22:20 Hödürlemäge mynasyp sowgat | |
HÖDÜRLEMÄGE MYNASYP SOWGAT
Söhbetdeşlik
● Riçard Bah bilen söhbetdeşlik 1991-nji ýylyň sentýabr aýynda Amerikada, Ýuwaş ummanyň kenaryna ýakyn Orkas atly kiçijik adadadym. Bu ýerde Aleksandr Ewerett[1] hünär okuwyny geçýärdi. Bir gezek arakesme wagty açyk dalanda güneşli deňiz howasyndan lezzet alyp otyrkam, asmandan çaklaňja ak uçar aşaklygyna indi. — Bu Riçard Bah — diýip, ýanymda oturan ýerli habar berdi. — O nähili? O nireden çykdy?! — Ol şu ýerde ýaşaýa ― diýip, ol biperwaý jogap berdi. Men welin bir zady bilýärdim, Riçard Bah bilen hökman duşuşaýmalydym. Onuň bilen tanyşdyrmagy haýyş edip, hünär okuwyna gatnaşýan Sergeý Wsehswýatskä ýüz tutdum. Sergeý bu ada ozalam köp gelip ýörensoň, amerikalylara ýat adam däldi. Sergeý: — Bu mümkin däl ― diýdi. — Amerikada meşhur bolmagyň nämedigini bilýäňmi beri? Olar bilen duşuşmak isleýän diňe sen däl. Riçard Baham meşhur adam. — Polisiýadan telefon belgisini bilip bolmazmyka? — Telefon belgisini bermezler. — Ýöne ada beýle bir ul-a däl. Öýme-öý aýlanyp, nirede ýaşaýanyny soraryn, ahyrsoňy bilýän tapylar, şeýdip oň bilen duşuşaryn. — Bu şahsy mülke aralaşmak bolýa. Düşün, Bah hiç kime görünmezlik üçin şu adada ýaşaýa. Şeýle-de bolsa, Sergeý Baha duşuşmak isleýändigimizi ýetirmegi dostlaryndan haýyş etjekdigine söz berdi. Şol döwür: «Maňa Riçard Bah bilen duşuşmak gerek» diýip, amerikalylara azar ýamanyny berip başladym. Olaryň haýyşyma berýän jogaplary mydama birmeňzeşdi. Ilki içýakgyç gülki, yzyndanam: «Mümkin däl!» diýen gysgajyk jogap. Şonda men sabyrly bolmalydygyma düşündim. Bu duşuşygyň bize garanda, Riçard Baha has zerurdygyna welin, çyn ýürekden ynanýardym. Hünär okuwy gutardy. Okuwa gatnaşanlaryň hemmesi diýen ýaly gaýdypdy. Şol adada ýaşaýan ezoterikleriň gyzgyn daşyň üstünde aýakýalaňaç ýöreýän topary bilen söhbetdeşlik gurnamak üçin galypdym. Sergeý maňa kömek edýärdi. Söhbetdeşligiň dowamynda telefon jyrlady. Jaň edýän Sergeýiň dostudy. «Siz nirede? Baha siz barada habar edildi, ol eýýäm üç gün bäri sizi gözläp hemme ýere jaň etdi. Ol siz bilen duşuşmak isleýä» diýip habar berdi. Şol gün agşam biz Riçardyňkydadyk. Ol uçut gaýanyň üstünde ýerleşen kaşaň jaýynda hetdenaşa hoşgylaw, çensiz-çaksyz paýhasly hem-de juda-juda ýalňyz görünýärdi. Bu duşuşygyň bize garanda, megerem, Riçard Baha has zerurdygy barada eden çenimiň dogry bolup çykandygyna düşündim.Ol köpdenbärigörüşmedik ýakyn dostlaryň seýrek bolýan duşuşygyny ýatladýan ajaýyp agşam boldy. Dogrusy, bu duşuşyga isleýşimçe işjeň gatnaşyp bilmedim. Sebäbi şondan bir gün öň ummanda sowuk suwa düşüpdim. Şeýdibem sesim gyrlyp, Riçard bilen duşuşykda ol bütinleý ýitipdi. Belki, şeýle bolmalydyr-da. Özara söhbet den uçursyz lezzet alýan Riçard bilen Sergeý gürrüňe gyzygyp gitdiler. Sergeý Wsehswýatskiý: Riçard, kitaplaryň ýurdumyzda örän meşhur. Ýöne meň pikirimçe olar kyssa däl-de, köp babatda şygryýet hökmünde kabul edilýär. «Jonatan Liwiňston atly çarlagyny»[2] okanymda, bu eseriň sarsgynyny mydama duýdum. Meň pikirimçe, beýan edilen taglym sarsgynyň ýa-da galybyň adamlara täsir edişi ýaly, güýçli täsir etmeýärmikä diýýän. Göwnüme bolmasa, ulanýan galybyň, eserleriňde ulanýan taglymlaryňa garanyňda, okyjylara has güýçli täsir edýän ýaly. Şuňa üns beripmidiň? Riçard Bah: Bu barada hiç haçan oýlanmandym. Sazlaşygy takyk ulanyp, tekstiň belli-belli ýerlerinde säginýänligim, megerem, aýdýanlaryňa şaýatlyk edýän bolsa gerek. Şol sebäpli kitaplarymyň şygryýete golaý bolmagy mümkin. S. W. Şygryýetiň nämedigini bileňokmy? Şygryýet ― däp-dessurlaryň toplumy. Kyssa — bu uly jady. Kyssa — är kişiniň kuwwatyna daýanýar. R.B. Muňa baha bermek maňa kyn. Duýgurlyk çägim juda dar bolara çemeli. Eserlerimiň hemmesi özümçe ýazylan. Ýazyp otyrkam ýeke-täk bir adamy — özümi yzyma düşürýärin. Ýöne meň bagtym çüwdi, çünki maňa gerek bolan taglym köp adam üçin has ge rekli bolup çykdy. Durmuşda gözümiň açylmagyna iki ýagdaý sebäp boldy. Olardan biri gije bolupdy. Ýyldyzlary synlaýardym, ýöne hiç zat ýok ýerden, gözümiň öňünde perde bar ýaly bolup duýuldy. Perde bir ýana syryldy welin, bar zada düşündim... Başga bir gezek gözüň ýagyny iýip gelýän tükeniksiz şöhläniň täsirini duýdum. Ol ýiti şöhlä tap getirip bilmän, onuň ýitirim bolaryny diläp çokundym. Ýiti şöhle maňa ýadro şöhlesi ýaly göründi. Ol maňa güýç berdi, özümiň kimdigimi, öý-öwzarymyň bardygyny, hut şularyň taýsyz gözellikdigini öwretdi. Men muňa düşünip, bular hakda kiçijik bir oýnuň üsti bilen gürrüň bermäge synandym. Bu oýun — biziň «şu wagt, şu ýerde» diýip atlandyrýan ýagdaýymyzdyr. Bu oýunda şol lezzetiň hatyrasyna ýaşaýan. Meň üçin bu oýun lezzetiň çeşmesi. Siz ýa-da okyjylar bilen söhbet gurýan wagtym gürrüňim gyzyklanma döredýärmi ýa ýok, ony welin bilemok. Özüm üçin bu juda gyzykly bolansoň, o barada daňdan sagat dörde çenli gürrüň bermäge taýýar. Şeýle-de, men daňa çenli oturyp, «Saňa ýüregimi açyp, kalbymyň töründen ýer bereýin, juda gyzyklanýan zatlarymy seniň bilen deň paýlaşaýyn» diýýän her bir adamy diňlemäge taýýar. Ýöne şeýle duşuşyklar tiz-tizden bolýandyr diýip pikir etmegiňiz müm kin. Ýok. Olar örän seýrek bolýar. Meselem, ýekelikde ýa-da Lesli bilen bile nirededir bir ýerde çykyş eden wagtlarym bolýar. Çykyşdan soň, adatça, daşymyzy adamlar gallaýar, olaryň maksady bir: sowal berip, jogabyny eşitmek. Bularyň hemmesi meniňem bilmek isleýän sowallarym — adam näme pikir edýär, näme öwrendi, näme etmek isleýär, näme etmek islemeýär, nirä barýar. Men şeýle sowallary bermegi gowy görýän. Kyn soraglary beren wagtyň, asla pikiriňe-oýuňa gelmejek jogaplary alýarsyň... Balerinadan tapawutlylykda, deňagramlylyk ýagdaýyndan daşda durasym gelýär. Bu meniň tebigy endigim. "Ilýuziýada" Donald Şimoda duşanymda, jahanda hiç kimiň jogap tapyp bilmejekdigine yna mym bolan sowaly berip, ony mydama burça gabamak isleýärdim. Mysal üçin, oňa: «Nädip dünýäniň halasgäri bolmaly?» diýen sowaly hem berip bilerdim. Bir gezek şeýle sowaly berdimem. Sowaly hat ýazýan enjamda ýazyp, turup gitdim. Birnäçe sagatdan soň, duşundan geçip barýarkam, näbelli güýjüň meni ýazuw enjamynyň başynda otur maga mejbur edýändigini duýdum. Birdenem şu jümläni eşitdim: — Men saňa kitap berjek. — Näme? Kitap? Dünýäni halas etmek hakyndaky gözükdiriji kitaby edinmek pikiri meniň üçin çensiz-çaksyz gyzyklydy. Şular ýaly ýagdaýlar yzly-yzyna gaýtalanyp ugrady. Maňa mälim bolşuna görä, Donald Şimoda juda hakyky atçyl hem özüne çekiji adam. Ol meniň lezzet alýan zadymdan lezzet alýardy hem-de deňagramlylykda, gyradeňlikde bolmagy halamaýandygymy bilýärdi. S.-W. Meňem öz tejribämi paýlaşasym gelýär. Seň aýdanlaryňa meňzeş hadysa meňem başymdan geçdi. «Erkindem alyş» türgenleşigini geçýän pursadym öz dünýämizi gördüm. Ýöne diňe söýgüden doly dünýäni. Ýok, ol söýgüden doly däldi, onuň özi söýgüdi. Töweregimdäkiler şol bir adamlardy, ýöne olaryň her bir sözi, hatda maňa dahylly däl bolsa-da, meniň hakykatdan kimdigimiň tassyk edilmesi hökmünde mähirli kabul edildi. R.B. Ony öňüňde goýan maksadyňa ýetmek üçin mekdep hökmünde peýdalanýamyň? S.W. Bular hakda köp okapdym. Özdüşünjäme görä, tejribe meň üçin öňräkden bäri maksadyňa ymtylmakdy. Ýöne ony özüm başdan geçirenimden soň, ol maksadyňa çynlakaý ymtylmak bolup, içki ýolumyň çelgisine öwrüldi. R.B. Şuňa meňzeş ýagdaýlaryň birentegini menem başymdan geçiripdim. Wagt düşünmäge puryja berdi, çünki bu dünýäde berbat edip bolmajak ýalňyz närse — özümiz. Biz synmazdyrys. Biz binýat hökmünde, seniň aýdyp beren eziz bäbegiň ýaly, yhlasyň çäksiz hokgasy ýaly, heňňamyň ruhy esasyna gatnaşyjy ýaly eldegrilmesiz. Biz arifmetikada hemme sanlary birleşdiriji ýönekeý sanlaryň gerek bolşy ýaly zerur. Eger, mysal üçin, 12 san belgisini bozmak mümkin bolsa, onda hemme ýörelgeler bozulardy. Eger 12 san belgisinden ýüz öwrüp, ony aňlatmak üçin arifmetika ýazuwynda 6+6 ýa-da 3x4 belgileri ulansak, nähili netijä eýe bolar dyk. Her bir san belgisiniň hemme ýörelgelerde üýtgewsiz bolşy ýaly, bizem üýtgewsizdiris. Heňňamyň ruhy taýdan aňlatmagyna görä, tüke niksiz «barlykda» diňe bizi çalşyp bolmaýar. Biz söýgi üçin üýtgewsizdiris. Bolup geçýän her bir zada garamazdan, ýörelge bizi bir ýere jem leýär, biz bolsa özümiziň bilesigelijilige bolan höwesimizdir otlukly yhlasymyz bilen ýörelgäni goldaýarys. Bu taglym barada — asmandaky ýyldyzlara seredenimizde, köplenç, olar bakydyr diýip pikir edýändigimiz hakda — «Bakylyk dan aşyrýan köpri» diýen kitabymda ýazypdym. Yhlasyň sönmez oduny ölçeren şol gün meň üçin juda möhüm täzelik boldy. Muny hiç haçan unut man diýip pikir edýän. Özümçe başymdan geçen zatlardanam, okan kitaplamdanam «ruhy dünýä aralaşmaga» meňzeş şu hili synaglaryň durmuş ýörelgelerine giň ýol açýandygyny bilýän. Eger adaty durmuşymyzy haýsydyr bir ça galar meýdançasy ýa-da synp otagy ýaly göz öňüne getirsek, onda çagalar meýdançasyndan her bir çaga nähili erkin peýdalanýan bolsa, biz hem şol derejede özümizi erkin duýýarys. Bu meýdançadan çykanymyzda, meýdança gelmezimizden öňki bilýänlerimizdenem has düýpli düşünjä eýe bolarys. Hemişe nämedir bir zadyň üstüni açýas. Biziň üçin perdelerde ýaňlanýan jadyly mukamy, onuň belende galyp, aşak inişini diňlemek juda ýakymly. Bu hemişe göwnümizden turýa. Şonuň ýaly-da, kähalat da älem giňişliginden özümize juda ýaramly durmuşy saýlaýas. Edil şonuň ýaly-da, kino gitmegi, simfoniýa diňlemegi halaýşymyz ýaly, durmuşymyz wagtal-wagtal älem giňişliginde we wagtyň çäginde özüni jylawlap, dürli oýun lar oýnamagy halaýa. Eger bu hadysa bir wagtda bolup, düşünjelerimizem kybapdaş bolsa, onda her jüre nukdaýnazarlar bilen birek-birege täsir edip, birentegimiz bilesigelijiligiň özüne çekiji çeşmelerinden peýdalanyp, bilýänlerimizden has köp zatlary öwrenip bileris. Maňa şuňa meňzeş duýgulary başdan geçirip, ol hakda ad amlara gürrüň bermek hoş ýakýar. «Gözleriňe bakan çagym öz gözlerimi hem görýärin». Bu duýgy ýagtylyk. Bu duýgyny gowy bilýän, şeýle-de bolsa, bu duýgyň çäklerinde hemişelik ýaşamak üçin, maňa güýç hem çuslanmak zerur. Maňa köçelerde gezmek, her jüre jemendeleri görmek, gatnaşykda bolmak — ajaýyp pursat. Şeýle-de bolsa, elbetde, kähalatda munuň çylşyrymly ýagdaýlary döredäýmesem bar. Şol pursat ýalňyzlyk duýgusyny başdan geçirýäs we bize öňdengörüjilik ukyby wajyp bolup, özümizde ýene-de ençeme nukdaýnazaryň bardygyna düşünmegimiz zerur. Eger şol pursat öňdengörüjilik duýgusyny peýdalanmak mümkinçiligini ele alsak, onda özümize juda uly kömek ederis. Munuň üçin — kim bolsa bolaýsyn — biriniň adyny tutup, onuň bilen habarlaşmak ýeterlik. Mysal üçin — Donald Şimodanyň adyny agzaýardym. Şu halda siz hem Donald Şimodany ýa-da hemme zada düşünýän we ýardamçy bolup biljek başga birini çagyryp bilersiňiz. Bu synaglaryň hemmesi bilesigelijilik, işjeňlik we oýunçyllyk ýaly nukdaýnazarlaryň islen digi bilen baglanyşykly. Gönimden gelsem, bu meniň üçin juda wajyp ýeke-täk bir nukdaýnazar. Şeýle-de, ol maňa gyzyklanma bildirýän, özlerine hormat goýşum ýaly, maňa-da hormat goýýan nukdaýnazarlar bilen gatnaşyk etmäge kömek edýär. Bularyň hemmesi meni juda gyzyklandyrýar. Öz nukdaýnazarlarymyň islendigi bilen häzirki oturyşymyz ýaly oturyp, sagatlarça söhbet edip biljek. Ylahy nuruň üç nukdaýnazaryna biygtyýar wekilçilik edýäris ahyry. «Näme öwrendiň?», «Näme hakda oýlanýaň?», «Saňa nähili kömek edip bilerin?» — bu sowallary her biriňize bermek islärdim. Söhbetdeşlik şu sowallaryň hörpünde gidip, biziň aýratyn barlyk däl-de, eýsem, ýeke-täk bitewülikden ybaratdygymyza akyl ýetirilende, şondan uçursyz lezzet alýan. S. W. Menem şeýle. Geň ýeri, oňa akyl ýetirýänleriň köp bolmagy üçin hiç zat etmek gerek däl. Diňe aramyzdaky baglanyşygy we ýaňy duýmak ýeterlik. R. B. Bu ajaýyp keşp. Hut şeýle. Ýazyjy lygymda özüne çekýän gyzykly zat — şeýle adamlardan gaýdýan ýaňy diňlemek. Adamlar hatlarynda: «Jahanda şeýle kişi bir özümmikäm öýdüp pikir edýärdim. Ýöne beýle däl eken. Ýazýan zatlaň akyla syganok, ýöne ol meniň üçin adalatly» diýip ýazýarlar. Hatly bukjalara Nýu-Ýorkuň, Rio-de-Žaneýronyň, Kiýewiň möhürçeleri basylandy. Ýogsa-da soňky wagt larda Russiýadan has köp hat alyp başladym. Russiýadan alýan hatlarymda gürrüň syýasat hakda däldi-de, söýgi, adamlaryň arasyndaky gatnaşyklar we ş. m. hakda gidýärdi. Zeminiň haýsy künjünde ýaşaýandygymyza garamazdan, hemmämiziň hut şol bir nukdaýnazara eýerýändigimiz ünsümi çekdi we bu maňa ýakymly boldy. Biz häli-şindi tapmaçalara gabat gelip, ýorgutlary bilen bolsa özara jedelleşip, özümiz üçin «bähbitli» şol bir zadyň özgeler üçin hem «bähbitlidigini» bilmäge synanyşýan juda bilesigeliji närsediris. Aslynda, dil meselesi meni örän gyzyklandyrýar. Eserlerim otuz üç dile terjime edildi. Eserlerimiň asyl manysynyň terjime edilip bilinmejekdigine düşündim. Az-kem bilýän dillerime edilen terjimeleriň neşirlerine seredip, kähalatda pikirlerimiň ol dilde juda gyzykly — çuň we täsirli beýan edilendiginiň hem üstüni açdym. Ýazýan zatlarym juda ýönekeý bolup, ol aragatnaşygyň köpugurly usuly. Sözler terjime edilende, bu heniz hemme many birliginiň özge dile geçirildigi däldir. Ýazýakam okyjylarymyň juda duýgur we sypaýy okyjylardygyny, olarda hemme beýan edýän zatlarymy diňe bir duýmak däl, eýsem, pikirlenip bilmek ukyplarynyň bardygyny hem göz öňünde tutýan. Wagtal-wagtal okyjylar gelip: «Şu ýerde näme ýazanyňa özüň düşünýärmiň?» diýip soraýarlar. Men, elbetde, düşünýändigimi aýdýan. Ýöne olar maňa başga-başga pikirleriň hem üstüni açyp berýäler. Adamlar kitaplarymdan çak edişimdenem ep- esli köp zatlary tapýalar. Şonuň üçin özümi ýa zan kitaplarymyň ýazary hasap etmeýän. Meniň üçin awtor — oýlaptapyjy we dörediji adam. Men köp babatda özümi ýazyjy hök münde duýýan: eýýäm bar zatlary görüp, öz sözlerim bilen beýan edýän. Her bir adam şol bir wakany, goý, ol üýtgeşigräk bolsun, öz sözleri bilen beýan edip, şol bir manyny berip biler. Şonuň üçin men hiç haçan duşuşmadyk, hat da duşuşyp hem bilmejek okyjylarym bilen ýakyndan, juda gyzgyn aragatnaşyk duýýan. Jahanda duşuşylmadyk dostlaryň şeýle köpdügi maňa şatlyk getirýär. Maňa gymmatly bo lan taglymlaryň olara möhümdigine düşünmek mende begenç duýgusyny oýarýar. S.W. Riçard, meň pikirimçe, kitaplaryňyň hut şu günki gün okyjylaryň agramly bölegini özüne çekmegi taglymlaryň hemişe özüne çekiji beýan edilmeginden bolsa gerek. Öň aýdyşym ýaly, okyjylaryň üçin taglymlara akyl ýetirmekden ozal, kitaplaryňda nukdaýnazaryna çümmek has möhüm bolup durýar. Bu nukdaýnazarlary, öň belleýşiň ýaly, yklymda bolmadyk gaýybana ýurduň döredýän haýsydyr bir bitewüligi özünde jemleýär. R.B. Bu täze düşünje. Ýazýakam munuň nähili ýaňlanýanyny mydama barlap durýan. Megerem, men, hakykatdan hem, zerur sarsgyny gazanýandyryn. Durmuşda has ýokary derejede, gyzykly, şatlykly ömür sürmegime nämäniň kömek edip biljekdigini bilesim gelýä. «Seniň üçin näme «bähbitli», näme «bähbitsiz», habar ber, maňa taglymlary ber. Meniň bilýän, ýöne ýatdan çykaran zatlarym hakda maňa ýatlat» — men muny kitaplaryny açanymda ýazyjy lara aýdýaryn. Adatça, kitaplaryň çem gelen sahypasyndan okap başlaýaryn hem öz öňümde şol okaýan sahypalarym ünsümi özüne çekýärmikä beri diýen sowaly goýýaryn. Eger taglymlar gyzykly bolsa, kitaby täzeden açyp, ýene-de ondan nämedir bir gyzykly zatlary gözleýän. Makulmy — gyzykly ýaňlansa makul. Meň pikirimçe, meni öz taglymlaryňa ynanmaga mejbur etmek saňa başartsa gerek. Taglymlary kenarýakasyndaky çelgi hökmünde kabul edýän. Çelgi bilen duran kenarymyzy suw bölen, ýöne olary ýagtylygyň lowurdaýan ýodajygy birleşdirýär. Müňlerçe adamlaryň garaýşy, olar nirede ýaşaýan bolsalar-da, suwdaky ýoda jykdan typyp, olaryň her biri ol çelginiň yşygyny görüp biler. Sözler dürli dillerde, dürli-dürli bolup biler. Söz — bu suwda uçganaklaýan ýodajyk, ýöne ýagtylyk suw ýüzünde bolup, ol biziň duran kenarymyzdan çar tarapa ýaýraýar. Ol bar, biz ony görýäsmi-göremzokmy onuň üçin parhy ýok. Onuň bardygyny, biz dogrudanam, bilýäsmi, munuň bilenem işi ýok. Göýä, bir özüni bilýän ýaly. Suw ýodajygy biziň her birimize tarap uzaýar, ýagtylygy görmek üçin, bizden talap edilýän zat — ugruňy gerekli tarapa gönükdirip, gözüňi açmak. S.W. Ýagşy. Ýöne başga deňeşdirmelerden hem peýdalanmak mümkin. Gel, notalarda ýazylan ajaýyp saz ýaňlanýar diýip hasap edeli. Iş ýüzünde tejribeli sazandalardan başga hiç kime notalara seredip, sazy bolşy ýaly kabul etmek başartmaz. Adamlaryň agramly bölegine saza düşünmek üçin, onuň ýerine ýetirilişini diňlemek gerek. Bir sazandany diňläp, adamlar onuň başarjaňlygyndan, ussatlygyndan lezzet alýarlar, ýöne beýlekini diňleýän adamlar birden aglama ga başlaýarlar we öýlerine dolanyp gelensoňlar, öz durmuşlarynda nämedir bir zatlary üýtgedýärler. Sazandalaryň ikisi hem şol bir sazy ýerine ýetirýär, ýöne şol ýerde sarsgyn özenini döredip bilme aýgytlaýjy pursat hasap edilýär. Döredijiligiňde taglym saz bolsa, gural söz hasaplanýar.Diýmek,senýerineýetirijiligiňbilen adamlaryň durmuşyny üýtgedip başlamaklaryny gazanýarsyň. R. B. Belki, bu dogrudyr. Ýöne men ony aňmandyryn. Durmuşymda her jüre derejeleriň bardygyny bilýän. Meselem: «Çarlak Jonatany» alyp göreliň. «Çarlak» (onuň birinji bölümi) ömrümde ilkinji ýazan zadym. Şol wagtlar işsiz galyp, ýazyjy bolmak hyýalyna mündüm. Ine- de, näme bolup geçdi. Hyýalbazlyk tejribesine eýe boldum; çarlakly wakany bütin aýdyňlygy bilen gözlerimiň öňünde, giň ekranda ýaly, ähli reňkde gördüm. Jonatan Liwiňston diýen ady eşidip howpurgadym. Heniz özüm bilen näme bolýandygyna düşünmekçi bolýakam, eserdäki wakalary saýgaryp başladym. Olar meni halys günüme goýmady weli, muny ýazmalydygyma düşündim. Kitabyň üçden iki bölegini ýazanymdan soň, birden ýazmak kynlaşyp başlady. Munuň soňy näme bilen gutararka diýip oýlandym. Nämedir bir zatlary taslajak bolup sagatlarça oturdym, ýöne, näme üçindir, işim ugrugyberenokdy. Şol pursat Jonatany şeýlebir gowy tanaýardym, mundan aňryk näme boljak dygyny bilmek üçin onuň kalbynda ýaşaýardym. Sekiz ýyl geçdi. Şeýdip ýyllary geçirip, öýden bir ýarym müň mil daşlykda, Aýowa ştatynda — mesaňa — irden sagat bäşde düýşde görýän ýaly, wakalaryň nähili gutarýandygyny gördüm. Sekiz ýyl demsalyma öwrüldi. Ýüzugra birinji bölümiň haýsy ýerde gutarandygyny ýatladym. Hakykatdan hem, bu waka hökman hut şeýle gutarmaly diýip oýlandym. Gutarylmadyk «Çarlagyň» golýazmasy beýlekiler bilen ýerzeminimde saklanýardy. Onuň ýaşyl syýa bilen ýazylandygyny ýatlap, gözläp tapdym. Dowamy takyk galdyran ýerimden başlanyp durdy. Bularyň hemmesi hut şeýle bolaýmalydy. Diňe başlangyç ýazyjy «Çarlaga» meňzeş nämedir bir zatlar ýazyp biler. «Çarlak» — bu alasarmyk, geň waka. Maňa bu waka şeýle ýiti täsir edipdi welin, ony başgaça däl-de, diňe şeýle beýan edip boljakdy. Beýleki ýazyjylar maňa garanda has oýlanyşykly. Eger siz pähimlilik isleýän bolsaňyz, olara ýüz tutuň. Eger-de siz nämedir bir täsinlik isleseňiz, onda meniň ýanyma geliň. Indi men hyýalbentligimi, tejribäni peýdalanmazdan hem eser döredip biljek. Ýöne indiki kitabymyň nähili bolmalydygy ny düýbünden göz öňüne getirip bilemok, ol peýda bolanda oňa okyjylarymdan kem haýran galmazmykam öýdüp pikir edýän. Bir zady welin anyk bilýän; indiki ýazjak kitabym has gowy bolar. Bu meň üçin ajaýyp bolar, men bolsa beýlekilerden asla üýtgeşik däl — beýlekilerden tapawutlanmaýandygymyň özi maňa berlen zehin. Şoňa görä-de, meň üçin ajaýyp bolan zat, giň ýurdumyň ilaty üçin hem, gürrüňsiz, ajaýyp bolar. Bu adamlar ýazyjynyň bütinleý berilmeli adamlarydyr. Ýazyja okyjyny gözlemek hökman däldir, ýazyjy nirede bolsa-da, okyjy ony tapar. Ýazyjy edýän işine gyşarnyksyz wepaly, açykgöwünli çemeleşip, beýan edýän wakalarynyň onuň özüne-de mümkin boldugyça täsir etmegi ýazyjylykda ýalňyz şertdir. Şonda onuň zähmeti ýerine düşýär. Ýazyjy özünden öň hiç kimiň gozgamadyk meselelerini gozgamak üçin ýazman, olary öz ýaşaýan döwrüniň dilinde beýan etmelidir. S. W. Bu bütin söhbediň dowamynda saňa aýtmaga ymtylan meseläm. Taglymlar baky. Hut seniň ulanýan diliň adamlaryň kalbyna aralaşmaga ukyply. R.B. Gaty dogry. Özüňe şeýle sowal bermek gerek: «Şeýle gowy bilýän häzirki döwrümiň dilinde nähili ýazyp bilerkäm?». Bu sowalyň jo gaby kyn däl. Bolmanda özüm üçin şeýle. Ýazuw enjamynyň başyna geçenimde öňümde: «Hiç zat hakda oýlanma, hiç zady alada etme, lezzet al!» diýen ýazgyly kiçijik ündewtagtasy durýar. Bu ündewden ugur alyp başlamda, kompýuterimiň ekrany ümezli dumana öwrülýär. Öz bolşumdan özüm howsala düşýän, oýlanmalaryma bu du many böwsüp geçmäge mümkinçilik döredýän. Şeýdip barmaklarym klawiaturada hereket edip başlaýar. Bu, hamala, aňda özgerme döredýän ýaly, ýöne onda üýtgeşik zat ýok. Meselem, uky hem aňda özgeriş döredýän ýaly, ýöne biz her gije süýji uka batýas. Bu güýçli depginde bolup geçýän özgerişleriň bähbitli netijeleri. Haçan-da, şu derejedäki taglymlaryň üstünden baramda, okyjylaryň kagyz ýüzünde ýazylanlary ykrar et mekleri üçin gunt düşen ýaly sözleriň hasabyna üstüni örtmäge ymtylýan. Sen taglyma golaý gelip, gyzykly wakany gürrüň berip bilersiň. Şonuň üçin hem dumana seredýän wagtym näme görýän bolsam, barmaklarymy şoňa görä işledýän. Bu maňa ilkinji ürgündaşyň doňan bölegini ýa-da mermer daşyny (eger ol juda gyzykly bolsa) beren ýaly bolýar, ine, şu ýerden-de iş başlanýar. Elime isgenedir çekiç alýan, uly bölekleri syntgylap başlaýan — her bir ýazylan zatlary çyzyşdyryp, kesişdirip kämilleşdirip bolýar. S.W.Eserleriň gutarnykly nusgasy başdakydan tapawutlanýarmy? R. B. Ol has ýuka gelýä, garalamasy bolsa galyň. S.W. Geň ýeri, men muny hemişe duýýardym. Göwnüme bolmasa, eserleriň mazmunynyň juda gysbylygy sebäpli, okyjylar oňa çuň aralaşyp bilýäler. R. B. Kitabyň mazmuny näçe gysga boldugyça, okyjylaryň ony öz duýgurlygy bilen ölçemäge mümkinçiligi artýar. Bu çäklendirmeler meniň üçin, galapyn, erkimden daşgary ýagdaýa öwrüldi. Tekstde jaýdar parçany görüp, onuň ýeriniň bärde däl-de, megerem, başga kitapda, nirede dir bir ýerlerde bolmalydygyny duýýaryn, ýöne bu ýerde däl. Onsoň onuň üstüni çyzýaryn. Şeýle usul bilenem golýazma barha we barha gysgalýar. Bu usulyň gidişi barasynda ýerlikli düşünjäm örän dar bolup, köp hadysalar juda duýgurlyk derejesinde bolup geçýär. S. W. Sen ýerlikli düşünjä eýe bolmagy isleýämiň ýa-da bu hadysanyň duýgurlyk derejesinde galmagyny makul bilýämiň? R.B. Göwne makul sowal. Käýarym bu hadysany derňemek hyýalyna münüp, belki, ony anyk «A», «B», «Ç» nokatlara getirmelidir diýip oýlanýaryn. Ýöne şol bir wagtyň özünde- de, bu hadysa mende näbelli bir ynjalyksyzlyk döredýär. Gepiň külesi, iň soňunda bar zat tekstiň manysynyň dogry bolmagyna syrykdyrylýar. «Ýeke-täk» atly kitabyň binýadynda ýönekeýden jaýdar taglym ýatyr. Bu taglym şeýlebir ýönekeý, şeýlebir jaýdar bolup, kitaby örän tiz ýazyp biljekdigime düşündim. Otuz iki baby ýazdym, soňra taşladym, çünki bu lar düýbünden ters zatlardy. Soňra indi başga ugur bilen ýene on bir bap ýazdym, olary hem taşladym, çünki bular hem nädogrudy. Maňa bu taglymyň bişip ýetişmegine maý bermekden başga alaç galmandy. Eger başlangyç ýazyjylara maslahat bermeli bolsa, umumy sözlerden başga anyk zat aýdyp biljek däl. Şundan başga elimden geljek zat ýok. Men oňa: «Şübhelenme, oýlanma, ýazýan zatlaryň akylly-başly bolsa lezzet al» diýerdim. Eger hut öz elleriň bilen kagyz ýüzünde ýazanlaryň saňa ýürekgysgynç bolsa, okyjylara onuň nähili täsir etjekdigini göz öňüne getir. Seniň lezzet almagyň, gürrüňsiz, zerur. ___________________________________ [1]Aleksandr Ewerett ― ezoterik, «Durmuş, söýgi, älem», «Özüňe tarap ýol», «Ösüşiň gidişi» we beýleki hünär okuwlaryny alyp baryjy. [2] Bu eser «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň 2015-nji ýylda çykan 1-nji sanynda «Çarlak» ady bilen çap edildi. Sergeý WSEHSWÝATSKIÝ. Rus dilinden terjime eden: A.BAÝRAMGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |