir.
—Bu gün näçe adamy getirkä? –diýip, Serwer söze goşuldy.
—Bilmedim-dä... Boş gelmese bolýar –diýip, oňa gapdalda duran Amangül jogap berdi.
—Hawa, boş gelmese bolýar –diýip, Rep Amangülüň niýetini oňlady. —Men Uly ýerdäki adamlaryň ählisiniň-de heýwerä uçramagyny isleýän.
—Men hem... –diýip, Serwer onuň sözüni alyp göterdi.
Rep meçew aldy:
—Olar-a ol ýerde aýnaşyp, bol-telki ýaşamaly. Biz bolsa munda...
—Seniň päliň düzüwli däl –diýip, Yzzat oňa garşy çykdy.
—Eýsem, seniňki düzüwmi? Äregi öldürmegi niýet edinýäň –diýip, Amangül onuň alkymyna dykyldy.
—Şeýlemi? –diýip, Rep gyzyklandy.
Yzzat syryny açany üçin Amangülüň ýüzüne nägilelik bilen seretdi-de, özüni aklamaga çalyşdy:
—Äregi halamok. Kimmiş ol bize hekemlik ederçe?
—Şony diýsene –diýip, Serwer pikirdeş gopdy.
—Ony öldürseň, ýerine boljak şondan ybaly bormy? –diýip, Amangül janykdy. —Hekem bolmaga höwesek köp, ýöne hiç birisi Ärekçe ýok.
—Ärek erbedem däl –diýip, Rep ony goldady.
Repden jyny basylýandygy üçin, Yzzat:
—Täzelenip dursa gowy-da... –diýip, ýaranjaňlyga ýüz urdy. —Ynha, sen näme üçin hekem bolmaly däl?
—Goldasaňyz, men garşy däl –diýip, Rep eseldi.
Onýança-da, Ärek ýetip geldi. Ol zeberdes daýaw hem abyr-zabyrlydy:
—Siz ýene-de bärdemi? Gämiçiniň getirjeginiň azyk-suwlugyny üleşmegi niýet edinýäňizmi? Hany, düşüň öňüme. Bize dert berip bigörk eden Arşdaky Nurly gökden bir rysgal oklar öýtmäň. Rysgaly ýer ekip, balyk tutup, özümiziň edinmegimiz gerek.
—Bize balyk tutmak düşmeýär –diýip, Rep hüňürdedi.
—Daýhançylyk hem –diýip, Serwer onuň sözüniň üstüne goşdy. —Biz aw bilen eklenmeli. Owaldan däp şeýle.
Äregiň jany ýandy:
—Düşer. Düşmän näme. Hany, ýörüň. Ýogsam gyş ajymyzdan tükgereris.
Ärek olary beýleki işleşip ýörenleriň ýanyna alyp baryp käýindi:
—Görüň, ynha, şularam siziň ýaly adamlar. Işlemän iýmäge utanaňzokmy?
—Baý, utanýas-a... –diýip, Rep ýaňsyly güldi.
—Sen söze düşünmeýän bolsaň, belki, ýumruga düşünersiň –diýip, Ärek onuň tumşugyna bir-iki gezek sugşurdy. Şondan soň Rep ses-üýnüni çykarman, işlemäge başlady.
Ärek çeşmäniň ýakasyndaky suwaryp boljak ýerlere mekgejöwen, noýba, mäş, kädi, gawun-garpyz ekdirýärdi. Adanyň topragy mesdi. Zähmetinden gaçmasaň, hasyllylyk gowudy.
Ärek injirdir alma, üzümdir igde ýaly agaçlaryň nahallaryny oturtdyryp, miweli bagy hem köpeldýärdi.
Ada durmuşynyň iň bir howply döwri deňizde apy-tupan gopup, läheň-läheň tolkunlaryň bag-bakjalygy basýan, ýerkümeleridir çatma öýleri ýykan-ýumran edýän halatlarydy. Bu gorkunç ýagdaý her ýyl bolmasa-da, garaz, özüniň bardygyny ýatladyp durdy. Şonda bela-beterlik sowulýança depelere çykyp oňňut edýärdiler. Ýöne bu gabahatlygyň bähbitli tarapy-da ýok däldi. Deňiz köşeşip, suw çekilensoň, adada galan oýtumlardaky balyklary ýaltanman tutup kakatsaň, gyş aýlary diş gapyşmazlyk bolýardy.
3.
Aýjan hatyn edähedine görä, elini göterip geňeş maýdançasyna ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi-de, söze başlady:
—Ýene-de bir adam heýwerä uçrady.
Ýüzi nikaply, egni pürenjekli dertlini alyp geldiler.
Ol özüni tutup duranlaryň elinden sypmaga çalyşýardy. Onuň bu bolşuny şum täleýe kaýyl dällik diýip düşünýärdiler.
Ýerli-ýerden:
—Pelek işi!
—Pelek işi! –diýşip, göwünlik berýärdiler.
—Ada ugradyň! –diýip, Aýjan hatyn azymly buýransoň, ony gämiçä tabşyrdylar. Gämiçi adatdakylary ýaly haýalja kürekläp gözden ýitdi.
Aýjan hatyn indiki görkezmä garaşyp duran märekä ýüzlendi:
—Şaman oduny ýakyň! Otdan böküp, Arşdaky Nurlynyň öňünde günälerimizden saplanalyň.
Şaman oduny uludan ýakyp, yryma görä aýdylýan gazaly aýdyp, otdan böküp ugradylar:
—Şaman od-a! Şaman ot,
Eýle günälermiz ýat!
Senden eýläk bökeli,
Senden beýläk bökeli,
Günälermiz dökeli!
Otdan böküşlik yrymy gije bir çene barýança dowam etdi.
Adamlaryň göwnüne bolmasa, indi Arşdaky Nurly günälerini bagyşlajak, heýwere dep bolup, rysgallary bolajak ýalydy.
***
Dagdan aňryk oklanan garrylar garynlaryny otarmak aladasy bilen başagaýdy. Daň atdygy baş gaýgylary iýmäge bir zatjyk tapmakdy. Nädibem bolsa, ýaşamak isleýärdiler. Eger ýogalsalar, gözlerini çokmaga häzir gargalar yzlaryndan galanokdy. Maslykçy kelhemeçler hem hol ýokarda gaýmalaşyp ýördüler. Hemmesinden gorkunjy dag barsydy. Onuň islendik pursat üstlerine böküp, parçalamagy mümkindi. Şonuň üçinem belent gaýalara, barsyň bolup biläýjek ýerlerine ünsli seredip, hüşgär ýöreýärdiler. Agşam ýatalarynda bolsa üç kişi zordan ýerleşýän gowaga girip, agzyna daş örýärdiler. Dagyň düýbünden syzylyp çykýan çaklaňja bulagyň suwy olara ýeterlikdi.
Haýsydyr bir agajyň turşumtyk miwesini çeýnäp oturyşyna, Bäjan däde zeýrendi:
—Ahyr ýaşda görjegim gowulyk bor öýdüpdim.
—Men hem... –diýip, Nurjan däde pikirdeş çykdy.
Günaý ene takdyra kaýyllyk bilen uludan demini aldy:
—Kinäm ýok. Bu öňden däp.
—Aý, hawa, maňlaýymyza ýazlanydyr –diýip, Bäjan däde ylalaşdy.
—Men-ä açlyga öwrenişibem barýan. Uklap, oýanmasam gowy görjek –diýip, Günaý ene ysgynsyzja dillendi. —Şeýdip azapsyz öläýsem begenerdim.
Nurjan däde çöpläp getiren miwelerinden oňa hödür etdi:
—Al, sen beýdip ruhdan düşme.
—Sen heýweräň emini tapjak bol –diýip, Bäjan däde tebibi tijedi.
—Hawa, şeýt... –diýip, Günaý ene onuň sözüne goşuldy. —Şony tapsaň, belki, yzymyza baryp bileris.
—Elbetde, men synanyşýan –diýip, Nurjan däde janykdy. —Gije–gündiz bar pikrim şol.
—Duruň, bir zad-a gelýär. Bars bolmasyn... –diýip, Günaý ene diňşirgendi.
—Bu Dawut ýaly-la! –diýip, Bäjan däde begençli seslendi.
Onýança–da:
—Hawa, men –diýip, agaçlaryň arasyndan Dawut çykdy. —Ahyr sizi tapdym-ow.
—Bizden habar tutaýyn diýdiňmi? –diýip, Bäjan däde onuň ýüzüne guwançly seretdi.
—Hawa.
—Gowy edipsiň.
—Aýjan hatynyň gazabyna uçramakdan gorkaňokmy? –diýip, Günaý ene biynjalyk boldy.
—Bilibem durmaz –diýip, Dawut ýylgyrdy. —Tutan awymdan oklap geçeýin diýdim.
—Berekella! –diýip, Nurjan däde onuň arkasyna kakdy. —Merýem niçik?
—Oňat.
Dawut:
—Heýweräniň emini tapaňzokmy? –diýip, gyzyklandy.
—Basym tapsam gerek –diýip, Nurjan däde jogap berdi.
Awlan käkilikdir togdarylaryndan goýan Dawut hoşlaşmak bilen boldy: —Habar tutup duraryn.
4.
Adanyň ýakasynda düwlenleriň peýda bolmagy Äregi begendirdi. Olar beýle bir köp däldi. Ýöne et hem eşik meselesini çözmäge biraz haýyrlary degjekdi.
Özüni oňat duýýan adamlary ýanyna alyp, Ärek düwlen awlamaga gitdi. Ujy ýiteldilen taýaklar, paltadyr daş tokmaklar esasy ýaraglarydy.
Äregiň ýoklugyndan peýdalanyp, Repdir Yzzat gämiçini garşylamaga ýöneldi. Serwer bilen Amangül hem yzlaryna düşdüler. Köplenç pikirdeş gopýandyklary üçin, olary galdyrjagam bolmadylar.
Bu gün gämiçi uzak garaşdyrmady. Alyp gelen dertlisini kenarda düşürdi–de, öz bolýan ýerine ýüzüp gitdi.
Ol heýwerä uçranlardan biraz aňyrda özbaşyna ýaşaýardy. Hiç kim onuň nirede nähili ýaşaýandygyny bilenokdy. Kert kenardan aňryk öwrülip, gözden ýitýärdi.
Gämiçiniň giderine mähetdel Rep dagy bukudan çykyp, näderini bilmän äm-säm bolup duran dertliniň üstüne eňdiler.
Onýança-da, Äregiň azymly sesi eşidildi:
—Saklanyň!
Rep gaharly sögündi:
—Häý, içigar galmyş, bu tapylyp geldi–dä.
Ärek täze getirileniň pürenjegini aýryp, geňirgendi:
—Bu sagat ýaly-la!
—Özem ýaş gyz –diýip, Yzzat onuň ýüzüne tiňkesini dikdi. —Tebibiň gyzy Merýem.
Serwerdir Amangül Merýemiň gorkudan ýaňa gözleri peträp dur diýmeseň, dokuzy düzüw keşbini gözügidijilik bilen synladylar.
—Duruň, barmagyňyzy degirmäge milt edäýmäň! –diýip, Ärek Merýemiň ellerini çözdi.
Eli çözülen dessine, ol agzynyň daňysyny aýryp, gaçyp başlady.
Emma Ärek uly ädimler bilen ylgap, onuň öňüne geçdi. Yzyndan bolsa beýlekiler baryp, daşyny galladylar.
Nätjegini bilmän, Merýem naýynjar ýalbardy:
—Haýpyňyz gelsin. Meni yzyma goýberäýiň.
—Bolmaz –diýip, Ärek çürt-kesik jogap berdi.
Rep munuň sebäbini düşündirdi:
—Bärik gelen yzyna goýberilmeýär. Däp şeýle.
—Aýnjadygyny! –diýip, Serwer Merýemi gözi bilen iýäýjek bolýardy.
—Dertlemänkäm men mundanam aýnjadym –diýip, Amangül ahmyrly dillendi.
Bu geň waka aňk bolan Ärek ahyrsoňy dil açdy:
—Seni bärik ýönelige-hä ýollan däldirler.
—Hawa, bir sebäbi bolmaly –diýip, Rep alyp göterdi.
—Sen sagat ahyryn? –diýip, Yzzat Merýemiň ýüzüne sowally bakdy.
Näme üçin şeýdilendigine Merýemiň özi hem oňly düşünmeýäni üçin:
—Bilmedim-dä, doganlar... –diýip, gorkudan ýaňa saňňyldap durşuna jogap berdi.
—Geliň, keselimizi ýokaşdyryp, munam özümize öwreliň-le –diýip, Serwer töweregindäkileriň ýüzüne seretdi. —Aýjan hatyn şeýtmegimizi isläp, bärik ýollandyr.
Serweriň bu teklibi Amangüle ýaramanam durmady. Ýöne Repdir Yzzatyň belli bir zat diýmeklerine garaşdy.
—Golaýyna baraýmaň! –diýip, Ärek ýumrugyny görkezdi. —Almytyňyzy alarsyňyz.
Repdir Yzzatyň ýöwselläp duruşlaryny görüp, Serwer Äregiň al-petinden aldy:
—Sen muny goraglap näme etjek?
—Öýlenmekçi bolaýmasyn –diýip, Amangül içýakgyç kikirdedi.
Repdir Yzzat hem onuň bu sözüne gülüşdiler.
Ärek gorkudan hem aljyramakdan ýaňa süňňüni tutup bilmän duran Merýemi synlap, sowukganlylyk bilen dillendi:
—Bu gyz bize sagdyn görk-görmegiň näzeýilli zatdygyny görüp durmagymyz üçin gerek. Şeýtsek, belki, sagalmagymyza haýry deger.
—Häý, näbileýin-dä... –diýip, Rep başyny umytsyz ýaýkady. —Bolmajak zatlar...
—Şony diýsene... –diýip, Yzzat ylalaşdy.
Serwer bilen Amangül bolsa «Bu bir samsyk-laý...» diýşip, Ärege sögündiler.
Ärek olaryň sögünjine ähmiýet bermän, Merýeme ýüzlendi:
—Seniň düşen günüň öwerlig-ä däl. Men seni goraryn. Ýöne özüňi-özüň hem gorajak bol!
—Sag bol, agam! –diýip, Merýem hoşallyk bildirdi.
5.
Adamlaryň arasynda Merýemiň ýoklugy Dawudy iňkise giderdi. «Ol nämüçin meni garşylamaga çykmadyka? Oňa näme bolduka? Ýa-da kakasynyň düşen ýagdaýyna gynanyp, näsaglap öýünde ýatyrmyka?»
— Hany Merýem? –diýip, ol awunyň şowly bolmagy bilen gutlaýan adamlardan sorady.
Olar Aýjan hatynyň ýüzüne seredişdiler.
Soňra bolsa:
— Pelek işi!
— Pelek işi! -diýşip, duýgudaşlyk bildirdiler.
Aýjan hatyn özüne mahsus sowukganlylyk bilen:
— Heýwerä uçrady. Ada ugratdyk –diýip, Dawudyň sowalyna jogap berdi.
Bu ýakymsyz habara Dawut allaniçigsi boldy:
— O nähili? Bu bolup bilmejek zat!
Aýjan hatyn şeýle halatlarda aýtmagy endik edinen jümlesini gaýtalady:
— Taňry bize göz görkezýär.
— Taňrynyň öňünde Merýemiň ýazygy näme?
— Taňrynyň işlerine kaýyllyk gerek! –diýip, Aýjan hatyn Dawuda duýdurdy.
Dawut gollaryny göge göterip, janyýangynly gygyrdy:
— Eý, Arşdaky Nurly, sen nämüçin beýtdiň? Nämüçin Merýemi meniň golumdan aldyň? Men seniň hiç haçan gaňryşyňa gaýtmadym, saňa ikilik etmedim ahyryn. Ýürekden ynandym. Sen bolsa meni çürkediň.
Adamlar onuň daşyna üýşüp, köşeşdirmäge synanyşdylar:
— Nätjek-dä...
— Ýazgydynda bardyr.
— Öz gözlerim bilen görmesem ynanyp bilmen! –diýip, Dawut kethudanyň ýüzüne seretdi.
Aýjan hatyn oňa gaharly ýüzlendi:
— Özüňi ele al! Merýem gyzyň soňy däl.
Aýjan hatynyň gazabyna uçrasa, onuň Dawuda jeza bermeginden howatyrlanan adamlar:
— Köşeş.
— Kaýyl bol.
— Başyňy gowga sokma! –diýip, öwüt berdiler.
Aýjan hatyn özüniň şeýle söýülmänligine ahmyr etdi.
«Öýleneni bilenem Dawut barybir Uzbikäni söýmez. Onuň ýüreginde Merýem otyr. Zeleli ýok. Ondan sagat çagalar doglar. Şol bes. Onsoňam, ol meniň agamyň ogly. Kethuda bolup otyrkam, gaýry tiräniň gyzyna öýlenmegine ýol bermen».
Dawut adamlardan:
— Merýemi heýwerä uçransoň kim gördi? –diýip, soraýardy.
Olar:
— Ýüzi ýapykdy.
— Anyk görmedim –diýip, jogap berýärdiler.
Onýança-da Uzbibi:
— Men gördüm! –diýip, seslendi. — Onuň ýüzi ýaralardan ýaňa eräp-akyp durdy. Bedroýdy.
Dawut Uzbibiniň göreçlerine dikanlap bakdy. Onuň awçy nazary ol göreçlerde ýalan-ýaşryk alamatyny gördi:
— Men saňa ynanmaýaryn.
— Onda, bar, ynanýanyň ýanyna ötägit! –diýip, Uzbibi içýakgyç ýylgyrdy.
— Giderinem.
Aýjan hatyn gyzyny ýanyna çagyrdy:
— Ony gününe goý. Wagt geçer. Köşeşer.
Dawut köşeşmedi. Merýemi küýsäp ýüregi barha beter atygsady. Ikiçäk duşuşyklaryny, Merýemiň birgeňsi näzli garaýyşlaryny ýatlady.
Onsoňam onuň göwni haýsydyr bir aldawy, mekirligi syzýardy.
Halaşyp başlan uçurlaryndan Merýem ikisiniň esasy gaýgysy baş birikdirmeklerine Aýjan hatyn ýol bermez öýdüp gorkýardylar.
Aralaryna heýwere düşer öýdüp welin pikirem etmeýärdiler. Ýaşdylar. Şadyýandylar.
Aýjan hatyn Merýemiň kakasyny dagdan aňryk oklamaga höküm edýänçä bigamdylar.
Deňziň kenaryndaky pynhanja ýerde ýygy-ýygydan duşuşýardylar.
Del gözden sowa bu ýeri olar gowy görýärdiler.
Bäride diňe ikisidi. Biri-birine mähirli seredişip, durmuş barada gyzykly gürrüňler edýärdiler.
Deňziň düýbüne çümüp, Dawut oňa balykgulaklaryň içinden tapyp, täsin dürleri getirip berýärdi. Merýem begenýärdi. Şonda onuň ullakan ala gözleri islendik dürden ýiti şuglalanýardy. Ol gözler Dawuda bolan söýgüden doludy. Ol gözlerde hiç hili aldaw ýokdugy görnüp durdy.
Iki-üç günlük awa gidende, Merýem ýadyna düşdügi, ilki bilen şol owadan gözler hakydasyna gelýärdi.
Kakasy ýogalansoň, Dawut ejesiniň elinde ulalypdy.
Ejesi mylaýym aýaldy.
Merýem babatda onuň pikri gowudy.
Eger Aýjan hatyn garşy çykmasa, ikisiniň bagtly bolup biljekdiklerini aýdýardy.
Merýem ikisi babatda Aýjan hatyn bilen gürleşip görmegi söz berýärdi. «Emma, heýwere olaryň umytlaryny puja çykardy. Ýöne, Dawut heýwerä baş bermez. Merýemi oňa elinden aldyrtmaz.
Asla, öz gözleri bilen görýänçä Merýemiň bu derde uçranyna hem ynanyp baranok.
Merýem mundan iki gün ozal hem sagatdy ahyryn.
Ýa-da ol dogrudanam heýwerä uçraýdymyka?»
Ejesiniň garşy bolmagyna seretmezden, Dawut Merýemiň yzyndan gitmegi ýüregine düwdi.
Gämiçi gelipdi.
Gäminiň içinde haýsydyr bir gussaly hyýala batan ýaly, başyny aşak salyp garaşyp otyrdy.
Heýwerä uçran ýok bolsa, bu gün ol boş gaýdar.
Dawut golaýyna baryp oňa ýüzlendi:
— Eý, gämiçi!
Gämiçi özüne habar gatmaga milt edip bilen batyr kişä geň galyp göz aýlady:
— Aýdyber.
Onuň sesi dagyň zawyndan çykýarmyka diýdirýän ýognasdy. Uzak wagtlap gürleşmändigindenmi, ýa-da aslyýetinde şeýlemi könelişip, çaň basyp giden ýaly ýakymsyzdy, sowukdy. Adam sesine meňzemeýärdi.
— Meni ada äkidip bilmezmiň?
— Heýwerä uçramadyk halyňa adada nä körüň bar?
Gämiçiniň ýöne şeýle yrylmajagyna göz ýetiren Dawut başyna düşen ahwaly aýtmagy makul bildi:
— Meniň halaşýan gyzym bardy. Awda wagtym heýwerä uçrapdyr. Ony ada ýollapdyrlar. Belki, sen alyp gidensiň?
— Elbetde mendirin –diýip, gämiçi baş atdy. — Meniň müşderilerimiň ýüzi ýapyk bolguç. Olaryň nähili adamlardygyny görmeýärin. Olar bilen gürleşmeýärin. Bu meniň borjuma girmeýär.
— Men onsuz bäride karar tapamok –diýip, Dawut ýagdaýyna düşünsin üçin ýüregini açdy.
— Ol owadanmydy?
— Owadandy.
— Heýwerä uçransoň gören bolsaň, sen ondan el çekerdiň.
— Men ony söýýän ahyryn! –diýip, Dawut janygdy.
— «Söýgi! Söýgi!» –diýip, gämiçi biraz oýlanyp oturdy-da, agrasdan batnykly äheňe geçdi. — Söýginiň gözleri gözelligi küýseýär. Birgörklük onuň garagyny gapýar. Wepasyny puja çykardýar. - Onsoň ör turup, gitmäge häzirlendi. — Bu dert örän ýokanç. Ol gyz bilen indi duşuşdygyň, heýwerä uçradygyň biläý. Bar, durmuşyňy adaty adamlaryň arasynda ýaşap öt! Ol gyzy unut.
— Undup bilmesem gerek.
— Täze söýgi kenardaky aýak yzlaryny öçürýän tolkun kibi. Başga biri bilen halaşdygyň, öňkiňi unudýarsyň.
— Men ony hiç haçan unutmaryn. Meni äkit –diýip, Dawut onuň gämisine ýapyşdy.
— Bar, akmaklyk etme! –diýip, gämiçi ony küregi bilen itip ýykdy.
— Ýalbarýan, äkit –diýip, Dawut ýene-de ýapyşdy.
Söz bilen yryp bolmajagyna göz ýetiren gämiçi nikabyny açyp, ýüzüni görkezdi:
— Ynha, synla! Puşman etmezmiň?
Gämiçiniň ýüzi bedroýdy. Gorkunçdy. Iriňläp, dömmerip duran ýaralaryndan ýakymsyz hapa suwuklyk atylyp çykyp, üst-başyňa syçrap, bu nägehan derdi dessine ýokaşdyraýjak ýalydy. Asla, onuň mysalasy «Heýweräniň ojagy şu bolaýmasyn?» diýdirýärdi.
«Merýemiň hem keşbi häzir şeýlemikä? Heýwere onuň synlap doýup bolmaýan görk-görmegini bozmaga nädip dözüp bildikä?»
Merýemiň mähirli uçganaklap duran ala gözleri, özüne imrindirýän ýuka dodaklary, näzli ýylgyranda birgeňsi çukanajyklar emele gelýän ter ýaňaklary Dawudyň göz öňünde janlandy.
Onuň dertlänine hiç ynanasy gelenokdy. Bu ýerde Aýjan hatynyň eliniň bardygyny, özüni Uzbibä öýermek üçin şu mekirlige ýüz urandygyny ýüregi syzýardy. Göwnüne ýaramadyk sagat adamlary hem heýwerä uçrady bahanasy bilen ada ýollaýandygy barada eşidipdi.
«Belki, Merýemi hem şeýdendir. Häzir Merýemiň meniň goltgyma iň bir mätäç döwrüdir. Bäride galybam Merýemsiz durmuşyň meniň üçin näme gyzygy bar?»
— Ýok, puşman etmen. –diýip, ol kesgitli jogap berdi.
— Bolýar, mün onda.
Dawut gämä münüp, ornaşykly oturdy.
Gämiçi adatdakylary ýaly haýalja kürekläp, mawy ummanda gözden ýitdi.
Dawudyň gämiçi bilen gidendiginiň habaryny Aýjan hatyna ýetirdiler.
«Akmak!» -diýip, ol gaharly sögündi. «Janyndan iren bolsa, goý gitsin. Uzbibi ärsiz galmaz. Tirämizde Dawutdan başga-da edenli ýigit köp.»
6.
— Geň galmaly zat, seniň ýaralaryň gutulyşypdyr. -diýip, Amangül Yzzadyň ýüzüne gözügidijilik bilen seretdi.
Äregi öldürmekçi bolýandygy baradaky syryny açany üçin Yzzat ondan öýkelidi.
— Heýweräniň wejera edendigine seretmezden, bu aýalyň ozal görmegeý bolandygy boý-sagtyndan duýulýardy. Yzzat ony gowy görýärdi. Ýüregini açyp, syryny ynanýardy. Ýöne, ol diline gowşakdy:
— Sen mäme, eşideňokmy? –diýip, Amangül oňa ýamaşgan ýüzlendi. — Gözüň aýdyň, gutulypsyň.
Soňky günler Yzzat özüni dogrudanam gowy duýýardy. Endamynyň agyrysy kem-kemden aýrylyşyp barýardy.
Aýjan hatyn ada ýollamanka, Nurjan däde oňa heýwerä garşy ýasan dermanyny içiripdi.
Şonda tebibem, Yzzadyň özem bu dermanyň haýrynyň degjegine ynananokdylar.
«Aýjan hatyn bärik ugratmaga howlukmadyk bolsa, men sagaljagam ekenim.»
Amangülüň habary ony begendirdi. «Başganyň gözüne hem duýulýan bolsa, diýmek men dertden saplanandyryn».
Amangül bu geň hem şatlykly habary, beýlekilere-de dessine ýetirdi.
Yzzadyň daşyna üýşüp, Nurjan dädäniň oňa näzeýilli derman içirendigini soraýardylar.
Elbetde ol belli bir jogap berip bilenokdy:
— Aý, birhili ajymtyk dermandy... –diýip, eginlerini ýygyrýardy.
— Diýmek, Nurjan däde heýwerä garşy dermany tapypdyr-da! –diýip, Ärek begençli seslendi. — Indi biz gutularys!
Derde uçranlaryň ýüreginde umyt uçgunjyklary döredi.
Bu habary Uly ýere diňe gämiçiniň üsti bilen ýetirmek mümkindi. Adanyň ýoluny şondan özge hiç kim bilenokdy.
Ol geldigi Ärek onuň bilen gürleşip görjekdigini aýtdy. Eger yryp bilse, Yzzady Uly ýere ýollamakçydy. «Goý, ol Aýjan hatyna özüniň nädip sagalandygyny düşündirsin.
Nurjan dädäni özlerini bejerer ýaly dessine bärik goýbersin.»
Hoş habary Merýeme hem eşitdirmegi makul bildiler.
Merýem Äregiň maslahat bermegi bilen heýwerelilerden biraz daşda, özbaşyna ýaşaýardy.
Derde uçramazlyk üçin şeýtmek möhümdi.
Ol özüne gargygamyşdan çaklaňja çerdejik gurnupdy.
Çakmakda ot alnyp, çarlak ýumurtgalaryny bişirinip, ýabany agaçlaryň miwelerini ýygyp iýip oňňut edýärdi.
Ilki kakasyndan jyda düşmegi, soňundanam bu näbelli ada, elhenç dertlileriň oklanylýan ýerine getirilmegi onuň ýüregine bitmejek ýara salypdy.
Indi ol özi üçin iň eziz adam Dawudy hem görüp bilenokdy. Mundan beýläk görjegine-de ynananokdy.
Häzir onuň ýeke-täk aladasy, heýwereden goranyp, haýsydyr bir şowly ýagdaýyň ýüze çykmagyna — bagtynyň çüwmegine umyt edip ýaşamakdy.
Kakasynyň ýasan dermanyny içen Yzzadyň gutulandygy baradaky hoş habary aýtsa-da, Merýemiň begenmezligi Äregi geňirgendirdi.
Aýjan hatynyň däbi bahanalap, garry adamlary dagdan aňryk okladandygyny, şolaryň arasynda kakasynyň hem bardygyny Merýem olara gürrüň berdi. Aç-suwsuz ýa-da ýyrtyjy jandarlar parçalap olaryň eýýäm heläk bolan bolmagynyň-da mümkindigini ýatlatdy.
Bu barada eşidip, adamlaryň keýpi gaçdy. Dertden saplanmak umytlary üzüldi.
Ýerli-ýerden Aýjan hatyna sögündiler.
Ärek bolsa:
— Heýwere ol kemçiniň ýüreginde otyr. Göräýmäge ýüz-gözi görkana hem bolsa, ol bizden müň beter bedroý! –diýip, gaharly gygyrdy. — Oňa nälet bolsun!
Onýança-da Rep:
— Gämiçi gelýär –diýip, deňziň mawy alyslyklaryndan kiçijik bir nokat ýaly bolup bärik süýşýän gämini görkezdi.
Gämiçi kenara ýeterine mähetdel Ärek oňa:
— Sen näme şepe soňky günler sagat adamlary getirip başladyň-la?! –diýip, habar gatdy.
Gämiçi hiç bir jogap bermän Dawudy düşürdi.
Şonda onuň gözi Dawudyň gujagyna dolmaga ylgap gelýän Merýeme düşdi. Onuň sagatdygyna geň galdy.
Rep Merýemiň öňüni gallady:
— Saklan, biziň adamyzda gujaklaşmak bolmaýar.
— Goý, gujaklaşsynlar! –diýip, Ärek ony çete çekdi.
— Sen sagat ahyryn?! –diýip, Dawut Merýemi mähir bilen bagryna basdy.
— Hawa, men sagat. Aýjan hatyn agzymy bagladyp, elimi daňdyryp, ýollady. -diýip, Merýem düşündirdi. — Men bäride oýlanyp-oýlanyp, beýtmeginiň sebäbine düşündim. Ol seni özüne giýew edinmekçi bolýar.
— Onuň bu niýeti başa barmasa gerek.
— Men bolsa, ilkä kakamy, soňam seni ýitirdim diýip, gamlanyp ýördüm.
— Kakaň diri! -diýip, Dawut buşlaryna mähetdel, begenmekden ýaňa Ärek onuň alkymyna dykylyp bardy:
— Nurjan däde dirimi?
— Hawa, awdan gelýärkäm men olara et hem goýup gaýtdym.
Bu habara ýerli-ýerden begenişdiler.
Gämiçini yryp, Dawut ikisini tebibi getirmäge ýolladylar.
* * *
Dagdan aňryk oklanan garrylar entek diridi.
Ýaşy bir çene baryp, kuwwaty gaçandygyna seretmezden, olaryň ömür boýy edinen tejribeleri bardy. Şol olara ýaşamaga ýardam berýärdi.
Nurjan däde garran agaçlaryň çüýräp başlan düýplerinde emele gelen kömelekpisint heňlerden jemläp, heýwerä garşy dermany ýasady.
Ol bu dermany öň hem ýasapdy.
Ony derde uçran Yzzada içiribem görüpdi.
Ýöne, Aýjan hatynyň Yzzady Abeskun adasyna, özüni hem bärik oklatmagy dermanyň täsirini barlap görmäge maý bermändi.
Nurjan dädäniň çakyna görä, bu derman heýwere belasyny dep etmelidi.
Onuň niýeti Dawut habar tutmaga gelende, dermany berip goýbermekdi.
«Goý, heýwerä ýolugana içirip, barlap görsünler.»
7.
Adadakylaryň sagalyp yzyna gelmegi halky begendirdi:
— Ine saňa gudrat!
— Gözüňiz aýdyň! –diýşip, biri-birini gutlaýardylar.
Nurjan dädäni bolsa «Beýtmäň!» diýmegine seretmezden, guwanç bilen göge oklap-gapdylar.
Halkyň bu bolşy Aýjan hatyna ýaramady.
Ol hökümli sesi bilen mähellä ýüzlendi:
— Arşdaky Nurly heýwerä uçranlarymyzy sagaldyp, bize rehim edip başlady...
Serwer onuň sözüni böldi:
— Bizi sagaldan Nurjan dädäniň dermany!
Ärek bolsa dogumlylyk bilen onuň ýüzüne durdy:
— Sen kethudalyga mynasyp däl!
— Dertlemedik Merýemi ada iberip, telek iş edipsiň! –diýip, Günaý ene hem onuň sözüni alyp göterdi.
Adamlar ýerli-ýerden:
— Gör, nähili naýynsaplyk!
— Kethuda halal, mert kişi bolmaly! –diýşip, nägile bolşup gygyryşyp başladylar.
Aýjan hatyn olara gazap bilen ýatlatdy:
— Men ozaldan gelýän kethudalar neberesinden. Şonuň üçinem, ölinçäm kethudadyryn. Menden soň gyzym Uzbibi kethuda bolar. Däp şeýle.
Bäjan däde mähelläniň öňüne geçdi. Geňeş meýdanyna üýşenlere ýuwaşdan siňňitli ýüzlendi:
— Däbi adamlar döredipdir. Adamlar ony üýtgedip hem biler. Kethuda dogruçyl, pähimli kişi bolmalydyr. Kethuda edip Dawudy saýlalyň!
— Makul pikir! –diýip, Ärek gygyrdy.
— Menem goldaýan –diýip, Yzzat hem goluny göterdi.
Halk bu teklibi oňlap, Dawudy kethuda saýlady.
Aýjan hatyn halka garşy çykyp bilmedi.
Dawut mähellä ýüzlenip, şeýle diýdi:
— Mundan beýläk ýerem ekeris, balygam tutarys. Diňe öz tirämiz diýip durman, beýleki tireler bilenem gyz alşyp-berşeris. Ine, şeýdip sagdyn, kuwwatly halka öwrüleris.
— Adamlar, mende-de bir teklip bar! –diýip, Günaý ene hem söz aldy: — Bu gün biz özümize Dawudy kethuda saýlap dogry etdik. Indi Merýem ikisiniň toýuny hem tutalyň. Olar biri-birine tüýs mynasyp.
— Dogry aýdýaň! –diýşip, Günaý enäni ýerli-ýerden goldadylar.
Dawut bilen Merýemiň toýuny uludan tutdular.
Halkdan öýkeli Aýjan hatyndyr Uzbibi öýden çykman oturdylar. Soňra olar hem öýkesini goýbolsun edip, toýçulara goşuldylar.
Ärek, Rep, Yzzat, Amangül, Serwer ýene-de onlarça adamlar hezil edip küşt depdiler, gazal aýtdylar.
Bu toý çaklaňja hun halkynyň durmuşynda iň şatlykly wakalaryň biri boldy.
Şondan soň gämiçi gürüm-jürüm bolup, heýwere belasy olara azar bermedi.
* * *
Aradan birnäçe ýyl geçensoň, deňze balyk tutmaga çykan balykçylaryň gämisini gaý turup, Abeskun adasynyň adam aýagy sekmedik ýowuz kenaryna oklady.
Şonda olar adanyň belent baýrynyň üstünde gurlan geň jaýjagaza duşdular.
Jaýyň gapdalyndaky tekiz meýdançada bolsa, haýsydyr bir närsäniň göge uçup giden yzy bardy.
Topragy ýakyp-ýandyran ol yzy balykçylar Arşdaky Nurlynyň ýere ýollan perişdesiniň göge göterilende galdyran yzy diýip düşündiler.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar