23:26 Hezreti Muhammediñ külliýesi | |
HEZRETI MUHAMMEDIÑ KÜLLIÝESI
Publisistika
Prezident Erdogan Kipre gitdi. "Iñlis ýatakhanasy" diýen Prezident köşgüniñ we Mejlis binasynyñ Demirgazyk Kipr Türk respublikasynyñ at-abraýyna gelişmeýändigini aýdyp, 500 gektar meýdanda haşamly-haýbatly täze "külliýäniñ" gurluşygyna başlanjakdygyny mälim etdi. "Ine, döwlet bolmak diýip şuña aýdylýar!" Bir lukma, bir hyrka pelsepesini ýatladym... Hezreti Muhammet (s.a.w) külliýesiniñ - "Mesjidi-Nebewiniñ" ýerini öz puluna satyn aldy. Hezreti Muhammet (s.a.w) külliýäniñ gurluşygynda özem işledi. Binanyñ hurma agaçlaryndan edilen sütüni, hurma şahalary bilen basyrylan üçegi, daşdan gurlan diwary bardy. Oña ýanaşyk gurlan öý bölegi-de (guburyñ häzirki ýerleşen ýeri) kerpiçdendi. (Külliýäniñ "Suffa" diýlen bölegi okuwa we garyp-gasarlara bölünip berlipdi.) Bir gektarlyk külliýäniñ 35 metrlik ininde we 30 metrlik boýunda daşdan tutulan binýadyñ üstïni çig kerpiçden örülen diwarlar tutýardy. Külliýäniñ günbatarynda Babürrahme, gündogarynda Babüjibril, gündogarynda Babüljenuby ady bilen üç gapysy bardy... Gündogar tarapyndaky diwara ýanaşyk Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ýanýoldaşlary Hezreti Äşedir (r.a) Hezreti Sewde (r.a) üçin iki kiçijik otag salyndy. Külliýedäki kiçi otaglaryñ beýikligi elýeter belentlikdedi. Üçegi gum bilen basyrylandy we poly-da gumdy... Öýleriñ gapysy ýokdy. (Öýüne birinji gezek gapy goýan Süheýl ibn Amr boldy, emma Hezreti Omar (r.a) muña garşy çykdy.) Hezreti Muhammediñ (s.a.w) külliýesi jemi 150m² ululykdady! Özem onuñ mesjidiniñ münberi-mähraby-da ýokdy. Hezreti Muhammet (s.a.w) jumga söhbetlerini bir agaç töññesiniñ üstünde oturyp ederdi. • KÜLLIÝÄNIÑ GOŞLARY Hezreti Muhammediñ (s.a.w) öýünde aşagyna odur-budur zat sygar ýaly beýiklikde bir şerir (tekje -t.b.) bardy. Öýüñ iñ gymmatly goşy şudy. Hezreti Muhammet (s.a.w) şeririñ üstünde uklamagy gowy görüpdir. Ol bir öýde üçden köp şeririñ bolmagyny isrip saýypdyr. Haly araplaryñ arasynda baram we öýlerde ulanylýanam bolsa, Hezreti Muhammediñ öýünde haly ýokdy. Öýünde hurma şahalaryndan örülen bir hasyr (biz türkmenleriñ gury gamyşdan örüp keçe basýan ýa-da gara öýüñ daşyna tutýan çygyna meñzeş -t.b.) bardy. Agşamlaryna hasyr tuty-perde deregne-de ulanylýardy. Düşegi - içi hurma süýüminden doldurylan deriden edilendi. Uklanda üstüne ýapynýany - çözgüsi çöpürden, argajy düýe ýüñünden edilen ýönekeýje "odeýaly" bardy. Namazlygy "humra" diýilýän hurma agajyndan örülendi. (Ebu Dawudyñ aýtmagyna görä, namazlygyñ bir gyrasy ýanyk eken!) Hezreti Muhammet geýnişinde bolşy ýaly, öýleriñ çakdanaşa bezelmegini, meselem, haşamly tutylaryñ ulanylmagyny isrip saýardy. Onuñ düşek hökmünde “sehwe”'-ýüklügiñ öñüne gerilen bezemen tuty sebäpli Hezreti Äşä (r.a) käýändigi barada maglumat bar. Köp kişide bolandygyna garamazdan Hezreti Muhammetde (s.a.w) çyra ýokdy. Ol dañ atýança çyra ýakýanlara beýtmezligi ündärdi... • ÝEKE GYMMATLY GOŞY Ynansañyz, külliýede hajathana-da bolmandyr. Öýlerden uzakdaky "menasi" diýilýän ýere aýakýoluna gidilipdir. Hezreti Muhammet (s.a.w) köplenç ýanynda göterýän we namaz okajak wagty sütre (setka) hökmünde ulanýan taýagyñ üstüne aýakýoluna gidende ridasyny gerip perde ýasanardy. Gartaşanda “aýdane” diýlen hurma agajynyñ töññesinden oýup ýasama zerurlygy ýüze çykdy... Hezreti Muhammet (s.a.w) otagynyñ mata tuty bilen bölünip aýrylan böleginde suwa düşerdi. Öýe suw daşardan getirlerdi. (Baýlaryñ öz guýusy bardy. Käbirleri suwy puluna satansoñ, Hezreti Muhammet (s.a.w) Rume guýusyny satyn alyp, halkyñ hyzmatyna beripdi.) Hezreti Muhammet (s.a.w) syrkawlan wagty diñe Hezreti Hafsada (r.a) bolan "mirken" atly uly mis legende suwa düşerdi... Ýaşyl syrçaly tabaklara doldurylan suw bilen täret alardy. Suwgap hökmünde nudar agajyndan ýasalan "Jümjüme" atly käse ulanardy. Soñky ýyllar Siriýadan getirlip sowgat edilen jamy ulandy. (Ys we sürme gaplary jam deregne ulanandygy hem hadyslarda aýdylýar.) Hezreti Muhammet (s.a.w) ýere ýazylan deri saçagyñ başynda iýip-içýärdi. Iki sany sebetde bolsa iýip-içilýän zatlar saklanýardy. Hezreti Muhammet (s.a.a) öýüniñ daşyndaky ojak-tamdyry ýakyn goñşusy Harise ibn en-Numan bilen bile ulanýardy. Aşhanasynyñ iñ gymmatly goşy elekdi. (Hezreti Muhammet (s.a.w) özi barada aýdanda hiç haçan elekden geçirlen undan edilen çörek iýmändigini aýdypdy.) Onuñ öýünde çörek bişirmek üçin goýlan däneler daş sokyda döwlüp, kepegi üflenip alnyp, bir gapda ýumşamaga goýlardy, soñam hamyr ýugrulardy. Yzygiderli ýagdaýda daş degirmen ulanýandygy üçin Hezreti Muhammediñ (s.a.w) ellerinde elmydama diýen ýaly ýara bolardy. Ol bu daş sokyny kakasynyñ öýünden getiripdi... Hezreti Muhammet (s.a.w) bir döwüm çörek bilen, ýeke hyrka (don) bilen oñmagyñ deñsiz-taýsyz nusgasydyr! Simwolydyr! Döwlet - belent binalaryñy güjeñlemek bilen döwlet bolmaýar! Hezreti Aly şeýle diýipdi: "Adamy ýaşat, döwlet ýaşasyn." Soner ÝALÇYN. "SÖZCÜ" gazeti, 21.07.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |